logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Çagalaryň hoş owazy – durmuşyň bagt sazy

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 146-njy çagalar bagynda «Çagalaryň hoş owazy – durmuşyň bagt sazy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde baýram edilip bellenilýändigi, muňa Gahryman Arkadagymyzyň: “Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşip gelen ruhy gymmatlygydyr” diýen parasatly sözleri, körpeler baradaky aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim-terbiýe almaklary üçin uly işler amala aşyrylýandygy dogrusynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy, olaryň ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji çagalar bagynda «Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilip geçirilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Güneşli tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär diýip nygtap geçdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda körpeje nesillerimize birnäçe ertekili kitaplardan çeper okap berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly» mynasybetli «Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly» çuňňur many-mazmuna eýedigi, çünki bu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýandygy, şeýle-de ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmen halkynyň milli buýsanjyny, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmekde we ösdürmekde, medeni mirasymyzy gorap saklamak ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, şeýle hem many-mazmuna ýugrulan birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy bedew bady bilen beýik ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar çagalar – röwşen geljegimizdir

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 164-nji çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar – röwşen geljegimizdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güniniň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýändigi, çünki ýurduň bagtyýarlygy erteki günüň aýdyňlygy, ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladalardan gözbaş alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň ruhubelent, şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin, olary milli ruhda terbiýelemekde, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalaryň edilýändigi barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji “Bagtly nesil” çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylymyzda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý – baýramlara beslenýändigini, bagtyýar körpeleriň ajaýyp baýramy - Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli çäreleriň guralýandygy, Watanymyzda ýaşlar, esasan hem ýaş nesiller babatda ägirt uly aladalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalarymyzyň, rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly–bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep–terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda çagalaryň söýgüli ertekileri, tapmaçalary we matallary esasynda sowal-jogap bäsleşiginiň guralmagy çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Şan-şöhratly ahalteke bedewleri

Halkara gatnaşyklary

02.06.2026

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Istanbul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň giň möçberli halkara festiwala gatnaşmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar hem-de meşhur toparyň, ahalteke bedewleriniň abraýyny artdyrýar. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Etnosport medeniýeti festiwalynda «Galkynyş» toparynyň çykyşlary örän täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu festiwal halklaryň birek-birege ýakynlaşmagy, milli däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmegi, özara tejribe alyşmak üçin uly ähmiýetlidir. Etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara beslendi. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem uly orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy, at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň, toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäde uly abraýa eýe bolan bu topara gowşurylan baýraklar onuň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň ykrarnamasydyr.

No image
Durmuşyň güli, ömrüň dowamy

Muzeýler

02.06.2026

Dünýä halklarynyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, her ýylyň 1-nji iýunynda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň ýurdumyzda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslenmegi, ýaş nesil hakynda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr. Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan “Durmuşyň güli, ömrüň dowamy” atly baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen eserler, ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy barada ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň açyp görkezdi. Sergä gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli ynsanperwer başlangyçlaryň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň röwşen ýoluny şöhlelendirýändigini buýsançly bellediler. Ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan bu sergide, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly baýlygymyzdyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda durmuşyň güli, ömrüň dowamy bolan mähriban çagalaryň şatlykly gülküleriniň hemişe belentde ýaňlanyp durmagy arzuw edildi.

No image
Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr

Kitaphanalar

02.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Arkaç–söwda dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr” atly baýramçylyk çäresini geçirdi. BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde resmi tertipde 1-nji iýunda ýurdymyz tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara günini belleýär. Gelejegimiz bolan ýaş nesillerimiziň beden we aň-bilim, ruhy-ahlak durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek diýarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Kitaphana hünärmeniniň “Ertekiniň dowamy” atly kitapdan körpeje okyjylara okap beren goşgularyny, ertekilerini gyzyklanma bilen diňlediler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Çagalar şahyry

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde çagalar şahyry Hemra Şirowyň neo-poeziýa, ýagny şekilli şygyrlarynyň sergisi gurnaldy. Bu sergä Aşgabat şäheriniň birnäçe kitaphanalaryndan, şeýle hem, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow türkmen poeziýasynda şekilli şygryýetiň esasyny goýujy, şygryýet äleminiň bu ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyran çagalar şahyrlarynyň ilkinjisidir. Bu žanryň adaty bolmadyk tebigaty many taýdan şekile düzülýän şygyrdaky ýa-da onuň, başgaça atlandyrylyşy ýaly, belli bir görnüşe eýe bolýan goşgudaky sözleriň ýerleşişi bilen goşgynyň düýp mazmunyny beýan edýän şekiliniň emele getirilmegidir. Şeýle täsirli şekilli şygyrlary mekdep okuwçylary, myhmanlar haýran galmaklyk bilen ellerine alyp, synlap, höwes bilen okap gördüler. Şygyrlar özboluşly täsinlige eýe bolupdyr, gyzykly, çagalar dünýäsi bilen bagly düzülipdir. Serginiň dowamynda şahyr ýaşajyk okyjylar bilen sorag-jogap alyşdy. Halypa şahyr kitaplary köpräk okamagy, diňe kitap bilen dostlaşanyňda köp zady öwrenip boljakdygyny, wagty bisarpa tutmazlygy okuwçylara öwüt-ündew etdi. Geçirilen çärede şahyryň birnäçe tomdan ybarat bolan kitaplaryndan we irki döwürlerde neşir edilen eserlerinden goýlan nusgalar kitap sergisini bezedi we okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Gurnalan çäräniň ahyrynda bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Bagtyýar zamananyň bagtyýar balalary

Kitaphanalar

02.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bagynyň bilelikde guramagynda “Bagtyýar zamananyň bagtyýar balalary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Türkmenler tarapyndan gurlan kitaphanalar öz döwründe dünýä alymlary üçin arzyly mekan bolupdyr. Kitap okamak diňe bir uly adamlar üçin däl, eýsem, çagalar üçinem örän möhümdir. Kiçilikden kitap okamagy endik edinmek adama örän köp peýda getirýär. Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar üçin niýetlenen edebiýatda duş gelýän seýrek ulanylýan sözleriň möçberi uly adamlaryň gündelik gepleşikde peýdalanýan jümlelerinden 50 göterim köpdür. Şonuň üçinem çagalara kiçiliginden kitap okap bermek, olaryň söz baýlygynyň artmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem çagalaryň köp sözleri gepleşik arkaly däl-de, hut kitaplardaky ertekileriň ýa-da multifilmleriň üsti bilen öwrenýändikleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda bagtyýar körpeler özleriniň öwrenen ajaýyp goşgularyny aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Diýarymyzda körpe nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.