logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAP-PÄHIM-PAÝHAS ÇYRAGY

Kitaphanalar

24.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap-pähim-paýhas çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar watanyň daýanjy» diýip ýaş neslimize bildirýän ynamynyň ýokarydygyny, olara kitaphanalarda saklanýan tapylgysyz gadymdan bäri saklanylyp hem goralyp gelýän gymmatly maglumatlar bilen tanyşyp, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ylym- bilim, ahlak taýdan arassa, watansöýüji nesiller bolup ýurdumyzyň beýik adyny has-da beýgeltmek ugrunda uly işler alyp barmalydygyny we şol işler üçin çuňňur aladalar edilýändigi, gymmatly hazynalarymyzyň goralýan gorlary bolan kitaphanalarymyzy döwrebap hem-de her bir okyjynyň rahat kitap okap bilmekleri üçin hemme şertler döredýändigi hakynda giňişleýin nygtaldy. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda gaýtalanmajak milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ATA WATANYŇ ROWAÇLYGY RUHUBELENTLIGIŇ ÇEŞMESIDIR

Kitaphanalar

24.10.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Ata Watanyň rowaçlygy ruhubelentligiň çeşmesidir» atly maslahat geçirildi. Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýandygy barada çykyşlar edildi. Gatnaşyjylar parahat, asuda, bagtyýar zamanada ýaşaýandygymyz üçin hormatly Prezidentimize ak ýüreklerinden alkyşlar aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY YLMY-ENSIKLOPEDIK KITABYNYŇ XVII JILDI ESASYNDA

Kitaphanalar

24.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna öwrülendigi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle-de alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýändigi, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişi, olaryň melhemlik häsiýetleri bu kitapda giňden beýan edilýändigi hakynda beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI–ÝAŞLARA PAÝHAS MEKDEBI

Kitaphanalar

24.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri–ýaşlara paýhas mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, dünýäniň lukmançylyk ylymlarynynyň ösüşine we türkmen tebigatymyzda bitýän 107 sany dermanlyk ösümlikler barada maglumat berilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap diňe bir türkmen tebigatynda bitýän ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrman, eýsem, onda ösümlikleriň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetleri hem açylyp görkezilendigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary türkmen halkyna peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY

Kitaphanalar

23.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Neşirýat gullygynyň bilelikde guramagynda «Türkmen milli oýunlary» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler asyrlaryň dowamynda halk arasynda kämilleşip gelýän milli oýunlarymyz nesilden-nesile geçip, bagtyýarlyk döwrümizde gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen milli oýunlary çagalarda çalasynlygy, ünslüligi, pikirlenmegi we sabyrlylygy terbiýeleýändigi bu bolsa, ýaş nesillerde tutanýerliligi, maksada okgunlylygy we erjelligi döredýändigi barada söhbet etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN-PARAHATÇYLYGYŇ WATANY

Kitaphanalar

23.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan–parahatçylygyň Watany” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýän döwletimiz goňşy ýurtlar bilen sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar diýip çykyşlarynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygy, ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatlyk baradaky ýol-ýörelgeleriniň has-da dabaralandyrylýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, gurmaga, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MELHEMLER MEKANY TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

23.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri hemişelik okyjylary bilen «Melhemler mekany Türkmenistanym» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz ýurdumyzda nesil saglygyny goramakda edilýän aladalar barada buýsançly gürrüňler etdi. Şeýle-de saglygyň tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydygyny, howanyň sowamagy bilen ýyly geýinmegiň, dogry iýmitlenmegiň hem-de şypaly çaýlary içmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý–melhem hem ylham» atly ajaýyp eserlerinde örän peýdaly maglumatlaryň bardygy buýsanç bilen bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltlik eseriniň XVII tomynyň neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi, bu ajaýyp eserde orun alan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary, keselleriň öňüni almakda we bejermekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Gurnalan kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän we bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI BUÝSANJYMYZ

Kitaphanalar

23.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlap «Türkmen alabaýy–milli buýsanjymyz» atly duşuşyk geçirdi.Türkmen alabaýynyň adamyň ýalňyzlykda daşynyň goragçysy, wepadar dosty hasaplanylýar. Bilişimiz ýaly il içinde dürli döwürlerde it bilen baglanyşykly nakyllaryň, aýtgylaryň we tymsallaryň ençemesi döräpdir. Olaryň arasynda «Itim bar–gutym bar», «Itiň demi–süňküň emi», «It batyra üýrer–gorkagy ýarar» ýaly nakyllar çuň many-mazmuna eýe. Türkmen alabaýynyň halkymyzyň ruhy dünýäsinde ýer alandygyna arheologik ýadygärliklerden tapylan tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynda hem öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen alabaýynyň baýramy hem-de «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasyýasynyň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam edýänliginiň subutnamasy bolup durýar. Ine bular dogrusynda dabaranyň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar her bir işde şol sanda milli medeni mirasymyzy, alabaý itleri ýaly milli gymmatlyklarymyzy sarpalamakda-da nusgalyk mekdep bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
KITAP –AJAÝYP DÜNÝÄ

Kitaphanalar

22.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda “Kitap –ajaýyp dünýä ” atly kitaphana syny geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, 2025-nji ýyly “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde çünki Türkmen halky bilen goňşy halklaryň köpasyrlyk taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Dost-doganlyk ýurtlarymyzyň kitaplary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň baý gaznasyny has-da baýlaşdyrýar. Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda goňşy döwletimiz Azerbeýjan döwletiniň “Azerbeýjan Milli kitaphanasy”-atly kitabynyň gelip gowuşmagy mynasybetli kitaphana syny geçirildi. Bu kitap Azerbeýjanyň Milli kitaphanasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan. Kitap ýokary derejede çap bolup Milli kitaphanasy barada maglumatlar giňden beýan edilýär. Kitaphana syna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda hem-de Aşgabat şäherindäki 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň ýokary synyp okuwçylarynyň gatnaşmagynda kitap sergisi hem geçirildi. Sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary ýaýbaňlandyryldy. Kitap sergi bölümiň okalga zalynda geçirildi. Kitaphana syna we kitap sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Kitaphanalar

22.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 132-nji Ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary gezelençde boldular. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini ösdürip, olara kitaby goramagyň we goramak üçin kitaphanamyzyň alyp barýan iňňän inçe tilsimleri bilen tanyşdyrmakda kitaphana işgärleri giňişleýin maglumatlar berdiler. Sebäbi kitap bilen dost bolmak beýik gelejege ýol salmak diýmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaphanamyza peşgeş berýän müňýyllyklaryň manysyny özünde jemleýän ajaýyp kitaplary bilen tanyşan ruhy belent ýaşlarymyz kitaphanalar bilen mydama aragatnaşykda boljakdyklaryny uly buýsanç bilen bellediler. Gezelenje gatnaşan ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimiz, ýaşlara bilim almaga döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çuňňur alkyş aýtdylar.