logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE

Täzelikler

16.10.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny eziz Diýarymyzyň belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň we zähmet çekýän zenanlaryň şeýle hem bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Zenan gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

No image
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY WE TÜRKMENISTAN: HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY SÜTÜNIDIR

Täzelikler

16.10.2025

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda «Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistan: halkara hyzmatdaşlygyň esasy sütünidir» atly wagyz-nesihat maslahaty we kitap sergisi gurnaldy. Bu wagyz-nesihat maslahatynda Bitarap Döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdürilen daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli işleri, tagallalary baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle-de abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklaryny, parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini yzygiderli bellediler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Amerikanyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrmagy we onuň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralanýan ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasydaky çykyşynda Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri dowam etdiriljekdigini, bu meselelerde howpsyzlygy üpjün etmegiň, howa ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat edinýändigini bellemegi we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjyny öňe sürmegi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletimiz milli derejede ekologiýa babatda zerur işleri alyp barýar we bar bolan meseleleriň çözgüdine, Hazar deňzinde ekologik taýdan ýaramaz täsirleriň öňüniň alynmagyna goňşy ýurtlar, hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşykda täzeçil çemeleşmeleri öňe sürýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aralýaka sebitiniň ekologik ýagdaýynyň sagdynlaşmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.Ýurdumyzda her ýyl Hazar deňziniň güni bellenilip, onuň çäklerinde maslahatlar, gepleşikler we beýleki çäreler guralýar. Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen esasy wezipeleriň hatarynda “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutylýan ugur bolup durýar. Berkarar döwletimizde tebigatyň serişdelerinden rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa zyýan ýetirmezlige yzygiderli üns berilýär. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy tarapyndan gurnalan kitap sergi bilen tanyş boldular. Bu gurnalan kitap sergisi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. ________________ Maral NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «DAEWOO» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

16.10.2025

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen-koreý hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa senagatynda iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň gerimli işleri alyp barýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, «Daewoo» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Işewür bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hemişe ygrarlydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda himiýa senagatynyň ýurdumyzyň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini belläp, ýerli çig maly ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmegiň bu pudagy ösdürmegiň esasy strategiýasy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde iri önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Işewür Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagyna döredilýän amatly şertler üçin hoşallygyny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewüre hem-de «Daewoo» kompaniýasynyň ähli işgärlerine Türkmenabadyň himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HIMIÝA SENAGATY-MILLI YKDYSADYÝETIŇ MÖHÜM PUDAGY

Täzelikler

16.10.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÖNÜMÇILIK DESGASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY 15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösdürilip, ol milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär. Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyz bu baýlygy netijeli ulanmaga gönükdirilen strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazdan dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýän gazhimiýa senagaty bu strategiýada esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de, Türkmenistan iri mineral dökünleri öndüriji hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Marydaky, Tejendäki, Garabogazdaky öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap zawodlarda ýokary hilli ammiak hem-de karbamid öndürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik berýär. Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy milli nebitgaz we himiýa senagatynyň dünýäde iň belli kärhanalarynyň biridir. Toplum turba önümçiliginden başlap, ýeňil senagat we awtomobil gurluşygyna çenli köp pudaklar üçin esasy çig mal bolan polietilen hem-de polipropilen öndürýär. Ýokary hili halkara güwänamalar bilen tassyklanan bu önümler ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod dünýäde iň innowasion taslamalaryň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň senagaty diňe bir diwersifikasiýalaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýändigini hem görkezýär. Türkmenistan ýodbromly ýerasty suwlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hazar, Balkanabat, Bereket zawodlary tehniki ýody öndürýän iri kärhanalardyr. Täze maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde goşmaça kuwwatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga goşant goşar. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän “Garlyk” dag-magdan toplumy üstünlikli hereket edýär. Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça täze toplumyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer. ________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Täzelikler

15.10.2025

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol–watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni toý, her güni baýram. 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda ýaşlaryň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşik sergileri yzygiderli geçirilýär. Şol sergileriň biri hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylda yzygiderli geçirilmesi däp bolan «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisidir. Bu sergi ýaşlaryň sungatda bolan döredijilik ukybyny açyp görkezmäge ullakan mümkinçilik bolup durýar. Sergide bilim ojagymyzda sungatyň ähli ugurlary boýunça ýokary hünär öwrenýän zehinli talyp ýaşlaryň hem-de bilim berýän ussat mugallymlaryň ujypsyz zehininden dörän ajaýyp eserleri görkezilýär. Türkmen alabaýynyň keşbini, gaýduwsyzlygyny, mertligini, ynsana dostlugyny we wepalydygyny wasp edýän sungat eserleri sergä baran tomaşyçylarda uly gyzyklanma döretdi. Döredijilik eserleriniň arasyndan Perman Annagylyjowyň «Watan goragynda», Ýazgeldi Ylýasowyň «Türkmeniň alabaýy», Şarapat Mahmudowanyň «Dostluk», Parahat Gapançaýewiň «Türkmen alabaýy», Toýlymyrat Jumamyradowyň «Türkmeniň milli buýsanjy», Laçyn Mydarowanyň «Goragçy», Ogulşirin Amangeldiýewanyň «Türkmen alabaýy», Ylham Aýnazarowyň «Edermen goragçy», Döwletýar Nuryýewiň «Sürüniň goragynda», Serdar Jumaýewiň «Edermen türkmen alabaýy» ýaly ajaýyp eserleri aýratyn tapawutlanýar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň bir topary döredilipdir. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar. Bular dogrusynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde hem beýan edýärler. ________________________ Oguljan ANNAMÄMEDOWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «DAEWOO» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

15.10.2025

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini hem-de şunda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ähli ugurlar boýunça ösdürilýän koreý-türkmen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar. Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri iri türkmen bazarynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar. Işewür häzirki wagtda Türkmenistanyň himiýa senagatynyň innowasion ösüşiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bu işe goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň ozalky Baş sekretary Pan Gi Muna, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ozalky Başlygy Kim Çžin Pýo, şeýle hem Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky ýolbaşçysy Li Dal Gona iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat özgertmeleriniň amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, şunda ekologiýa ugurly “ýaşyl” taslamalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda gowaça çöpünden “ýaşyl” metanoly öndürmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigini aýtdy. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gowaça ekologik taýdan arassalygy we bu önümçilige ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlarda ösdürmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň gurluşygynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, taslamalaryň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Işewür Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. ________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

14.10.2025

13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniňwe Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. _________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK BAGŞYSY ORAZ SALYR HAKYNDA ÝATLAMALAR

Täzelikler

13.10.2025

Ö.Gandymowyň ýatlamasy (Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri): Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda bagşyşynas A.Aşyrow meşhur Oraz Salyr hakynda teleýaýlymda çykyş etdi. Ol ussat Sahy bagşa Oraz Salyr barada gürrüň bermegi haýyş edýär: “Oraz Salyr bilen köp toýlarda çykyş etmek miýesser etdi. Ol Hudaý beren bagşydy. Ol bagşyçylyk sungatynda arkasy ýere degmedik bagşydy, aýdym sungatynda has-da pälwandy. Onuň gaýnap, joşup duran aýdymyny bir gezek diňlän adam oňa bendi bolýardy. Oraz Salyryň aýdymyny hiç bir bagşy bilen deňär ýaly däldi. Onuň beýik sungatyny ýaşlar ürç edip ýöredýär. Ý.Narlyýewiň ýatlamasy (Salyr bagşyçylyk ýolunyň wekili): Türkmenistanyň halk bagşysy Oraz Salyryň pälwan sypat göwresi, nurana keşbi köpleriň dilinde bolupdyr. Ol toýlarda we tomaşalarda göreş tutar eken. Oňa köp ýyllar etrapda göreş tutmakda taý gelen adam bolmandyr. Orazyň ýanynyň ýere degmedikligi üçin “Guduman” ady alypdyr (bu sözüň manysy gaýratly, gujurly diýmegi aňladýar). Guduman bagşynyň ýerine ýetiren “Ýok meniň”, “Aýlansam”, “Köne güzer”, “Bigäne ýagşy”, “Elden gider”, “Arzygül” ýaly aýdymlary bolsa ýaş bagşylarymyz tarapyndan häzirki günlerimizde hem ýerine ýetirilýär. Uruş weterany Ý.Şirowyň ýatlamasy (Garaman obasy): 1936-njy ýylda bir gije biziň öýümizde aýdym diňlemek üçin üýşdik. Muhy bagşy “Şasenem-Garyp” dessanyny aýdyp otyrdy. Märekede oturanlardan biri Muhy bagşa ýüzlenip: “Muhyjan sen bir tükeniksiz hazyna, haýsy ugurdan goýberseň, erkimizi elimizden alýarsyň! Gaýgy-gamy ýadawlygy aýryp, şatlyk berýärsiň!”– diýip söhbede başlady. Oraz Salyra “Guduman” adyny il-gün ýöne ýere dakan däldir. Şol barada gürrüň berseňiz hezil edip, diňlärdik”- diýip, ol Muhy bagşa ýüzlendi. Şonda Muhy bagşy şeýleräk gürrüň beripdi: “Adamlar men Oraz Salyr bilen köp ýerlerde köp toýlary sowdum. Öz etrabymyzda, goňşy etraplarda, Aşgabatda, Tejende we Maryda toý bolsa, bizi çagyrardylar. Oraz hakda näçe öwgüli sözleri aýtsaň hem bärden gaýdýar. Türkmen halk aýdymlarynyň sazyny nota geçiren W.Uspenskiý Sarahsa gelende biziň öýde boldy. Ol menden Oraz Salyr bilen tanyşdyrmagymy haýyş etdi. Men Oraz Salyry öýe çagyrdyp, W.Uspenskiý bilen duşurdym. Şonda Oraz “Durnalar” aýdymy aýtdy, men bolsa sazyny çalypdym. Aýdymyň dowamynda W.Uspenskiniň gözünde ýaş alamatlary peýda boldy. Soň ol aýdym gutarandan soň aýyplaşmaň, siziň şirin sazyňyzyň we aýdymyňyzyň men içine girip, öýümi, ilimi ýatladym diýip, Oraza ýüzlendi: “Sen aýdym-sazyň hakyky ussady, türkmeniň bilbili ekeniň”-diýip, beýik alym W.Uspenskiý bagşynyň ilkinji aýdymyny diňläninde, oňa mynasyp baha berdi. Elbetde, Oraz örän sypaýy we adamkärçilikli adamdy. Onuň tarypyny söz bilen ýetirip biljek däl. Meniň düşünişim boýunça il-gün “Oraz Salyra “Guduman bagşy” diýmekleri, onuň sesiniň şeýle ýiti bolanlygy üçin bolmaly”–diýip Muhy bagşy sözüni soňlady. ___________________ Ýatlamalary toplan: Arzygül WELSÄHEDOWA Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNI GIŇDEN BELLENILDI

Täzelikler

11.10.2025

10-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forum agzalan ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşmaga, lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm ähmiýetli çäreleriň biridir. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy, şeýle hem saglygy goraýyş babatda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdiler. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan paýtagtymyzda ýerleşýän “Jahan” döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak barada karara gelindi. Munuň özi merkeziň işini döwrebap alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasynyňgoldawy bilen “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz toparynyňilkinji gezek çykyş etmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly sowgat boldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyňforuma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyňnygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziňberk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlary kemala getirildi. Berkarar döwletiňtäze eýýamynyňGalkynyşy döwründe hem ýurdumyzyňsaglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyňsaglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşy biziňalyp barýan işlerimiziňesasyny düzýär. Jemgyýetimiziňwe döwletimiziňiňýokary gymmatlygy bolan adamyňsaglygyny goramak döwlet syýasatymyzyňileri tutulýan ugurlarynyňbiridir. «Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiňçäginde eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen ähli görnüşdäki bilim edaralaryny, aýratyn-da, çagalar baglaryny, orta mekdepleri we döredijilik merkezlerini özünde jemleýän täze bilim toplumlaryny giňgerim bilen gurmagy dowam etdirýäris. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça hem toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belleýär. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ ÝURTLARY BILEN GIŇ GERIMLI HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYR

Täzelikler

11.10.2025

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy 10-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär. GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär. Ykdysady gatnaşyklar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ulag we logistika ýurtlaryň integrasiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Esasy ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan täze ugurlary döretmek üçin infrastrukturasyny işjeň ösdürýär. Ýurdumyzyň“Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy, şeýle hem täze awtomobil, demir ýollaryň gurulmagy Arkalaşygyň ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary ykdysady ösüşe itergi bermek bilen bir hatarda, sebitleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da ýardam edýär. GDA-nyň çäklerindäki energetika hyzmatdaşlygy energiýa serişdeleriniň ygtybarly eksport ugurlaryny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlara işjeň gatnaşmak bilen, Gün we ýel elektrik stansiýalary ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem ösdürýär. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň giňişliginde umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär. Türkmenistan bilim ulgamynda GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen talyplary hem-de mugallymlary alyşmak babatda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzy bu gurama girýän döwletler bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. _____________ «Türkmenistan» gazeti