logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY TAN HUISM ŞEÝLE HEM KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ HÜNÄRMENI HUSEÝIN ŞEN MYHMANÇYLYKDA BOLDYLAR

Kitaphanalar

11.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huism şeýle hem Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň hünärmeni Huseýin Şen myhmançylykda boldylar. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda gezelençde bolmak bilen, kitaphananyň bölümleriniň işleri, şeýle hem okyjylara edilýän döwrebap hyzmat, kitaphanada guralan dürli kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Olar gezelenjiň çäklerinde Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň işi bilen tanyşyp, soňra myhmanlar türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergini baryp gördiler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda guralan döwrebap işler, şeýle hem kitaplary tehniki gözegçilik bölüminiň gigiýena bölümçesiniň kitaplary arassalamakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Soňra myhmanlar Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen hem tanyşdylar. Soňra Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümindäki açyk gaznada duran birnäçe dillerdäki kitaplar bilen gyzyklandylar. Gezelenjiň çäginde Seýrek neşirler bölüminde gezelençde bolmak bilen, türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyna degişli iň gadymy golýazmalar şeýle hem arap-pars we beýleki Ýewropa dillerindäki iň gadymy edebiýatlar bilen tanyş boldylar.Soňra olar Döwlet kitaphanasynda kompýuter elektron ulgamy arkaly gaznadaky bar bolan neşirler bilen tanyşdylar.

No image
KATAR DÖWLETINIŇ MILLI KITAPHANASYNYŇ WEKILLERI MYHMANÇYLYKDA

Kitaphanalar

11.10.2025

10-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huism şeýle hem Katar döwletiniň Milli kitaphanasynyň hünärmeni Huseýin Şen myhmançylykda boldylar. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda gezelençde bolmak bilen, kitaphananyň bölümleriniň işleri, şeýle hem okyjylara edilýän döwrebap hyzmat, kitaphanada guralan dürli kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Olar gezelenjiň çäklerinde Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň işi bilen tanyşyp, soňra myhmanlar türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergini baryp gördiler. Myhmanlar Döwlet kitaphanasynda guralan döwrebap işler, şeýle hem kitaplary tehniki gözegçilik bölüminiň gigiýena bölümçesiniň kitaplary arassalamakda alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Soňra myhmanlar Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen hem tanyşdylar. Soňra Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümindäki açyk gaznada duran birnäçe dillerdäki kitaplar bilen gyzyklandylar. Gezelenjiň çäginde Seýrek neşirler bölüminde gezelençde bolmak bilen, türkmen halkymyzyň şöhratly taryhyna degişli iň gadymy golýazmalar şeýle hem arap-pars we beýleki Ýewropa dillerindäki iň gadymy edebiýatlar bilen tanyş boldylar.Soňra olar Döwlet kitaphanasynda kompýuter elektron ulgamy arkaly gaznadaky bar bolan neşirler bilen tanyşdylar.

No image
TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNI GIŇDEN BELLENILDI

Täzelikler

11.10.2025

10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forum agzalan ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy, şeýle hem saglygy goraýyş babatda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdiler. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan paýtagtymyzda ýerleşýän “Jahan” döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak barada karara gelindi. Munuň özi merkeziň işini döwrebap alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasynyňgoldawy bilen “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz toparynyňilkinji gezek çykyş etmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly sowgat boldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyňforuma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyňnygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziňberk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlary kemala getirildi. Berkarar döwletiňtäze eýýamynyňGalkynyşy döwründe hem ýurdumyzyňsaglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyňsaglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy biziňalyp barýan işlerimiziňesasyny düzýär. Jemgyýetimiziňwe döwletimiziňiňýokary gymmatlygy bolan adamyňsaglygyny goramak döwlet syýasatymyzyňileri tutulýan ugurlarynyňbiridir. «Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiňçäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn-da, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giňgerim bilen gurmagy dowam etdirýäris. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça hem toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belleýär. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ ÝURTLARY BILEN GIŇ GERIMLI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR

Täzelikler

11.10.2025

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy 10-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär. GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär. Ykdysady gatnaşyklar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulag we logistika ýurtlaryň integrasiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan täze ugurlary döretmek üçin infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň“Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy, şeýle hem täze awtomobil, demir ýollaryň gurulmagy Arkalaşygyň ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary ykdysady ösüşe itergi bermek bilen bir hatarda, sebitleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. GDA-nyň çäklerindäki energetika hyzmatdaşlygy energiýa serişdeleriniň ygtybarly eksport ugurlaryny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlara işjeň gatnaşmak bilen, Gün we ýel elektrik stansiýalary ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem ösdürýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Türkmenistan bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzy bu gurama girýän döwletler bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. _____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝURDUMYZYŇ BELENT ÜSTÜNLIKLERINI ÝAÝBAŇLANDYRÝAN HALKARA SERGISI

Täzelikler

10.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn gülleýär-ösýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçýar. Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mirasymyza, medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy” diýen röwşen pikir-garaýyşlary döwletimiziň ylym ulgamynda alnyp barylýan işlere, milli mirasymyzy öwrenmeklige täze döwrüň badalgasyny berýär. 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem sergilenildi. Sungat ojagymyzyň amaly-haşam sungaty, halyçylyk, külalçylyk, zergärçilik, dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ylmy çeşmeleriniň maket görnüşleri ýurdumyzyň belent sepgitlerini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny, saglygy goraýyş hem-de bilim we sport ulgamynda gazanylan üstünliklerini, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny, sagdyn, asuda, parahat durmuşymyzyň ýyl saýyn özgerýän keşbini açyp görkezýär. Halkara sergisindäki ajaýyp sungat eserleri sergä baran daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň ähmiýeti dogrusynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde beýan etdiler. Baky Bitarap, Garaşsyz ýurdumyzda asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, uly üstünliklere, täze sepgitlere ýetmäge, döredijilikli zähmet çekmäge şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun! ________________________ Oguljan ANNAMÄMEDOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
SAGLYK–BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

10.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 111-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk–bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýandygy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş, desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen hassahanalaryň we şypahanalaryň toplumynyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SAGLYK–YNSANYŇ BAÝLYGY

Kitaphanalar

10.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 13-nji saglyk öýünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk–ynsanyň baýlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny, hem-de lukmançylygyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler raýatlaryň saglygyny goramaga, berilýän lukmançylyk kömekleriniň hil taýdan ýokarlandyrylmagyna gönükdirlendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzda gurulyp ulanylmaga berilýän häzirki zaman hassahanalary, bejeriş-anyklaýyş hem-de saglygy dikeldiş merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
EÝ, KUÝAŞ, ŞUGLA SAÇGYN...

Edebiýat älemi

10.10.2025

Eý, kuýaş, nuruň saçgyn, gam tününde zaryň men, Saba päk demin alan päkize säheriň men. ________________ Gözellik-görklilikde husny-mülkiň şasy sen, Melallykda, külpetde sadyk hyzmatkäriň men. ________________ Aýyp görme, seň yşkyňda ejiz bolsam eger-de, Garrylyk ýüki basan zary bimydaryň men. ________________ Özgeler deý hyzmat etmesem-de, bolmanda Şolaryň hatarynda bir umydygäriň men. _______________ Näçe ömrüm geçendir pyrkatdyr gam içinde, Ýygladym gije-gündiz zary - bikararyň men. ________________ Merhemet gözi bilen halyma nazar salgyn, Kalbyň içre ýer tutan bir dogaňa zaryň men. _______________ Islegim ýylynmakdyr seniň gyzgyn mähriňden, Çünki Agahi ýanan yşkyň içre haryň men. _______________ « EÝ, ŞOH, GÖZ – U GAŞYŇA ÄLEM GEDA, MEN HEM GEDA...» Eý, şoh, göz–u gaşyňa älem geda, men hem geda, Lagly lebi dür saçanda älem geda, men hem geda. ________________ Kä garagyň jan alar, käte gaşyň talaň salar, Beýle garagyň – gaşyňa älem geda, men hem geda. _______________ Kadd-u-lebiň äşgär, syrly, elden alar ygtyýary, Şeýle syryň-paşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Başdan aýagyň jan bolar, janlar saňa gurban bolar, Jana, aýag – u – başyňa älem geda, men hem geda. _______________ Her näçe atsaň ok – u – daş, aýlap gazap äleme paş, Şol okdur daşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Kalplarda keşbiň görki, gözlerde kamatyň nagşy, Suratgär – u – nakgaşyňa älem geda, men hem geda. _______________ On dörtden ýaşyň ötüp, husnuň äleme dolup, Bu husnuň – u – ýaşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Abraý saňa hemra bolar, Perwerdigär ýaran bolar, Hemraňa hem ýaranyňa älem geda, men hem geda. _______________ Ah-u-nalaňa, Agahi, rehm etdi gözeller şasy, Ah-u-nalaň täsirine älem geda, men hem geda. _______________ «ÜSTÜNE» Galam gaşlaryň ýaýy ol çeşmi jellat üstüne, Amal üçin «nas» getirer «nun» eltip «sod» üstüne. ________________ Tomaşa kyl kamatyna, synla zyba jemalyny, Gör, gunçaň gül bolanny gol ýaýyp şemşat üstüne. ________________ Näz-u-kereşme, gamzasy öç alarlar hemişe, Wah, munça apat bolarmy bir adamzat üstüne. ________________ Men bir hassa, jan saklamak indi maňa müşgildir, Jellat gözi bidat eder her pursat bidat üstüne. ________________ Şol gül ýüzüň yşky bile şam-u-säher şeýda köňül, Bilbil dek saýrar ýüz nagma müň nagma perýat üstüne. ________________ Başyma ýagan gam daşynyň müňden biriçe bolmaz, Pelek eger müň Besütün ýagdyrsa Perhat üstüne. ________________ Eý, şah, keremli aýlarda deň tut ýaman-u-ýagşyny, Bil, mähir nury deň düşer weýran-u-abat üstüne. ________________ Haky tanaň, ahyrýetde iman bolar ýoldaşyň, Seýl et Süleýman dek, tagt gurup şemal üstünde. ________________ Agahi, mertlik bilen zybanyndan söz açar, Ýüz hili gam hüjüm eýlär gaýgy-apat üstüne. ________________ «ÝÜREK DERDIM OŇA DIÝDIM...» Ýürek derdim oňa diýdim, diýme ony maňa diýdi, Kim maňa aşyk bolsa, zerur bolar oňa diýdi. ________________ Ýüzüňde iki nerkesiň, wah, ne bela, gara, diýdim, Köňlüň – u – janyňy alan iki gara bela, diýdi. ________________ Lebleriň agzyma ýetir, jan tapaýyn oňa, diýdim, Näzli ýylgyryp bakyp, ölüm ýokmy saňa, diýdi. ________________ Inçe biliňden guçmak köňlümiň islegi diýdim, Ýokmy uýadyň, beýle söz diýere, baý-ba, diýdi. ________________ Nazar aýlaýyn husnuňa, men sary gara, diýdim, Ýaşyryban ýüzün, git, eý masgara, bihaýa, diýdi. ________________ Lebiňden posa alaýyn, aýla maňa nazar, diýdim, Gaş-u-garagny çytyp, goý, bu sözüň hata, diýdi. ________________ Hergiz sergezdan eýlemegil wepa maňa, diýdim, Äşgär ahyr, özüň haçan görkezipdiň wepa, diýdi. ________________ Hassa köňle otlar salan bormy munça jepa, diýdim, Jepa diýme, ol-a seniň derdiňe bor dowa, diýdi. ________________ Agahiýniň derdine görmediň sen rowa, diýdim, Gam taparmy janyň oňa kylmasa özün pida, diýdi. ______________________ MUHAMMET RYZA AGAHI (Terjime eden: A.Rejepow)

No image
«GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR» ATLY SERGI

Muzeýler

10.10.2025

Hakyda milletiň durmuşynyň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Ol nesilleri birleşdirýän, göze görünmeýän, mäkäm baglanyşykdyr we diňe bir däp-dessurlary aýawly saklamaga däl-de, eýsem, taryhy tejribäniň binýadynda täze durmuşy gurmaga, gelejegi döretmäge mümkinçilik berýär. Öz şirin jany bilen Watanyň azatlygyny goran gahrymanlara, öz ruhy mukaddesliklerine hormat-sarpa goýmak, milli mirasy, halkymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň subutnamalary bolan taryhy künjekleri aýawly gorap saklamak asylly ýörelgedir. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni hem bellenilýär. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu gün türkmenistanlylar Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň öňünde baş egýärler, häzirki wagtda ýaşap ýören weteranlara hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýarlar, urşuň yzynda galan eneler hakyky hormat-sylag, alada bilen gurşalandyr. Ýaşlarymyza görelde almaga ajaýyp nusgalar bardyr-Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşen edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly işleri halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, il-ýaşulylary we kümüş saçly eneler hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň we başga-da Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler bu serginiň hormatly myhmanlary boldular. Sergide uruş-döwrüni suratlandyrýan we gaýduwsyz söweşen gahrymanlarymyzy görkezýän surat eserleri, ene-mamalarymyzyň gadymy çyrpylarydyr, zergärçilik sungatyna degişli gadymy şaý-sepleri we ýigitlerimiziň uruş esbaplary we birnäçe muzeý gymmatlyklary sergilenen. Ak ertirlere alyp barýan, asuda we parahat ýurtda ýaşamana, halal zähmet çekmäne uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!

No image
ÝADYGÄRLIKLER GEÇMIŞ TARYHYMYZYŇ ŞAÝADY

Kitaphanalar

10.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitapsöýüji okuwçylarynyň arasynda taryhy ýadygärliklerimiz, olar baradaky rowaýatlar bilen baglanyşykly «Ýadygärlikler geçmiş taryhymyzyň şaýady» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, olary gorap saklamak barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan göçme kitap sergisi höwesjeň çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem-de ýadygärliklerimiz baradaky neşirler ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edýärler.