logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAP BILEN DOSTLAŞALYŇ ÇAGALAR!

Kitaphanalar

03.04.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 17-nji çagalar bakja bagynda “Kitap bilen dostlaşalyň çagalar!” atly çagalar ertirligini geçirdiler. Körpejelere gyzykly ertekiler okalyp, olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Bu ajaýyp pursatlar olarda örän täsir galdyrdy. Ýaş nesilleriň döwrebap okap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan her bir tutumly işleri rowaç alsyn.

No image
Talyplaryň arasyndaky bäsleşik

Täzelikler

03.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowanyň gurnamagynda talyplaryň arasynda daşary ýurt dillerini ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Dünýä belli brendleriň döreýiş taryhy hakynda” iňlis dilinde prezentasiýa ýasamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik diňe “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň arasynda gurnalyp, olaryň her haýsy öz halaýan dünýä belli brendleriň döreýiş taryhy hakynda iňlis dilinde prezentasiýa hem-de çykyş taýýarladylar. “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlary Şeker Kulyýewa hem-de Dünýägözel Almowowa çykyşlaryň arasyndan iň gowularyny saýlap almak üçin bäsleşige eminlik etdiler. Eminler taýýarlanan prezentasiýalara we talyplaryň çykyşlardaky sözleri doly we dogry aýdylyşlaryna aýratyn üns berdiler. Talyp ýaşlar “Hermes”, “Ferrari”, “Coco Chanel”, “iPhone”, “Yamaha”, “Patek Philippe”, “Coca-Cola”, “Dior”, “Victoria’s Secret” we başgada birnäçe dünýä belli brendleriň taryhy hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Talyplar brendeleriň atlaryndan belli bolşy ýaly, diňe egin-eşik ýa-da sagat barada däl eýsem awtoulaglary, saz gurallary, telefondyr, kompýuterleri we kosmetika döredýän kompaniýalar barada gyzykly maglumatlary öwrenipdirler. Emin agzalary olaryň arasyndan I orna Altyn Ýangyýewanyň “The History of Channel” atly çykyşyny, II orna Orazjahan Mämmetdurdyýewanyň “Inside the world of Hermes” atly dünýä belli brendiň döreýiş taryhy barada gürrüňini we prezentasiýasyny, III orna “History of Yves Saint Laurent” atly tema bilen Aýnur Nuryýewanyň çykyşyny mynasyp gördüler. Şeýle-de höweslendiriji baýrak üçin diňleýji talyplara halan prezentasiýa we çykyşlara ses berip saýlamak mümkinçiligi berildi. Diňleýji talyplaryň beren sesleriniň netijesinde “History of the iPhone” atly prezentasiýa bilen çykyş eden Döwletowa Gülkamar höweslendiriji baýraga mynasyp boldy. Ýeňiji bolan talyplary sowgatlar bilen sylagladylar. Şeýle bäsleşikleriň geçirilip durmagy biz talyp ýaşlar üçin daşary ýurt dillerini has hem hyjuwly öwrenmäge uly itergi berýär. Bagtyýar zamanada okamaga we döretmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Altyn ÝANGYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.

No image
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Muzeýler

03.04.2026

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap – Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän goşgy we kyssa eserleriniň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň dowamy aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Bäsleşikde ýer alan talyp ýaşlara sowgatlar gowşuryldy.

No image
DÖWREBAP KITAPHANALARDA SANLY ULGAMYŇ ÖSÜŞ BINÝADY

Kitaphanalar

03.04.2026

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Döwrebap kitaphanalarda sanly ulgamyň ösüş binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde kitaphana ulgamynyň ösüş binýadynyň aýratynlygy, dürli ugurlar boýunça gelýän okyjylarymyz üçin hereket edýän sanly ulgamynyň işleýşi, onuň kitap hazynamyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini, dürli pudaklar boýunça ýerleşdirilen kitaplary okap bolýandygy hem-de bu kitaplaryň audio ses ýazgylaryny diňlemek mümkinçilikleriniň hem döredilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy kämil düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, sanly innowasion ulgamlaryny başarnykly peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY, ŞAHYR ALYŞIR NOWAÝYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 585 ÝYLLYGYNA

Kitaphanalar

03.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň ýolbaşçylygynda “Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige kitaphananyň işgärleri gatnaşyp, Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Myraly we Soltansöýün” hakyndaky rowaýaty barada aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Söhbetdeşlikde şahyryň eserleri barada kitaphanaçylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENIŇ TARYHY KÖKLERI

Muzeýler

03.04.2026

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda, pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir we halkyň ruhy aýnasyna hem-de milliligine öwrülen buýsanjydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmeniň taryhy kökleri” atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Baýramçylyk sergisi döwlet meýilnamasy esasynda Lebap welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Sergide çykyş edenler ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlerimiz we ösüşlerimiz, şanly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýlanjak 35 ýyllyk toýuna görülýän ýokary guramaçylykly taýýarlyklary, milli gymmatlyklarymyzyň köp öwüşgünligi bilen muzeýler tarapyndan öwrenilişi, gorap saklanylyşy we geljekki nesillerimize ýetirmekde alnyp barylýan işler hakynda belläp geçdiler. Dabara gatnaşyjylar gadymy taryhymyz we geçmişimiz barada gürrüň berýän muzeýiň arheologiýa bölümine syýahat etdiler. Olar gadymy Lebap topragynda asyrlaryň şaýady bolup, biziň günlerimize gelip ýeten gadymy ýadygärliklerimiz, galalarymyz we olara degişli ylmy maglumatlar hem-de tapylan tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu günki geçirilen baýramçylyk sergisi hem-de muzeýe gurnalan gyzykly gezelenç bolsa oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk serginiň dowamynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde, gorap saklamakda we milli ruhunda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
OKAMAK-BEREKET, DÖRETMEK–DÖWLET

Kitaphanalar

03.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Okamak-bereket, döretmek-döwlet” ady bilen kitaphanaçylar we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasatyny, milli mirasymyzy, nesil terbiýesini, ene mähriniň keramatyny we beýleki sahabatly duýgulary özünde jemleýän kitaplaryň adamlaryň durmuşynda tutýan orny örän uludyr. Türkmen halky kitaby dosty, kyn gününde syrdaşy hasaplaýar. Esasan-da ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, talyp ýaşlar üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri gymmatly gollanmadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kitaphanalara gatnap, bilimlerini artdyrmaklary üçin, ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny deň derejede ösdürýän we halkymyzyň medeni, aň-bilim kämilliginiň dünýä ülňülerine laýyk bolmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaphana işgärleriniň alkyşlary çäksizdir.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI - DÜNÝÄ DILLERINDE

Kitaphanalar

03.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 48-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekileri-dünýä dillerinde” atly söhbetdeşlik hem-de göçme kitap sergisi gurnaldy. Çagalar bagynda körpelere dünýä dillerindäki “Türkmen halk ertekileriniň” birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrylyp, çeper okaýyş geçirildi, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan özleriniň gyzyklanýan sowallary hakynda sorag- jogap alşyldy. Şeýle hem kitaplaryň dünýä dillerinde neşir edilen nusgalary has-da uly gyzyklanma döredip, ählisiniň ünsüni çekmegi başardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň dünýä tejribesine gabat gelýän mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi çagalarda dünýä garaýşynyň ösmegine, daş-töwerege bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrýar. Bagtyýar çagalarymyzyň Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
PAÝTAGTYMYZDA «HYZMATDAŞLYK WE ÖSÜŞ» ATLY KÖPUGURLY HALKARA SERGI AÇYLDY

Täzelikler

03.04.2026

2-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy. Ählumumy ösüş ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen aýrylmaz baglydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň berkligi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurşawyny emele getirmekde esasy gymmatlyklardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerledip, sebitdäki we ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
ORAZ SALYRYŇ HALYPASY USSAT BAGŞY MUHY AMANOW

Täzelikler

02.04.2026

*Sarahs sährasynda sazyň älemde, Gadam goýduň mäkäm sazanda Muhy. Ussatlaryň ençe syrly tälimde, Joşup, hötde geler sazanda Muhy.* Gurban Wehimi Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Muhy Amanow 1880-nji ýylda Garaman obasynda daýhançylyk bilen meşgullanan we bagşyçylyk sungatyndan baş çykaran maşgalada eneden bolýar. Onuň çagalyk ýyllary ene-atasynyň terbiýesi bilen hoş geçýär. 1890-njy ýylda Muhy 10 ýaşyndaka kakasy Aman bagşy aradan çykýar. Wagtyň geçmegi bilen ol belli Soltanýaz bagşa gatnap, onuň şägirdi bolýar. Ussat bagşynyň ýaşlykdan ady halkyň içinde adygyp, ugraýar. Ol şol döwürde ady belli Gara bagşy bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Muhy bagşy eýýäm 14 ýaşynda belli bagşylaryň hataryna goşulýar. Ussat bagşy öz döwründe türkmeniň aýdym-saz sungatyny nota geçiriji W.Uspenskiý bilen hem duşuşýar. Alym rus dilini türkmen diline geçirýän terjimeçi Muhammetmyrat Nepesliýew bilen Muhy bagşynyň öýünde bir aý töweregi bolýar. Salyr bagşylarynyň we sazandalarynyň aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýär. Şol wagt Uspenskiý Muhy bagşydan üç sany aýdymy nota geçirýär. Muňa mysal edip şulary görkezmek bolar: “Şelepli durna” (goşgusy “Saýatly-Hemra” dessanyndan), “Gand-u şekerli”, “Hamet agladan” (goşgusy Magtymgulynyňky). W.Uspenskiý “Türkmen sazy” kitabynda Muhy halypa hakynda şeýle belleýär: “Muhy bagşynyň kakasynyň dostlary, olaryň arasynda hususan-da, 1917-nji ýylda ýogalan, türkmen bagşylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanandygy üçin “ussat” adyny alan meşhur dutarçy Soltannyýaz onuň aýdym-saz jähetden ösmeginde we kakasynyň aýdym-saz baýlygyny oňa geçirmekde uly işler edipdirler. Muhy bagşy dutar çalmakda uly ussatlyga ýetendigi üçin, Soltannyýazyň Muhy bagşa bir ýylyny sarp edendigini belläp geçmek gyzyklydyr. Muhy bagşy öň aýdym aýdar ekeni, ýöne 15 ýyl mundan ozal, ol diýseň gümürtik halda sesini ýitiripdir. Ol göriplik ýa-da şahsy hasaplaşyk üçin kimdir biriniň özüne däri-derman içirendigini güman edýär, ýöne gatybir ynanyp barmasa-da, sesiniň sowuklama zerarly giden bolmagynyň mümkindiginem aradan aýranok. Muhy bagşy salyrlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Meniň tanşan wagtym ol 40 ýaşyndady. Sarahsdan gaýtmazymyň öň ýany, men Muhy bagşy bilen ýene-de kluba bardym we özünden ýazyp alan saz eserlerimi oňa çalyp berdim. Onuň şatlygynyň çeni bolmady. Türkmen saz eserlerini kagyza geçirip bolýandygy ony diýseň geň galdyrdy hem begendirdi”. 1970-nji ýylyň noýabr aýynda Muhy bagşy 90 ýaş ýubileýi bellenilýär. Şol ýubileýiň aýdym-sazyny meşhur bagşylar Täşli bagşy, Aman bagşy, Hally Mämmetýaz bagşy ýerine ýetiripdir. Bagşynyň 90 ýaş ýubileýi bellenen günlerinde dünýä inen agtygyna Togsan diýip at goýupdyrlar. Halypa bagşy 1972-nji ýylda 92 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Arzygül ÝAGMYROWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby