logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÄZE ÝYLYM, BAGTYŇ BADY BOLUP GEL!

Kitaphanalar

02.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet cagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Täze ýylym, bagtyň bady bolup gel!» atly söhbetdeşlik geçirdi. Eziz diýarymyza gülüp gelýän ýyllaryň her birini döwrüň ruhuna kybap gelýän atlar bilen yglan etmeklik indi asylly däbe öwrüldi. 2026-njy ýyly diýip «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi ähli ildeşlerimizde aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy geljekgi üstünliklere ynamy artdyrýar. Çünki halkymyz bedewlere hemişe-de rowaçlyklaryň, okgunly ösüşleriň nysany hökmünde garapdyr. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öne alyp barýan Gahryman Arkadagymyza peder voluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri hem beýan edildi.

No image
AK ARZUWLAR

Edebiýat älemi

30.12.2025

Ajaýyp ak arzuwlara, Dolup gelsin Täze ýylmyz, Şöhrat-şanly ýeňişlerni , Besläp gelsin Täze ýylmyz! _________________ Bedew batly ösüşleri, Döwrümize zyban bolsun, Medeniýet, sungatym gülläp, Göwünlere kelam bolsun! _________________ Her ojakda, şatlyk-gülki, Mähribanlyk dowam bolsun, Ulus-ile bagtyýarlyk , Iň gymmatly serpaý bolsun! _________________ Hoş owazly mukamlarmyz, Ýagşy günleň waspyn ýaýsyn, Ýer ýüzüne ösüşlermiz, Hemişelik nurun çaýsyn! _________________ Dost-doganly Diýarmyzda, Ak ýollarmyz rowan bolsun, Maksatlar myrada gowşup, Ädimlermiz dowam bolsun! ________________________________ Ogulgurban Gaşlakowa

No image
«GYŞ ERTEKISI» ADY BILEN AÝDYM SAZLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

30.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow Adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji Çagalar sungat mekdebinde «Joşýar göwün» bagşylar toparynyň gatnaşmagynda «Gyş ertekisi» ady bilen aýdym sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Bu çärede çagalar hem öz gezeginde bagtyýar döwrüň waspyny aýdy-sazlarda, goşgy gazallarda, öz ýürek arzuwlaryny, joşgunlaryny ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygy beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda agzybir türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Täzelikler

30.12.2025

29-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze-2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi we Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň geljek ýylda-da Garaşsyzlygyny, döwletliliginiň esaslaryny, hukuk ulgamyny has-da berkitjekdigine, milli ykdysadyýetini okgunly ösdürjekdigine, durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi özbek jemgyýetiniň milli bähbitlerine, zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýän syýasy ugruny netijeli dowam etdirmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz özbek Lideriniň taryh üçin gysga döwrüň içinde bu ugurda uly işleri durmuşa geçirendigini we muňa anyk netijeleriň güwä geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda garaşylýan 6,6 göterim möçberindäki ykdysady ösüş depgini ýurduň döwlet Baştutanynyň Özbegistany ýakyn ýyllarda girdejisi ortadan ýokary bolan döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýan maksadyna ýetmekde ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şeýle-de Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy. _____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«TÜRKMEN SAHNASYNDA ÇYKYŞ ETMEK ÖRÄN ÝAKYMLY»

Konsertler

29.12.2025

Dünýäniň dürli ýurtlary bilen medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmäge ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ol döredijilik işgärleriniň özara saparlarynyň guralmagyna, tejribeleriň alşylmagyna hem-de dünýäniň häzirki zaman sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Owadan sahnada daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetiren konsert maksatnamalary ildeşlerimiz üçin Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Munuň üçin watandaşlarymyz, hususan-da, ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Jenk Başyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren aýdymlary ýakymlylygy we täzeçil owazy bilen diňleýjileri turuwbaşdan özüne maýyl etdi. «Düşer aklıma», «Al Sevgilim», «Yana Yana» we «Herkes Gibisin» ýaly aýdymlarda ýaşlygyň duýguly dünýäsi şöhlelenýär. Tomaşaçylar «Sen kaldın», «Geçiyor zaman» we «Unutmak öyle kolay my sandyn» aýdymlaryny hem gyzgyn garşyladylar. «Mesafe», «Dayan», «Kalpsiz» we «Pişman Degilim» ýaly aýdymlar bolsa ýatlamalara bagyşlanýar. Umuman, türk estrada aýdymçysynyň ýerine ýetiren aýdymlary täzeçilligi we söýgä ýugrulandygy bilen tapawutlandy. Türk estrada ýyldyzy 1998-nji ýylda Türkiýäniň Boýabat şäherinde dogulýar. Birnäçe abraýly sungat ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy ony meşhurlyga eýe edýär. Aýdymçy doganlyk ýurduň geljegi uly sungat wekilleriniň biri hasaplanylýar. Muny ýaş sungat ussadynyň halkara aýdym-saz platformalarynda iň köp diňlenilýänleriň sanawlarynda orun almagy hem aýdyň görkezýär. Jenk Baş täze ýylyň öňýanynda Aşgabatda baýramçylyk konserti bilen çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. «Ata Watanymyzda-Türkmenistanda çykyş etmek örän ýakymly. Ajaýyp bezelen sahnada türkmen diňleýjileriniň öňünde çykyş etmek uly hormatdyr. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, türkmen paýtagtynyň ajaýyp gözelligi, tomaşaçylaryň şowhuny bu ýerde ýene konsert bilen çykyş etmäge höweslendirýär» diýip, türk estrada ýyldyzy söhbetdeşlikde aýtdy. Daşary ýurtlaryň meşhur aýdym-saz ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri her täze ýylyň bosagasyndaky günlere mahsus ýagdaýdyr. Munuň özi halkymyzyň toý ruhubelentligini has-da belende göterip, täze ýyla uly joşgun we ynam bilen gadam basmaga itergi berýär. 30-njy dekabrda bolsa paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň şowhunly konsertiniň garaşýandygyny bellemek gerek. _________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MUZEÝE SYÝAHAT

Täzelikler

29.12.2025

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar. Dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, halklar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy saklamak müňýyllyklardan gelýän asylly ýolumyzdyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys» diýen paýhasly jümleleri beýan edilýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümiziň altyn sahypasynyň beýik gymmatydyr. 2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýi» şahamçasyna hem-de Bitaraplyk seýilgäh zolagynda täze döredilen «Baky ýoluň» we «Bitaraplygy» muzeýlerine aýlanyp gördüler. Üç binadan ybarat bolan bu ajaýyp muzeýde ýerleşdirilen gymmatlyklar talyp ýaşlarymyz üçin has-da täsirli boldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/231.jpg) Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň üç sany Kararnamasy bilen berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyna hem-de häzirki gününe bagyşlanýar. Binada ýerleşdirilen muzeýiň ekspozisiýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyndan başlap häzirki gününe çenli beýan edýän maglumatlar, Türkmenistanyň kartasy, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna degişli bolan Konstitusion Kanunlar habar beriş sensor monitorlarda görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen maslahatynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kabul edilen Kararnama hem-de taryhy fotosuratlar görkezilýär. Täze döredilen «Baky ýoluň» diýlip atlandyrylan binanyň ekspozisiýasynda talyplar 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama bilen tanyşdylar. Bitaraplyk seýilgäh zolagynyň Günbatar tarapynda ýerleşýän «Bitaraplygy» diýlip atlandyrylan binanyň ekspozisiýasynda talyplar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen hemişelik Bitaraplyk derejämiz üçinji gezek ykrar edilen Kararnama bilen tanyşdylar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp täze kitaby barada giňişleýin maglumatlar talyp ýaşlarymyza ýetirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýi» şahamçasyna hem-de Bitaraplyk seýilgäh zolagynda täze döredilen «Baky ýoluň» we «Bitaraplygy» muzeýlerine gurnalan gezelenç syýahaty talyp ýaşlarymyzy Watany söýmegiň, olary millilik ruhunda terbiýelemegiň beýik mekdebidir. ______________________________________ Şemşat Hezretgulyýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
HOŞ GELDIŇ ILIME, SALAM, TÄZE ÝYL!

Kitaphanalar

29.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Hoş geldiň ilime, salam, Täze ýyl!” atly söhbetdeşlik geçirildi. Ýurdumyzda her ýyly üstünlikli jemläp geljek ýyly mynasyp zähmet gadamlary bilen garşylamak asylly ýörelgä öwrüldi. 2025-nji ýyl hem ajaýyp öňegidişikleriň ençemesini ykbalymyza bagyş etdi. Şöhrat şana beslenen merjen şäher Arkadag bu gün bezemen arçalaryň elwan öwüşginleri bilen ýalkym saçýar. Şu günlerde toý-baýramly ýurdumyzyň ähli ýerinde owadan hem belent arçalar baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dürli ýaşly okyjylarymyzyň gelmeginde täze ýyl barada goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler. Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen arçanyň töweregine ýygnanyp çagalar birek-birege abadançylyk, bagtyýarlyk arzuwladylar. Belent rowaçlyklara beslenjek Täze-2026-njy ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun. Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun! Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda körpe nesillerimiz üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
2026-NJY ÝYLYŇ 1-11-NJI ÝANWARY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

29.12.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 01.01.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 02.01.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 03.01.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 04.01.2026ý. «Gelinler» atly sahna oýny sagat 19:00 09.01.2026ý. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» atly sahna oýny sagat 19:00 10.01.2026ý. «Syrly sandyk» atly sahna oýny sagat 19:00 11.01.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 ______________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 02.01.2026ý. «Hoş geldiň täze ýyl!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 03.01.2026ý. «Hoş geldiň ülkäme ajap täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 04.01.2026ý. «Täze ýyl geldi bagt serpaýyn eçilip» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 06.01.2026ý. «Täze ýyl täze bagt getirer» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 07.01.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 08.01.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 09.01.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 10.01.2026ý. «Ynsap» atly sahna oýny sagat 19:00 11.01.2026ý. «Toýumyza gel toýumyza» atly sahna oýny sagat 19:00 ______________________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 03.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 04.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 06.01.2026ý. «Täze ýylyň jadyly sandygy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 11:00 07.01.2026ý. «Täze ýylyň jadyly sandygy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 11:00 08.01.2026ý. «Täze ýylyň jadyly sandygy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 11:00 09.01.2026ý. «Täze ýylyň jadyly sandygy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 11:00 09.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 10.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 11.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 ______________________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 02.01.2026ý. «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny sagat 12:00 02.01.2026ý. «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 03.01.2026ý. «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny sagat 12:00 03.01.2026ý. «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 04.01.2026ý. «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny sagat 11:00, 13:00 04.01.2026ý. «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 07.01.2026ý. «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny sagat 12:00 08.01.2026ý. «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny sagat 12:00 09.01.2026ý. «Jadygöý mamanyň hileleri» atly sahna oýny sagat 12:00 09.01.2026ý. «Hanuma» atly sahna oýny sagat 19:00 10.01.2026ý. «Aýaz baba we Gar şazenany» atly sahna oýny sagat 12:00 10.01.2026ý. «Hindi söýgüsi» atly sahna oýny sagat 19:00 11.01.2026ý. «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny sagat 11:00, 13:00 11.01.2026ý. «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 ______________________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 01.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 02.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 03.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 04.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 05.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 06.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 07.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 08.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 09.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 10.01.2026ý. «Amanat giýew» atly sahna oýny sagat 19:00 11.01.2026ý. «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 ______________________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 01.01.2026ý. «Gutly bolsun Täze ýylyňyz!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 02.01.2026ý. «Aldanan möjek» atly sahna oýny sagat 15:00 02.01.2026ý. «Gutly bolsun Täze ýylyňyz!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 03.01.2026ý. «Jommuk» atly sahna oýny sagat 15:00 03.01.2026ý. «Gutly bolsun Täze ýylyňyz!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 04.01.2026ý. «Aldanan möjek» atly sahna oýny sagat 15:00 04.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 05.01.2026ý. «Jommuk» atly sahna oýny sagat 15:00 05.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 06.01.2026ý. «Aldanan möjek» atly sahna oýny sagat 15:00 06.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 07.01.2026ý. «Jommuk» atly sahna oýny sagat 15:00 07.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 08.01.2026ý. «Aldanan möjek» atly sahna oýny sagat 15:00 08.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 09.01.2026ý. «Jommuk» atly sahna oýny sagat 15:00 09.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 10.01.2026ý. «Aldanan möjek» atly sahna oýny sagat 15:00 10.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 11.01.2026ý. «Şowhunly tomaşa» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 ______________________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 02.01.2026ý. «Janly gurjaklar» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 02.01.2026ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 03.01.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 03.01.2026ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 04.01.2026ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 12:00, 15:00 04.01.2026ý. «Çagaly öý bazar» atly sahna oýny sagat 19:00 05.01.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 05.01.2026ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 06.01.2026ý. «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 06.01.2026ý. «Aşyklar» atly sahna oýny sagat 19:00 07.01.2026ý. «Baky rowaýatlar» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 07.01.2026ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 08.01.2026ý. «Çagalyk älemgoşary» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 08.01.2026ý. «Çagaly öý bazar» atly sahna oýny sagat 19:00 09.01.2026ý. «Bir towşanjyk bar eken» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 09.01.2026ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 10.01.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 10.01.2026ý. «Jüýteniň toýy» atly sahna oýny sagat 19:00 11.01.2026ý. «Çagalyk älemgoşary» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 11.01.2026ý. «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 ______________________________________ TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKI 02.01.2026ý. «Täze ýylyň öwüşginleri» atly sirk tomaşasy sagat 12:00, 15:00 03.01.2026ý. «Täze ýylyň öwüşginleri» atly sirk tomaşasy sagat 12:00 04.01.2026ý. «Täze ýylyň öwüşginleri» atly sirk tomaşasy sagat 12:00, 18:00 05.01.2026ý. «Täze ýylyň öwüşginleri» atly sirk tomaşasy sagat 12:00, 15:00 06.01.2026ý. «Täze ýylyň öwüşginleri» atly sirk tomaşasy sagat 12:00, 15:00 07.01.2026ý. «Täze ýylyň öwüşginleri» atly sirk tomaşasy sagat 12:00 11.01.2026ý. «Täze ýylyň öwüşginleri» atly sirk tomaşasy sagat 18:00 ______________________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GÖROGLY ADYNDAKY DÖWLET ATÇYLYK SIRKI 01.01.2026ý. «Täze ýylyň şatlygy» atly sirk tomaşasy sagat 11:00 04.01.2026ý. «Täze ýylyň şatlygy» atly sirk tomaşasy sagat 12:00

No image
HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETINDE ZENANLARYŇ ORNY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK

Kitaphanalar

29.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda mährem enelerimize, zenanlarymyza goýulan hormat belent derejelere göterilýär. Ine bu günki gün hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyň iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýär. Bu günki gün bolsa bag¬ty¬ýar ze¬nan¬la-rymyz jem¬gy¬ýet¬çi¬lik ösü¬şi¬niň äh¬li ugur¬la¬ry¬na – milli parlamente we adam hukuklary guramasyna, ministrlige, ylym we bilim edaralaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýolbaşçylyk edýärler, telekeçilik işini üstünlikli ösdürýär we beýleki pudaklarda üstünlik gazanýarlar. Ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu format dünýä gurluşynda we sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda agzybir türkmen halkyny eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Kitaphanalar

29.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Ahal welaýat kitaphanasy bilen bilelikde Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ählimiziň bilşimiz ýaly ajaýyp zamanamyzyň her bir güni taryhy ösüşlere, şanly senelere beslenip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eseri “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Bu ajaýyp kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde türkmen, iňlis we rus dillerinde halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça suratlar ýerleşdirilip, kitabyň bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir. Bu ajaýyp eser parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli diplomatiýamyzyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Maslahatyň ahyrynda bizi döwletli döwranda ýaşadýan, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwlet galamy elmydama ýiti bolsun.