logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kämil bilim – röwşen geljegiň açary

Kitaphanalar

01.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Kämil bilim – röwşen geljegiň açary» ady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri höküminde kesgitlenýän ylym-bilime aýratyn ähmiýet berilýändigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Watanmyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr” diýip belleýşi ýaly bilim ulgamyny ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hem-de döwrüň talabyna laýyklykda öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerimizde watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemek, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işleri has-da döwrebap derejede gurnalýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar diýarymyzy beýik ösüşlere sary ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bilimli nesil - Watanyň geljegi

Kitaphanalar

01.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen “Bilimli nesil - Watanyň geljegi” atly söhbetdeşlikde, ylym-bilime höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem, çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegi bolan ylym-bilimli ýaş nesilleriň Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin döredip berýän ähli şertleri, giň mümkinçilikleri hakynda uly buýsanç bilen bellediler. Birinji synpa gelen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Bilimli ýaşlar – röwşen geljegiň şuglasy!

Kitaphanalar

01.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar – röwşen geljegiň şuglasy!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýändigini, bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýändigini, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda geljekki ýaş-nesillere ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bilim dünýäsine batly gadamlar

Kitaphanalar

01.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde Bilimler we talyp-ýaşlar güni mynasybetli “Bilim dünýäsine batly gadamlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ylym-bilime höwesli ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de gürrüňdeşlige gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegini ähli babatda ýaş nesillere bil baglaýandygy we olaryň ylymly-sowatly bolmagy üçin, bagtyýar ýaşap, Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýänligi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Täze birinji synpa gelen okuwçylara Hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
“Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Kitaphanalar

31.08.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän 27-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu çeper okaýyşda we göçme kitap sergisinde çagalara türkmen ertekileri sesli okalyp berildi. Çagalaryň edep-ekramly bolmagynda kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr. Çärä gatnaşanlar halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

31.08.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlar boýunça kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri A.Nurmuhammedowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli goýberlen kitabyň dilçi alymyň ylym hem-de durmuş ýoly bilen bagly maglumatlary öz içine alýandygyny nygtadylar. Kitabyň ylmy işgärlere, aspirantlara, mugallymlara, talyplara, şeýle hem, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini mälim etdiler. Şeýle hem, kitaphana synyna gatnaşanlar A.Annamyradowyň “Tans sportunyň nazaryýeti we usulyýeti” atly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitaby bilen tanyşdylar. Kitapda berk bedenli, ruhubelent, döwrebap ýaş nesli kemala getirmegiň ugurlary göz öňüne tutulyp, tans sporty we onuň düzgünleri bilen bagly maglumatlar berilýär. Kitabyň esasy maksadynyň talyplarda tälimçiligiň we pedagogikanyň ýokary sypatlaryny terbiýelemekden, kärine ussat ýokary derejeli türgenleri ýetişdirmegiň ýollaryny öwretmekden ybaratdygyny bellediler.

No image
Arkadagyň eserleri nur eçilýär ýüreklere

Kitaphanalar

31.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana hünärmenleri, “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşiginde «Arkadagyň eserleri nur eçilýär ýüreklere» atly çykyşlary etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginiň halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, geljekki nesillere edebi miras, aýdyň ýol görkeziji taglymat bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý – melhem hem ylham” atly eserinde, Gündogar halklaryna has-da mahsus bolan çaý içmek sungatynyň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda aýratyn ornunyň bardygy, kitapda beýan edilişi ýaly çaýyň adam bedenine edýän täsiri, ösdürilip ýetişdirilişi, görnüşleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Ekitap we okyjylar

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana we teatr işgärleri “ekitabyň” okyjylaryň okamagyna, bilim almagyna, maglumatlary tiz tapmagyna oňaýly täsir edýändigi hakynda söhbet etdiler. Teatr ussatlary bolsa “ekitap” ýüklenen Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Döwlet guşy”, ”Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly gymmatly kitaplaryny, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaplaryny okyjylara audio kitaplary okap berendikleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Häzirki wagtda ekitap.gov.tm salgysyndaky elektron kitaphanadan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sanly kitaphana ulgamydyr. Bu ulgam jemgyýetimiziň kitap okamak medeniýetini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Elektron kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri aýry-aýry bölümlerde ýerleşdirilen. Şeýle hem, okyjylar degişli bölümlerden çeper edebiýatlary, sungat, jemgyýetçilik, tebigy ylymlar we tehnika, dil bilimi, edebiýat, lukmançylyk, taryh, sport, maliýe, ykdysadyýet boýunça kitaplary okap bilerler. Häzirki wagtda Döwlet kitaphanasynda “ekitaba” ýüklenýän kitaplaryň sany barha artýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kitap-bilimleriň çeşmesi

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-bilimleriň çeşmesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, ata Watana, halka, asylly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.Ýaşlarda okamak endigini kemala getirmek,ylmy edebiýatlar hakynda düşündirmek mugallymlaryň we kitaphana işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi.Türkmen halkynyň kitaba sarpa goýmak,bilim öwrenmek ýaly iň gowy häsiýetleri bu günki günde hem ösdürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ugurlaryň durmuşa geçirilýändigini,okyjylara giň mümkinçiligiň döredilýändigini nygtap geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Halk maslahaty – Ýaşlaryň ynamly ýoly

Kitaphanalar

29.08.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň Milli merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmaklygynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň ýazgy etmekliginde “Halk maslahaty – Ýaşlaryň ynamly ýoly” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän iň ýokary wekilçilikli organy bolmak bilen, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuna we olaryň döwlet dolandyrylyşyna gatnaşmagynda uludan üns berilýär. Ýaşlaryň Halk Maslahatynyň çäklerindäki işjeňligi milli gymmatlyklara sarpa goýmak, ylym-bilimi ösdürmek we ýurduň röwşen geljegini bilelikde gurmak ýörelgesine esaslanýar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýaşlary Watanymyzyň daýanjyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.