logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
SYRLAR SIŇEN NEPISLIK

Kitaphanalar

26.05.2025

Türkmen haly döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gurnamagynda «Syrlar siňen nepislik» atly baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda gelin-gyzlaryň görelde mekdebine öwrülen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbäsi, ussat keşdeçi Ogulabat ejemiziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbäsi Türkmenistanyň at gazanan halyçysy halypa Ogulgerek Berdimuhamedowanyň amaly haşam sungatyndan ugur alyp Aşgabat şäherimiziň, Arkadag şäherimiziň, hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmen haly birleşigine degişli bolan edara kärhanalarynda zähmet çekýän gelin – gyzlarymyzyň arasynda baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde türkmen halylarymyzyň dürli görnüşleri sergide giňden ýaýbaňlandyryldy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem sergide öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyz bolan türkmen halylarymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BAGTYÝAR UÇURYMLAR

Kitaphanalar

26.05.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ýaşlaryň, durmuşa bolan gözýetimi barha giňdir. Çünki olar Diýarymyzyň ýagty gelejegini nazarlaýan beýik işleriň, maksatly tutumlaryň tarapdarlarydyr. Ýaşlaryň ylaýtada orta mekdebi tamamlaýan mekdep uçurymlarynyň durmuşynda bu günki gün ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Şeýle bagtyýar uçurymlaryň hatarynda bolan, Arkadag şäheriniň uçurymlary hem özlerine bildirilýän uly ynamy ödemekligi maksat edinýärler. Olar şeýle ajaýyp günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gezelenç etdiler we bu ýerdäki ajaýyp kitaplar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Gezelençli söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň aýdyň gelejegi üçin taýsyz tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK–BAKY GYMMATLYK

Kitaphanalar

26.05.2025

Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz Türkmenistan Watanymyzyň goşa ganatydyr. Bu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biziň hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylyk söýüjilik, dostluk taglymatlarynyň dabaralanmasy bolup taryha ýazylýar. Bitaraplygyň özeninde bar bolan parahatçylyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelerimiz bolsa halkymyzyň baýlygydyr. Abadançylygy özünden öň goňşusyna, il-güne, bütin adamzada arzuw edýän türkmeniň şeýle ýörelgesi ony uly bagta ýar etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Dünýäde parahatçylygy goramagyň, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň gözbaşlary pähim-paýhasa öwrülen çuň manyly jemgyýetçilik ýörelgelerinde jemlenýär» diýmek bilen, parahatçylygyň halkara ýörelgesiniň baş binýadyny jemgyýetçilik ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýar. Şonuň üçin hem türkmen halky ähli döwürlerde hem parahatçylyk ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Biz bu hakykatyň beýanyna ata-babalarymyzyň baý halk döredijiliginde hem-de çuňňur nusgawy edebiýatymyzda hem görüp bileris. Biz medeniýet we sungat işgärlerine döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

No image
ZENAN WE DÖWÜR

Kitaphanalar

26.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Zenan we döwür» atly gepleşigini ýazgy etdi. Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzda giňden bellenilýän türkmen halysynyň milli baýramynyň toýlanylyşy we nepis el halylarymyzyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň sanawyna görnükli orun almagynda döwletimizde alynyp barylýan tutumly işler barada gürrüňler diňlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly gymmatly kitaplaryndan nepis halylarymyzyň şöhratly taryhy ýollary barada hem söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenan sarpasyny mertebeläýän, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.

No image
ŞADYÝAN TOMUS

Kitaphanalar

26.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Şadyýan tomus» atly baýramçylyk duşuşygyny geçirdi. Ýokary derejede guralan bu çärä şäheriň çägindäki mekdepleriň mugallymlary, okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mekdebi tamamlap, tomusky dynç alyş günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan balalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin olaryň kitap okamaga bolan höwesiniň güýçlendirilmegi hem bu günki çäräniň esasy maksady bolup durýar. Bu günki çärämizde kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan körpejelerimiziň söýgüli kitaplaryndan guralan göçme kitap sergimizde çagalar kitaphana hünärmenleri bilen türkmen halk ertekilerinden «Akpamygyň», «Böwenjigiň», «Ýartygulagyň» häsiýetlerine seljerme berip, kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşmagy başardylar. Ertekilerdäki täsirli pursatlary, käbir jümleleri hem ýatdan aýtdylar. Dabaramyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy, kitaphana işi bilen tanyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
NUSGASY ÄLEM GEZER

Kitaphanalar

26.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň hem-de «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Nusgasy älem gezer» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler asyl nusgasyny gadymy döwürleriň jümmüşinden alyp gaýdýan haly sungaty, türkmen halylarynyň gözelligi bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhyny galkyndyrýan baý öwüşgünli gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyz bolan nepis halylarymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GÖZELLIK NUSGASY-TÜRKMEN HALYSY

Kitaphanalar

26.05.2025

Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi we Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher Geňeşi bilen bilelikde Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Gözellik nusgasy-Türkmen halysy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat şäherindäki önümhana halyçy gelin-gyzlar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz bolan halylarymyzy dokamaklykda bu gadymy hünäri ýaş nesillere öwretmekde we şan-şöhradyny dünýä ýaýmakda çäksiz uly işleriň durmuşa geçirilýänligi barada giňişleýin söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp haly we haly önümlerinden,el işlerinden gurnalan sergisi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, halypa-şägirtlik ýolyny dowam etdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
AŞGABAT-AJAP EÝÝAMYŇ AJAP ŞÄHERI

Kitaphanalar

23.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat–ajap eýýamyň ajap şäheri» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň düýpli ylma esaslanýan toplumlaýyn işleri netijesinde Gündogaryň merjen şäheri bolan paýtagtymyz, sözüň doly manysynda gözelligiň nusgasyna öwrülendigini we şäher gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen çägini giňeldip, bagy-bossanlyga öwrülýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň paýtagty Aşgabat parahatçylygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň rowaçlanýan, asudalygyň bütin dünýä nur çaýýan şäheri hökmünde biziň ählimiziň göwün guşyny ganatlandyrýandygyny we ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiziň agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidigi barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, gözel paýtagtymyzy parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde dünýä tanadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HER BIR GÖLI NEPISLIGIŇ NUSGASY

Kitaphanalar

23.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Her bir göli nepisligiň nusgasy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halysy öz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan gözelligi, özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi jemleýän sungat eseridigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen haly asyrlary, müňýyllyklary aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri bolup, özüniň berkligi, dokalşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşgünleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýandygy barada beýan etdiler. Geçirilen gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
GÖZELLIK NUSGASY TÜRKMEN HALYSY

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmen halyçy zenanlarymyz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesillerden-nesillere geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Sungatyny kämillik derejesine ýeten, ene-mamalarymyzdan miras galan bu nusgalyk halylar we haly önümleri häzirki wagtda ýurdymyzyň muzeýleriniň ekspozisiýalaryny bezeýärler. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň ekspozisiýasynda we gaznasynda bar bolan gymmatlyklar bilen deň hatarda haly önümleri hem öwrenilip gözegçilikde saklanylýar. Bu işleri alyp barmagyň aýratynlygy täze interaktiw tehnologiýalaryň ulanylmagy bolup durýar. Ekspozisiýada we gaznada duran haly önümlerini ylmy taýdan (nagyşlaryny, hilini, haýsy boýaglar tebigy, anilin ulanylandygyny, abatlygyny) öwrenmek işlerinde welaýatyň haly-dokmaçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri bilen ýakyn aragatnaşykda maslahatlaşyp işlenilýär. Haly ýa-da haly önümi doly däl ýagdaýynda hünärmenleriň, rejeleýiş-dikeldijileriň barlagy netijesinde mümkin bolan ýagdaýynda rejeleýiş-dikeldiş işleri geçirilýär. Eger-de dikeldiş işlerini geçirip bolmaýan ýagdaýynda taryhy gymmatlygy şol durkunda saklamak, halk köpçüligine görkezmek we gelejekki nesillere ýetirmek maksady bilen bu taryhy gymmatlyklarymyzyň saklanýan ýerlerinde howanyň çyglylygyny, sowuklygyny, gyzgynlygyny kada laýyklykda yzygiderli gözegçilik edilip saklanýar. Geçirilýän ylmy maslahatlaryň netijesinde diňe bir muzeý işgärleri üçin däl, eýsem halyçy hünärmenlerimiz hem ussatlyk bilen dokalan halylarymyzyň çitimini, nagşyny, ulanylan tebigy boýaglaryny (olary almak üçin ulanylan ot çöpleriň düzümini, alnyşyny) öwrenmekde hem-de häzirki zaman dokalýan haly önümlerimizde ulanyp bu senedimiziň ösüp, kämilleşip türkmen halylarynyň şan –şöhratynyň hasda artmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Bagtyýarlyk döwrümizde amala aşyrýan ajaýyp işleri-de ynsan dünýäsinde gözellik döredip, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň „Janly rowaýat“ kitaby hem şol, türkmen ykbalyna salynan owadan „nagyşlaryň“ biridir. Bu kitapda her bir nagyş, her bir usul, olaryň gelip çykyşlary, gadymýete siňip gidýän kökleri barada şeýle bir täsirli gürrüň berilip, halyçylyk sungatymyzy gorap saklamakda, ony ösdürmekde indiki edilmeli işleriň ýolunda şamçyrag bolup durýar.