logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

26.09.2025

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 225 raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi. Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunlaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine we beýleki hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mundan başga-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda saýlaw we sala salşyk ulgamyny kämilleşdirmekde toplanan tejribeler barada özara pikir alşyldy. Şeýle hem Mejlisiň wekili ÝHHG tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biridigini, şoňa görä, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Täzelikler

25.09.2025

24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. ...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady. «Türkmenistan gazeti»

No image
GARAŞSYZLYKDA BAGTYŇ ÝAŇY BAR

Täzelikler

23.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, “Türkmenistan–eziz Watan Garaşsyz ” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide, ýurdumyzyň suratkeşleriniň Ataýew Ş. “Gökje üzümçiligi” 2025 ý., Babakulowa G. “El işler” toplumy Hanow G. “Asuda” 2023 ý. Ataýew Ş. “Aý daglary” 2024 ý., Sytdykow B. “Çeşme” 2025 ý., Kurbanow R. “Sähranyň bezegi türkmen bedewi” 2025 ý., Kurbanow S. “Garaşsyzlygyň ýaňy” 2025 ý., Kurbanow S. “Aşgabat agşamlary” 2025 ý., Meredow S. “Ylham çeşme” 2025 ý., Gullaýewa M. “Hazyna” 2025 ý., Meredowa A. “Nohuryň geçmişine şaýat agaçlar” 2002 ý., Weliahmedow K. “Bahar güni” 2024 ý., Hajyýew T. “Güýz” 2005 ý. ýaly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde watana bolan mukaddes söýgi içgin duýulýar. Ýurt garaşsyzlygymyz sungata täze ganat berdi. Sungatyň milli dilde saýramagyna, milli äheňleriň, milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şekillendiriş sungatynda has aýdyň ýagty çeper beýan edilmegine giň ýollar açdy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň döredijiliginde milli gymmatlyklarymyz, merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni-taryhy mirasy bolan kitaplaryna salgylanyp ýerine ýetirlen işler öz çeper mazmuny bilen aýratyn tapawutlanýar. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, watanymyzyň dürli pasyllardaky gözelligi ýaş suratkeşiň dünýäsinden syzylyp çeper mazmuna ýugrulyp beýan edilýär. Ýaş suratkeşleriň hem geljegini sungata baglan ýaşlaryň döreden sungat eserlerini synlap, olara tälim berýän halypalara hormatyň artýar. Halypanyň beýik ynamyndan şuglalanýan ýaş dörediji kalplar bolsa täze-täze eserleri döretmäge atygsaýandygyny sungat eserlerini synlanyňda göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli bu sergi nakgaş, gobelen, heýkel, grafika, keramika, zergärçilik ýaly şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerine degişli Watanymyzyň ösüşli sepgitlerini sungatyň dilinde beýan edýän ajaýyp sungat eserleri giň halk köpçüligine ýetirildi. Sergide suratkeşleriň 140-den gowrak nakgaş, amaly-haşan sungatynyň eserleri görkezilýär. __________________ Sergi öz işini 10 gün dowam eder

No image
HALYPA GÖRELDESI

Täzelikler

23.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Nuriddin Niýazowyň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli “Ýer şary–biziň öýümiz” atly şahsy döredijilik sergisi geçirildi. Sergide, Nuriddin Niýazowyň “Beýik Ýüpek ýoly” 2016ý., “Bütindünýä howa üýtgemeleri” 2013ý., “Kerki güzeri” 2025 ý., “Döredijiligiň 8-nji güni” 2012ý., “Durmuş filosofiýasy” 2012ý., “Iki taraplaýyn portret” 2011ý., “Oglumyň portreti” 1983ý., “Iýermeniň portret” 2019ý., “Kerwen” 2017ý., “Abadanlaşýan çöl” 2017ý., “Güýz, durnalar” 2016ý.,“Magtymgulynyň poeziýa dünýäsi ” 2015ý., “Garry gyz” 2013ý., “Magtymgulynyň düýşi” 2004ý., “Aral” 1987ý. ýaly sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleriniň ählisinde nakgaşçylyk sungatynyň seýrek duş gelýän ugry bolan surrealizm akymyna eýerilýär. Suratkeşiň döredijiliginde merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, akymlaryň täsirleri sungat eserleriň ählisinde içgin duýulýar. Halypa suratkeşiň eserlerinde ýeňil bolmadyk şekillendiriş sungatynyň bu ugurynyň ajaýyplygyny görmek bolýar. Sungat eserleri göýäki janly ýaly sungatyň dilinde türkmen dünýäsi barada söhbet açýar. Nakgaş eserleriniň aýratynlyklaryny we talaplaryny doly özleşdiren halypa şägirtleriniň arasynda hem halypa-şägirtlik ýoluny dowam edýär. Bu sünnälenilen görnüşler, işler, usullar bolsa şägirtleriniň işinde halypanyň belentligini ýüze çykarýar. Halypa suratkeş Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleri ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty uguryndan bilim alýan ýaşlar üçin we sungaty öwrenijiler üçin uly mirasdyr. Sergide Suratkeşiň 70-den gowrak nakgaş eserleri görkezilýär. ________ Sergi öz işini 10 gün dowam eder

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY -PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIKLI TAGLYMAT

Täzelikler

23.09.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOKARY DEREJELI PLENAR MEJLISINE GATNAŞDY 22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr. Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy. «Türkmenistan gazeti»

No image
GOBOÝ SAZ GURALYNYŇ USSADY

Täzelikler

22.09.2025

Türkmenistanyň medeniýetiň ösüşinde şahsyýetleriň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyzyň baý saz sungatynyň çäklerinde dürli saz gurallarynda ussatlar ýetişipdir. Ussatlaryň arasynda halypa mugallym, goboýçy «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Ýolaman Saryýewiň döredijiligi we pedagogik işleri aýratyn bellärliklidir. Onuň sungaty diňe ýerine ýetirijilikde däl, eýsem ýaş nesillere halypalyk edip, olaryň dünýäniň giň sahnalarynda çykyş etmegine ýol açmakda-da uly ähmiýete eýe boldy. Ýolaman Saryýew özüniň sazlaşdyryjy we ýerine ýetiriji döredijiligi bilen türkmen halk saz sungatynda aýratyn ýer eýeleýär. Ýolaman Saryýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internadynda mekdep okuwçylaryna, ýaş talyplara, goboýçylara ussatlyk bilen sapak berýär. Ol öz şägirtlerine döredijilikde erkin bolmagy, milli mirasa hormat goýmagy, dünýäniň saz sungatyndaky öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmagy wagyz edýär. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi ýurdumyzda we halkara bäsleşiklerde üstünlik gazandylar. Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiziň sarpalanylmagy ýurdumyzda durmuş tejribesini, bilimini, zähmetini, we zehinini Watana gulluk etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna hormat bilen garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi hormatly atlara, şa serpaýlara mynasyp boldular. Şeýle şa serpaýa mynasyp bolmagy Ýolaman Saryýewe hem nesip etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly beýik şa serpaýa eýe boldy. Beýik şa serpaýy almagy bilen döredijilikde zähmet çekmäge döredilen ähli şertler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp özüniň ýürek buýsanjyny sözledi. _____________________________________ Dürjemal ÇAŇLYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy

No image
ŞA SERPAÝYNA MYNASYP BOLAN MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HOŞALLYK SÖZLERI

Täzelikler

22.09.2025

Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar. Her ýylda däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ýurdumyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda hoşallyk söhbetdeşligi geçirildi. Bu taryhy günde döwlet sylagyna mynasyp bolanlar şeýle şa serpaýlaryň ýapylmagy öz kärlerinde tutanýerli zähmet çekmäge ýene bir ýola uly ähmiýet berýändigini belläp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyza tükeniksiz alkyşlary aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2a.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3a.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4a.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN NÝU-ÝORKA UGRADY

Täzelikler

22.09.2025

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça oňyn teklipleri beýan etdiler. Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, ekologiýa we bilim ulgamlary ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde dialogyň we ynanyşmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başlangyçlaryna, şol sanda durnukly ösüşi, gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryna gatnaşyp gelýär. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky ekologiýa başlangyçlary biodürlüligi gorap saklamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça taslamalary öz içine alýar. Ýurdumyz durnukly ösüş üçin “ýaşyl” tehnologiýalary ilerledip, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşýar. «Türkmenistan gazeti»

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

20.09.2025

19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik wekilleri, beýleki adamlar gatnaşdylar. Maslahat köşgünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde asylly däbe eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnanylandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek ugrunda wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Ýene-de sanlyja günlerden biz Garaşsyzlyk baýramyny, dekabr aýynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Elbetde, munuň özi milli we halkara derejeli ägirt uly syýasy ähmiýetli wakalardyr. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde duran wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. «Türkmenistan gazeti»

No image
PAÝTAGTYMYZDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Täzelikler

19.09.2025

18-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelen wekiller, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda mizemez türkmen döwletiniň berkararlygynyň-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýörelgeden ugur alnyp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, durmuşa geçirilen özgertmeleri, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar. Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Olarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň diwarlygy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginde dowam edýär. Diwarlykda ýerleşdirilen monitorda şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada gürrüň berilýär. «Türkmenistan gazeti»