logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Medeni miras – gymmatly hazyna

Kitaphanalar

22.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda hem “Medeni miras – gymmatly hazyna ” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide bölümde bar bolan neşirler ýerleşdirildi. Seýrek neşirler bölümiň hazynasynda ХVI asyra we ondan soňky döwürlere degişli örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda taryhy, ylmy we medeni gymmaty bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhyny we ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Ýürekleriň buýsanjy – türkmen halysy

Kitaphanalar

22.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň işgärleri “Ýürekleriň buýsanjy – türkmen halysy” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymdan gelýän gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen halysy barada çykyş etdiler. Ene-mamalarymyzyň döredijilikli zehininden, irginsiz zähmetinden kemala gelen türkmen halysynyň dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis sungatdygyny beýan etdiler. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köp asyrlyk taryhy, şöhratyny häzirki döwre çenli saklap gelşi, dokamak üçin ýüňleriň saýlanylyşy, boýaglaryň taýýarlanylyşy, türkmen tebigatyndan alnan nagyşlar barada gyzykly gürrüň berdiler. Halkymyzyň milli guwanjy bolan halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen- digini hem buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Gözelligiň göwher gaşy - Aşgabat

Kitaphanalar

21.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Gözelligiň göwher gaşy - Aşgabat» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleri halkymyzy guwandyrýandygy, buýsandyrýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň tanalmaz derejede özgerip, gözel keşbi görenleri haýrana goýýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Aşgabat - Watanymyzyň göwher gaşy

Muzeýler

21.05.2026

Garaşsyz, baky Bitarap watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň at-abraýy dünýä doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Biziň gözel paýtagtymyz öz ajaýyp keşbi bilen bütin dünýä meşhur bolmalydyr” diýip, belleýşi ýaly Aşgabat şäherinde ajaýyp köşkler, teatrlar, muzeýler, durmuş maksatly onlarça binalar, seýilgähler gurlup, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ady “Yşk” we “Abat” sözlerinden emele gelip, “Söýgi şäheri”, “Abatlanan yşyk mekany” diýen manyny berýär. Aşgabat indi dünýä bileleşiginde halkara maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän ýeri hökmünde tanalyp, döwletleri we halklary birleşdirýän, jebisleşdirýän parahatçylyk merkezine öwrüldi. Aşgabat hakykatdan-da iň gözel gymmatly daşy - Watanymyzyň göwher gaşydyr, onuň waspyny näçe taryplasaň-da az. Gözel ülkämizde her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilýär. Bu gün hem şanly baýram mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde “Aşgabat - Watanymyzyň göwher gaşy’’ atly sergi guraldy. Sergide halypa we ussat suratkeşlerimiziň ajaýyp eserleri sergilenýär. Sergimize Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, bizi bagtyň eşretli zamanasynda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de bagtyýar türkmen halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Watanymyzyň şan-şöhraty mundan beýläk hem dünýä dolsun!

No image
Arzuwlaryň ak şäheri

Muzeýler

21.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz gün-günden özgerýär, ösýär. Aşgabat – bagy-bossanlygyň we döwrebaplygyň ajaýyp utgaşmasydyr. Ak şäherimizde gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Paýtagtymyzda gurulýan desgalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar. Ajaýyp binalar we gür bagly seýilgähler, Aşgabadyň gündizki görküne görk berse, gijeki täsin yşyklar ony has-da gözelleşdirýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiz özünde ak mermerli jaýlaryň köplügi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi mynasybetli her ýyl asylly däbe gör-ä 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda “Arzuwlaryň ak şäheri” atly sergi açyldy. Baýramçylyk sergisi muzeýiň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklaryň esasynda taýýarlandy. Sergide Aşgabat şäheriniň taryhy bilen baglanyşykly gadymy fotosuratlary synlamak bolýar. Baýramçylyk sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän zergärçilik we sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli halylary hem görkezilýär.

No image
Dost-doganlyk merkezi ak şäherim Aşgabat

Kitaphanalar

21.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat seýilgähinde “Dost-doganlyk merkezi ak şäherim Aşgabat” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýändigi, gözelleşýändigi, ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary giň we owadan köçeleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň mekanyna öwrülendigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmen medeniýeti

Kitaphanalar

21.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde “Türkmen medeniýeti” atly söhbetdeşligi ýazgy edildi. Türkmen medeniýeti we sözleýiş medeniýeti halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan baý mirasyny, edep-ekramyny we dil baýlygyny özünde jemleýär. Ol milli gymmatlyklary, dil kadalaryny we özara hormaty gorap saklamagy maksat edinýär. Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki maslahatlar, kitaphana sergileri we medeni çäreleri yzygiderli geçirilýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il- gün bähbitli, ýurt ähmiýetli Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Türkmen halysy-nepisligiň we agzybirligiň sungaty

Kitaphanalar

21.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Türkmen halysy-nepisligiň we agzybirligiň sungaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halysy türkmen zenanlarynyň yhlasy, mähri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan türkmeniň özboluşly, nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar we ondaky keşdeler bolsa türkmen tebigatyny, gülleri, haýwanlary, derýalary, daglary şeýle hem güni we aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir, milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, halkymyzyň milliligine mahsus bolan parasatlylygyny alamatlandyrýar. Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistan watanymyzyň özboluşly keşbine öwrüldi. Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli ýetip gelen gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin elýetmez taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar. Türkmen halysy merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar okyjylara gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Äleme şugla saçýan merjen Aşgabat

Kitaphanalar

21.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Äleme şugla saçýan merjen Aşgabat” ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki wagtda binagärlik keşbiniň düýpgöter üýtgändigi, gurulan ymaratlardyr, seýilgähler dogrusynda gürrüň edildi. Ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň ajaýyp gazananlarynyň waspyny ýetirýän şygyrlardan labyzly okap berdiler. Paýtagtymyzy dünýäniň ösen, iň owadan şäherleriniň hataryna çykaran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Merjen şäher Aşgabat

Kitaphanalar

21.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Merjen şäher Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirildi. Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň Aşgabat şäherimiz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda merjen şäherimiziň döwrebap ösüşi aýdyň şöhlelenýär. Paýtagtymyzdaky biri-birinden beýik mermer binalar, medeni durmuş maksatly binalary, ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerinde dürli görnüşli güllere we baglara beslenen ýaşyl zolaklar, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary ähli amatlyklar bilen üpjün edilendir. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyzyň soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky “merjenine” öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy bolandygy barada söhbetdeşlige gatnaşanlar gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler gül Diýarymyzy jennet mekana öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň aýdyň gelejegi ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.