logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
OGUZLAŇ KELAMY, TÜRKMEN HALYSY

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmen halkynyň haly sungaty öz gözbaşyny gadymy eýýamlardan alyp gaýdyp, halkyň taryhy, medeni mirasy, milli däp-dessurlary bilen berk baglanşyklydyr. Gadymy ýazuw çeşmelerinde bellenmegine görä türkmen taýpalary heniz etniki topar hökmünde kemala gelmezlerinden ozal dürli haly önümlerini, haly, keçe, kilim, palas ýaly önümlerini dokamak bilen giňden meşgullanypdyrlar. Haly sungatynyň gadymylygyna garamazdan onuň nepis sungatyna häzirki döwürde has hem uly sungat hökmünde garalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň Milli baýramyna bagyşlanyp «Oguzlaň kelamy, türkmen halysy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasy «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, biziň sungat ojagymyzdan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň Uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri Maýsa Çaryýewa, Annagül Şiriýewa, hem-de Gülaýym Saparmedowa çykyş etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan «Haly–türkmeniň kalby» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.

No image
ŞGABAT-MERKEZI AZIÝANYŇ MERJEN ŞÄHERI

Kitaphanalar

23.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Aşgabat-merkezi Aziýanyň merjen şäheri» ady bilen kitap sergisi, aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýändigi, gözelleşýändigi, ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülendigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher häkimliginiň aýdym-saz döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlary bu çärä öwüşgin çaýdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NEPISLIGIŇ GAÝTALANMAJAK NUSGASY

Kitaphanalar

23.05.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çagalar kitaphanasynyň meýletin, ýaş höwesjeň okyjylarynyň arasynda «El-hünäri, il gezer» atly tematiki agşamy geçirildi. Bu dabaraly çärede kitaphananyň gaznasyndan «Nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy» atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Sergä Türkmenabat şäheriniň №30, №13 we №26 orta mekdepleriniň höwesjeň okuwçylary gatnaşdylar. Bu serginiň üsti bilen ýaş okyjylarymyza türkmeniň gadymy milli-sungatynyň waspy edildi we biziň ene-mamalarymyzdan gelip ýeten nepis sungatyň hiç bir halkyňka meňzemeýän ýeke-täk millilikdigi hakda gyzykly gürrüňler berildi. Dabaranyň dowamynda milliligimizi dünýä tanadan, medeniýete sungata uly sarpa goýýan, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ARKADAGYŇ ESERLERI GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

23.05.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda «Arkadagyň eserleri görelde mekdebi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.Maslahat duşuşygyna mary säheriniň Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli ugurlar bilen bir hatarda, döredijilikde hem ýaşlara görelde bolýandyklaryny, halk we döwlet ähmiýetli işleriniň daşyndan döredijilik bilen meşgullanyp, ýiti paýhasy bilen dürdäne eserleri döredip, halkymyza ýetirýändigini nygtamak bilen, bu eserlerde halkymyzyň şöhratly taryhy, beýik şahslarymyz, milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiz-sungatymyz, asylly däp-dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin maglumatlaryň jemlenendigini aýtdylar. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda talyp ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini okamak, öwrenmek, ýankitabyna öwürmekleri barada öwüt-ündew berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, zehinlerini açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, halkymyz hem-de türkmen ýaşlary üçin gymmatly gollanma öwrülen ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
GÜN-GÜNDEN GÖZELLEŞÝÄR, AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän № 51-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde «Gün-günden gözelleşýär, ak şäherim Aşgabat» atly Aşgabat şäherimiziň günine bagyşlanan edebi-sazly ertirlik geçirildi. Edebi ertirligiň dowamynda çagalar, eziz Türkmenistan Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady wasp edip, aýdym aýtdylar. kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Aşgabat–gözelligiň, tämizligiň şäheri. Bu şäherde türkmen halkynyň kalby, ýüregi gül bolup açylýandygy, ak şäheriň nurana ýollaryna, tämiz seýilgählerine we dynç alyş meýdançalaryna seýil edeniňde, onuň jana şypaly howasyna, gülden görkli jemalyna we ajaýyplygyna haýran galdyrýandygy barada täsirli gürrüňler aýtdylar. Okuwçylar hem bolsa «Aşgabat», «Bagy-bossan şäherim», «Nurana şäher» ýaly birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Edebi ertirligiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri dör edip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMEN KEÇESI

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen mekdebinde «Türkmen keçesi» kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda gadymy mirasa baý halkymyzyň sungat derejesine ýeten gymmatlyklary sanardan köpdügi, şolaryň içinde türkmen keçesine uly orun degişlidigi barada belläp geçdiler. Şeýlede bu kitapda halkymyzyň gadymy keçe taýýarlamak senediniň inçe syrlary, keçe önümleriniň köpdürliligi, onuň nagyşlarynyň many-mazmuny, halkymyzyň ruhy dünýäsinde tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berdiler Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ENELERIŇ ARZUWY ABATLYK HEM SAGLYKDYR

Kitaphanalar

23.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi we «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde «Eneleriň arzuwy abatlyk hem saglykdyr» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy,olaryň jemgyýetdäki tutýan orny, enä hormat goýmak barada giňişleýin gürrüňler edildi.

No image
AŞGABAT-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

22.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat-parahatçylygyň we dostlugyň şäheri» ady bilen 10 ýyl Abadançylyk şaýolynyň ugryndaky «Dutar» monumentiniň öňünde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni halkymyzyň, belent buýsanjyna hem söýgüsine beslenip, paýtagtymyzyň gün-günden ösýändigi, özgerýändigi, gurulup ulanmaga berilýän dürli maksatly häzirki zaman döwrebap binalaryň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda binagärligiň ösen derejesini görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Aşgabat bu gün ak mermere beslenen, bir-birinden owadan, kaşaň binalary, köşkleri, ýaşaýyş jaýlary, ylym-bilim, saglyk hem sport, medeni-dynç alyş desgalary, häzirki zamanyň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyk gelýän şaýollary, seýilgähleri hem suw çüwdürimler toplumlary göreni haýran edýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda owadanlygy, juwanlygy bilen dünýäniň nazaryny özünde jemleýän merjen paýtagtymyzy ösdürmek, özgertmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALY TÜRKMENIŇ MILLI GUWANJY

Kitaphanalar

22.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmeniň halysy göýäki nur ol, Taryhyň ýüzünde ýazylgy dur ol» atly mowzuk agşamy geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Haly türkmeniň milli guwanjy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Maslahatyň dowamynda türkmen halysynyň dünýäde tanalmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
MERMER ŞÄHER AŞGABAT

Kitaphanalar

22.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Mermer şäher Aşgabat» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynsanperwerlikden, parahatçylyk söýüjilikden gözbaş alýan içeri we daşary syýasatlarynyň netijesinde abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp sanly döwletleri bilen ýola goýulan dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň alynyp barylýandygyny, Aşgabat şäheri bolsa bu köpugurly döredijilikli syýasatyň esasy merkezidigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.