logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ENE-ZEMINIŇ GÖRKI

Kitaphanalar

06.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi «Ene-Zeminiň görki» ady bilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň enelerimiz we käbelerimiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, Halkara 8-nji mart zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

06.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bahar pasly deýin mährem eneler» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda, baharyň ilkinji günlerinde biziň käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň Halkara 8-mart baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilýändigini, türkmen zenanlarynyň her biri bu gün bagtyýar zamanamyzda, eşretli durmuşymyzda, hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan çäksiz hormatyny duýup ýaşaýandyklaryny, biziň bahar-ýaza meňzeş enelerimize, käbelerimize, gelin-gyzlarymyza hormatly Prezidentimiz tarapyndan örän uly hormat goýulýandygy hakynda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle hem sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelere «Zenan kalby» ordeniniň, «Ene mähri» atly hormatly adyň dakylýandygy hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem ähli zenanlara, okuwçy gyzlara, çagalar bagynda terbiýelenýän gyzjagazlara çenli hormatly Prezidentimiz tarapyndan pul sowgatlarynyň gowşurylýandygyny öz çykyşlarynda nygtadylar. Döredijilik duşuşygyna medeniýet we sungat, döredijilik we teatr işgärleri gatnaşyp, dabara gatnaşyjylara öz gutlaglaryny aýtdylar we aýdym-sazlary bilen hezil berdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde «Eneler-dünýäniň görki» atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler bize şu ajaýyp durmuşy peşgeş beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BAHAR GÜLLERI DEÝ MÄHREM ENELER

Kitaphanalar

06.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bahar gülleri deý mährem eneler» ady bilen 70-nji çagalar bagynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde häzirki ajaýyp döwrümizde nesil terbiýesine, ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, çagalar - biziň gelejegimiz bolup, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kemala gelmegi olaryň ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 70-nji çagalar bagynda ýaş körpejeleriň arasynda «Bagtyýarlyk bahary» atly kitapda çagalaryň özleri hakynda, birnäçe gyzykly tapmaçalar we gyzykly dostluk-doganlyk baradaky goşgularyň ýerleşdirilendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda çagalar enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe goşgularyny ýerine ýetirdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ZEMINIŇ ÝARAŞYGY MÄHREM ENELER

Kitaphanalar

06.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zeminiň ýaraşygy mährem eneler» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler zenan - zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasy, ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenan bolup, zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşymyzy gözelleşdirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşgünine beslenmeginde zenanlarymyzyň mynasyp paýynyň bardygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAHAR PASLY DEÝIN MÄHREM ENELER

Kitaphanalar

06.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 142-nji çagalar bagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bahar pasly deýin mährem eneler» ady bilen goşgy bäsleşigi geçirildi. Çärede ata-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda mukaddeslige deňelýän, ene-mähremligine aýratyn hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgelerden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýulýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda körpeje çagajyklaryň arasynda goşgy bäsleşigi geçirilip, olar mährem enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe ajaýyp goşgulary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARA

Muzeýler

06.03.2026

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanyp açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisine köp çagaly eneler, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary myhmançylyga geldiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçýän zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan sergi aýratyn many-mazmuna eýedir. Baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde türkmen zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr. Zenanlarymyz biziň gazanýan ähli üstünliklerimize, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

No image
KITAPHANALAR – BILIM HAZYNASY

Kitaphanalar

06.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy» esasynda «Kitaphanalar - bilim hazynasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ruhy medeniýetiniň gaýtadan dikeldilendigi, ýaş nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olary hakyky watançylar edip terbiýeläp ýetişdirmekde kitabyň we kitaphanalaryň tutýan orny diýseň uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, dürdäne kitaplar, şeýle hem türkmen we dünýä edebiýatynda uly yz galdyran ýazyjy-şahyrlaryň eserleri bilen üpjün edilendigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝURDUMYZ BERKARAR – ZENANLAR BAGTYÝAR

Kitaphanalar

06.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat söwda we dynç alyş merkezinde «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginiň ýazgy etmeginde Halkara zenanlar gününe bagyşlap, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýurdumyz berkarar – zenanlar bagtyýar» atly edebi-sazly agşam geçirdi. Kitaphana hünärmeni türkmen halkynyň gelin-gyzlary nusgawy türkmen edep-terbiýesiniň asyl köklerine mahsus terbiýäni müňýyllyklaryň içinden geçirip, şu günlere ýetirmegi başaran mähribanlarydygy hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Şunda zenanlaryň akyl hazynasyndan dörän hüwdülere aýratyn orun degişli. Ýaş nesilleriň kalbynda şan-şöhratdan doly geçmişimize buýsanjy, şu günlerimize çäksiz söýgini, ertirlerimize bolan uly ynamy terbiýelemekde mährem eneleriň hüwdüleriniň saldamly goşandynyň uludygy hakyndaky beren gürrüňlerini ýaş nesiller uly gyzyklanma bilen diňlediler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar mährem enelerimize sarpa goýmagyň nusgalyk ýoluny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAP BILEN DOST BOLALYŇ KÖRPELER

Kitaphanalar

06.03.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 26-njy çagalar bakja bagynda «Kitap bilen dost bolalyň körpeler» atly gürrüň geçirdiler. Çagalara gyzykly ertekileri okalyp olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Ýaş nesilleriň döwrebap okap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan her bir tutumly işleri rowaç alsyn.

No image
«ZEMIN GÖRKI ZENANDYR!» ATLY SERGI BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENILDI

Täzelikler

05.03.2026

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli milli medeniýetimizi, sungatymyzy, Watanymyzyň gülläp ösüşini çeper wasp edýän zenan suratkeşleri ilhalar, ýokary çeperçilikli eserleri döretmäge höweslendirmek, olaryň döredijiligine mynasyp baha bermek we goldamak, şeýle hem, eziz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýurdumyzyň asudalygyny, ilimiziň abadançylygyny wasp etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen, ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň döredijilik eserlerinden düzülen «Zemin görki zenandyr!» atly sergi bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg1.jpg) Bäsleşigiň esasy maksady, milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, türkmen medeniýetini, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleriň döredilmegini gazanmakdan hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň suratkeş zenanlarynyň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige zenan suratkeşler özleriniň ajaýyp eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Annabibi Islamowa «El torbalar» toplumy atly haly eserleri üçin, 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Aýjemal Çaryýewa «Asman peri» şaý-sepler toplumy zergärçilik işleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şasenem Kurbanowa «Pasyllar» atly nakgaşçylyk eserleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Maral Saryýewa «Monjuk atdy» nakgaşçylyk eseri üçin,. 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Aýna Adinowa «Milana» toplumy, «Wasilinyň portreti», «Ulýanyň portreti», «Süýjüliklerden düzülen natýurmort» akwarel işler toplumy üçin, Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Güljemal Myradowa «Oba durmuşy» atly nakgaşçylyk eseri üçin, Käkilik Sytdykowa «Tabak» keramika işler toplumy üçin, 3-nji orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Dilbar Umarowa «Gelinler» toplumy keramika işleri üçin, Gyzylarbat çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa «Kädiler toplumy» atly işleri üçin, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülälek Babakulowa «Milli lybaslar» toplumy el işleri üçin mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara höweslendiriji sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg2.jpg) Sergide zenan suratkeşleriň nepislik siňdirip döreden sungat eserleri sergä gatnaşyjylara baýramçylyk sowgady boldy. Sungat eserleriniň ählisinde zenan mähremligi, türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky gözelligi bilen zenan gözelliginiň sazlaşygy, zenanlaryň el işleri, zenan dünýäsiniň ähli gözellikleri hemmetaraplaýyn açylyp görkezildi. Bäsleşige gatnaşyjylar zenanlara çäksiz sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni