logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTAN STRATEGIK DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

Täzelikler

10.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa-Russiýa» ikinji sammitine gatnaşdy 9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa-Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy-medeni, ykdysady gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim ýaly ulgamlary öz içine alýar. Milli bähbitlere, özara hormat goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda oňyn orny eýeleýär. “Merkezi Aziýa-Russiýa” formaty alty döwletiň tagallalaryny üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady. Türkmenistan bu altytaraplaýyn formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada, hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary ilerletmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant hökmünde garalýar. Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistana ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär we giň halkara hyzmatdaşlyk üçin amatly geosyýasy hem-de geoykdysady şertleri döredýär. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Munuň özi taraplaryň hyzmatdaşlygy ähli ulgamlarda pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Russiýa sebitiň ýurtlarynyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Özara haryt dolanyşygynyň düzüminde çig maldan başga-da, senagat harytlary, oba hojalyk, nebithimiýa, metallurgiýa önümleri agdyklyk edýär. Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýetine şaýatlyk edýär. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

10.10.2025

9-njy oktýabrda Duşenbede iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Täjigistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy we Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi. Dostlukly ýurduň Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň möhüm ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi toplandy. Täjigistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen köp sanly Kararnamalarynyň kabul edilmegini goldady we olaryň awtordaşy bolup çykyş etdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Täjigistanyň halkara tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, onuň dürli halkara düzümlerde öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Taraplar iki ýurduň bu ulgamdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. Türkmenistan we Täjigistan medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berýärler. Şunda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ______ «Türkmenistan» gazeti

No image
2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

09.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 11.10.2025ý. «Çynymy aýtsam» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» sagat 19:00 ______________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 11.10.2025ý. «Ynsap» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00 ______________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 10.10.2025ý. «Mähriban dideler» sagat 19:00 11.10.2025ý. «Sabyr Ataýewa» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 ______________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 10.10.2025ý. «Изобретательная влюбленная» sagat 19:00 11.10.2025ý. «Суперзаяц» sagat 12:00 11.10.2025ý. «Счастье туркмен» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Колобок» sagat 11:00 12.10.2025ý. «Колобок» sagat 13:00 12.10.2025ý. «Шикарный мужчина» sagat 19:00 ______________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 11.10.2025ý. «Oýun bir, maza iki» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Sakawyň soňuna seret» sagat 19:00 ______________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 11.10.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Zor aýakdan tebip bolan» sagat 19:00 ______________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 11.10.2025ý. «Çagalyk säheri» sagat 17:00 11.10.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» sagat 12:00 12.10.2025ý. «Bir towşanjyk bar ekeni...» sagat 17:00 12.10.2025ý. «Çagaly öý bazar» sagat 19:00 ______________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 10.10.2025ý. «Kejir kürre» sagat 17:00 11.10.2025ý. «Bir güniň aladasy» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Söýgi sarpasy» sagat 19:00 ______________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 11.10.2025ý. «Bag» sagat 18:00 12.10.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 18:00 ______________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 11.10.2025ý. «Täze gelin» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Goňşular» sagat 19:00 ______________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 11.10.2025ý. «Körpe gelin» sagat 19:00 12.10.2025ý. «Bildiriş» sagat 19:00

No image
«PEDERLERIMIZE HORMAT» ATLY SERGI

Muzeýler

09.10.2025

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny diläp, bütin türkmen halky ýagşy doga-dilegleri edýärler. Şol güne bagyşlanyp biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Pederlerimize hormat” atly sergi gurnaldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Gökdepe bosgunlary”, Ýarly Baýramowyň “Ajy habar”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň “Dileg” hem-de ussat suratkeşlerimiz Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Tyldaky esgerler”, Kakamyrat Baýlyýewiň “Ýer titreme” ýaly nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlarymyz Alekseý Şetininiň “Ýeňiş ady bilen at we gylyç”, Muhammet Ýüzbaşewiň “Habar”, “Garaşmak” atly heýkel eserlerinde öten-geçenleriň ýowuz günlerinden bir pursat şekillendirilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jebisleşip gurýan we döredýän eziz halkymyz nesilden-nesle geçip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýulýar. Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň, tebigy betbagtçylyk zerarly öý öwzaryny ýitiren hem-de ejir çeken, emma ýowuz synaglara döz gelip, diri galan hem-de öz merjen şäherimizi gaýtadan dikelden gahrymanlarymyzyň öňünde baş egýäris!

No image
TÜRKMENISTAN-SAGDYNLYGYŇ MEKANY

Muzeýler

09.10.2025

Adam üçin tapylgysyz baýlyk bolan saglygy goramak bu günki gün eli şypaly lukmanlarymyzyň paýyna düşýär. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem baýramçylyk mynasybetli “Türkmenistan- sagdynlygyň mekany” atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Enelik”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň “Oba hassahanasynda”, “Şepagat uýasy” bulardan başga-da ussat suratkeşlerimiz Tamara Kiselýowanyň “Samba boýunça dünýa çempiony Geldibaýewa Jennet”, “Döwlet senasy ”, Annageldi Kuliýewiň “Tebib” ýaly birnäçe nakgaş eserleri sergimizde uly orun aldy. Tamara Kisilýowanyň “Döwlet senasy” atly eserinde ýurdumyzda 2017-nji ýylda bolup geçen Aziýa oýunlarynda baýrakly orun alan Gülbadam Babamyradowanyň altyn medaly boýunça dakyp Döwlet senasyny ýerine ýetirip duran pursadyny görmek bolýar. Halkynyň saglygyny ähli işden öňde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun. Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkyny Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

No image
SAGLYGYM-BAŞ BAÝLYGYM

Kitaphanalar

09.10.2025

Döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Ulgamyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hem-de hyzmatlarynyň ýokary hilli üpjün edilmegi, hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagy, maddy-üpjünçilik binýadynyň täze tehnikalar bilen kämilleşdirilmegi we dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary bilen bilelikdäki işleriň möçberiniň artmagy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu gün hem biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygym-baş baýlygym» sergi gurnaldy. Bu sergini Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsi atly köp tomluk ensiklopedik kitaby sergimiziň tekjelerini bezeýär.Mundan başgada bu sergimizde saglyga degişli bolan kitaplardyr, žurnallar tekjelerde giň okyjylar köpçüligine hödürlendi. Goý, halkymyzyň saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňäp, her birimiziň sagat ýaşamagymyz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA TALYP ÝAŞLARYŇ KITABA BOLAN SÖÝGÜSINI ARTDYRMAK MAKSADY BILEN «KITAPHANA ROWAÇLYGA BADALGA» ATLY GURNAGY

Kitaphanalar

09.10.2025

Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara kitaphanamyzda hyzmat etýän bölümler we bölümleriň ýerine ýetirilýän işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi, esasanam döwürleýin neşirleri saklaýan bölümiň alyp barýan işleriniň iň inçe syrlary barada diňe gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem gurnaga gatnaşan ýaş hünärmenlere tejribe arkaly hem ýerine ýetirmek işleri geçirildi. Bu tejribe işi ýaş kitaphanaçylaryň özlerinde dörän soraglaryny kanagatlandyrmaga we öz hünärlerini tejribede synap görmäge talyplara kömek eder. Geljekde kitaphanaçylyk işine goşant goşjak we öz kärini bir kemsiz ýerine ýetirjek ýaş hünärmenlerimiz döwürleýin neşirleri gorap saklamak işlerini tejribe işinde we olary okyja ýetirmekde uly işler etjekdiklerine ynam bildirýäris. Gurnaga gatnaşyjylar kitaphana ugruny ösdürmekde giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ŞAHYR OGLY ÝATLADYP,BAHAR GELDI DIÝARA

Kitaphanalar

09.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp “Şahyr ogly ýatladyp,bahar geldi Diýara”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler pasly baharda dünýä inip, ömürlere bahar ýaly ýakym berýän goşgulary döredip, gysga ömründe her bir adamyň kalbynda baky ýaşamagy başaryp giden Gurbannazar Ezizow hemişe biziň aňymyzda we ýüregimizdedir. Gurbannazar Ezizow–türkmen şygryýetinde ömürbaky yz goýan şahyr. Onuň edebi mirasy bilen tanşanyňda, şahyryň diňe şahyrana döredijilik bilen meşgullanman, şygryýet meýdanyna gadam basmaga höwesjeň ýaşlary goldap, öz maslahatlaryny gaýgyrmandygyny göz ýetirýärsiň diýip, giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
PARLAMENTARA DIALOG-DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYGY WE YNANYŞMAGY ÜPJÜN ETMEGIŇ MÖHÜM GURALY

Täzelikler

09.10.2025

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň«Parlamentara dialog-dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlamentleriniň, Parlamentara Birleşigiň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna häzirki wagta çenli 25-den gowrak döwletiň goşulandygyny bellemek gerek. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, bitaraplyk ýörelgeleri esasynda döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwer meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlary durnuklylaşdyrmaga, köp sanly syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologik meseleler çözülende döwletleriň, halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynyň mazmunyna hem-de ugurlaryna oňyn täsir edýän gural hökmünde özüni barha giňden ykrar etdirýär. Birleşen Milletler Guramasy bolsa parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllyk, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk şanly seneleri utgaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň we dünýäniň iň iri halkara guramasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze tapgyry açýar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň degişli Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi. Taryhy wakalara beslenýän bu ýylda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär. Şunda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Şolaryň hatarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipler bar. Türkmenistan halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjy parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda täze tapgyry açar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

09.10.2025

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzy ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady. Kararda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça bimöçber işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, hususan-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler, gazanylan üstünlikler ençeme halkara güwänamalar bilen ykrar edildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde we welaýatlarda saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, binagärlik taýdan tapawutlanýan döwrebap, nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň, sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar. ____________________ «Türkmenistan» gazeti