logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÄZE ÝYLYŇ ŞATLYK-ŞOWHUNY, BAGTYÝARLYGYŇ ŞUGLASY

Kitaphanalar

09.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň Baş arçasynyň ýanynda «Täze ýylyň şatlyk-şowhuny, bagtyýarlygyň şuglasy» ady bilen çagalar baýramçylygy geçirildi. Çärede ösüşiň täze menzillerini gujagyna alyp gelýän ýene-de bir ösüşli ýyl bolan 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylyň şanyna baýram edilýän Täze ýyl dabaralarynyň şüweleňi uludan-kiçä baýramçylyk ruhubelentligini bagyş edýändigi, eziz diýarymyzyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygyny uly joşgun bilen garşy alynanlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de asuda Watanymyzda çagalaryň göwün göteriji şadyýan gülki sesleri, joşgunly aýdym-sazlary, goşgulary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Goý, şeýle ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim almaga, halal zähmet çekmäge, bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän, çagalaryň baýramçylyklary has täsirli geçirmekleri üçin taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Täze ýyl ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da beýige galdyrýan ýyllaryň biri bolsun!

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Kitaphanalar

09.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly ýörelgä öwrülendigi, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygary utgaşykly gelmeginde hem uly many bardygy hakynda çykyş etdiler. “At agynan ýerde toý bolar” diýlişi ýaly ajaýyp ýurdumyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň ulydan baýram edip belleniljekdigi hakynda aýtdylar. Şeýle-de Ahalteke bedewlerimiziň halkymyzyň at-abraýyny ýer ýüzünde şöhratlandyrmakda örän uly ornunyň bardygy hakynda aýratyn belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren, asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KÄMILLIK ÝOLUNDA YZ GOÝAN USSAT KOMPOZITOR

Täzelikler

09.01.2026

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan güniniň 115 ýyllygy mynasybetli “Kämillik ýolunda yz goýan ussat kompozitor” atly ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de saz sungatydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar prossional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar” diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň ady saz äleminde giňden tanalýar. Ol Türkmenistanyň saz medeniýetini baýlaşdyran kompozitorçylyk mekdebiniň ýaşuly nesliniň wekilleriniň biridir. Onuň döredijiligi žanrlarynyň köpdürlüligi, saz diliniň aýdyňlygy, mylaýymlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halk aýdymlaryna, dessan aýdymlaryna ýugrulan, D.Öwezowyň milli sazlaryna mahsus ajaýyp şirin owazly heňleri onuň kompozitorçylyk ussatlygyndaky ýokary professional döredijiligini emele getirýär. Kompozitoryň döredijiliginde möhüm orny wokal sazlary tutýar. Ussat kompozitor türkmen opera sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredijidir. Özüniň operalarynda, wokal-simfoniki sazlarynda, kamera-wokal eserlerinde ol mähriban halkymyzyň durmuşyndan pagtaçylaryň, gurluşykçylaryň, nebitçileriň we Hazaryň balykçylarynyň edermenliklerini wasp edýär. D.Öwezowyň A.Şapoşnikow bilen bilelikde ýazan “Şasenem-Garyp”, “Aýna”, “Gül-Bilbil”, Ý.Meýtus bilen bilelikde “Leýli-Mejnun” operalary, ençeme aýdymlary, romanslary, hor eserleri türkmen saz mirasyna uly goşantdyr. Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat äleminde bitiren işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimowyň ussat kompozitor hakynda ýazan makalasyndaky: Daňatar Öwezow zähmetsöýer, başarjaň, alňasamazak, kanagatly, bilesigeliji, ýadamazak adamdy. Ony diňe bir sungat däl, oba hojalygy, senagat, lukmançylyk, sport, bir söz bilen aýdanyňda durmuşyň hemme tarapy gyzyklandyrýady. Daňatar aga halk ogludy. Halkyna berlen adamdy. Iliň bähbidine garrady. Başarsa, her kime ýardam etjek bolardy. Maslahat soraýanlara guwanardy, ýol salgy bererdi “ diýen ajaýyp ýatlamalary söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ussat kompozitor 150-den gowrak aýdymlaryň we romanslaryň awtory. G.Seýitliýewiň goşgularyna “Täzegül”, “Aşgabat”, “Hally gözel”, “Gyzlar”, “Tokmak we ýalta”; Magtymgulynyň goşgularyna “Halyma”, “Bu derdi”, G.Burunowyň goşgularyna “Ýok, ýok”, “Aýnabat”; B.Japarowyň goşgularyna “Keýpim kök”, “Ol gyz maňa garamady “, “Dostluk” we başgalar degişlidir. Kompozitoryň türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki köptaraply işleri göz öňünde tutulyp, oňa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakylýar (1961ý). Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. (1966ý) we “Hormat Nyşany” (1950), “Zähmet Gyzyl Baýdak” (1955ý) ordenleri, medallar we Türkmenistanyň Ýokary geňeşiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanýar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagyş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. _____________________________ Nuryýewa Maral Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
«BAGTYÝAR ÜLKÄME TÄZE ÝYL GELDI» ATLY GYŞ ERTEKISI BOÝUNÇA ÇEPER OKAÝYŞ

Kitaphanalar

09.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri. Aşgabat säherindäki 12-nji çagalar bagynda «Bagtyýar ülkäme täze ýyl geldi» atly gyş ertekisi boýunça çeper okaýyş geçirildi. Geçirilen çärede çagalar bagyň müdiri, toparyň terbiýeçileri şeýle gürrüň berdiler. Täze ýyl-ýurdymyzyň ähli çagalarynyň iň gowy görýän baýramynyň biri. Biz hem cagalar bagynda terbiýeleýän çagalarymyz üçin ýatdan çykmajak täsirli, şowhunly baýramçylyk dabarasyny ginden geçirmäge çagalaryn satly gyna satlyk goşmaga elimizden gelýän ähli mümkinçilikleri edýäris. Dürli jäjekler bilen bezelen arça agajynyň ýanynda körpeje balalar özleriniň arzuwlaryny, işleýän zatlaryny akja kagyzyň üstüne surat çekip goýýarlar. Şadyýan körpeler Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi wasp edýän birnäçe goşgudyr aýdymlary uly höwes bilen aýtdylar. Çäräniň ahyrynda gün-günden gülleýän, ösýän ýurdumyzda çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY DIÝARYM!

Kitaphanalar

08.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýyly “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Bedew batly, at-myratly Diýarym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň bedew bady bilen başlanandygyny, türkmen halkymyzyň bedewi mydama özleriniň iň ýakyn syrdaşy hasaplandyklaryny nygtamak bilen türkmen bedewi barada Gahryman Arkadagymyzyň ýazan gymmatly kitaplary şeýle hem türkmen bedewleri barada döredilen atalar sözleriniň we nakyllaryň many- mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Soňra döredijilik işgärleri türkmen bedewleri barada goşgularyny okadylar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň ajaýyp ösüşleriniň, ajaýyp ýeňişleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.Şeýle hem dabarada çykyş edenler şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjekdigini, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ugurlardaky üstünlikleriniň asyrlara barabardygyny buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Rowaçly Watanym-dillerde dessan, Garaşsyz, Bitarap jan Türkmenistan!” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
WATAN DILLERIMIZIŇ BAKY SENASY

Kitaphanalar

08.01.2026

«Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan–Bedew batly at myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, bu medeni ojagyň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda «Watan dillerimiziň baky senasy» ady bilen giňişleýin serginiň açylyş dabarasy geçdi. Bu ýere welaýatyň edara-kärhanalaryň, Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Sergide Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ýetilen sepgitlerimiz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleri öz beýanyny tapdy. Gatnaşyjylarda bu sergi uly täsir galdyrdy.

No image
BEÝIK MAKSATLAR–ULY ÝEŇIŞLERE ÝETIRÝÄR

Kitaphanalar

08.01.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynda «Beýik maksatlar-uly ýeňişlere ýetirýär» atly kitaphananyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Maslahatda 2026-njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan–Bedew batly at myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin tassyklanan Döwlet maksatnamasyna laýyklykda kitaphanada alynyp barylmaly işler dogrusynda durulyp geçildi.

No image
2026-NJI ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

08.01.2026

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly «Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly dogrusynda çykyş edenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigi, ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar diýip bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
2026-NJI ÝYL «GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» DIÝLI YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI ÝAZGY

Kitaphanalar

08.01.2026

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly «Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwürlendigi, täze 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhyny has-da belende göterendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de uly ruhubelentlik bilen garşylan täze ýylymyz Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyza, bütin türkmen halkyna, rysgal-döwlet, abadançylyk, parahatçylyk, agzybirlik baradaky isleg arzuwlarynyň wysala öwrüljekdigi barada aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

07.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşigi bilen bilelikde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler hem-de geçirilen halkara derejesindäki forumlardyr, maslahatlar dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde türkmen halkynyň arzuw-umytlar bilen garşy alan 2026-njy ýylyny “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.