logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Täzelikler

21.10.2025

Türkmen halkynyň baý medeni mirasy we gymmatlyklary bolup, taryhda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna kämil mirasy peşgeş beripdir. Olaryň arasynda türkmen alabaýynyň gymmaty has tapawutlydyr. Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylda giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýaş mugallymlaryň we zehinli talyplaryň «Türkmen alabaýy» atly döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň, zergärçilik, halyçylyk keramika ýaly ugurlarynda ýerine ýetirilen türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän döredijilik eserleri barada tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.

No image
SAZ FESTIWALY

Täzelikler

21.10.2025

Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhy diýseň baýdyr. Halk dessanlarymyz biziň günlerimize bagşy-sazandalarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri netijesinde nesilden-nesle geçip gelipdir. Diýmek, biziň ýurdumyzda aýdym-saz sungaty altyn hazyna deňelýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde birnäçe çäreler, bäsleşikler we festiwallar alnyp barylýar. Şol sanda “Zehinli ýaşlar” atly saz festiwaly şu günlerde dowam edýär. Bu festiwala ýaş höwesjeň talyplar we mugallymlar gatnaşyp öz ussatlyklaryny görkezdiler. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Mähri Hojaýewa we “Magtymguly” medalynyň eýesi Magtymguly Magtymgulyýewiň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymlary “Ulus illerde”, “Gutar meni”, “Biläni”, “Bellidir”, “Ýigide”, “Pyganym bar”, “Näz eder”, “Ne peýda”, “Ýaraşmaz”, “Görüm görülmegen ýerde”, “Azerbaýjan” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandylar. Festiwalyň dowamynda Ödeniýaz Nobatowyň “Ene hüwdisi”, A.Ablyýewiň “Gyzlaryň”, S.Jepbarowyň “Mekany daglar” atly aýdymlary ussat mugallymlar tarapyndan belent owaz bilen ýerine ýetirilip, myhmanlaryň gyzgyn el-çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Festiwal tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary janlandyrdy. Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin gerekli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. _______________________ Gülkamar DÖWLETOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY OWGANYSTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

21.10.2025

20-nji oktýabrda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen we owgan doganlyk halklarynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistanyň we Owganystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebitde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurtlarymyz energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ägirt uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu taslamalaryň Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky uzak möhletli doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, şu gün ýokarda agzalan taslamalaryň çäklerinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen bagly dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini belledi. Şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsine öwrüler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş ýerleri bilen üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi. Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli goňşusynyň bolmagynyň Owganystan üçin möhüm strategik ähmiýete eýedigini belledi hem-de owgan halkyna berýän yzygiderli goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Abdul Gani Baradar Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen doganlyk Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini aýdyp, Abdul Gani Baradara we doganlyk owgan halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. _________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN SEBITIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINE GOŞANT GOŞÝAR

Täzelikler

21.10.2025

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAGYŇ AK ÝOLY BILEN SERHETABAT-HYRAT GAZ GEÇIRIJISINIŇ NOBATDAKY TAPGYRYNA AK PATA BERDI 20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan -Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat—Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy—Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy—Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat—Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär. Türkmenistan energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu taslama ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. ________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«ÖSÜŞLERE BESLENEN PARAHAT, ASUDA WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Täzelikler

20.10.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eneligi goramak, zenan mertebesi, maşgala mukaddesligi, sagdyn jemgyýet, abadan durmuş döwranly döwletimiziň baş aladalarynyň biri. Eziz Diýarymyzda zenanlaryň syýasy, durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda möhüm işler alnyp barylýar. Jemgyýetiň başlangyç esasy maşgaladan başlanýar. Ýurdumyzda maşgala bagtyýarlygy, eneleriň we çagalaryň sagdynlygy, ählitaraplaýyn goraglylygy hakyndaky meseleler döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Türkmeniň asyrlar aşyp, kämilleşip gelýän, ýokary ahlaklylyga, adamkärçilige, ynsanperwerlige ýugrulan terbiýe mekdebiniň düýp özeninde zenana uly orun degişli. Türkmen zenany maşgala ojagyna, ýanýoldaşa wepalylygyň, görüm-göreldäniň, zähmetsöýerligiň, merdana nesilleri, beýik şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmegiň nusgasydyr. Olar çeper gözlegleri, döredijilik aňyýetleri bilen hünärini sungat derejesine ýetirmegi başaran zenanlardyr. Türkmen zenanynyň yhlas siňdirip döreden, nepislikde taýsyz gözelligi bilen haýrana goýýan halyçylyk, şeýle hem keşdeçilik sungaty umumadamzat mirasynda mäkäm orun eýeledi. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty, pähim-parasatly ýolbaşçylygynda zenanlary mährem ene, mukaddes ojagyň eýesi, terbiýe gönezligi hökmünde sarpalamak ýaly asyrlary külterläp gelýän milli däp-dessurlara, oňyn ýörelgelere durmuşymyzda möhüm ähmiýet berilýär. Bagtyýarlygyň nusgalyk mekany bolan döwletli Diýarymyzda zenanlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, bilim almagy, ylmy-barlaglary alyp barmagy, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bar. Merdana halkymyzyň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ynsanperwer kadalaryny, asylly däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmak, ýaşlarymyzy Watansöýüji we milli ýörelgelerimize ygrarly edip terbiýeläp ýetişdirmek döwrümiziň wajyp wezipeleriniň biri. Ine, şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji zenanlar guramasynyň we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, döredilýän mümkinçilikler, milli gymmatlyklary döretmekdäki türkmen zenanlarynyň orny, ýaş nesillerimizi ata-baba dowam edip gelýän asylly we milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemegiň wajyp wezipeleri, enäniň we çaganyň saglygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar zenan, maşgala, jemgyýet, olaryň abadançylygy, zenan hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek babatdaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Bagtyýar şu günümiz, döwletli döwranly, röwşen ertämiz üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz soňsuz. Goý, mundan beýläk hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatlary rowan, belent maksatlary dowamat dowam bolsun! ___________________ Ogultäç Hojanazarowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK BAGŞYLARY NOBAT BAGŞYNYŇ 125 ÝYLLYGY ÖDENYÝAZ NOBATOWYŇ 95 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝATLAMA SÖHBETDEŞLIK KONSERDI

Täzelikler

20.10.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda beýik halypalar Nobat bagşynyň 125 ýyllygy, Ödenyýaz Nobatowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertden öň konserwatoriýanyň halypa mugallymlary we çagyrylan myhmanlar çykyş edip, tomaşaçylara ýurdumyzda ýene bir meşhur halypa bagşylar Nobat bagşynyň, Ödenyýaz Nobatowyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berdiler. Konserdi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň müdiri Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew alyp bardy. Mugallym ýatlama konserdine gelen myhmanlara söz berdi. Türkmenistanyň Halk artisti Annaseýit Annamyradow Nobat bagşy hemde ogly Ödenyýaz Nobatow barada gürrüň berdi. Konsert Ödenyýaz Nobatowyň şägirdi Çary Akmämmedowyň çykyşy hem-de «Sallanan gözel» Türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirmeginde dowam etdi. Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň mugallymy Gadam Gurbanowyň çykyşy we «Aslym gelmedi» Türkmen halk aýdymy bilen ýatlama konserdi dowam etdi. Konsert okuw jaýymyzyň professor mugallymlarynyň çykyşy bilen dowam etdi. Onda Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýewiň gürrüň bermeginde Nobat bagşynyň we Ödenyýaz Nobatowyň sungatda goýan yzlary barada gürrüň berdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Kerim Pirnepesow «Torgaý guşlar» Aýdymyny ýerine ýetirdi. Konserdiň dowamynda Türkmenistanyň At gazanan Medeniýet işgäri Ödenyýaz Nobatowyň ogly Töre Nobatow çykyş etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Şirli Şirwan «Bir zaman goýgul» Türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi. Konsertda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň müdiri Garýagdy Saryýew jemleýji sözi bilen çykyş edip, «Bilmez boldym, gaýry şirwan» Türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdi. Ýatlama konserde gatnaşyjylaryň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Konserdiň dowamynda Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly gahryman Serdarymyza köp Sagbolsun aýdyp Janlarynyň sag ömürleriniň uzak , belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. _______________________ Sahydursun MATIYEWA, Maýa Kulyýewa Adyndaky Türkmen milli konserwatoriyasynyň Halk sazy fakultetiniň 2-nji üyl talyby

No image
«TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY YLMY ENSIKLOPEDIK KITABYŇ XVII JILDINIŇ WE «SAGLYGY GORAÝYŞDA ÝETILEN SEPGITLER» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Täzelikler

20.10.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara konserwatoriýanyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ylma, medeniýete we halkyň sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirilen köp ýyllyk zähmetiniň, döredijilik we ylmy gözlegleriniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseriniň täze jildi ýurdumyzyň baý tebigatynyň we şypaly ösümlikleriniň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Gadym döwürlerden bäri biziň ata-babalarymyz dermanlyk ösümliklerinden melhemleri taýýarlap, saglyklaryny berkidipdirler. Gahryman Arkadagymyz hem özüniň bu kitabynda halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri barasynda beýan edýär. Kitap 407 sahypadan ybarat bolup, onda her bir dermanlyk ösümlikleriň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy we derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy barada jikme-jik maglumat berilýär. Kitabyň 370-372-nji sahypalarynda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň türkmençe, latynça we arapça sözlügi ýerleşdirilendir. Şeýle hem, kitabyň ahyrky sahypalarynda dermanlyk ösümlik çig mallary ýygnamaklygyň senenamasy, olaryň görnüşi we saklanyş möhleti barada maglumat berilýär. Her bir dermanlyk ösümliginiň tapylýan ýerlerinden fotoýazgylar ýerleşdirilip, olaryň tebigy ýagdaýdaky görnüşleri görkezilýär. Çykyş edenler täze jildiň ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilmeginiň hem-de halk lukmançylygynyň däpleriniň ýaş nesillere geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy tarapyndan gurnalan kitap sergi bilen tanyş boldular. Bu gurnalan kitap sergisi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bize tebigy baýlyklarymyzy saklamak we ösdürmek boýunça jogapkärli garaýyşlarymyzy ýokarlandyrmak üçin birnäçe maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik döredip berýänleri üçin köp sag bolsun aýtdylar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. _____________________________ Dünýägözel ALMOWOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

No image
«AÝDYM-SAZ SUNGATYNDA DAŞARY ÝURT DILLERINIŇ ÄHMIÝETI» ATLY YLMY-USULY MASLAHAT

Täzelikler

20.10.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň iňlis dili mugallymlarynyň guramagynda “2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Aýdym-saz sungatynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Çäräni kafedranyň müdiri Aýnazarowa Gözel giriş sözi bilen başlady. Ol çykyşynda maslahatyň ähmiýetine ünsi çekip, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň häzirki zaman sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyndaky möhüm ornuny belledi. Maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň şeýle hem onuň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda dürli hünärdäki talyp ýaşlarymyz türkmen, rus we iňlis dillerinde aýdym-saz sungatynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti barada giňişleýin çykyşlar edip öz tejribelerini paýlaşdylar. Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilmeklik, sungat işgärleriniň halkara sahnasynda çykyş etmäge, dürli ýurtlaryň aýdym-saz eserlerini özleşdirmäge, dünýä medeniýetiniň täsirini öwrenmäge we döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy we “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň iňlis dili mugallymy Otuzowa Gülşirin ylmy-usuly maslahatlaryň ýaş zehinleriň hem-de sungat işgärleriniň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtap çäräni jemledi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. _________________ Dünýägözel ALMOWOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň öwreniji mugallymy

No image
«PARAHATÇYLYGYŇ ŞAHYRY» ATLY OKUW SAPAGY

Täzelikler

20.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň «Parahatçylygyň şahyry» atly bölümine bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyşlarda «Magtymguly Pyragy–türkmen milli ruhunyň synmaz binýady», «Dana akyldaryň döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň çeper bezegi», «Şahyryň goşgularynda parahatçylygyň waspy», «Heýkeltaraşlyk sungatynda Magtymguly Pyragynyň paýhasly keşbi», «Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetini belende göteren danadyr», «Türkmen haly sungatynda dana şahyryň döredijiligi» ýaly temalar boýunça birnäçe gyzykly maglumatlar beýan edildi.

No image
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNDA GEÇIRILEN SIMPOZIUM

Täzelikler

16.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn özgertmelere tarap ýola batly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde dürli ýurtlar bilen medeni gatnaşyklary barha giňeltmekde we güýçlendirmekde uly işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyñ 15-16-na Täjigistan Respublikasynyň prezidentiniň yglan eden “Täjigistan respublikasynda 2024-2028-nji ýyllar üçin Şaşmakom, Falak sungaty we “halypa-şägirt” däbini ösdürmek boýunça maksatnamasynyñ” çäginde gurnalan “Falak we döwlet garaşsyzlygy: galkynyşdan dünýä ykrar edilişe çenli” atly bäşinji halkara simpoziumy geçirildi. Halkara “Falak” simpoziumy Täjigistan Respublikasynyň 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda çykaran karary bilen geçirilip gelinýär. Onuň esasy maksady ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Falagyñ” ýerine ýetiriliş sungatyny kämilleşdirmek we ony ylmy tarapdan öwrenmekdir. 2012-nji ýylda Duşanbe şäherinde geçirilip, onda Täjigistan Respublikasynyň dürli regionlaryndan, Merkezi Aziýa döwletlerinde, Hytaý we Russiýa Federasiýasyndan ýerine ýetirijiler çykyş etdiler. Bu ýyl hem Simpoziuma Özbegistan, Azerbeýjan, Türkmenistan döwletlerinden myhmanlar gatnaşdylar. Biziň döwletimizden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowa “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde gündogar we türkmen saz däpleriniň arabaglanyşygy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Zulfiýa Jumagulyýewa “Türkmen halk sazynda mukam žanry” atly temalary bilen onlaýn efir arkaly çykyş etdiler. Konserwatoriýanyñ mugallymlary öz çykyşlarynda türkmen saz sungatynyñ Gundogar medeniýeti bilen bolan ýakyn arabaglanyşyklar barada aýratyn nygtap geçdiler. Çykyşlar diñleýjilerde uly gyzyklanma döredip, türkmen medeniýetiniñ özboluşly aýratynlyklaryna ýokary baha berildi. Şeýle halkara festiwallar, simpoziumlar medeni gatnaşyklaryň berkemeginde we ösüp gelýän ýaş nesillere saz mirasymyzy birkemsiz öwretmekde uly mümkinçilikleri döredýär. _____________________ Ogulnur NAZAROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmenmilli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby