logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Magtymguly Pyraga bagyşlap eser döreden ýazyjylaryň döredijilik duşuşygy

Kitaphanalar

12.06.2026

Şu ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap eser döreden ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu çärede, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, halypa şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi, halypa ýazyjy Goçy Annasähedow, «Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory, ýazyjy Amangül Nurmyradowa dagy gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda söz äleminiň çuňluklaryny boýlan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy nusgalyk döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna saldamly goşant goşan, türkmen edebiýatyny bolsa şöhratlandyran beýik şahsyýetdir. Şahyryň manydan dok şygyrlary nesillerden nesillere geçip, adamzada mekdep bolup hyzmat edýär. Söz ussadynyň Jemşidiň jamyna deňelýän döredijiligi ähli sowallara makul jogap bolup biljek gymmatly mirasdyr. Şahyryň dür sözlerden düzülen goşgulary döwürlere paýhas nuruny saçyp ýaşap gelýär. Biziň döwrümiz bolsa şahyryň sarpasyny has-da belende göterdi. Magtymgulyny okap, onuň döredijiligine maýyl bolýarsyň hem-de sözüň güýjüne aýdyň göz ýetirýärsiň. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar we çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerimde bellenildi. Akyldaryň köptaraply döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine wepalylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde egsilmez hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryndaky manyly setirler dünýäniň danasy Magtymguly Pyraga umumadamzat şahyry diýmäge esas döredýär. Ol dünýäniň akyldarlarynyň dürdäne poeziýasynyň many-mazmunyny öz şygyrlaryna siňdirip halkymyza hem-de dünýä halklaryna ýaýan beýik ynsandyr. Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan mynasyp orun alan şygyrlary çeperçiligi, manysynyň çuňlugy, mazmunynyň baýlygy, ynsanperwerlige ýugrulandygy bilen tapawutlanýar- diýip, çykyş edenler nygtadylar. Bu döredijilik duşuşygynda ýazyjy-şahyrlar türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan hekaýalary barada giňişleýin söhbet etdiler. Şahyrlar dana şahyra bagyşlap döreden goşgularyny okadylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu döredijilik duşuşygyň çäklerinde, oňa gatnaşan myhmanlar, kitaphana işgärleri kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
Şöhratly taryhymyza buýsanç

Kitaphanalar

12.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Şöhratly taryhymyza buýsanç” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň baý taryhyny wagyz etmek, ýaş nesillere ýetirmek asylly ýörelgä öwrülendigi, eziz Watanmyzyň ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde hem şöhratly taryhymyzyň orny uludygy, ýaş nesillere şöhratly taryhymyza buýsanyp,halkymyzyň asylly ýörelgesini, milli däp-dessurlaryny çuňňur öwrenýärler hem-de belent sarpa bilen garalýandygy hakynda nygtadylar. Şöhratly taryhymyzy öwrenmek we wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar.Taryhymyzyň aýdyň beýanyny öwrenmek üçin bu ajaýyp kitaplara ýüzlenilýär diýip, giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Bedew bady bilen halypadan şägirde uzaýan ylham

Muzeýler

12.06.2026

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazar Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky, Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany“ ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda we taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz, sungatymyz halkyň ruhy aýnasydyr we millilige öwrülen buýsanjydyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döräp dowam edip gelýän medeni däp-dessurlaryny, sungatyny, edep-ekram kadalaryny öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli medeni çäreler, döredijilik sergileri we maslahatlary geçirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bir hepdeläp toýlanýan baýramçylyga bagyşlap, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň mugallymy, “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri”, birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Alymjan Işankulyýewiň we Ýelena Işankulyýewanyň bilelikde gurnamagynda “Bedew bady bilen halypadan şägirde uzalýan ylham” atly halypa we şägirt sergisiniň dabaraly açylyşy geçirildi. A.Işankulyýew ýürdumyzda öz döredijilik äleminde grafikanyň gratografiýa usulynda kagyzyň ýa-da kartonyň ýüzünde işleýän ýeke-täk suratkeşleriň biri hasaplanylýar. Suratkeşiň grafika işlerinde esasan gara-ak we soňky döwürlerde gyzgyn altyn öwüşginli reňkleri ulanyp, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, Garagum sährasynyň owadan tebigaty, taryhy ýadygärliklerimiz, türkmen bedewini we alabaýyny wasp edýän ajaýyp eserleri döretmekde giňden tanalýar. Meselem onuň “Türkmenistan toýly mekan”, “Idrisbaba”, “Türkmen göreşi”, “Owlak gapdy”, “Daýahatyn kerwensaraýynda dynç alyş”, “Awçy”, “Türkmeniň milli gymmatlygy” ýaly eserleri özüniň aňladýan giň many-mazmunynyň ýitiligi we milli äheňi bilen tapawutlanýar. Alymjan Işankulyýewiň maşgalasy Ýelena Işankulyýewa hem grafika ugry boýunça Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlara ylym bilim berýän zenan suratkeşleriň biridir. Ýelena we onuň okadýan okuwçylary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine gatnaşyp ýokary bahalara, hormat hatlara we diplomlara mynasyp boldylar. Bu sergide Jennet Hudaýberdiýewanyň “Ýartygulak”, “Ýaryş”, Elnara Saidowanyň “Öňe ymtylyş”, “Taryhyň ýaňy”, “Dostlar”, Aziza Bäşimowanyň “Geçmiş barada gürrüň”, “Guşlar tebigatyň baýlygy”, “Puşkiniň eserleriniň gahrymanlary” atly eserlerde çaga dünýäsiniň içki duýgulary owadan reňkleriň üsti bilen beýan edilipdir. Bu döredijilik sergisinde halypa suratkeşiň okadýan talyplarynyň çeken surat eserleri şekillendiriş sungatynyň nakgaş we grafika usullarynda çekilip, olarda türkmen tebigatynyň gözellikleri, taryhy ýadygärliklerimiz, dürli öwüşginli milli gymmatlyklarymyz, ýurdumyzyň ösüşleri we dünýä meşhur suratkeşleriň döreden eserleriniň göçürme suratlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak uly täsirleri galdyrdy. Aýnur Çaryýewanyň “Ajap eýýam gelipdir”, “Keşdeleriň aýdymy”, Aýjemal Şerbaýewanyň “Bedew”, “Ýaşlyk oýlanmasy”, “Alabaý Amyderýanyň ýaraşygy”, “Pyragynyň şygryýet dünýäsi”, Adylhan Şeripowyň “Ene söýgüsi”, Äleme meşhurdyr Türkmenistanym”, “Amyderýanyň gözelligi”, Bägül Bazarowanyň “Halyçy gyzlaryň aýdymy”, “Milli miras”, “Nagyşlaryň taryhy” ýaly birnäçe surat we grafika işleri görkezildi. Dabaranyň soňunda sergä öz eserleri bilen işeňňir gatnaşan talyplar we okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlar bilen sylaglandylar. Sergä tomaşa eden myhmanlar sergini gurnamakda uly işleri eden suratkeş Alymjan Işankulyýewe we onuň talyplaryna döredijilik äleminde şular ýaly sergileri gurnap, halkymyza ruhy lezzeti bermekde we şekillendiriş sungatyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işlerinde mydama üstünlikler gazanmaklaryny arzuw etdiler. Şeýle-de Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza we sungatymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde gorap saklamakda we milli ruhynda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Goý, ýurdumyzda alnyp barylýan belent özgerişleriň we ösüşleriň her bir güni bagtyýar zamanamyzda bedew batly ösüşlere beslensin!

No image
Zehinli çagalar bäsleşigi

Kitaphanalar

12.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat, matematika dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri, suratlar esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap geňeşligi tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Medeniýet–ynsan köňlüniň nury

Kitaphanalar

12.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen medeniýeti, türkmen sungaty gülleýär, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda bilim ojagy bolan kitaphanalarda hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Medeniýet–ynsan köňlüniň nury” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda geçirilýän şanly seneler, medeniýet hepdeliginiň ähmiýeti we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasyny türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Koreý dilindäki edebiýatlar

Kitaphanalar

12.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Koreý dilindäki edebiýatlar” atly kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Bitarap Watanmyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Koreý döwleti bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet kitaphanasynda hem Koreý döwletiniň medeniýeti, edebiýaty, taryhy baradaky kitaplar ýerleşdirilen sergi gurnaldy. Sergide ýerleşdirilen kitaplar dostlukly halkyň däp-dessurlaryny, taryhyny we medeniýetini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmaga uly orun eýeleýär. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

No image
Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr

Kitaphanalar

12.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 109-njy çagalar bakja-bagynda “Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr” atly körpeje çagalaryň arasynda çeper okaýyş we göçme kitap sergisi geçirildi. Çeper okaýyşda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden labyzly okap berdiler. Bakja – bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsi diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag jogap alyşdylar. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Ylym-ýurduň kuwwaty

Kitaphanalar

12.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Ylym-ýurduň kuwwaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň, talyplaryň ylmy-barlaglar bilen meşgullanmaklary, halkara derejesindäki ylmy bäsleşiklere gatnaşmaklary we täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaklary döwletimiziň ykdysady we medeni taýdan ösmegine ägirt uly goşantdyr diýip, talyp ýaşlar belläp geçdiler. ”Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde gurnalan bu söhbetdeşlikde ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaklarynda, ylym-bilimden paýly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde kitaphanalaryň ornunyň ulydygyny hünärmenler belläp geçdiler. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin.

No image
Ýaş binagärler diplom işlerini goradylar

Täzelikler

12.06.2026

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetini üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Beýleki hünärlerde bolşy ýaly, fakultetiň «Binagärlik» kafedrasynyň «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» we «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi» hünärlerinde düýpli bilim alan talyplaryň diplom işleriniň açyk goraglaryna medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar. Türkmen halky taryhda dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dürli döwürlere degişli taryhy-medeni ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki wagtda olar Türkmenistanyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän alymlardyr, binagärler tarapyndan düýpli öwrenilýär. Taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerinde gazuw-agtaryş wе abatlaýyş, rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Binagärlik hünäriniň uçurymlary ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 3D güberçek görnüşlerini ýerine ýetirip diplom işlerini üstünlikli goradylar. Olardan A.Ahmedowyň «Ahal welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri», M.Batyrowyň «Mary welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri», D.Gapurowyň «Lebap welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri», B.Nepesowyň «Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabynyň sanawyna giren binalar» we M.Annarejepowyň «Arkadag şäheriniň binalar toplumy» atly 3D güberçek görnüşde ýerine ýetiren taslamalaryny bellemek bolar. Döwrebap binagärligiň ajaýyp nusgalaryny talyplar K.Sultanowyň, R.Žumaniýazowanyň, A.Hallyýewiň we R.Baýramowyň ýurdumyzyň dürli künjekleri üçin niýetlenen syýahatçylyk zolaklarynyň infrastrukturalaryny döretmek boýunça teklip bilen ýerine ýetiren taslamalary ýokary baha mynasyp boldy. Talyplaryň diplom işleriniň ählisiniň ýokary derejede oýlanyşykly we döwrebap meseleleri öňe sürmegi, olaryň alty ýyllap alan hünäriniň ýokary derejesini görkezýär. Häzirki döwürde çeperçilik akademiýada ussat halypalaryň bilim berip hünär öwretmegi netijesinde, talyplar döwrebap derejede kämil hünärmenler bolup ýetişýär. Munuň özi, saýlap alan hünärinde bilim alyp zähmet çekmekde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir. Bagtygül HOJAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

11.06.2026

Kitaphana synynda çykyş edenler Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerinde geçirilen türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatynda Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Molla Panah Wagifiň azerbaýjan dilinde neşir edilen goşgulary, gazallary, muhammesleri girizilen “Əsərləri“ atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem, azerbaýjan dilinde neşir edilen “Görkəmli türkmən şairi Məhtimqulu Fəraginin yaradiciligi Azərbaycan ədəbiyyatşünasliginda” makalalar ýygyndysy, M.Alyýewiň “Məhtimqulu Fəragi şeirinin poetikasi” atly kitaplar bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, halkymyzyň sungatyny dostlukly ýurtlarda tanyşdyrmak üçin uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.