logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
USSATLYK SAPAKLARY GEÇIRILÝÄR

Kitaphanalar

04.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda kitaphanada şahyr hem terjimeçi Türkmeniň altyn asyr atly bäsleşiginiň ýeňijisi Annaberdi Goçamanowyň gatnaşmagynda ussatlyk sapagyny geçirdi. Halypa A.Goçamanow çagalar okaýşynyň ýolbaşçylaryna körpeje okyjylaryň söýüp okaýan daşary ýurt ertekileri we olary türkmen diline terjime etmeklikde alyp baran işleri barada täsirli gürrüň berdi. Kitaphana hünärmenleri halypa terjimeçi bilen özara sorag-jogap alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň dünýä edebiýatynyň döredijiliklerini giňden öwrenmekleri üçin kitap we kitaphana işlerinde ähli mümkinçilikleri ýola goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

03.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýasatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk–parahatçylygyň daýanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler asyrlar boýy berkarar döwleti arzuwlap gelen türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna uly taýýarlykly barýandygy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parahatçylyk başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki orny barha beýgelip, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant-goşýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN–PARAHATLYK MEKANY, BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Kitaphanalar

03.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan–Parahatlyk mekany, Bitaraplyk–baky bagtyň mukamy» ady bilen göçme kitap sergi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi bolsa, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki döwürde hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülip halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň esasynda umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň öňe sürülýändigi bagtyýar ildeşlerimiziň kalbyny buýsanja besleýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
PARAHATLYK HEMRA HER BIR YNSANA, YNAM BILEN GELJEGIMIZ NURANA

Kitaphanalar

03.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana” atly söhbetdeşligi ýazgy etdi. Türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gaýdýan döwletlilik ýörelgesi bar. Ol ýörelge parahatlykdan, ynsanperwerlikden, dost-doganlykdan, ygrarlylykdan gözbaş alýar. Dünýäde üç gezek hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan Watanymyz döwletlilik ýörelgesine wepaly bolmak bilen, ýurdumyzyň at-abraýyny Arşa göterdi. Eziz diýarymyz dünýäniň ähli ýurtlaryna, şol sanda goňşy döwletlere doganlyk goluny uzatmakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm işleri alyp barýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar parahatçylyk ýoluny saýlap, ynamyň we döredijiligiň esasynda döwletimiziň beýik geljegini gurýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
BITARAPLYK-BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

02.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk-baky Berkararlygyň binýady» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi gadymy döwürlerden bäri dana hem merdana pederlerimiziň durmuşa, özbaşdaklyga bolan ynsanperwer garaýyşlaryndan gözbaş alyp gaýdýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu günki gün dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝOLUDYR

Kitaphanalar

02.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitaraplyk parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoludyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz we durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy ýagty geljege alyp barýandygyny, Bitaraplyk halkymyzyň asylly häsiýetleriniň, milli aýratynlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliliginiň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy, durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAP WATANYM-JENNET MEKANYM

Kitaphanalar

02.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Bitarap Watanym-jennet mekanym» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Bitarap Watanym-jennet mekanym» ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýerine ýetirilen beýik işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer we dost-doganlyk syýasaty hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan netijeleri okyjylarymyzyň arasynda wagyz etmeklikde alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak ,beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BAGTDAN PAÝLY EZIZ DIÝARYM

Kitaphanalar

02.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasy, S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bagtdan paýly eziz Diýarym» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlige institutyň mugallymlary, talyp ýaşlar we kitaphana işgäri gatnaşdylar. «Bitaraplyk belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda esasan Bitaraplygy baýdak edinip ynamly öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada durulyp geçildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda welaýat, etrap, şäher kitaphanalarynda işleriň alynyp barylyşy barada uly we täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň barşynda şeýle ajaýyplyklaryň sakasynda duran ylyma-bilime, kitaphana ulgamynyň ösmegine uly ýardam berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdylyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK PARAHAT DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

02.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda «Garaşsyzlygyň XV ýyllygy» seýilgähinde «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bitaraplyk parahat durmuşyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahat söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar diýip bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlanyldy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNA MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETINIŇ TALYPLARY GEZELENÇDE BOLDYLAR

Kitaphanalar

02.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary bilen gezelenç gurnady. Gezelenjiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň ähmiýetini ýaşlara giňden wagyz etmek maksady bilen “Parahatsöýüjilik taglymatynyň gymmatly kitaplarda beýany”atly okuw-syýahat çäresi we söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda talyp ýaşlar we mugallymlar ylym-bilime uly sarpa goýýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.