logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATY-PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEGIŇ MÖHÜM ŞERTI

Kitaphanalar

01.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga asudalyga beslenýär. Häzirki wagtda eziz diýarymyz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistan döwletimiz Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen 34 ýylyň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän netijeli we oňyn parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly şeýle-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk biziň her birimizi döredijilikli işlemäge, ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Watanymyzyň at-abraýyny halkara derejesinde täze mertebä göterýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
KITAP-YNSANYŇ GÖWÜN GANATY

Kitaphanalar

29.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher ýörite orta hünär mugallymçylyk mekdebi, Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-Ynsanyň göwün ganaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky kitaba uly hormat goýupdyr. Muňa mysal edip asyrlardan-asyrlara, nesilden nesile geçen Magtymguly Pyragynyň günimize gelip ýeten ajaýyp eserlerini bellemek bolar.Ýaş nesilleri Watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde, olaryň kitaba bolan söýgisini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip gürrüňdeşlikde giňden belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK-BAKY BAGTYMYZ

Kitaphanalar

28.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-baky bagtymyz» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir güni toý-baýrama beslenýän ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy ýagty geljege alyp barýandygyny, Bitaraplyk türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliginiň, beýanydygyny, parahat söýjülik, birek-birege sylag hormat goýmak hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri ata-babalarymyzdan ruhy mirasdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplaryň ata–Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlary we sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

Kitaphanalar

28.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda “Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik. Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda ”Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr” teleýaýlymynyň redaktory Nowruz Güýjow alyp bardy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi D.Agalyýew, Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary A.Şirliýewa we E.Hüseýinowa çykyş edip, Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada gürrüň etdiler. Şeýle-de dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ygtybarly ýola goýulmagyna oňyn täsir edýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.

No image
ASMAN GIŇIŞLIGINE KEŞT EDIP...

Kitaphanalar

28.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlaryna «Asman giňişligine keşt edip...» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Diýarymyzyň çäginde gadym wagtlarda hem astronomiýa ylmyna uly üns berlipdir. Muňa gadymy Merwiň dünýä belli kitaphanasy hakdaky maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäginde ilkinji obserwatoriýalar Nusaýda we gadymy Merwde gurnalyp, olarda asman jisimlerine gözegçilik edipdirler. Gadymy Ürgenç galasynda hem bir obserwatoriýa bolup, onda dünýä belli alymlar asman jisimlerine gözegçilik edipdirler. Asly sarahsly Ahmet as-Sarahsy matematika, astronomiýa, filosofiýa degişli işleriň ençemesini ýazypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky iň meşhur şäherleriň biri bolan Merwde doglan, belli türkmen matematigi al-Habaş al-Hasib gün sagady bilen meşgullanypdyr. Ol gün sagadynyň kömegi bilen ilkinji bolup tangens we kotangensleriň tablisalaryny düzýär. Matematikler uzak wagtlap olaryň tablisalaryndan peýdalanypdyrlar. Omar Haýýam 1074-1075-nji ýyllarda Merwdäki Mälik şanyň obserwatoriýasynda işläpdir. Şeýle hem obserwatoriýa barada gyzykly maglumatlary talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAP BILIMIŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

28.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “Kitap bilimiň çeşmesi” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Türkmen halky kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem halkymyzda kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde ýöredilip gelinýär. Biz muny köpsanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň edebi mirasyndan hem aýdyň görýäris. Bu bolsa kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly ornunyň bardygyny subut edýär. Mirasymyzda golýazma çeşmeleriniň, gadymy kitaplaryň bardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr, çünki bu gymmatlyklar şu toprakda ylymyň ösdürilendigini beýan edýär. Türkmen halkynyň owal ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Onuň täsiri dogrusynda-da aýdylýan tymsallar sanardan juda kän, sebäbi kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany–söz baýlygyny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynyň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK ÝOLY–DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGÄMIZ

Kitaphanalar

27.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşligi bilen “Bitaraplyk ýoly–dünýä nusgalyk ýörelgämiz” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý toýunyň toýlanjak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenilýär. Ýurdumyz halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog– parahatçylygyň kepili” diýen döwletli ýörel¬geler esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekdäki geljegi uly bolan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň rowaçlyklara beslenmeginde netijeli gurala öwrüldi. Ýurdumyz BMG bilen köp ugry öz içine alýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimini yzygiderli giňeldýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler. Bu günki gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň beren baky bagtyna guwanyp, bagtyýarlygyň, asudalygyň, eşretiň goýnunda ýaşaýar. Şeýle bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

No image
BITARAPDYR WATANYM EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

27.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitarapdyr Watanym eziz Türkmenistanym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýändigini, bu ýörelgeler halkara gatnaşyklarynda durnuklylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny barada gürrüň etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň asudalygy, agzybirligi, parahatçylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALYPALARYŇ GÖRELDESI–ŞÄGIRTLERE ÝÖRELGE

Kitaphanalar

27.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar ýaňy -ýakynda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdepde “Halypalaryň göreldesi – şägirtlere ýörelge” atly edebi-sazly duşuşyk geçirdi. Edebi-sazly duşuşygyň başynda mekdebiň 12-nji synp okuwçylary gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biziň ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary üçin edýän çäksiz aladalaryna minnetdarlygyny bildirip Watanymyzy wasp edýän aýdym aýtdylar. 51-nji mekdebiň Türkmen dili we edebiýat dersinden okadýan halypa mugallym Ogulnabat Owlakowanyň yhlasly zähmetiniň netijesinde okadýan synplarynyň ähli okuwçylary uly höwes bilen sapaga gatnaşýarlar. Halypa mugallym edebiýat sapagynda klassyk şahyrlarymyzdan başlap 20 asyryň ähli ýazyjy, şahyrlarynyň eserlerini okuwçylara gyzykly, täsirli edip gürrüň berýär. Ýaş dörediji okuwçylaryň uly gyzyklanmasy, olaryň edebiýata bolan höwesi üçin mugallym döwrümiziň ýaş şahyrlary Gurbanjemal Annakowany, Kerimberdi Hakberdiýewi edebi ertirlige çagyrdy. Ýaş şahyrlar okuwçylaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdiler şeýle hem olar öz gezeginde ilkinji bilim - terbiýäniň mekdep partasyndan başlanýandygyny, şu günki ýaş nesilleriň geljekde her biriniň öz isleýän kärinde ýagny, mugallym, gurluşykçy, lukman ýa-da sungat adamlary bolup ýetişmeginde hormatly mugallymlara biziň ussadymyz diýesim gelýär diýip, goşgy setirleriniň üsti bilen beýan edýär. Mekdebiň göreldeli, zehinli okuwçylary Magtymguly pyragynyň “Türkmeniň” atly goşgusyny diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, Ispan, Iňlis, Arap hem Rus dillerinde aýdyp berdiler. Edebi-sazly ertirligiň dowamynda Türkmen Medeniýet institutynyň talyplary hem Magtymguly atamyzyň edep-terbiýe häsiýetli goşgularyna birnäçe aýdymlar bilen çykyş etdiler. Şeýle-de mekdep müdiri Ogulbeg Annaýewa körpe nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini döretmekde alyp barýan wagyz-nesihat işleri, okuwçylaryň arasynda ýygy-ýygydan halypalar bilen duşuşyklar gurap geçirýän çäreleri üçin B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenlerine hem ýaş şahyrlarymyza öz minnetdarlygyny bildirdi. Adat bolşy ýaly geçirilen çärede kitaphananyň hünärmenleri ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryndan kitap sergisini gurnady. Edebi sazly duşuşygyň ahyrynda biziň ýaş nesillerimiziň bilimli we kämil ýaşlar bolup kemala gelmekleri üçin atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
BITARAPLYK-BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BUÝSANJY

Kitaphanalar

26.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk-bagtyýar halkymyzyň buýsanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de parahat ýurdumyzda, bagtyýar, abadan durmuşymyzyň, ösüş-özgerişlerimiziň kepili bolup, sebitde we dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak arkaly durnukly ösüşi gazanmak ugrynda uly tagallalaryň edilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.