logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI

Täzelikler

18.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyz: Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmaty hakynda «Garaşsyzlygymyz–barlygymyz. Garaşsyzlygymyz–bagtymyz» diýip belleýär. Şu jähetden, Garaşsyzlyk–biziň eziz Watanymyza söýgümizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sss20.jpg) Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem görkezildi. Sungat ojagymyzyň Amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, külalçylyk, halyçylyk, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler, ýaş zehinleriň pikirlerini, arzuwlaryny we duýgularyny giňişleýin beýan edýär. Ýurdumyzyň belent sepgitlerini, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny, asuda, parahat durmuşymyzyň ýyl saýyn özgerýän keşbini wasp edýän sungat eserleri sergä baran myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz bu serginiň ähmiýeti dogrusynda özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde beýan etdiler. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, giňden wagyz etmek ugrunda ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden buýsanjymyzy beýan edýäris. ______________________ Oguljan ANNAMÄMEDOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

No image
TÄZE OBA-ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ NYŞANY

Täzelikler

18.09.2025

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň “Bagtly zamana” diýlip atlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz Diýarymyzda täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary gurup ulanmaga bermek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň sebitlerinde ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler batly depginde dowam edýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary, obalardyr şäherçeler bina edilýär. Olarda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän dürli maksatly desgalar gurulýar, abadan durmuş, netijeli zähmet çekmek, göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Bagtly zamana obasynyň açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ir bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ýygnandylar. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, türkmen topragynyň dürli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň döredilmegi, ähli pudaklara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş, medeni, sport desgalary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan Watanymyzyň artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Türkmenistan gazeti»

No image
SUNGAT ÄLEMINIŇ USSATLARY

Täzelikler

17.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty we medeniýeti taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň alynmagy netijesinde ýaş sungat we döredijilik işgärleri halkyň durmuşynda we aňyýetinde watançylyk duýgularyny oýarmaklyk bilen öz döredijiliklerinde has erkin işläp başlaýarlar. Ýurdumyzda bilimli-ylymly ýaşlary kemala getirmek ugrunda öňe sürülýän esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat halypalar, mugallymlar, talyp ýaşlar bilen yzygiderli okuw maslahatlaryny, tegelek sollaryny gurnap gyzykly duşuşyklary geçirýärler. Bu gün hem Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew we nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýewiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada talyplaryň arasynda sowal-jogaply brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar ussat halypalara biri-birinden gyzykly döredijilik we sungat ýoly dogrusynda sowallary berdiler. Ussatlarymyz bolsa öz döredijilikleri we sungat ýolunyň inçe syrlary barada talyp ýaşlara gyzykly gürrüňleri berdiler. Brifingde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahaty, ondaky ara alnyp maslahatlaşylýan halk bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleler, ýurdumyzda şol esasynda alnyp barylýan syýasatlar, syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ylym-bilim, sungat we medeniýet ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişikleri gazanylýanlygy barada köp sanly mysallary getirip, talyp ýaşlara biri-birinden täsirli maglumatlary berdiler. Ussat halypalar Saragt Babaýew we Polat Garryýew ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri ýüreklerini has-da joşduryp, täze sungat eserleriniň döremegine itergi berýändiklerini, talyp ýaşlara bolsa öz saýlap alan ugurlarynda üstünlik arzuw etdiler. Bu duşuşyk ussat halypalar we talyp ýaşlar üçin täsirli we ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. __________________ Amangül GOÇMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby

No image
«DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE» ATLY KERAMIKAÇY GELIN-GYZLARYŇ DÖREDIJILIK SERGISI

Täzelikler

17.09.2025

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň 34 ýyllygy ýurdumyz üçin aýratyn taryhy we syýasy ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda ösüşleri üstünlikli dowam edýär. Her ýylyň sentýabry türkmen halky üçin aýratyn bir buýsançly pursatlara bagyşlanýar. Çünki Garaşsyzlyk–diňe bir taryhy wakanyň senesi däl, eýsem halkyň erkinliginiň, döwletimiziň ösüş ýolunyň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň hem iň beýik gymmatlygydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly çäreler geçirilýär. Uludan toýlanýan mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda, 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewanyň we onuň şägirtleri Laçyn Toýlyýewanyň, Jemal Batyrowanyň, Maýa Tejenowanyň, Ogulbahar Annamuhammedowanyň, Patmagözel Atabaýewanyň «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» atly keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/5.jpg) Keramika bu milli sungatymyza aýratyn öwüşgin berýän bezeg önümleriniň esaslarynyň biridir. Bu sungat örän gadymdan bäri adamzat jemgyýetiniň durmuşynda onuň ýaşaýşynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylyp gelýär. Keramikaçylar döredijilik eserleriniň saldamly we nepis bolmagy üçin tebigatyň ösümlik, haýwanat, asman jisimleri we adam keşpleri bilen baýlaşdyrýarlar. Nagyşlaryň çylşyrymlaşmagy, olara tebigat şekilleriniň, adam keşpleriniň, haýwanlaryň çekilmegi, bir işiň ýüzünde kompozision äheňli keşpler toplumynyň ýerleşdirilmegi ýaly usullar häzirki wagtda keramikada has köp ulanylýan usullaryň biridir. Mugallym Gülara Babaýewa hem öz şägirtlerine keramika sungatyny ussatlyk bilen öwredip, eserleriniň ähmiýetini döredijilik sergisinde beýan edýär. Onuň şägirtleriniň ýiti zehininden dörän sungat eserleri halkymyzyň el senediniň özboluşly beýany bolup, ilimiziň ýürek töründe orun aldy. Türkmeniň milli halypa-şägirtlik mekdebiniň mynasyp dowam edýändigini görkezýän amaly-haşam sungatynyň sergisi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde bu ýörelgäniň gymmatynyň bardygyny bellemek bolar. ________________________ Oguljan DAÝYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

No image
PARAHATÇYLYGYŇ WASPY SUNGAT ESERLERINDE

Täzelikler

16.09.2025

Bagtyýar halkymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 34 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Oňyn özgertmeler, okgunly ösüşler her raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup durýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini ýokarlandyrmak, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin iň gowy şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bilşimiz ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Toýly diýarymyzyň üstünlikleri döredijilik wekilleriniň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Şahyrlaryň, aýdymçylaryň, sazandalaryň, suratkeşleriň döredýän sungat eserlerinde şu günki ýaşaýan döwrüniň taryhy ýazylýar. Wagtyň geçmegi bilen döredilýän sungat eserleriniň gymmaty artyp, ýaş nesillerimize döwrümiziň taryhy hakyndaky maglumatlary öwrenmäge hem-de olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine esasy çeşme bolup durýar. Şonuň üçin döredilýän sungat eserleri uly ähmiýete eýedir. Köňüllere ylham eçilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sungata belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz her bir işde biziň ähli başlangyçlarymyzda mekdep göreldämiz, ylhamdarymyzdyr. Ruhy ylham ýaşlary döredijilikli eserleriň gözlegine ataryp, ýokary basgançaga ymtylyş berýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22%C3%A7%C3%A7.jpg) Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy–ruhy baýlygyň ojagy. munda, yzygiderli gurnalýan sergilerde ussatlyk bilen ýerine ýetirilen sungat eserleri tomaşaçynyň aňynda galýar, kalbynda müdümilik orun alýar. Şeýle sergileriň biri-de 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty mynasybetli “Garaşsyz Watanymyzda parahatçylygyň we Halk Maslahatynyň rowaçlanmagy” atly ýaş mugallymlaryň we zehinli talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisidir. Mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Bu sergi adyndan belli bolşy ýaly, mukaddes Watanymyzyň dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer ýörelgeleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, şu günki taryhymyzyň ösüşli menzilleri sungat eserleriň her birinde öz beýanyny tapýar. Döredijilik sergisi sungat muşdaklarynyň gatnaşmagynda uly ruhybelentlige beslendi. __________________ Ogultagan GELDINYÝAZOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
TÜRKMENISTANDA BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

16.09.2025

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzuk ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

No image
DÖWREBAP SEÝILGÄH PAÝTAGTYMYZYŇ GÖRKÜNE GÖRK GOŞÝAR

Täzelikler

15.09.2025

13-nji sentýabrda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgähiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, bagtyýar körpe nesiller gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün açylyp ulanmaga berlen seýilgäh hem munuň aýdyň beýanydyr. Seýilgäh adamlaryň, hususan-da, çagalardyr ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmaklarynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli berjaý etmeklerinde wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi olaryň beden taýdan kämil ösmegine, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga ýardam berýär. Ýaş nesil baradaky alada ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr. Bu bolsa Türkmenistany belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüşi babatda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy, aýratyn-da, olaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri bilen berk baglanyşyklydyr. Seýilgähiň ýerleşýän ýeriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda uly täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler ekologiýa bilen aýrylmaz baglydyr. Munuň özi geljek nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär. ...Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, şadyýan çagalaryň hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şanly waka mynasybetli taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra dabaraly ýagdaýda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş toý bagy kesildi. Şol pursat ak kepderi şekilindäki şarlar we ak kepderiler asmana uçuryldy. Täze seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder. Soňra döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy mynasybetli dürli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalar skripkaçylar toparynyň we erteki gahrymanlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlary, mekdep okuwçylarynyň surat çekýän pursatlary bagtyýar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabaranyň çäklerinde döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalary sylaglamak dabarasy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Olara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýlelikde, bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça başy başlanan işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

No image
AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXVI MASLAHATY GEÇIRILDI

Täzelikler

15.09.2025

13-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň-Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen maslahatyna dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagy döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň esaslandyrylmagy we onuň işiniň Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy döwri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagy ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklar häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Bu bolsa parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolmagyny şertlendirýär. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu eserler halkymyzyň Watanymyza, onuň geçmişine, häzirki bagtyýar döwrüne guwanç duýgularyny artdyrýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär. Birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmekde, taryhyny, dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly gurama öwrüldi. Şeýle hem sergide milli senetçileriň, şol sanda türkmen zenanlarynyň zehininden dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri, kümüş şaý-sepler görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden kemala gelýän halylardyr keşdeler hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şanly senelerdir dabaralaryň çäklerinde giň möçberli sergileriň guralmagy halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmegiň netijeli ýoly bolup durýar.

No image
PARAHATÇYLYK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Täzelikler

13.09.2025

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan çuňňur içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Sentýabr aýynyň 13-ne Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynda «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň hoşniýetli, dostlukly, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mazmuny we ugurlary ýyl-ýyldan artýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessuryny dünýäniň ýüzünde wagyz etmekde we onuň taryhyny, dilini öwrenmekde birleşigiň daşary ýurtly agzalary öz ýaşaýan ýurtlarynda dürli çäreleri yzygiderli guraýarlar. Maslahatyň çäginde Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň milli gymmatlyklary bolan şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungaty ugurlaryna degişli eserleriniň sergisi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Serginiň gymmatlyklary türkmen halkynyň taryhyny, däp-dessuryny, häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykan özboluşly sungatyny we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berýär. Bu döredijilik sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, dünýäde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Tawus GARAJAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri

No image
HALK MASLAHATY – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BINÝADY

Täzelikler

13.09.2025

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýazgy jaýynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan «Saba turup, Watan, seni çaglar men» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüş ýolunda taryhy, syýasy we jemgyýetçilik taýdan aýratyn ähmiýete eýe bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt ähmiýetli işlerinde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge, milli döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendigi, şeýle hem, Halk Maslahaty öz many-mazmuny boýunça halkyň sesiniň beýgelýän münberi, syýasy durmuşymyzyň demokratiýalaşmagynyň nyşany we agzybirligimiziň berk binýatdygyny belläp geçdiler. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler yzygider geçirilip Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýörelgeler, halkara gatnaşyklarynda durnuklylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam etmegi hakynda talyp ýaşlar öz çykyşlarynda aýdyp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýandygy barada, şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda «Saba turup, Watan, seni çaglar men» diýen goşgusynda Watanyna, dogduk mekanyna bolan çuňňur söýgüsini, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, türkmen diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolup dowam etdirilýär diýip söhbetdeşligiň dowamynda agzalyp geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda talyp ýaşlar ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Laçyn JÜMMIÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ylym bölüminiň başlygy