logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GARAŞSYZLYK–KÖŇÜLLERIŇ GUWANJY

Kitaphanalar

25.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky «Baýramhan» seýilgähinde «Garaşsyzlyk–köňülleriň guwanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň ösüşli menzillere tarap ynamly öňe barýan Watanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda şanly Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk toýuny baýram edip belleýändigini şeýle hem, seriňi buýsançdan doldurýan, kalbyňy mähir-muhabbete besleýän bu şanly senäniň her bir ynsan üçin mukaddesdigini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatymyzda ýetilýän belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini giňden dabaralandyrmaga, täze zähmet ýeňişlerini beslemäge giň ýol açylandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde okalan goşgular çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Halkymyzyň asuda parahat ýaşamagy ugrunda birnäçe aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK–GÖZLERIMIZIŇ GUWANJY, ŞONUŇ BILEN BERKDIR WATAN DAÝANJY

Kitaphanalar

25.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk–gözlerimiziň guwanjy, şonuň bilen berkdir Watan daýanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, myhmansöýerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan ýurt Garaşsyzlygynyň beren mümkinçilikleri halkymyzy taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady hem medeni wakalara beslenýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TOÝLARYŇ MÜBÄREK GARAŞSYZ WATAN!

Kitaphanalar

25.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyñ kitaphana şahamçasynyň guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Toýlaryň mübärek Garaşsyz Watan!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtyna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýän işlere guwanmak, buýsanmak bilen Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekmek her birimiziň borjumyz bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de taryhy döwürde asyrlara barabar işleriň amala aşyrylyp, özüniň oňyn netijelerini berýändigi, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylyp, häzir Türkmenistan ösen, kuwwatly döwlete öwrülýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda öz halkyny täze ygtybarly, sagdyn ýol bilen belentliklere tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
DOGANLARYM

Edebiýat älemi

25.09.2025

``` Kalbymyň ruhy çyragy, Doganlarym, doganlarym, Üzülmesin ýürek bagy, Doganlaryň, doganlaryň, *** Günlerim sizsiz geçmesin, Ýüzleriň nury öçmesin, Hiç haçan ara açmasyn, Doganlarym, doganlarym, *** Biri gözüm, biri gaşym, Birisi ýürek syrdaşym, Ählisi hem jan gardaşym, Doganlarym, doganlarym. *** Kyn günümde medet beren, Nusga bolup edep beren, Bir bakamda göwnüm bilen Doganlarym, doganlarym. *** Günler geçýär hatar-hatar, Olar kalba gussa gatar, Gynansakda ömür öter, Hiç ötmesin doganlarym. *** Dogan başy bozulmasyn, Ýüreklermiz ezilmesin, Başy gussa bogulmasyn Doganlaryň, doganlaryň. *** Siz bilen ýazdyr bu ömür, Szi bilen sazdyr bu döwür, Ykbalyma boluň höwür, Doganlarym, doganlar ``` ___________________ Ogultäç HOJANAZAROWA

No image
GARAŞSYZLYK BAÝRAMY GIŇDEN TOÝLANÝAR

Konsertler

25.09.2025

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertde türkmen kompozitorlary A.Ablyýewiň, N.Halmämmedowyň, B.Hudaýnazarowyň, A.Abdullaýewiň, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň, daşary ýurt kompozitorlaryndan M.Buhwostowyň, G.Mitýewiň, I.S.Bahyň eserleri, H.Muhammetgulyýewiň akkordeon saz guraly üçin täzeden işlän türkmen halk sazy “Durdy bagşy” eserleri ýerine ýetirildi. Konsertiň başynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby A.Tagandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde A.Ablyýewiň “Ussada” atly eseri ýaňlandy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň gürrüň bermegine görä, 1970-nji ýylda şahyr H.Allamyradow, S.Jepbarowyň 65 ýyllyk ýubileýine bagyşlap “Bagşydyň” atly şygryny döredipdir. Türkmenistanyň halk artisti A. Ablyýew hem şol goşga saz döredip, Sahy bagşynyň ýanyna baryp şol sazy diňledipdir. Halypa A. Ablyýewe “Men diri gezip ýörkäm, muny dutar saz guralynda A. Çaryýew saz edip çalaýsyn” diýipdir. Şonda Türkmenistanyň halk artisti A. Çaryýew bu sazyň üstünde birnäçe günläp zähmet çekip dutar saz guralynda ilkinji bolup ýerine ýetiripdir. Soňra bolsa maslahatlaşyp, bu sazyň adyna “Ussada” diýip at beripdirler. Eseri ussat dutarçy Akmyrat halypa 1970-nji ýylda S.Jepbarowyň 65ýyllyk ýubileýinde ilkinji gezek ýerine ýetiripdir. 1977-nji ýyldan soň aýdym görnüşini Türkmenistanyň halk artisti Oraznepes Döwletnazarow ilkinji bolup aýdypdyr. Soňra daşary ýurt kompozitory N.Buhwostowyň “Аккордеонные буги” eserini A.Tagandurdyýew “Durdy bagşy” türkmen halk sazyny, N.Rimskiý-Korsakowyň “Arynyň uçuşy”, I.S.Bahyň “Prelýudiýa we fuga” a-moll eserini talyp Ş.Babaýew G.Mitýewiň “Prelýudiýa we fuga”, N.Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eserini, M.Hojyýew, B.Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, A.Abdullaýewiň “Bahar tansy” eserlerini, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň türkmen temalaryna “Fantaziýa” eserini M.Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde Y.Garaýew ýerine ýetirdi. Konsertde ýerine ýetirilen ajaýyp sazlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar arkaly garşy alyndy. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle gyzgalaňly konsertleri geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen aýdym-saz sungatyna uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmekliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güniniň şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de gülläp össün! _________________ Ogulbeg ÝEGENOWA., Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
GARAŞSYZLYK AK BAGTYM, BITARAPLYK GANATYM

Kitaphanalar

25.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça gazanylan beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, onuň türkmen halkyna beren baky bagtyny wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde «Garaşsyzlyk–bagtymyz» atly kitabyndaky «Garaşsyzlyk ak bagtym, Bitaraplyk ganatym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk –Bagtymyz» atly kitabynda «Garaşsyz diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk–barlygymyz, Garaşsyzlyk- bagtymyz» diýen jümleleriň türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Garaşsyzlyk–baýramy ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bagtyýar durmuşynyň aýdyň dabaralanmasydygy hakynda hem täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
YLYM HAZYNASY

Kitaphanalar

25.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 61-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalary bilen bilelikde kitaphana syýahatyny geçirdiler. Bu ýerde çagalar kitaphananyň kitaplary bilen tanyşdylar we birnäçe ertekili kitaplary okadylar.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Täzelikler

25.09.2025

24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. ...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady. «Türkmenistan gazeti»

No image
MUZEÝ HÜNÄRMENLERI MUZEÝ IŞINI DÖWREBAP DEREJEDE GURNAMAKLYKDA DÜRLI IŞLERI ALYP BARÝARLAR

Muzeýler

24.09.2025

Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede gülläp ösýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmegi üçin örän uly tagallalar edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň ösýän-özgerýän döwründe, biz muzeý işgärleri hem türkmen halkymyzyň taryhyny we taryhy ýadygärliklerini dünýä ýaýmakda arman–ýadaman zähmet çekýäris. Şol maksat bilen Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri bellenen meýilnamalar esasynda, muzeýiň ekspozisiýa zallary barada täze maglumatlar öwrenýärler hem-de maslahat esasynda ekspozisýon zallarda ýörite ýygnanşyp edilýän maslahat arkaly täze maglumatlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Esasan hem halypa hünärmenler ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hawa hakykatdan hem ýaş nesilleriň ylmyny artdyrmakda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilýär. Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, medeniýetini, sungatyny, geçmiş-taryhyny has çuň we giň manyda hem-de ylmy taýdan öwrenmek we olar bardaky maglumatlary halka ýetirmek bolsa muzeý hünärmenleriniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda bolsa muzeýimiziň “Türkmen tebigaty” zalynda ýaş ylmy işgärleriň hünär derejesini has içgin berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Muzeý hünärmenleri muzeý işini döwrebap derejede gurnamaklykda dürli işleri alyp barýarlar. Türkmeniň tebigatyny, medeniýetini, taryhyny has çuňňur öwrenip halka ýetirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödejekdigimizi ynandyrmak isleýärin. Türkmen halkyny beýik derejelere ýetirmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

No image
GARAŞSYZLYK–DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

24.09.2025

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Ylham» seýilgähinde «Garaşsyzlyk –döwletliligiň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýändigi, mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdymyzda köp sanly obadyr şäherçeler döredilendigi, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr-desgalaryň ençemesi işe girizilendigi, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi şeýle hem ähli ösüşlerimiziň gözbaşynda duran mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň we halkymyzyň taryhyna şan-şöhratly sene hökmünde altyn harplar bilen ýazylandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. *