logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MIRAS GYMMATLYKLARYNYŇ GÖZLEGINDE

Medeni miras

04.04.2026

#### *Daşoguz welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy* Türkmen halky dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda, kämilleşmeginde uly orun eýelän maddy we ruhy gymmatlyklary bilen giňden meşhurdyr. Häzirki döwürde şol gymmatlyklar baradaky maglumatlary halk arasyndan toplamak hem-de geljekki nesillere geçirmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ine, şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan alymlardan, etnograflardan, žurnalistlerden hem-de medeniýet-sungat işgärlerinden döredilen ylmy-döredijilik topar Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldy. Topar bu ýerde halkymyzyň milli senetçiligi, däp-dessury, halk döredijiligi, milli tagamlary, ussaçylygy, milli lybaslary, dokmaçylygy boýunça we olaryň welaýat aýratynlygy barada täsirli we gyzykly maglumatlary topladylar. Bu asylly işde welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri, ýerli ýaşaýjylar ýakyndan ýardam berdiler. Halk mirasy – halkyň gymmaty egsilmejek hazynasy. Şol hazynany aýawly saklap, nesillere geçirmek mukaddes borjumyzdyr. OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
TÜRKMENISTAN – SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY

Kitaphanalar

04.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly türkmen sportuna bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen sport, sagdyn durmuş baradaky kitaplary ýerleşdirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem, bu ugurda durmuşa geçirilýän işler ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, milli sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport we bedenterbiýe bilen baglanyşykly bu sergimiz hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sporty ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

No image
KITAP-ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

04.04.2026

Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda ylymlaryň, bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphananyň içiniň aýratynlyklary hem-de türkmen halk ertekileriň birnäçesi bilen giňişleýin tanyşyp, “Kitap-ýaşaýşyň gözbaşy ” atly gezelenç gurnaldy. Şeýle hem gezelençde çaganyň terbiýeli bolup ýetişmegine has irki ýaşlardan üns bermek möhümdir. Çagalarda gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar. Olara okaýan kitaplarynyň sanynyň gün-günden artýandygyny görkezip, höweslendirip durmaly. Şonda çagalaryň belli bir wagtdan soň kitap okamaga bolan endigi kämilleşmäge başlaýar. Şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çaganyň söz baýlygy artýar, aň-düşünjesi giňelýär, köp zatlara akyl ýetirýär. Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýanlygy barada okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler. Gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYŇ WE SAGDYNLYGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

04.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara sport hyzmatdaşlygyň we sagdynlygyň mekany” – atly sportda gazanylan üstünliklere bagyşlanylyp geçirilen serginiň çäklerinde “Saglyk biziň hemramyz” atly göçme kitap sergisini geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ensiklopedik ylmy neşirleri we olarda beýan edilýän jana tenekar derman otlar hem-de olardan peýdalanmaklygyň düzgünleri barada örän ussatlyk bilen seljerme berilişi hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 7-nji aprelinde halkara jemgyýetçilik bilen birlikde, ýurdumyzda Bütündünýä saglyk gününiň giň gerimde bellenilip geçilmegi sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezýändigi hakyndaky söhbetleri hem talyp ýaşlar uly gyzyklanma bilen diňlediler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bedenterbiýäni we sporty ösdürip dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan giň gerimli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SAGLYK – BAHASYZ BAÝLYK

Kitaphanalar

04.04.2026

Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinde “Saglyk – bahasyz baýlyk” – Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap söhbetdeşligini geçirdi. Bu çärämize 1-nji synp okuwçylar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýändigi barada okuwçylara gyzykly gürrüň berip we arassa howa çykyp dürli maşklar oýunlar ýerine ýetirildi, ýaryşlar gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň mundan beýläk hem jany sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

04.04.2026

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. «Türkmenistan» gazeti

No image
MILLI MIRASYMYZ

Kitaphanalar

03.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Milli mirasymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi we “Miras” teleýaýlymy bilen ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy öwrenmek, ony geljekki nesillerimize ýetirmek bilen baglanyşykly işler uly üstünliklere beslenýändigi hakynda aýtdylar. Şeýle-de, bu günki günde milli mirasymyzyň ähli görnüşleri ylmy esasda öwrenilip, gorap saklanylyp, dikeldilip hem-de ýaş nesillerimize wagyz edilýändigini, häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen döwletimiziň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ŞAN-ŞÖHRATLY ÝOLLARY BAR ATALAŇ, BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAN WATANYM

Kitaphanalar

03.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Şan-şöhratly ýollary bar atalaň, Bedew batly öňe barýan Watanym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz Diýarymyzyň ertirleri aýdyň, geljegi röwşen, günleri şuglaly, aýlary nurly, ýyllary bereketli bolup, beýik ösüşler bilen öňe barýan, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly halkymyzda aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredip, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy ýeneki üstünliklere ynamy artdyrýandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri ynsana mahsus gylyk häsiýeti hem-de eýesine wepalylygy bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýedigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY WE MEDENIÝETIŇ GADYMY KÖKLERI

Täzelikler

03.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran 344 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen şekillendiriş sungaty we medeniýetiň gadymy kökleri» atly maslahaty geçirildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallym-öwrenijisi M.Şiriýewiň «Döwletmämmet Azady – ussat pedagog, şahyr, filosof», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy M.Atajanowanyň «Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym bilim ulgamyny kämilleşdirmek», Nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy K.Gurbangeldiýewiň «Talyplaryň döredijilik eserlerinde çeperçilik usulyny ösdürmek» we Dizaýn kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Ataýewanyň «Bedew atym – ganatym» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.

No image
ARKADAG ŞÄHERI – EKOLOGIÝANYŇ WE SAGDYNLYGYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY

Kitaphanalar

03.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Arkadag şäheri – ekologiýanyň we sagdynlygyň ajaýyp sazlaşygy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri Garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda ajaýyp sahypadyr. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan, iň ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde-de, milli gymmatlyklarymyzyň orun almagy şäheriň täsinligini, özboluşlylygyny, üýtgeşik gözelligini, kalbymyza ýakynlygyny şertlendirýändigi barada, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga bermeginde Arkadag şäherinde eýýäm birnäçe gezek köpçülikleýin bag ekmek çäreleri üstünlikli geçirilendigi hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýändigi hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de peder ýolundan belent gadamlar bilen halkyny ýeňişli menzillere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary belent, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.