logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNA AGZA ÝURTLARYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT USSATLARYNYŇ KONSERTI

Täzelikler

10.10.2026

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabaranyň başynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde “Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy” atly filmi bilen ýeňiji bolan russiýaly režissýor Robert Fransewe bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollar möçberindäki pul baýragy gowşuryldy. Hazaryň kenarynda guralan halkara çäreler mynasybetli GDA agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde “Tatar gyzy — 2026” atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp bolan özbegistanly A.Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — “ZEEKR X9” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy. Gözelligiň we nepisligiň özboluşly beýanyna öwrülen bäsleşikde ýeňiş gazanan tatar gyzy türkmen topragynda milli myhmansöýerlik däpleri esasynda kabul edilendigi, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza, türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem, ol Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady we gazanan ýeňşiniň öz durmuşynda iň bir ýatda galyjy, bagtly pursatlara beslenendigini belledi. Bu günki gün milli medeniýetimiz ösüşiň häzirki zaman ýörelgelerini, ugurlaryny we nusgalaryny özüne birleşdirýär. Şunda halkymyzyň medeniýetini halkara derejede giňden wagyz etmek, daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan köp sanly halkara forumlaryň we çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa medeniýetiň, sungatyň serhetleri we uzak aralyklary aşmaga, dürli halklary parahatçylyk, hoşniýetlilik we ösüş ugrunda birleşdirmäge ýardam edýändigi baradaky hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti hem ýurdumyzyň medeni diplomatiýany işjeň ilerledýändiginiň, sungat arkaly döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/jfjfjftj.jpg) ...Konsert «Arkadagly Serdarym bu gün uly toý tutýar» atly aýdym bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň şowhunly tanslary bilen utgaşan aýdymda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Diýarymyzyň guwandyryjy ösüşleri wasp edildi. «Awazanyň kenarynda ýaňlanýar dostluk aýdymy» atly edebi-sazly çykyşda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklary hem-de Awazanyň halklary birleşdirýän merkez hökmündäki ähmiýeti çeper beýan edildi. Konsert maksatnamasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň öz ýurtlaryna özboluşly syýahata alyp gidýän joşgunly çykyşlaryndan ybarat boldy. Şolaryň hatarynda M.Ý.Pýatnitskiý adyndaky döwlet akademiki rus halk hory, «Pesnýary» Belarus döwlet ansambly «Horoşki» belarus döwlet akademiki horeografik ansambly, Gazagystanyň Milli sungat uniwersitetiniň talyp dombraçylar ansambly, «Saltanat» döwlet tans ansambly, şeýle hem GDA ýurtlarynyň dünýäde meşhurlyk gazanan medeniýet we sungat ussatlary bar. Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Aýdym-sazly, tansly çykyşlar dost-doganlyk döwletleriniň ajaýyp künjeklerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny, medeni-ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylygy, agzybirligi şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Baýramçylyk konserti “Küştdepdi” tansy bilen dowam etdi. Halkymyzyň taryhy-medeni däpleriniň we ruhy dünýäsiniň sazlaşygyny şöhlelendirýän halk döredijiliginiň bu özboluşly nusgasy häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Soňra konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdym ýaňlandy. Bu ajaýyp we şowhunly aýdym ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň, geljegi nazarlaýan beýik maksatlarynyň senasy bolup ýaňlandy.

No image
Şanly Garaşsyzlygymyzyň şa serpaýynyň eýeleri

Täzelikler

25.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy özüniň mynasyp toý-baýramlaryna, şanly dabaralaryna beslenýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, hünär ussatlylygyny artdyrmakda Gahryman Arkadagymyz «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip, aýdan sözleri döwrüň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdymyzyň döredijilik işgärlerine we ýaş zehinlere berýän goldawlary bimöçberdir. Ýaş zehinli talyplarymyzyň, mugallymlarymyzyň döreden ajaýyp sungat eserleri milli gymmatlyklarymyzyň ebediliginiň we çeperçilik mekdebimiziň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, yglan edilen medeniýet we sungat işgärleriniň, edebiýat, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hemde zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işlerine özleriniň iň kämil, çeperçilik taýdan iň naýbaşy döredijilik eserleri bilen gatnaşyp sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Maksat Hudaýberdiýew, «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Zergärçilik sungaty» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Kömekgeldi Orazdurdyýew, «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenişi» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Dawutmuhammet Maksatmuhammedow, «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünäriniň 6-njy ýyl talyby Annageldi Şageldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Biz ajaýyp Watanda - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşaýarys, oňa guwanýarys we tüýs ýürekden buýsanýarys. Çünki biz ajaýyp Watanymyzda eşretli durmuşda ýaşap, ýeňişlerden-ýeňişlere, belentliklerden-belentliklere tarap ynamly öňe barýarys. Bu günki gün bize hormatly Prezidentimiziň ýörän ýoly ýörelge, nusgalyk işleri görelde, çuň manyly öwüt-ündewleri dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ebedi, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hemişe gülläp össün! Jennet ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

No image
Bu gün toý toýlanýar türkmen ilimde

Täzelikler

24.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetde we sungatda belent sepgitlere ýetilýär. Aýdym-saz sungatyna söýgi döretmek , olary kämilleşdirmek we ösüp gelýän ýäş nesillere ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramçylygy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigine mekdebiň Ruhubelent çagalar hor topary bu çärä uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaňy ýakynda Ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän Garaşsyzlyk seýilgähinde ýaş aýdymçy okuwçylarymyz Rahman Şöhradowyň we Mähriban Berdiýewa, Aşgabat teleýaýlymynyň çagalaryň döredijilik gepleşiginde mekdebiň mugallymy Tirkiş Hajyýewiň ýolbaşçylygynda şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän “Aşgabat”, “Garaşsyz hem Bitarap bu Döwletli Diýarym”, “Türkmenistan” aýdymlary bilen ýazgy geçirdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklere tarap okgunly barýan Watanymyzyň ösüşleri baky bolsun. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, ony wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun.

No image
DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN BEHIŞDI BEDEWLERIMIZ

Täzelikler

22.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Behişdi be¬dewleri türk¬me¬niň uçar ga¬na¬ty¬dyr. Ahalteke atlary halkymyzda ajaýyp gözelligiň, ýyndamlygyň, wepalylygyň, maksada okgunlylygyň nyşany hökmünde görlüpdir. Ahalteke bedewiniň gözel keşbi türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde aýratyn orun eýeleýär. Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirilen «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigine türkmen we daşary ýurtly sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly eserleri we fotosuratlary bilen gatnaşdylar. Geçirilen döredijilik bäsleşiginde suratkeşler, zergärler, heýkeltaraşlar, fotosuratçylar ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezdiler. Şeýle-de bäsleşige hödürlenen eserler sergi meýdançasynda görkezildi. Ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary özüniň sungat eserleri bilen ýokary netijeleri görkezdiler. Ahalteke atlaryny nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly nakgaş eseri bilen gatnaşyp, ýeňiji boldy. Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Patdyk Patdykowyň «Maşgala» atly heýkel eseri bilen ýeňiji boldy. Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşikde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewa «Türkmen bedewleri» atly haly eserler toplumy bilen ýeňiji diýlip yglan edildi. Sungat ojagymyzyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gazanan bu abraýly üstünligi ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmekde täze eserleri döretmäge ylham berjekdigi şübhesizdir. Jemal MEREDOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

No image
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Täzelikler

11.09.2026

10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bäsleşik ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Hemmeler hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminde yz goýmak ussatlygy talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylaryň mukaddes borjudyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda yglan edilen bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär. Bu bäsleşikler döredijilik we sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň höweslendirilmegi, ussatlyk ýoluna gadam basmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Şolaryň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hem höwesjeň aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň hatarynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet ulgamynyň, beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller saýlanyldy. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Olaryň arasynda eýýäm aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

No image
Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

Täzelikler

01.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli watan söýüji ilhalar, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 1-nji sentýabr Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şowhun, dabara bilen bellenilýär. Bu gün çagalar bagyna gatnaýan ýaşajyk çagalarymyzdan başlap mekdep okuwçylarymyzyň talyp ýaşlarymyzyň ýürekleri buýsançdan doly. Çünki ýaşlarymyz döwrebap çagalar baglarynda orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerde terbiýelenýärler, ylym-bilim alýarlar. Şu gün ýurdumyzyň ajaýyp ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Täze 2026-2027-nji okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň goşgularyň üsti bilen beýan edip, «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly atly okuw sapagy bilen okuw derslerine başladylar. Sungatyň dürli ugurlary boýunça hünär berýän ýokary okuw mekdebimize 150 golaý talyp ýaşlar kabul edildi. Olar geljekde watanymyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmekde hem-de dünýäýaýmakda uly goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişerler. Şu pursatdan peýdalanyp Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekdäki alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. GÖWHER SAPARMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy

No image
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi

Täzelikler

24.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, baý milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu täsin sungatyň kemala gelmegi hem-de ösüşi türkmen bagşy-sazandalarynyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gadymdan gelýän milli aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş nesilde milli medeniýetimize gyzyklanmany ösdürmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi munuň aýdyň subutnamadyr. Mukamlar köşgüniň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, ussat bagşy-sazandalaryň fotosuratlarynyň sergisi guralypdyr. Mälim bolşy ýaly, medeniýet halkyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren gymmatlygy hasaplanýar. Türkmen halkynyň ýiti zehini hem-de paýhasy bilen asyrlaryň dowamynda döreden maddy we maddy däl gymmatlyklary dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi ajaýyp eserler bilen baýlaşdyrmaga goşant goşýan döredijilik wekillerine uly sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren halypa bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýandygyny nygtaýar. Halkymyzyň köpasyrlyk bagşyçylyk sungatyny has-da ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak üçin ýurdumyzda bäsleşikleriň, festiwallaryň yzygiderli geçirilýändigini, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň hem il içinden ýaş, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga we olaryň kalbynda milli aýdym-saz sungatymyza söýgini has-da artdyrmaga uly ýardam berýändigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär. Döredijilik bäsleşigine 18 - 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlaryny Diýarymyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşige köpöwüşginli äheň berdi. Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar milli saz medeniýetimizde aýratyn orun eýeleýär. Bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlaryna orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewlerini wasp edýän çykyşlar öz beýanyny tapdy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginde ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom, altyn zynjyr bilen sylaglanyldy. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!” bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri milli bagşyçylyk we dutarda saz çalmak medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekde yhlasyny, döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

No image
Ýaş zehiniň ýürek joşguny

Täzelikler

04.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere beslenýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda çagalykdan arzuwlan maksadymyň amala aşmagy meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Çünki men Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby boldum. Meniň muňa begenjimiň çägi ýok. Meniň Ahal welaýatynyň Nury Saryýew adyndaky welaýat çagalar sungat mekdebinde çeperçilik hünäri boýunça ilkinji sungat bilimimi kämilleşdirmek maksadym söýen kärimiň bagtyýar talyby bolmaklygyma getirdi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň geçiren surat bäsleşigine gatnaşyp, özümiň döredijilik başarnygym bilen üstünlikli çykyş etdim. Bize bilim almaga, döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Amandursun Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň kitap grafikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby

No image
BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN

Täzelikler

07.07.2026

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler. Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi. Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty türkmen halkynyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmagy esasy ugur edinýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýyly mynasybetli atçylyk we atçylyk sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi häzirden sazlaşykly işiň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipedir. Bedewlerimize bagyşlanýan eserler hem kämil we nepis bolmalydyr. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýady hasaplanýar. Garaşsyzlyk baýramy bilen bagly her bir işimiz, döredýän sungat eserimiz hem şol belent derejä mynasyp bolmalydyr. Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi. Gyz çykarmak, ogul öýermek ynsan durmuşynyň iň ýakymly pursatlary hasaplanýar. Gelnalyjy dessury türkmen toýlarynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onda paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýagşy dessurlary her döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylýar. Häzirki bagtyýar zamanada bolsa bu ýörelgeleriň dabarasy has-da belende göterilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky durmuş toýy babatda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döredipdir. Munuň özi toý dessurlarynyň derejesini artdyrmak bilen bir hatarda, ýaşlary agzybirlige, birek-birege düşünişip ýaşamaga gönükdirilen çagyryş hökmünde kabul edilýär. Soňra dabaraly mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler. Ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda şahyrlaryň goşgularynyň, bagşylaryň aýdym-sazlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Dürli döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getiren bedewleriň çeper keşbini döretmek ýörelgeleri häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň bedewlere bolan ählumumy söýgüsi, buýsanjy sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýärler, Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk senesini mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edýän, täze eserleri döredýän medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapdy. Artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” atly aýdymynyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

No image
Nagyşlaryň soňsuz söhbedi

Täzelikler

30.06.2026

Şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, haly suratkeşi Güljahan Töräýewanyň şahsy döredijilik sergisi geçirildi. G.Töräýewa sungatyň bu görnüşi bilen köp ýyllardan bäri meşgullanyp gelýär. Onuň döreden sungat eserlerini, ýagny, ýantorbalary synlamak sungat muşdaklaryny haýrana goýdy. Gobelenden dokalan ýantorbalar gözelligi, nagyşlarynyň nepisligi we reňk sazlaşygynyň çeperçilik taýdan ýerlikli çözlendigi bilen tapawutlanýar. Ýantorbalara salnan nagyşlar suratkeşiň owadan dünýäsini baý dünýägaraýşyny we türkmen milliligine çäksiz söýgüsini açyp görkezdi. Gadymy milli “tegbent”, “gülýaýdy”, “älem”, “saýlan”, “goçak” ýaly nagyşlar döwrebap äheňler bilen baýlaşdyrylyp dokalypdyr. Ýantorbalardaky reňkler öz arasynda söhbet edýän kibi dokalypdyr. Sergi köp adamly, täsirli we gyzykly geçdi. Serginiň dowamyndaky çykyşlar bolsa suratkeş G.Töräýewanyň bu sungata bolan zehininiň we söýgüsiniň üstüni ýetirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda G.Töräýewa sungatyň bu görnüşini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde we dokalyşynyň inçe tilsimlerini öwretmekde irginsiz zähmet çekýär. Gobelen suratkeşi G.Töräýewa halypa hökmünde köp şägirtleri ýetişdirdi. Gobelen sungaty el bilen ýa-da ýörite stanoklarda dokalyp, dürli reňkli sapaklar arkaly şekil döredilýän nepis amaly-haşam sungatydyr. Köplenç halyçylyk sungaty bilen utgaşýan bu ugur, suratkeşligiň we dokmaçylygyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Gobelen dokalanda köp sanly reňkli sapaklar ulanylýar. Suratkeş ilki bilen surat taýýarlaýar, soňra şol surata laýyklykda ýüpek, ýüň ýa-da pagta sapaklarynyň üsti bilen, her bir çyzygyň we reňkiň geçişi gaýtadan janlandyrylýar. Gobelenler öýleriň we binalaryň içini bezemek üçin uly göwrümli diwar halysy, örtük ýa-da dekoratiw eser hökmünde ulanylýar. Gobelen dokalyş usuly taýdan türkmen halyçylyk sungatyna juda meňzeşdir. Maýa Halykberdiýewa, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.