logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Watan waspyn edýär ylhamly ýaşlar

Kitaphanalar

10.07.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watan waspyn edýär ylhamly ýaşlar» atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Aýjemal Gaýlyýewa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Baýhanow gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde çykyş eden ýaşlar eziz Watanymyzyň daýanjy hem geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen giňişleýin durup geçdiler. Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlisiň özlerinde uly täsirleri galdyrandygy hem-de ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine mejlisde edilen çykyşlaryň aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaşlar eziz Watanymyzy, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerini wasp edýän ajaýyp goşgularyny hem okadylar. Döredijilik söhbetdeşligi ýaşlarymyzyň kalbynyň joşgunlydygyny, Watana bolan söýgüleriniň örän belentdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerine guwançlarynyň çäksizdigini aýdyň açyp görkezdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlarymyz okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
Milli mirasymyz – dowamat dowam

Muzeýler

10.07.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde Türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriniň edep ekramlylygyny, sözleýiş medeniýetini, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini ýaş nesillere wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi hem-de muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde milli mirasymyza uly üns berilýär. Taryhy ýadygärlikler dikeldilýär, milli senetçilik ösdürilýär, halk aýdymlary we milli oýunlar ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Bu işler halkymyzyň ruhy baýlygyny has-da berkitmäge ýardam edýär. Milli mirasy öwrenmek we oňa hormat goýmak Watana bolan söýgini güýçlendirýär. Şonuň üçin hem her bir ýaş öz halkynyň taryhyny, däp-dessurlaryny we medeniýetini öwrenmäge çalyşmalydyr. Şeýlelikde, milli mirasymyz nesilden-nesle geçip, dowamat dowam eder. Milli mirasymyz halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary, dili, edebiýaty we medeni gymmatlyklarydyr. Ata-babalarymyzdan galan bu baý mirasy gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

No image
KÖRPELERIŇ MUZEÝE GEZELENJI

Muzeýler

10.07.2026

Arkadag şäheriniň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri, tejribe geçýän talyplar, bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Gezelençde çagalar milli miras, taryh, medeni we tebigy gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Muzeýde çagalar gadymy durmuş esbaplaryny, milli lybaslary, sungat eserlerini we taryhy tebigy gymmatlyklara uly gyzyklanma bilen synladylar. Bu ýerde dürli haýwanlaryň we guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşlerini hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller barada maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy. Muzeý hünärmenleri olara muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, ony goramagy, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we täze zatlary öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar. Bu gezelenç çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrdy hem-de milli mirasa, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi. Gezelenç çagalarda ýakymly täsirler galdyrdy.

No image
BEÝIK SERDARYŇ RUHUBELENT NESILLERI

Muzeýler

10.07.2026

Iýul aýynyň 8-ne «Beýik Serdaryň Ruhubelent nesilleri» çagalar medeni dynç alyş we sagaldyş merkezinde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri göçme sergi gurnadylar. Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary, alabaýyň heýkeli, keramika önümi bolan küýzeler, mejimeler, agaç önümleri görkezildi. Sergini görmäge merkezde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçi mugallymlary gatnaşdylar. Sergi täsirli boldy. Muzeýiň ylmy işgäri A.Gurbanmämmedowa gyzykly gezelenç gurnady. Çagalar höwes bilen sergini synladylar. Esasanam haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary çagalarda gyzyklanma döretdi. Sergini synlamaga gelenler muzeýiň hünärmenlerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Teleýaýlymda sergi barada çykyşlar boldy.

No image
MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI

Muzeýler

10.07.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Arkadag telekanaly bilelikde miwe baglarynyň arasynda ýazgy edildi. Bu ýazgyda miweli baglar esasanam alma, alma agajy barada söhbet edildi. Türkmen halkynyň ekerançylyk pudagy öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Ekerançylyk pudagy hem birnäçe ugurlara bölünýär: däneçilik, tehniki ekinler, bakja ekinleri, miweçilik. Miweçilikde şänikli miweler, çigitli miweler görnüşinde bölünýär. Çigitli miwelere alma, armyt, beýi halk arasynda behi hem diýilýär, degişli edilýär. Şolaryň arasynda alma barada söhbet edenimizde alma agajy ýabany görnüşlerden medenileşdirilip, Aziýanyň Ýewropanyň,Demirgazyk Amerikanyň aram guşaklyklarynda giňden ýaýrandyr. Arheologlaryň gazuw agtaryş işlerinde gowaklaryň diwaryndaky çekilen suratlaryň içinde almanyň suratynyň agdyk bolmagy, alma köp isleg bildirilendigini, onuň elýeterli miwe bolandygyny görkezýär. Türkmen halky almanyň birnäçe tohumyny döretmegi başarypdyr. Olara: ak bägül, al ýaňak alma, gyzyl ýaňak alma, ak, gyzyl, sary, ýaşyl alma aly tohumlary häsiýetlidir. Milli mirasymyzda miweli baglaryň orny ulydyr.Türkmen halky çagalaryna miwe bilen baglanşykly at dakan bolsalar, miweli baglaryň agaçlary dokma gurallaryny ýasamakda giňden ulanylypdyr. Miwe we bakja ekinleriniň hoşboý ysly, datly tagamly bolmagynda türkmen tebigatynyň ähmiýeti ulydyr, mes topragyň, nurly güneşiň, süýji suwyň netijesinde bal ýaly agzyňda eräp barýan datly önümler ýetişýär.

No image
Röwşen geljegiň binýady

Kitaphanalar

10.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi we Seýrek neşirler bölümi bilen bilelikde “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” adyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Röwşen geljegiň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de söhbetdeşlik geçirildi. Dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bu söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy geljekde ösdürjek ýaş nesillerimiz bolan şu günki mekdep okuwçylarynyň watansöýüji, ilhalar häsiýetli adamlar bolup ýetişmegi üçin kitabyň şeýle hem okamaklygyň örän uly peýdasynyň barlygy hakynda öz söhbetlerinde nygtadylar. Biziň şu günki ýaş nesillerimiziň okamaklyga, bilim almaklyga, ýaşlykdan dürli hünärleri öwrenmeklige yhlaslary örän güýçli. Söhbetdeşlikde çykyş eden, goşgy okan çagalar hem munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu geçirilen söhbetdeşligiň çäginde göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli ertekileriň birnäçesi ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek soraglaryna jogap tapdylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Şanly toýuň joşguny

Kitaphanalar

10.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Şanly toýuň joşguny» ady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap ruhy hazyna

Kitaphanalar

10.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi we Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin kabul edilen Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Gökdere çagalar dynç alyş we sagaldyş zolagynda ýerleşýän “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap ruhy hazyna” atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, kitap okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly aladalar edilýär diýip, giňişleýin gürrüň etdiler. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli,daşary ýurt dillerindäki ertekiler birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek maglumatlary tapyp uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag - jogap alşyldy, aýterek-günterek oýunlar oýnaldy. Çagalarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Türkmen halk ertekileri esasynda ertekilerdäki söýgüli gahrymanlarymyz

Kitaphanalar

10.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 187-nji çagalar bagynda «Ertekilerdäki söýgüli gahrymanlarymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinde dost-doganlygy, edermenligi, adalatlylygy, ugurtapyjylygy we jomartlygy wasp edilýän asylly sypatlary, ösüp gelýän ýaş nesillere ündediler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesillerimiziň okap, bilimli–ylymly geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Akyldar şahyra sarpa

Kitaphanalar

10.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby esasynda «Akyldar şahyra sarpa» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler akyldar şahyryň il-günümize miras goýýan şahyrana hazynasy türkmeniň ruhy daýanjy bolup, islendik halkyň wekiliniň kalbyny gülzarlyga besleýändigi, onuň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesilleri terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabynda beýik şahyrymyzyň şygyrýet älemi özüniň köptaraplylygy, many-mazmunyna baýlygy, ýokary çeperçiligi bilen ynsanyň kalbynda baky orun alýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.