logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Köňülleri birleşdirýän sungat

Konsertler

01.06.2026

Türkmen halky bedew bady bilen barha öňe barýar. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestri we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsert kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Nury Halmämmedowyň “Kärizgenler” kinofilminden saz bilen açyldy. Soňra XX asyryň zehinli şahyry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň sazyna “Özgeleri diňledim”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Gyzlaryma” aýdymlaryny orkestriň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhybelentlik duýgusyny döretdi. Dabaranyň dowamynda Andreý Babaýew “Söýgülimiň gözleri”, Slimane “Mon Amour”, Aman Agajykow “Aýly agşam” aýdymlaryny kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň “Ýekelikde aýdym aýtmak sungatynyň” mugallymy Mähri Gurbanowa, Muslim Magamaýew “Sineýa weçnast” mekdebiň uçurymy Seýran Hydyrow ýerine ýetirdi. Ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň “Säher guşlar saýranda”, “Aýgytly ädim” kinofilminden Artygyň aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylarda tolgundyryjy pursatlary döreden aýdymlaryň biri boldy. Konsertiň jemleýji pursatlarynda Türkmen halk sazy “Galan bar” Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary Bäşim Gylyjow we Serdar Aşyrow ajaýyp owazlar bilen ýerine ýetirdiler. Soňra Daňatar Hydyrowyň “Şadyýan gün” aýdymyny kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserda gatnaşyjylar şeýle çäreleriň ýaş talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, uly ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmen sungatynyň dünýä derejesinde ösdürmekde, döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy. Bize baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany, parahat durmuşy peşgeş beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konserti geçirildi

Konsertler

01.06.2026

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynyň her bir güni dabaralara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýörite sungat mekdepleriniň konsertleri geçirilýär. Şeýle konsertleriň biri nS.Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan aýdym-sazly konsertidir. Talyplar we konserte gatnaşyjylar ilkibaşda dürli temalarda taýýarlanan sergä tomaşa etdiler. Maýa Kulyýewanyň şekili çekilen portret sergä has hem özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergi aýdym-sazly konsert bilen dowam etdi. Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, aýdym-saz dili bilen dabaralanýan ylmy-medeni çärä öwrüldi. Konsertiň başynda M.Baýramowyň şahyr D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Ýaşlar watanyň daýanjy” eseri gyzlar ansambly tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi. H.Rodrigesiň “Kumparsita”, A.Bazarowyň “Aýdylmadyk sözler”, A.Babajanýanyň “Noktýurn”, H.Allanurowyň “Toý walsy”, Ý.Doganyň “Wals”, A.Agajykow we R.Nepesowyň “Türkmen tango” eserleri diňlendi. Türkmen halk aýdym-sazlary we operalardan ýerine ýetirilen eserler hem dabaranyň bezegine öwrüldi. Şeýle hem hor topary B.Hudaýgulyýewiň A.Allanazarowyň sözlerine döreden “Goşa ýaz geler” a’capella eserini ýerine ýetirdi. “Mukamyň syry” kinofilminden N.Halmämmedowyň döreden “Karkaranyň aýdymyny” kamera orkestriň sazandarlyk etmeginde Bägül Maşadowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi R.Rejebowyň şahyr G.Kakabaýewiň sözlerine döreden “Türkmenistanym” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Şeýle döredijilikli çäreler talyplaryň aýdym-saz sungatynyň inçe tärlerini özleşdirmekleri we dünýä saz mirasyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bize parahat durmuşy, baky bagtyýarlygy, eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsert

Konsertler

19.05.2026

Şu ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Goşa baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Konsert ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda häzirki döwürde Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler beýanyny tapyp, munuň üçin halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygy açylyp görkezildi. Edebi-sazly kompozisiýada Döwlet tugumyzyň hemişe parlap durmagy baradaky ajaýyp arzuwlar örän täsirli beýan edildi. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu mukaddesliklere daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýeti gurulýar, il-ýurt bähbitli giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl tugumyzy parladyp, Garaşsyz döwletimiziň iň täze taryhyny döredýäris. Güneşli ýurdumyzyň parahat we bagtyýar geljegi üçin jebislikde ägirt uly işleri durmuşa geçirip, dünýä derejesinde ykrar edilýän ýokary ykdysady üstünliklere eýe bolýarys. Merdana halkymyzyň döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ägirt uly mümkinçiliklerimiz şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Konsertde şeýle mazmunly aýdym-sazly, tansly çykyşlar uly joşgun bilen ýerine ýetirildi. Şeýle hem, häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Ajaýyp sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz, Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler, eziz topragymyzyň gözelligi wasp edildi. Konsertiň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýen şygaryndan ugur alnyp, ahalteke bedewlerimize bagyşlanan çykyşlara hem orun berildi. Goşa baýramçylyga bagyşlanan konsertde Watanymyzyň ýaşyl tugy hem-de Esasy Kanunymyz belentden wasp edildi.

No image
BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Konsertler

09.03.2026

Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzda giňden bellenilen 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, watansöýüji, milli buýsançly ýaşlary, nesilleri terbiýelemekde enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Eziz Watanymyzda gözel gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy örän belentdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurdumyzyň birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda türkmen zenanlarynyň we mährem enelerimiziň gözelligi, päk ahlaklylygy, eziz Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa aýdyň açylyp görkezildi. 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym dabarada belentden ýaňlandy. Bu joşgunly aýdymda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler wasp edildi. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary ýaňlandy. Konsertde meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mähriban enelerimize, gyz-gelinlerimize bagyşladylar. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
KONSERT GEÇIRILDI

Konsertler

04.03.2026

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmnenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Jalilowyň ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Sazlaşykly ýaňlanan mukamlaryň owazy konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
«TÜRKMEN SAHNASYNDA ÇYKYŞ ETMEK ÖRÄN ÝAKYMLY»

Konsertler

29.12.2025

Dünýäniň dürli ýurtlary bilen medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmäge ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ol döredijilik işgärleriniň özara saparlarynyň guralmagyna, tejribeleriň alşylmagyna hem-de dünýäniň häzirki zaman sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Owadan sahnada daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetiren konsert maksatnamalary ildeşlerimiz üçin Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Munuň üçin watandaşlarymyz, hususan-da, ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Jenk Başyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren aýdymlary ýakymlylygy we täzeçil owazy bilen diňleýjileri turuwbaşdan özüne maýyl etdi. «Düşer aklıma», «Al Sevgilim», «Yana Yana» we «Herkes Gibisin» ýaly aýdymlarda ýaşlygyň duýguly dünýäsi şöhlelenýär. Tomaşaçylar «Sen kaldın», «Geçiyor zaman» we «Unutmak öyle kolay my sandyn» aýdymlaryny hem gyzgyn garşyladylar. «Mesafe», «Dayan», «Kalpsiz» we «Pişman Degilim» ýaly aýdymlar bolsa ýatlamalara bagyşlanýar. Umuman, türk estrada aýdymçysynyň ýerine ýetiren aýdymlary täzeçilligi we söýgä ýugrulandygy bilen tapawutlandy. Türk estrada ýyldyzy 1998-nji ýylda Türkiýäniň Boýabat şäherinde dogulýar. Birnäçe abraýly sungat ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy ony meşhurlyga eýe edýär. Aýdymçy doganlyk ýurduň geljegi uly sungat wekilleriniň biri hasaplanylýar. Muny ýaş sungat ussadynyň halkara aýdym-saz platformalarynda iň köp diňlenilýänleriň sanawlarynda orun almagy hem aýdyň görkezýär. Jenk Baş täze ýylyň öňýanynda Aşgabatda baýramçylyk konserti bilen çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. «Ata Watanymyzda-Türkmenistanda çykyş etmek örän ýakymly. Ajaýyp bezelen sahnada türkmen diňleýjileriniň öňünde çykyş etmek uly hormatdyr. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, türkmen paýtagtynyň ajaýyp gözelligi, tomaşaçylaryň şowhuny bu ýerde ýene konsert bilen çykyş etmäge höweslendirýär» diýip, türk estrada ýyldyzy söhbetdeşlikde aýtdy. Daşary ýurtlaryň meşhur aýdym-saz ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri her täze ýylyň bosagasyndaky günlere mahsus ýagdaýdyr. Munuň özi halkymyzyň toý ruhubelentligini has-da belende göterip, täze ýyla uly joşgun we ynam bilen gadam basmaga itergi berýär. 30-njy dekabrda bolsa paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň şowhunly konsertiniň garaşýandygyny bellemek gerek. _________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MEŞHUR ESTRADA ÝYLDYZLARY AŞGABATDA

Konsertler

28.12.2025

Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň konsertleri 28-nji dekabrda sungat äleminde «Mot» lakamy bilen meşhur bolan rus aýdymçysy Matweý Melnikowyň şowhunly aýdym-sazlary bilen dowam etdi. Aýdym-saz sungatynyň rep we hip-hop žanrlarynda döreden ajaýyp eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan Matweý Melnikow türkmen sahnasynda ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň konserti aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu gezekki konserti ýatdan çykmajak şüweleňli agşama öwürmek üçin ol özüniň uly döredijilik topary bilen paýtagtymyzda myhmançylykda boldy. Bu döredijilik toparynyň tanslary estrada ýyldyzynyň bezemen sahnada ýerine ýetiren aýdymlaryna goşmaça öwüşgin çaýdy. 1990-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesinde doglan Matweý Melnikowy ene-atasy aýdym-saza çagalykdan höweslendiripdir. Olaryň tagallalary netijesinde ol dürli aýdym-saz gurnaklaryna gatnaýar. Umumy we ýokary okuw mekdeplerini tapawutlanan netijeler bilen üstünlikli tamamlamagy onuň ýokary zehinlidigini görkezýär. Zehiniň we aýdym-saza höwesiň birleşmegi bilen, ol sungatda uly meşhurlyga eýe bolýar. Aýdymça şöhrat getiren «Soprano», «Solo», «Mama ýa w Dubaýe» aýdymlary tomaşaçylarda uly şowhun döretdi. «Kapkan», «Portret», «Peremeny-eto krasiwo» ýaly aýdymlar hem gyzgyn garşylandy. «Şarady» we «Sluçaýnosti ne sluçaýny» aýdymlary bolsa häzirki wagtda iň köp diňlenilýän halkara aýdym-saz sanawlarynda öňdäki orunlardadyr. Şeýle ajaýyp şüweleň agşamy oňa gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň şeýledigini her bir ýerine ýetirilen aýdymy tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalar bilen garşylamagy-da aýdyň görkezdi. Matweý Melnikow türkmen topragynda myhmançylykda bolýandygyna, şeýle ajaýyp agşamda türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş edýändigine örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallygyny beýan etdi. «15 ýyllyk döredijilik we konsert işimiň içinde ilkinji gezek Aşgabatda bolýaryn. Bu toprakdaky myhmansöýerlik we mähribanlyk eýýäm howa menziline gadam basanymyzdan bize duýuldy. Bu ýerde biz özümizi edil öýümizde ýaly duýýarys» diýip, meşhur estrada ýyldyzy söhbetdeşlikde aýtdy. Täze ýylyň öňüsyrasynda dünýä belli meşhur sungat ussatlarynyň dabaraly konsertleriniň guralmagy ýurdumyzyň täze, 2026-njy—«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny toý ruhunda mynasyp garşylaýandygynyň nyşanydyr. ___________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MEŞHUR ESTRADA ÝYLDYZLARY AŞGABATDA

Konsertler

27.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde her Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzda dünýä belli estrada aýdymçylarynyň şowhunly konsertlerini guramak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň baýramçylyk ruhubelentligine şatlyk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini hem görkezýär. Bir döwür dünýäde iň köp diňlenilýän aýdym-sazlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýelän, häzirki wagtda hem özüniň owazlylygyny ýitirmeýän aýdymlary bilen tanalýan Araş Labafyň ýurdumyza ilkinji gezek gelip, türkmen sahnasynda gaýtalanmajak şowhun döretmegi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek tassyklady. 1977-nji ýylda goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda doglan Araş 10 ýaşaýança bu ýurtda ýaşaýar. Ene-atasynyň maşgala bolup Ýewropa göçüp gelmekleri sungat bilen içgin gyzyklanýan geljekki ýyldyza bar bolan mümkinçiliklere has aýdyň göz ýetirmäge we peýdalanmaga şert döredýär. Netijede, eýýäm 14 ýaşynda Araş özüniň ilkinji döredijilik toparyny döredýär. Onuň aýdym-saz albomlary köpdilliligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyga ýurdumyzyň aýdym-saz muşdaklary meşhur aýdymçynyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren ilkinji aýdymlarynda turuwbaşdan göz ýetirdiler. «On est la», «Wostoçnyýe skazki», «One Day» atly aýdymlarda Günbataryň häzirki zaman şowhunly äheňleri Gündogaryň şahyrana labyzlylygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Estrada aýdymçysyna meşhurlyk getiren «Broken Angel», «Pure Love» aýdymlary tomaşaçylary ýaşlyk we ýatlamalar dünýäsine aralaşdyrdy. «Donya», «She Makes Me Go» we «One Night in Dubai» ýaly aýdymlar bolsa şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dünýä belli sungat ussady özüniň başga-da birnäçe ajaýyp aýdymlary bilen tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Döwürdeş adamlaryň bir wagtlar söýüp diňlän «Boro boro», «I adore you» aýdymlary bolsa konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Konsertiň ahyrynda Araş Labaf hemmeleri ýetip gelýän 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen sahnasynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, bu ýerde muşdaklarynyň juda kändigine göz ýetirmegiň örän buýsandyryjydygyny belledi. «Siziň ýurduňyz maňa ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri bagyşlady. Ilkinji nobatda, Aşgabat özüniň owadanlygy we binagärlik aýratynlygy bilen bizi haýran galdyrdy. Hemmeleriň garaşýan Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp sahnada türkmen diňleýjileriniň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş etmäge çagyrylandygym we döredilen mümkinçilik üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine köp sagbolsun aýdýaryn. Bu ýerde mähirli kabul edilmegim we bildirilen myhmansöýerlik türkmen halkynyň açyklygynyňwe dostanalygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle döredijilik saparlarynyň guralmagy halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin berk binýady emele getirýär» diýip, meşhur aýdymçy söhbetdeşlikde aýtdy. ____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Konsertler

22.12.2025

Bitaraplyk 30 ýylyň dowamynda halk durmuş keşbine, milli aňyýetiň özüne öwrüldi. Täze taryhymyzyň altyn sahypalaryna ser salanyňda bolsa, geçen gysga döwürde il-ýurt ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyna göz ýetirmek bolar. Ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine dünýä döwletleri ýokary baha berýär. Hut şonuň üçin hem Bitarap döwletimiz “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary bilen geçýän 2025-nji ýyl döwletimiziň şöhratly taryhyna sahypa bolup girdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we oňa bagyşlanan dabaraly çäreler mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň dabaralanmagynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýörelgeler, halkara gatnaşyklarynda durnuklylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýlelikde, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli” konserti ulydan bellenilip geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Garaşsyz watanymyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olaryň ukyp başarnyklaryny giňden açyp görkezmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Konserdiň başynda alypbaryjylar Bitaraplygymyzyň mukaddes gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň taryhynda şanly senämiz altyn harplar bilen ýazylandygyny we Bitaraplyk baýramy ýurdumyzda bellenip geçilýändigini konserde gatnaşyjy talyplara we myhmanlara belläp, nygtap geçdiler. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ählisini Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny tüýs ýürekden gutladylar we konserdiň açylyşy yglan edildi. Konserdiň başynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy, jemgyýetçilik partiýa guramasynyň başlygynyň orunbasary Annanabat Hojamämmedowa uly hormat bilen söz berildi. Annanabat mugallym gürrüňlerinde belleýşi ýaly, “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” barada Kararnama kabul edildi. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Türkmenistanyň Bitaraplygy-häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Türkmenistan Bitarap döwletleriň hataryna goşulmagy bilen, öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we berjaý edýär” diýip belläp geçdi. Annanabat mugallym Hormatly Prezidentimizi, talyplary we konserte gatnaşyjylary baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlady. Konserdiň ilkinji çykyşy Rus halk sazy “Калинка” we Çary Nurymowyň “Konsert I bölümi” bolup, ”Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Hudaýberdiýewa ezberlik we ussatlyk bilen dutar saz guralynda ýerine ýetirdi. Baýramçylyk çäre şowhunly, dabaraly dowam etmek bilen, Türkmen halk sazy “Bibi”, Güýç Hojaýew gyjak saz guralynda, “Gül sähranyň maňlaýyndan öpeli”, “Öz Watanymyň aşygy” wokal aýdymlaryny Suraý Kubyýewa, dutar saz guralynda sazandarlyk eden Mergen Astanow dagylar çykyş etdiler. Soňra baýramçylyk konsertimizde “Alkyş aýtýas Arkadagly Gahryman Serdarymyza”, sözi Döwletgeldi Annamyradowyňky bolup, bagşy gyzlar ansambly düzülip, olaryň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk artisti Şemşat Hojaýewa waspnama aýdymyny ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda jemleýji aýdymlar bilen Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgy setiri aýdyma öwrülen “Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmaklyk Watany” bagşylar ansambly bolup uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mähriban halkymyzyň hem-de ýurdumyzyň bähbidine alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! _______________________ Şatlyk Annaýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby

No image
«PARAHATLYK AÝDYMY» ATLY KOMPOZITORLARYŇ TÄZE ESERLERINDEN DÜZÜLEN KONSERT

Konsertler

08.12.2025

Parahatçylygyň we agzybirligiň Watany bolan eziz ýurdumyz Türkmenistanda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly konsertler, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem “Parahatlyk aýdymy” atly kompozitorlaryň arasynda täze döredilen eserleriniň ýaňlanmagydyr. Ata Watanymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini, gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymlary döretmek maksady bilen geçirildi. Täze döreden eserler solist, hor we simfoniki orkestr üçin niýetlenendi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda geçirilen bu dabarada kompozitorlar Begmyrat Hudaýberdiýew, Aýläle Gulmuradowa, Wera Abaýewa, Yhlas Artykow, Saparmyrat Baýlyýew, Çary Amanýazow, Aman Akmyradow, Tylla Sätiýewa, Nury Ataýew ýaly ýaş kompozitorlaryň eserleri ilkinji gezek simfoniki orkestriniň, horuň ýerine ýetimeginde ýaňlandy. Kompozitorlara “Minnetdarlyk haty” we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu konsert Begmyrat Hudaýberdiýewiň “Alkyşnama” eseri bilen açyldy, soňra Aýläle Gulmuradowanyň “Watanym”, Wera Abaýewanyň “Türkmenistanyň ýaňy”, Yhlas Artykowyň “Eziz Türkmenistan”, Çary Amanýazowyň “Türkmenistanym”, Aman Akmyradowyň “Gahryman Arkadagly Serdarymyz”, Tylla Sätiýewanyň “Atalyk mekdepdir Arkadagymyz”, Saparmyrat Baýlyýewiň “Türkmenistanym”, Nury Ataýewiň “Bitaraplyk, Parahatlyk senasy” atly eserleri dabaraly ýerine ýetirildi. Konsertda ýaňlanan eserleriň ählisi Solist, hor we simfoniki orkestri tarapyndan ýerie ýetirildi. Hor toparynyň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew, hormeýstrler Täzegül Çaryýewa hem-de Rano Orunowa, orkestriň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow, dirižýorlar Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletmämmet Ökdirow hem-de 5-nji ýyl talyp Kowus Bäşimow. Biz ýaşlaryň öz ukyp başarnyklarymyzy açyp görkezmekde, ýurdumyzy wasp edýän joşgunly eserleri döretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän, sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! ____________________ Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby