logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BAGTLY ÇAGALAR

Täzelikler

07.01.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesle aýratyn üns berilýär. Olaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, eziz Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Täze ýyl mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan saz gurallarynyň sowgat berilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, olar okuwdan daşary öz gyzyklanýan ugurlary boýunça ýörite gurnaklara gatnaşýarlar. Şeýle-de Döwletliler köşgünde we Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu ýerdäki “Joşgun” tans toparynyň “Gulbaba” adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolmaklary aýratyn bellärliklidir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümlerini şatlykly hem manyly geçirmekleri üçin özleriniň goşandyny goşýarlar. Olar öz ugurlary boýunça aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanýan çagalara dutar, dep, gitara, fortepiano, fleýta, klarnet, skripka, saz gurallaryny çalmaklygyň başlangyç mekdebini öwredip, özleriniň okuw tejribeligini şu ýerde geçýärler. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar özleriniň zehinliligi hem-de bilesigelijiligi bilen tapawutlanyp, her bir öwredilýän sapaklary höwes bilen öwrenýärler. Täze ýyl mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara saz gurallaryň sowgat berilmegi çagalarda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Olaryň ählisi özleri barada edilýän irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýdýarlar. Pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, öz ukyp başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymy aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin. __________________________________ Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Täzelikler

30.12.2025

29-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze-2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi we Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň geljek ýylda-da Garaşsyzlygyny, döwletliliginiň esaslaryny, hukuk ulgamyny has-da berkitjekdigine, milli ykdysadyýetini okgunly ösdürjekdigine, durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi özbek jemgyýetiniň milli bähbitlerine, zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýän syýasy ugruny netijeli dowam etdirmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz özbek Lideriniň taryh üçin gysga döwrüň içinde bu ugurda uly işleri durmuşa geçirendigini we muňa anyk netijeleriň güwä geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda garaşylýan 6,6 göterim möçberindäki ykdysady ösüş depgini ýurduň döwlet Baştutanynyň Özbegistany ýakyn ýyllarda girdejisi ortadan ýokary bolan döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýan maksadyna ýetmekde ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şeýle-de Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy. _____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MUZEÝE SYÝAHAT

Täzelikler

29.12.2025

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýär. Bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty netijesinde bu asylly ýörelgämiz dünýä ýaýylýar. Dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, halklar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy saklamak müňýyllyklardan gelýän asylly ýolumyzdyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr. Biz Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrarys» diýen paýhasly jümleleri beýan edilýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümiziň altyn sahypasynyň beýik gymmatydyr. 2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýi» şahamçasyna hem-de Bitaraplyk seýilgäh zolagynda täze döredilen «Baky ýoluň» we «Bitaraplygy» muzeýlerine aýlanyp gördüler. Üç binadan ybarat bolan bu ajaýyp muzeýde ýerleşdirilen gymmatlyklar talyp ýaşlarymyz üçin has-da täsirli boldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/231.jpg) Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň üç sany Kararnamasy bilen berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyna hem-de häzirki gününe bagyşlanýar. Binada ýerleşdirilen muzeýiň ekspozisiýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhyndan başlap häzirki gününe çenli beýan edýän maglumatlar, Türkmenistanyň kartasy, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna degişli bolan Konstitusion Kanunlar habar beriş sensor monitorlarda görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen maslahatynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kabul edilen Kararnama hem-de taryhy fotosuratlar görkezilýär. Täze döredilen «Baky ýoluň» diýlip atlandyrylan binanyň ekspozisiýasynda talyplar 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama bilen tanyşdylar. Bitaraplyk seýilgäh zolagynyň Günbatar tarapynda ýerleşýän «Bitaraplygy» diýlip atlandyrylan binanyň ekspozisiýasynda talyplar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen hemişelik Bitaraplyk derejämiz üçinji gezek ykrar edilen Kararnama bilen tanyşdylar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp täze kitaby barada giňişleýin maglumatlar talyp ýaşlarymyza ýetirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýi» şahamçasyna hem-de Bitaraplyk seýilgäh zolagynda täze döredilen «Baky ýoluň» we «Bitaraplygy» muzeýlerine gurnalan gezelenç syýahaty talyp ýaşlarymyzy Watany söýmegiň, olary millilik ruhunda terbiýelemegiň beýik mekdebidir. ______________________________________ Şemşat Hezretgulyýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
ÇAGALAR-WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Täzelikler

29.12.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝYL DABARALARYNA GATNAŞDY 27-nji dekabrda Asylly däbe görä, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi. Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Meýdançanyň merkezinde depesi “2026” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça diňe bir dabaranyň geçirilýän esasy künjegi bolman, eýsem, türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň, abadançylygynyň hem nyşanydyr. Paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden, ähli welaýatlardan gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin bu gün Aşgabat täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Meýdança ýygnanan çagalary şatlyk duýgusy gurşap aldy. Arçany bezeýän oýnawaçlaryň öwüşginleri, dürli reňkli çyralardyr bezegler ýagty geljege ynam döredýän ägirt uly baýramçylygyň buşlukçysy boldy. Erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyran çagalaryň şatlyk-şowhuny meýdançany açyk asmanyň astyndaky teatr sahnasyna öwürdi. Daş-töweregi gurşap alan, dürli yşyklar bilen bezelen baglar baýramçylyga mahsus jadyly görnüşleri döredýär. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu baýramçylyk çäresine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde çagalar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik we şatlyk duýgusy bilen garşylap, gül desselerini gowşurdylar hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň nyşanyna öwrüldi. Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýaz baba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Aýaz baba çagalar barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Soňra körpeleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň geljegi bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi. ________________________________ «Türkmenistan gazeti

No image
HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK WE YNANYŞMAK DIALOGYNY ILERLEDIP

Täzelikler

23.12.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY 22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär. Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinden geçýän Demirgazyk—Günorta, Gündogar—Günbatar ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň Hazar deňzi sebitini kuwwatly ulag merkezine öwürmek boýunça başlangyçlary dostlukly döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, harytlary Günorta Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykarmaga ýardam berýär. Ynsanperwer we ekologiýa ulgamlary hem Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz Aral meselesini çözmäge işjeň gatnaşyp, «ýaşyl» diplomatiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçe gezek «Arkalaşygyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa Türkmenistanyň özara hormat goýmak, umumy taryhy mirasy gorap saklamak arkaly halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýandygyny, medeniýetara dialoga açykdygyny görkezýär. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn dialog hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza amala aşyran sapary iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklan ähmiýetli waka boldy. ___________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«IL SAGLYGY–ÝURT BAÝLYGY» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Täzelikler

22.12.2025

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserlerini wagyz-nesihat etmek boýunça “Il saglygy-ýurt baýlygy” atly çäre geçirildi. Bu çärä ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary seýle-de, saglygy goraýyş ulgamynyň wekili, epidemiolog lukman Allabaýewa O.S. gatnaşdy. Çäräniň dowamynda ýurdumyzda 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, 2015-nji ýylda bolsa onuň rejelenen görnüşiniň kabul edilendigi, halkyň saglygyna, abadançylygyna her bir raýatyň bähbitleriniň goralmagyna aýratyn üns berilýändigi barada giňişleýin çykyşlar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň her bir jümlesi, her bir sözi hem-de dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin söhbeti ynsan nesliniň nurly geljegine, sagdynlyga, gözellige we watanperwerlige goýlan beýik hormat-sarpanyň beýany bu çärede uly orun aldy. Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler we ulanmaga berilýän saglygy goraýyş binalary halkymyzyň saglygy hakdaky döwlet aladalarydyr. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz jemgyýetde, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz-nesihat edilmegi, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hemişe nygtaýar. Goý saglygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekanynda ýaşamaga mümkinçilikler we şertler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! ______________________________ Gülşirin Otuzowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy

No image
TÜRKMENISTAN «MERKEZI AZIÝA-ÝAPONIÝA» DIALOGYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI STRATEGIK HYZMATDAŞLYGA IŞJEŇ GATNAŞÝAR

Täzelikler

22.12.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY TAMAMLANDY 20-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Bu dialogyň esasy maksady sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr. Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” formatyna diňe bir diplomatik duşuşyklar üçin meýdança hökmünde däl, eýsem, halkara gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda-da netijeli gural hökmünde garaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dialogyň çäklerinde özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda bu dialoga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň bähbitlerini umumy maksatlaryň daşyna jemläp bilýändigini görkezdi. Ýurdumyz dialogyň çäklerinde bu hyzmatdaşlyga anyk ykdysady mazmun bermäge çalyşýar. Diýarymyzda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri gaz himiýa senagat kärhanalarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Döwletimiz formatyň çäklerinde Merkezi Aziýany dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan durnukly ulag-logistika geçelgelerini döretmek başlangyjyny işjeň ilerledýär. Durnukly infrastruktura Ýewraziýa yklymynda ykdysady ösüşiň esasy şerti hökmünde garaýan Ýaponiýa ýurdumyzyň bu başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Dialog boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki döwri ekologiýa we “ýaşyl” energetika ýaly ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen tapawutlanýar. Türkmenistan daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylary azaltmak üçin ýapon innowasiýalaryny ornaşdyrmagy teklip edip, karbonsyzlaşdyrmak boýunça sebit “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga netijeli gatnaşýar. “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň geçirilmegi bu formatyň ösüşinde taryhy pursat boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy milli we sebit derejesindäki strategik taslamalara öwürmäge ukyply ýurt hökmünde dialogda eýeleýän möhüm ornuny tassyklady. ...Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Wekiliýet Baştutanlarynyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

22.12.2025

20-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy. Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň okgunly häsiýetini belläp, şunda yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki saparlara aýratyn ornuň degişlidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Sanae Takaitini Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministrini “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçmegi bilen hem tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, açyklyga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýeten derejesine ýokary baha berýändigini we türkmen-ýapon dialogyny ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklar hem işjeňleşdirilýär. Parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmegi döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda wajyp ädime öwrüldi. Söwda-ykdysady ugur türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Tebigy gaz, energetika we ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesine esaslanyp, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«TÜRKMEN HALKYNYŇ DESSANÇYLYK DÄPLERI: TARYH, NAZARYÝET, TEJRIBE» ATLY SEMINAR MASLAHATY GEÇIRILDI

Täzelikler

19.12.2025

Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen döredilen iş topary tarapyndan 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy esasynda 2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowanyň gurnamagynda “Türkmen halkynyň dessançylyk däpleri: taryh, nazaryýet, tejribe” atly seminar maslahaty geçirildi. Bu maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplaryndan başga-da, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinden, Türkmen döwlet Medeniýet institutyndan, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan myhmanlar gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Indiki nobaty Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Araznepes Mämmetjumaýew “Zöhre Tahyr” ýordumyndan ýazylan dessanlar” atly temasy bilen çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew “Türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijiliginde “Görogly” eposynyň “Bezirgen” şahasy”, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow “Şekillendiriş sungatynda dessanlara berlen orun”, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň “Türkmen edebiýaty” kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Aýgül Gurbanowa “Türkmen dessanlary we gündogar halklarynyň epiki döredijiligi”, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň “Guramaçylyk işi” kafedrasynyň mugallymy “Dessanlardan aýdylýan tirme aýdymlar”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Bahargül Ýakubowa “Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanyndaky halk aýdymlar”, konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Gülnabat Ataýewa “Dessançy bagşy Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirijiliginde “Görogly” eposynyň “Öwez öýlenen” şahasy”, Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Ýazgül Ýusupowa “Türkmenistanyň grafika we nakgaşçylyk sungatynda dessanlaryň beýany”, konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Güýçmyrat Gurbandurdyýew “Türkmen saz sungatynda “Saýatly-Hemra” dessany”, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Medeni miras” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Bazargeldi Gazakow “Häzirki zaman türkmen folklorynda “Görogly” eposynyň elementleriniň ulanylyşy”, konserwatoriýanyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Joraýewa Jeýran “Uzuklar” sazly rowaýatynyň professional döredijilige aralaşmagy” atly gyzykly temalary bilen çykyş etdiler. Çykyşlaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Kerwen Ýowbasarow “Görogly” eposyndan bir parça ýerine ýetirdi. Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlar öz gyzyklanýan soraglaryny halypa mugallymlara berip sorag-jogap alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda ähli çykyş edenlere köp minnetdarlyklaryny bildirip, sag bolsunlaryny aýtdylar. ___________________________ Ogulnur Nazarowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMEN ALABAÝY HALKYMYZYŇ ÖÇMEJEK GYMMATLYGY

Täzelikler

18.12.2025

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyzyň baý taryhy we medeni gymmatlyklary häzirki güne çenli goralyp saklanylýar. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem özüniň akyllylygy, wepalylygy, düşbiligi bilen bütin dünýäni haýrana goýan türkmen alabaýynyň şan-şöhraty üstinliklere beslenen ýylymyzyň altyn sahypasynda uly orun tutdy. Iň gadymy hem naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýan türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde ýurdymyzda alnyp barylýan döwletli işleriň ähmiýeti hakynda şeýle-de ynsanyň ýakyn syrdaş ýoldaşy hasaplanýan türkmen alabaýynyň wepalylygy, edermenligi, gaýduwsyzlygy, barada, onuň ajaýyp keşbiniň sungatda orun tutmagy bilen baglanşykly gyzykly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de, türkmen alabaýynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenen ýyllaryň biridigini ýene bir gezek äşgär edendigi baradaky buýsançly çykyşlar beýan edildi.