logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GÜLLE WATAN, JAN WATAN, GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

22.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän № 52-nji orta mekdepde «Gülle Watan, jan Watan, Garaşsyz Türkmenistan» atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 34 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Höwesjeň çagalar ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly buýsanç bilen aýtdylar. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri «Baky Garaşsyz Watan» atly kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda biziň ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ŞA SERPAÝYNA MYNASYP BOLAN MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HOŞALLYK SÖZLERI

Täzelikler

22.09.2025

Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar. Her ýylda däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda ýurdumyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda tegelek stoluň başynda hoşallyk söhbetdeşligi geçirildi. Bu taryhy günde döwlet sylagyna mynasyp bolanlar şeýle şa serpaýlaryň ýapylmagy öz kärlerinde tutanýerli zähmet çekmäge ýene bir ýola uly ähmiýet berýändigini belläp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyza tükeniksiz alkyşlary aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2a.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3a.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4a.jpg)

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILER

Kitaphanalar

22.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde ýaş nesillerde çeper edebiýatlara bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Türkmen halk ertekiler» atly türkmen halk ertekilerniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde bagtyýar ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, körpeje çagalarymyz okuw sapaklaryndan daşary özleriniň ukyp başarnyklary bolan surat çekmek bilen gyzyklanýan okyjylarymyz Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelip türkmen halk ertekiler bolan kitaplary okap hem-de şolaryň gahrymanlaryny surata geçirýärler. Şol maksat bilen hem kitaphana yzygiderli gatnaýan göreldeli okyjylarymyzyň arasynda özleriniň okan dürli ertekili kitaplarynyň gahrymanlaryny çekmek maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlar ýaş okyjylarymyza kitaphananyň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň okamagy, öwrenmegi hem-de özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde hem birnäçe mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ SAPARY BILEN NÝU-ÝORKA UGRADY

Täzelikler

22.09.2025

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça oňyn teklipleri beýan etdiler. Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekden başlap, ekologiýa we bilim ulgamlary ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde dialogyň we ynanyşmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başlangyçlaryna, şol sanda durnukly ösüşi, gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryna gatnaşyp gelýär. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky ekologiýa başlangyçlary biodürlüligi gorap saklamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça taslamalary öz içine alýar. Ýurdumyz durnukly ösüş üçin “ýaşyl” tehnologiýalary ilerledip, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşýar. «Türkmenistan gazeti»

No image
GARAŞSYZLYK BILEN BEÝGELÝÄR DIÝAR

Kitaphanalar

20.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk bilen beýgelýär Diýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlara beslenýän Watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 – ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilýändigini beýan etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen bagty, geçen taryhy döwürleriň içinde Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri, gazanan üstünlikleri dogrusynda, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berendigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinden okan setirleri çäräniň many mazmunyny has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g-22.jpg)

No image
GARAŞSYZLYK–BUÝSANJYMYZ BAGTYMYZ

Kitaphanalar

20.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk–buýsanjymyz bagtymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk–bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlygyny we bitewiligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdigini, ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhyny şöhlelendirýän, eziz diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän ajaýyp baýramçylyklaryň biridigini beýan etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna alnyp barylýan işler durmuşa geçirilýändigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň peşgeş eden bagtyna çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýan mähriban halkymyz bu mukaddes baýramy şatlyk-şowhun, dabara bilen belleýändikleri hakynda gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22h.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

20.09.2025

19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik wekilleri, beýleki adamlar gatnaşdylar. Maslahat köşgünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mejlise gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde asylly däbe eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnanylandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek ugrunda wajyp ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi. Ýene-de sanlyja günlerden biz Garaşsyzlyk baýramyny, dekabr aýynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Elbetde, munuň özi milli we halkara derejeli ägirt uly syýasy ähmiýetli wakalardyr. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy menzillere göz aýlamak, öňde duran wezipeleri kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. «Türkmenistan gazeti»

No image
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 34 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY

Muzeýler

19.09.2025

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy bilen ýurdymyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdymyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemledi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergide medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýan ajaýyp gymmatlyklar goýulan. Bu gymmatlyklar ýurdymyzyň syýasatyny beýan edýän zergärçilik eserleridir. Bu sungat eserleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza daşary ýurtly syýasy wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleri tarapyndan sowgat berlen. Ata Watanymyzyň syýasatyny we paýtagtymyzdaky ajaýyp binalaryň görnüşini beýan edýän bu zergärçilik eserleriniň ählisi gymmat bahaly metallardan ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň göreldeli talyplary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplaryny beýan edýän sungat işleri görkezildi. Ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işini 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

No image
TÜRKMEN SYÝAHATÇYLYK KOMPANIÝALARY TÄJIGISTANDAKY «DITE-2025» SERGISINЕ GATNAŞÝARLAR

Syýahatçylyk

19.09.2025

Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalary-«Eşretli syýahat», «Hazar Travel», «Jahana syýahat», «Gadymy Miras», «Halkara syýahat» we «Aşgabat syýahat» 18–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbede geçirilýän «DITE-2025» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär. Serginiň ekspozisiýasy myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasy, täsin taryhy ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrýar we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden görkezýär. Serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda türkmen wekilleri daşary ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen duşuşyp, tejribe alyşmak, işewür gatnaşyklary berkitmek we täze bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Täjigistanyň paýtagty Duşenbede penşenbe güni açylan DITE-2025 sergisine 200-den gowrak syýahatçylyk kompaniýa gatnaşýar. Olaryň 65-si daşary ýurt kompaniýalarydyr diýip, Täjigistanyň döwlet habarlar gullugy «Hovar» habar berýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2k.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3k.jpg)

No image
DUŞANBE ŞÄHERINDE HALKARA SYÝAHATÇYLYK MAÝA GOÝUM FORUMY GEÇIRILDI

Syýahatçylyk

19.09.2025

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde «Syýahatçylyga strategiki maýa goýumlary arkaly ykdysady özgerişler» atly Syýahatçylyk maýa goýum forumy geçirildi. Türkmenistan ýurdyň wekilleri foruma işjeň gatnaşdy: gatnaşyjylar dürli ýurtlaryň hyzmatdaşlary bilen birnäçe duşuşyk geçirdiler, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini paýlaşdylar we bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Forum diňe bir resmi çykyşlar meýdançasy bolman, eýsem tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri boldy. Senagatyň maýa goýumlarynyň özüne çekijiligine, durnukly syýahatçylygyň ösmegine we halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine aýratyn üns berildi. Sahnanyň aňyrsynda ýüze çykan täze aragatnaşyklar, pikirler we başlangyçlar bilelikdäki taslamalaryň ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine we sebitiň syýahatçylyk pudagynyň ösüş üçin täze itergi berjekdigine umyt döredýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/963.jpg)