logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«HAKYDA GÖWHERI» ATLY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ GYMMATLY ESERI BARADA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

26.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanaow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ýaşlaryň terbiýeçilik işinde möhüm ornuny wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirdi. Gymmatly kitabyň mazmuny iki baba bölünýär. «Taryha syýahat» atly birinji babynda türkmeniň gahrymançylyga ýugrulan baý taryhy barada gürrüň gozgalýar. «Ruhy miras» atly ikinji baby türkmen halkynyň türkmeniň ruhy-medeni mirasy barada çuň düşünje berýär. Kitabyň çuň many-mazmunlylygy, dürli pikirlere we garaýyşlara baý bolmagy okyjylaryň giň köpçüligini özüne çekýär. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň geçmiş mirasyny öwrenmeklikde ygtybarly çeşmeleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYK BAÝRAMY MYNASYBETLI «BITARAPLYK DOGANLYK–SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

26.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda “Garaşsyzlygyň XV ýyllygy” seýilgähinde “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk doganlyk–saýlan aýdyň ýolumyz” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda parahatçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygy, ählumumy parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hemişelik Garaşsyz Bitarap döwletimiz dünýä halklaryna dost-doganlyk goluny uzadyp, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAPLAR DÜRLER HAZYNASY

Kitaphanalar

26.11.2025

2025-nji «Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasyna, kitaphananyň 100 ýyllygy mynasybetli, amerikan ýazyjylarynyň çagalar üçin niýetlenen edebiýatynyň türkmen dilinde terjime edilen ýygyndylarynyň 100 sanysy kitaphananyň gaznasyna gowşuryldy. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi halkymyzyň ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini ösdürmek bilen, ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemäge, giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli bolmagyna uly ýardam berýär. Häzirki wagtda Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň we onuň şahamçalarynyň kitap gaznasynda 93074 sany kitap bar. Kitap hazynamyza gelip gowuşýan dürli dildäki kitaplar bolsa, kitaphanamyza gelýän okyjylarymyzyň sanynyň artmagyna uly ýardam berýär.

No image
MÄKÄM BOLSUN HALKLARYŇ DOST-DOGANLYK KÖPRÜSI

Kitaphanalar

26.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi bilen Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň bilelikde guramagynda “Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi” atly söhbetdeşlik. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi bilen Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlar bilen alyşmak bölüminiň bilelikde guramagynda “Mäkäm bolsun halklaryň dost- doganlyk köprüsi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige halypa we ýaş kitaphana işgärleri gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge çagyryşyň hemişe dogrudygyny tassyklap, onuň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde üýtgewsiz ulanylmaga degişlidiginiň tarapdary bolup çykyş etýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň soňunda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÄZE BASGANÇAKDA ÇAGA TERBIÝESI

Kitaphanalar

26.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýylar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, ýagny çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak maksady bilen «Täze basgançakda çaga terbiýesi» atly ussatlyk sapagyny geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýaş kitapsöýüjüleriň arasynda söýgüli kitaplarynyň esasynda çeper okaýyş hem-de sorag-jogaply bäsleşik geçirdi. Bu hem öz gezeginde ýaş nesilleriň özbaşdak okan kitaplarynyň many-mazmunyna düşünmeklige hem-de kitap okamaklygyň medeniýetini özlerinde kämilleşdirip kitap bilen dostlaşmaklyga itergi berdi. Kitabyň adamzat durmuşynda tutýan orny, ynsanyň iň ýakyn dostunyň kitaplygy baradaky kitaphana hünärmeniniň dürli nakyllaryň we hekaýalaryň üsti bilen beren gürrüňlerini ýaş nesiller uly gyzyklanma bilen diňlediler. Ussatlyk sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleri Watanymyzyň daýanjyna deňäp, okamaga, öwrenmäge, bagtyýar durmuşda bilim almaga uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE WATANSÖÝÜJILIGIŇ WASPY

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watansöýüjiligiň waspy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbini tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyň belentden tutulýandygyny, çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri nesilleri ruhy, ahlak we medeni taýdan terbiýeleýändigini, onuň paýhasa, parahatçylyga, berkararlyga bolan ynamy häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYK, YNSANPERWERLIK WE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGESI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek–birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, ata–babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatçylyk baradaky ýol–ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝER ÝÜZÜNDE ÝAŇLANÝAR PARAHATLYK AÝDYMY

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýer ýüzünde ýaňlanýar, parahatlyk aýdymy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylygy ösdürmek, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, umumyadamzat bähbitlerini öňe sürmek asylly maksatlarymyza öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylygy asylly ýörelge edinýän halkymyz bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylyk söýüjilik ýoluny dünýä ýaýýan beýik gymmatlygydygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY–SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy–sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ählumumy we sebit meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagy, hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedigini, bu bolsa parahat ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň hoşniýetli gatnaşyklaryň dostlugyň we ynsanperwerligiň ähli umumy ösüş maksatlaryna hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak Medeniýet öýi, 137-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmatynyň bahasyzdygy, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň çelgisine öwrülendigini, türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyrdylar we sergide goýlan birnäçe ajaýyp kitaplaryň many-mazmuny barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.