logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Türkmen halysy – nepisligiň nusgasy

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen “Türkmen haly” Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda “Türkmen halysy – nepisligiň nusgasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Bagtyýardyr iller Watan” gepleşiginde ýazgy edildi. Çärede çykyş edenler asyl nusgasyny gadymy döwürleriň jümmüşinden alyp gaýdýan haly sungaty, türkmen halylarynyň gözelligi bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhyny galkyndyrýan baý öwüşginli, gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada aýtdylar. Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyz bolan nepis halylarymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsert

Konsertler

19.05.2026

Şu ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Konsert ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda häzirki döwürde Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler beýanyny tapyp, munuň üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygy açylyp görkezildi. Edebi-sazly kompozisiýada Döwlet tugumyzyň hemişe parlap durmagy baradaky ajaýyp arzuwlar örän täsirli beýan edildi. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu mukaddesliklere daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýeti gurulýar, il-ýurt bähbitli giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys. Merdana halkymyzyň döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Konsertde şeýle mazmunly aýdym-sazly, tansly çykyşlar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi. Şeýle hem, häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Ajaýyp sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, eziz topragymyzyň gözelligi wasp edildi. Konsertiň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýen şygaryndan ugur alnyp, ahalteke bedewlerimize bagyşlanan çykyşlara hem orun berildi. Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsertde Watanymyzyň ýaşyl tugy hem-de Esasy Kanunymyz belentden wasp edildi.

No image
Halkara senetçilik festiwalynda medeniýetimiz, sungatymyz dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

19.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, medeniýet we sungat ussatlarymyz diňe öz ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary, ýagny, milli däp-dessurlarymyz, aýratynlyklarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen dünýä halklaryny ýakyndan tanyşdyrýarlar. 2026-njy ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Megri şäherinde geçirilen 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşan ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlarynda, halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň dürdäneleri dünýä ýaýyldy. Nepis amaly-haşam eserlerimiziň sergilenmegi bolsa, türkmen halkynyň milli şaý-seplerine, dokma hem el işlerine hormat-sarpasynyň örän uludygyny, şeýle-de bu inçe işleri häzirki wagtda-da senetkärlerimiziň dowam etdirýändigini aýdyň açyp görkezdi. Festiwala gatnaşyjylar amaly-haşam gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimiziň, dokma we el işlerimiziň nepisligini, gözelligini haýran galmak bilen synladylar. Halkara senetçilik festiwalynda bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy, Bagyr medeniýet öýi, Bagtyýarlyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir» ady bilen sergi, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyzda milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, kuwwaty, taryhy, şu güni hem-de geljegi şöhlelenýändigi barada beýan etdiler. Şeýle-de şöhratly ata-babalarymyzyň özbaşdak, erkin we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwlary, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynda jemlenýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşleriň ak ýolundan alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýarlygyň goşa sütüni

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Bagtyýarlygyň goşa sütüni» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler buýsançly geçmişimizi, bagtyýar şu günimizi, beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyz bolan Döwlet baýdagymyzyň belentde parlap, eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny jümle-jahana ýaýýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de tebigatyň we ýaşaýyş gözelligini özünde jemleýän ýaşyl tugymyzda ýurdumyzyň haly gölleriniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň agzybirliginiň, bitewiliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni ösüşlere beslenýändigi, ajaýyp eýýamymyzda halkymyzyň tutýan her bir toýy, gazanýan üstünlikleri belent buýsanjymyzyň beýany bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ene topragyň, ata Watanyň mukaddes bolşy ýaly, Döwlet Baýdagymyzyň hem mukaddesdigi, türkmeniň ýaşyl ýazlary kimin owadan tugumyzy başlarynyň täjine deňeýän zähmetsöýer halkymyz ynamly gadamlar bilen öňe barýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 112-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýüreklerimizde mäkäm orun tutýan mukaddesliklerimiziň biri bolup, çünki onda halkymyzyň ruhy beýikligini, mizemez ynsanperwerligini, agzybirligini alamatlandyrýan nyşanlar öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet baýdagymyz asyrlar aşyp, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygynyň nyşany hökmünde belentde parlaýandygy, bu bolsa ýaşaýşyň, agzybirligiň, bitewüligiň, erkanalygyň subutnamasy bolup durýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşany

Kitaphanalar

19.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 4-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşany” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarymyzyň kämilleşmegi jemgyýetdäki durmuş ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini, Döwlet baýdagymyz parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary Döwlet Baýdagymyzy, ýurdumyzy wasp edýän birnäçe goşgulary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

15.05.2026

Bеrkarar döwlеtiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hоrmatly Prеzidеntimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli sungatymyz dost-doganlygyň nyşany bolup dünýä ýaýylýar. Medeniýet we sungat ussatlarymyza halkara derejesindäki festiwallara gatnaşyp, milli sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüniň halklaryna ýеtirmägе giň mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 14-15-nji maýy aralygynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilýän «Hary bülbül» atly 9-njy halkara festiwalyna ençeme döwletlerden döredijilik toparlary gatnaşyp, ýurdumyzdan bu festiwala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor topary gatnaşyp, milli folklor sungatymyzy halkara derejesinde dabaralandyrdylar. Halkara festiwalda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň çykyşlary milli sungatymyzyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi. Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary atly döredijilik sergisi

Täzelikler

15.05.2026

Mähriban halkymyzyň baky bagtyna öwrülen şanly Garaşsyzlyk şuglasy bu günki gün ata Watanymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Bu şanly sene şu ýylymyzyň taryhy wakasy bolmak bilen bir hatarda, halkymyzyň milli buýsanjydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýlup, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän döwrebap eserlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaş suratkeşleriň döredijilik ýolunda has-da kämilleşmäge ylham berýär. Şoňa görä-de şekillendiriş sungatynda döwrebap kämil eserler döredilýär. Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ýurdumyzyň asudalygyny wasp edýän eserler watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna, pikir garaýyşlaryna möhüm orun berilýändigini buýsançly bellemelidiris. Her ýylda däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredijilik eserleriniň sergisi geçirilýär. 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda sungat ojagynyň sergiler jaýynda «Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyl toýy mynasybetli döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Zehinli talyp Täzegül Döwletowanyň «Kalp owazy» eserinde türkmen milli dutar saz guralynda Watanymyzy wasp edýän sungat ussadynyň ajaýyp keşbi döredijilikli beýan edilýär. Bu eserde behişdi bedewlerimiziň çapyp barýan ajaýyp keşbi kalpdan syzylyp çykýan ýakymly owaz bilen çeper sazlaşýar. Ýazjemal Geldimyradowanyň «Ak pata» atly eserinde däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýunyň bir ajaýyp pursady janlanýar. Bu eserde gelniň elini ak una degirilip ýagşy arzuwlar bilen, rysgal bereketlilik täze geline arzuw edilýär. Toýuň özboluşly bu ajaýyp pursady taslama eserinde janly keşbe eýe bolýar. Serdar Osmanowyň «Güneşli diýaryň säheri» eserinde Aşgabat şäherimiziň ak mermere beslenen binagärlik keşbi beýan edilýär. Gülşen Rozyýewanyň «Parahatçylyk aýdymy» eserinde eziz diýarymyzyň gülläp ösüşleri millilik bilen sazlaşýar. Bagtyýar döwrümizi wasp edýän eserleriň arasynda Gülälek Hojanepesowanyň «Türkmenistan bagy bossan», Aýgözel Annamyradowanyň «Bagtyýar nesiller» atly nakgaşlyk eserleri taslama gurluşy bilen ýokary derejede has-da tapawutlanýar. Çeper eserleriň sergileri ýaşlaryň pikirlenmegini we hyýaly düşünjelerini ösdürmekde hem-de döredijilik ukybyny kämilleşdirmekde täsirli çäredir. Sergide görkezilýän dürli tematiki eserler biri-birinden taslama gurluşy, ýerine ýetirilişi hem-de çeperçilik usuly bilen tapawutlanyp, olarda dürli döredijilik pikirler açylyp görkezilýär. Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy