logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan söhbetdeşlik

Kitaphanalar

15.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen, bu ýylda eziz Watanymyzyň şöhratyny arşa göterýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň uludan toýlanýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň özbaşdaklygy, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýol-ýörelgesi, halkymyzyň agzybirligi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Wagyz-nesihat duşuşygy

Kitaphanalar

15.09.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda, Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady ösüp gelýän ýaş nesillere ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekden, olarda jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýetini kemala getirmekden ybarat boldy. Çäräniň dowamynda şular hakynda giňişleýin gürrüň edilip, çagalar bilen sowal-jogap alşyldy. Şeýle duşuşyklaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi çagalara ýol hereketi bilen bagly kadalary öwretmäge, şeýle hem, olaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegine uly itergi berýär. Kitaphana işgärlerine halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
Çeper okaýyş

Kitaphanalar

15.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň işgärleri, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 26-njy çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler bilen “Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” atly çeper okaýyş çäresini gurnadylar. Kitaphana işgärleri körpelere özleri üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda gürrüň berdiler hem-de birnäçe gyzykly ertekileri okap berdiler. Ertekileriň gahrymanlary baradaky giňişleýin gürrüňler çagalarda uly täsirleri galdyrdy. Bakja-bagynda terbiýelenýän çagalar okalan ertekiler barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar.

No image
Kitap sergisi

Kitaphanalar

15.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Tebigaty goramak parzdyr” atly kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, tebigata degişli beýleki edebiýatlara hem orun berildi. Kitap sergisine gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem, sergä gatnaşyjylar ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Täsirli söhbetdeşlik

Kitaphanalar

15.09.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda , türkmen bedewiniň waspyny ýetirýän “Bedew batly öňe barýar, Garaşsyz Türkmenistan” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, sentýabr aýynyň 4-6-sy aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen, Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň türkmen atçylyk sungatynyň, halkymyzyň milli buýsanjynyň Ýer ýüzündäki abraýynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrülendigi, şeýle hem, bedewleriň waspyny ýetirýän sergileriň sergilenmegi, medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň türkmen bedewiniň dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan muşdaklaryny bir ýere jemländigi hakynda söhbet etdiler.

No image
CAREC Maksatnamasynyň Syýahatçylyk ugry boýunça mejlisi geçirildi

Syýahatçylyk

14.09.2026

Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň Sekretariaty tarapyndan 2026-njy ýylyň 9-11-nji sentýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi. Iş toparynyň mejlisine CAREC Maksatnamasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ulgamy boýunça ýorite bellenilen döwlet edarasynyň we syýahatçylyk boýunça hususy ulgamyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Mongoliýanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Aziýa Ösüş Bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin «Aziýa Ösüş Banky bilen Sebitleýin syýahatçylygy ösdürmek we Maksatnama laýyklykda, 2026-2030-njy ýyllar üçin syýahatçylyk boýunça sebitleýin tehniki kömek bermegiň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. CAREC Maksatnamasynyň Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili çykyş etdi. Ol çykyşynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge örän uly mümkinçilikleriň, esasan hem, taryhy we ekosyýahatçylygy ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi we bu ugurda CAREC Maksatnamasynyň goşandyny nygtady. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan 2026-2030-njy ýyllar üçin syýahatçylyk boýunça sebitleýin tehniki kömek bermegiň taslamasynyň işlenip düzülýändigi bilen baglylykda hem teklipler hödürlenildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/fewwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwwww.jpg) Syýahatçylyk ugry boýunça iş toparynyň mejlisiniň üçünji güni has-da täsirli geçdi. Mejlise gatnaşyjylar üçin Samarkand şäherindäki Halkara Ýüpek ýoly we medeni miras uniwersitetiniň we BMG-Syýahatçylyk Guramasynyň Syýahatçylyk Akademiýasynyň okuw we iş tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, Samarkand şäheriniň XV we XVII asyrlara degişli bolan gadymy Registan syýahatçylyk desgalaryna gezelenç guraldy.

No image
Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

Kitaphanalar

14.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi we Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilelikde şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk –bagtymyzyň gözbaşy” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk –bagtymyzyň binýady” atly kitap sergisi hem gurnaldy. Sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän kitaplar ýerleşdirildi. Bu dabara we sergi oňa gatnaşyjylarda uly täsirleri galdyrdy.

No image
Çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Kitaphanalar

14.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi Aşgabat şäheriniň 32-nji çagalar bakja bagynda “Bagtyýar döwletiň bagtly çagalary” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Çagalara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini beýan etdiler. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň sanynyň artýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Göçme kitap sergisinde çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler, matallar we tapmaçalar ýerleşdirildi. Çärä gatnaşanlar berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
“Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

14.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda, kitaphanada Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda, “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar Garaşsyzlyk ýyllarynda kitaphanalarda alnyp barylýan işler we hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny ösdürmekde döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylyp, Döwlet kitaphanasy tarapyndan döredilen “Ekitap” atly elektron kitaphanasynyň mümkinçilikleri barada söhbet etdiler. Sungat ussatlary bolsa çykyşlarynda, sahna eserlerinde döredýän keşplerinde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden giňden peýdalanýandyklaryny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk- bagtymyz”, ”Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserlerini özleriniň ýakymly owazy bilen sesli okandyklaryny buýsanç bilen belläp geçdiler.

No image
Aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi

Kitaphanalar

14.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Rowaçlyga rowan bu gün – Garaşsyz Türkmenistan» atly aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Türkmenistan döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýandygy, bu baýramyň eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýan gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz topary, eziz Watanymyzyň ösüşlerini, şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.