logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Çagalar öýüň bezegi

Kitaphanalar

15.07.2026

Lebap welaýatynyň Çärjew etrap merkezi kitaphanasy etrabyň 13-nji çagalar bagynda ertirlik geçirdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli,sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde boluşy ýaly Türkmenistan döwletimizde hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalar biziň geljegimiz, ata-babalarymyzyň “Çaga –ömrüň dowamaty”, “Çaga–gol–ganatyň”, “Çagany ýaşdan edebi başdan”, “Aklyň bahasy bolmaz terbiýäniň-çägi” ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Çagalar “Türkmen halk ertekileri”, “Akpamyk”,”Akylly Ahmet”, “Ýüz tylla”, “Mämmetjan”, “Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat” “Böwenjik ”- ýaly birnäçe ertekileri söýüp diňleýärler. Durmuşumyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

No image
Jadyly ertekiler

Kitaphanalar

15.07.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri şäheriň 48-nji çagalar bagynda körpejeler bilen “Jadyly ertekiler” atly çagalar ertirligini geçirdiler. Türkmen halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlarynyň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki. Ertekiler körpelerde gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky atalyk aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Taryhyň taryply ýollary

Muzeýler

15.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet cagalar kitaphanasy ýakynda "Arkadag" teleýaýlymynyň "Köňülleriň çyragy" gepleşiginiň ýazgy etmeginde "Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş" muzeýinde "Taryhyň taryply ýollary" atly söhbetdeşlik geçirdi. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň umumyadamzat swilizasiýasyna goşan maddy we ruhy medeniýetiniň aýry aýry ulgamlary dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Muzeý etnografiýa gymmatlyklarynyň kitap gatlarynda şöhlelendirilişi hem-de gadymy tapyndylaryň degişli döwründe ulanyş aýratynlyklarynyň adamzat zähmetine ýetiren ýeňillikli ähmiýeti hakyndaky gürrüňlere hem orun berildi. Söhbetdeşlikli duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmeklige hem-de ýaş nesillere wagyz nesihat etmeklige ylmy döredijilik işlerini alyp barmaklyga giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Aty baryň – ganaty bar

Muzeýler

14.07.2026

Türkmenlerde at bilen baglanyşykly däpleriň, rowaýatlaryň, nakyllaryň ençemesi döredilipdir. Bu bolsa ýaş nesli atçylyk sungaty bilen ýaşlykdan gyzyklandyrmaga höweslendirýär. Toý-baýramlarda at çapyşyklary at üstündäki dürli milli oýunlary guramak asylly däbe öwrüldi. At çapyşygy Türkmenistanyň ähli ýerinde gadymdan bäri meşhurdyr. Her obanyň adygan seýisleri, dabarasy dag aşan bedewleri bolup, olar toýlarda janköýerleriň toý şatlygyny goşalandyrypdyr. Şol sebäpli uludan tutuljak toýlarda at çapyşygynyň we at üstündäki oýunlaryň geçiriljekdigini birnäçe gün öňünden jarçylar habar edipdirler. At çapyşygyna beýleki obalaryň hem ezber seýisleriniň atlary gatnaşdyrylypdyr. At çapyşygyny guramak üçin öňden gelýän kada görä, düz meýdan saýlanylyp alnypdyr. Oňa halk arasynda “Aýlaw” diýlip, atlar bellenilen aýlaw ýoly boýunça çapylypdyr. Munuň üçin aýlawy öňünden taýýarlapdyrlar, ýagny, at çapylanda päsgel berjek ýa-da aty ürküzjek daş, ot we beýleki zatlar aýrylyp, arassalanylypdyr. Aýlaw görnüşindäki çapuw meýdanynda tomaşaçylara at çapyşyklaryny synlamak oňaýly bolupdyr. Uzak aralyga at çapdyrmak boýunça guralan ýaryşlar, adatça, giň sähralyk ýerde, käbir ýerde bolsa iki obanyň aralygynda geçirilipdir. Şeýle ýaryşlar “Dogry tomaşa” diýip atlandyrylypdyr. Ýelden ýüwrük türkmen bedewiniň ýörite eldekileşdirilen elguşlar bilen ýaryşdyrylan pursadynyň bolandygy barada hem halkyň içinde gürrüňler saklanyp galypdyr. Toýlarda geçirilen at çapyşyklarynda baş baýrak hökmünde öküz, düýe, türkmen halysy ýaly baýraklar goýlupdyr. Munuň özi halkymyzyň atçylyk sportuna gyzyklanmasynyň has irki döwürden gözbaş alýandygynyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan Watanymyzyň ösüşleri baky bolsyn! Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, ony wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

No image
Kim köp erteki bilýär

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmen halk ertekileri esasynda «Kim köp erteki bilýär» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Geçirilen çeper okaýyşda körpeje nesillerimiziň öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin gurulan dynç alyş merkezleriniň sany barha artýandygy, diňe bir dynç alyş merkezleri bilen çäklenmän ýurdumyzda gurulýan çagalar baglarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň sany hem gün-günden artýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada beýan etdiler we birnäçe ertekili kitaplardan çeper okap berdiler hem-de ertekilerdäki gahrymanlar barda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalara dynç almaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Körpeleriň kitaba bolan söýgüsi

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki 74-nji çagalar bagynda «Körpeleriň kitaba bolan söýgüsi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde körpeje nesillerimize gyzykly ertekili kitaplaryň birnäçe görnüşlerinden eper okap berdiler we ondaky gahrymanlaryň sypatlary hakynda sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de kitaplaryň çaga terbiýesinde ähmiýetiniň ulydygyny, olaryň pikirleniş ukyplarynyň, söz baýlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň ösmegine ýardam berýändigi dogrusynda gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky atalyk aladalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çagalaryň şatlygy – köňülleriň buýsanjy

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çagalaryň şatlygy–köňülleriň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmenistan Watanymyz bagtyýar çagalygyň mekanydygyny, körpe nesilleriň saglygy, olaryň döwrebap derejede dynç almagy, okap-öwrenmegi barada döwletimizde ähli şertleriň döredilýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berildiler we öwüt-ündew etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Altyn Ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede ýurdumyzyň ähli künjeginden gelýän çagalar üçin sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujagyny giňden açyp, tomusky dynç alyş möwsümini şadyýanlyga, ruhubelentlige besleýändigi hakynda gürrüň berdiler. Çagalar üçin niýetlenen oýun-dynç alyş merkezlerinde guralýan gezelençler, olarda uly gyzyklanma döredip, bilim-düşünjelerini artdyrýan çeper okaýyşlar, surat çekmek, döredijilik, zehin bäsleşikleriň yzygiderli gurnalmagy, çagalaryň kitap okamaga, hünär öwrenmäge, surat çekmäge, sport bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda ähmiýetiniň örän uludygy barada bellediler. Çäräniň ahyrynda gül-gülzarlyga beslenen merkezleriň salkyn saýaly, sapaly goýnunda dynç alýan bagtyýar çagalar ajaýyp döwrümize guwanyp Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigi, körpeleriň aň-bilim we ruhy ösüşinde, olary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde ertekileriň ornunyň örän gymmatlydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler hem-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary barada çagalaryň arasynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda gelejegimiz bolan çagalar hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitaplar täsinlikler dünýäsi

Kitaphanalar

14.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Kitaplar täsinlikler dünýäsi» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we sowal-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap häzirki zaman maglumat tehnologiýalardan baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary, olarda kitaba bolan söýgüni döretmek we ösdürmek, watansöýüji, zähmetsöýer nesliň kemala gelmegi ugrunda uly mümkinçilikleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dynç alýan çagalaryň öz wagtlaryny täsirli, gyzykly ýatda galyjy wakalara beslenmegini gazanmak maksady bilen, türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşleri esasynda sowal-jogap bäsleşigi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Çäräniň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesiller üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.