logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
NETIJELI MASLAHAT

Kitaphanalar

17.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Maliýe instituty ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyň ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndan gelip çykýan netijeler hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatynyň çäklerinde syýasy-diplomatik,söwda ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi barada giňişleýin aýdyp geçdiler.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda” Kararyna laýyklykda gelejekde bu ugurda uly işler alnyp barylar diýip, giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR GELJEGIŇ NURY

Kitaphanalar

17.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, olar bilen çagalar edebiýatyna degişli gyzykly kitaplar esasynda“ Bagtyýar çagalar geljegiň nury” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy Söhbetdeşlige “Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ŞADYÝANLYGA BESLENÝÄN SAPALY GÜNLER

Kitaphanalar

17.07.2025

Çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan bagtyýar çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Lebap welaýat kitaphanasynda çagalaryň gelejegi üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalar özleriniň alkyşlaryny aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/f-2.jpg)

No image
BELENTDEN ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI

Kitaphanalar

16.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Belentden ýaňlanýar çaga gülküsi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim-terbiýe almaklary üçin uly işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus paslynda çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýän Gökdere jülgesinde ýerleşýän birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpe nesillerimiz üçin dynç alyp, çaga dünýäsini durşy bilen oýunlara, gezelençlere beslenýändigi barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ ŞATLYGY–DÜNÝÄŇ PARAHATLYGY

Kitaphanalar

16.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Çagalaryň şatlygy–dünýäň parahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Çärede çykyş edenler häzirki wagtda körpeje nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, salkyn saýaly Gökdere jülgesinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan dynç almaga gelen çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de many-mazmunly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalary gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy we sergide ýerleşdirilen kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda tebigatyň sapaly hem şypaly künjeklerinde şadyýanlykda dynç alýan çagalara, ýaş nesiller hakda ähli taraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY

Kitaphanalar

16.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan sport» teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmen milli oýunlary» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Gadymdan gelýän biziň milli oýunlarymyz bolan birnäçe oýunlary ýaş nesillere öwretmekde uly işler alynyp barylýar. Olardan: «Gizlenpeçek», «Aşyk oýuny», «Çeke-çeke», «Ýalyga towusmak» we şuňa meňzeş oýunlary ýaş nesillere öwredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýaş nesillerimiziň beden taýdan ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin milli oýunlarymyzy dikeldip berdi. Milli oýunlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde alyp barýan uly tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza köp sagbolsun aýdýarys.

No image
ÝOLUMYZA NUR ÇAÝÝAN ESERLER

Kitaphanalar

16.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynda syýasy–jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň gurnamagynda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada «Ýolumyza nur çaýýan eserler» atly talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşyk gurnaldy. Maslahatda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle-de kitaphanamyzyň kitaphanaçylary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada, olaryň ýaşlara ýol ýörelge bolýandygy barada aýdyp geçdiler. Bu maslahat talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

No image
NETIJELI MASLAHAT

Kitaphanalar

16.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndan gelip çykýan netijeler hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler soňky ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara derejesindäki iri maslahatlaryň,forumlaryň,medeni çäreleriň,sport bäsleşikleriň geçirilýän mekanyna öwrülmek bilen, bu ugurda baý tejribe toplap, olary ýokary guramaçylyk derejesinde bilinýändigini dünýä ýaýdy. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda” Kararyna laýyklykda gelejekde bu ugurda uly işler alnyp barylar diýip, giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
EZIZ WATAN-ÝÜREKLERIŇ BUÝSANJY

Kitaphanalar

16.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy ”Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Eziz Watan-ýürekleriň buýsanjy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler:Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýä derejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran buýsançly zamanadyr.Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasaty ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň daýanjydyr,gazanýan ýeňişlerimiziň gözbaşydyr ,diýip nygtap geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
TARYHA ŞAN BEREN KITAP

Kitaphanalar

16.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Taryha şan beren kitap» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni hormatly Prezidentimiziň taryha san beren «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň many mazmun baýlygy barada tasirli gürrüňleri berdi. Üstünde beýik beýik ynsanlar ýaşan , guran we döreden gadymy änew topragyna edilen taryhy we edebi zyýaratyň kamil miwesi bolyp türkmen edebiýatyny baýlaşdyran bu gymmatly eser hakyndaky gürrüňleri ýas nesiller üns berip diňlediler. Duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar medeniýetimizi taryhymyzy öwrenmäge şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.