logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Hormatly Prezidentimiziň kitaplary – ýolumyza şamçyrag

Kitaphanalar

07.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Nesil“ çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Hormatly Prezidentimiziň kitaplary – ýolumyza şamçyrag» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary halkymyzyň ýoluna şamçyrag bolup, ynsan ruhyny baýlaşdyrýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökderede ýerleşýän “Nesil” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde bagtyýar körpeler erkana, rahat dynç alyp, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirýändikleri barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kalbymyzda söýgi-nur bolup dolan, Ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy

Kitaphanalar

06.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Kalbymyzda söýgi-nur bolup dolan, Ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy” atly söhbetdeşlik geçirildi. “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň şatlyk-şowhuna beslenip belleniljekdigini bellemek bilen, Garaşsyzlygymyzyň egsilmez güýjünden, ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça ajaýyp üstünlikleriň gazanylýandygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Döredijilik bilen meşgullanýan kitaphana işgärleri bolsa özleriniň Watanymyzy wasp edýän şygyrlaryndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda öz alyp barýan syýasaty bilen ady dünýä dolan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk ruhy bilen batlanýar bedew

Kitaphanalar

06.08.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde “Garaşsyzlyk ruhy bilen batlanýar bedew” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy şeýle-de gadamy batly bedewlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerinde bedewleriň taryhy, ösdürilip ýetişdirilişi, häzirki wagtda olara goýulýan hormat-sarpa barada beýan edilýän ajaýyp setirleri okap berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy bedew batly beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Türkmenistan – gadymy ýadygärlikleriň mekany

Kitaphanalar

06.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Türkmenistan–gadymy ýadygärlikleriň mekany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikleriň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýler ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi barada giňişleýin belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmen halk ertekileri

Kitaphanalar

06.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmen halk ertekileri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we çeper okaýyş geçirildi. Geçirilen çeper okaýyşda ertekileriň çaga terbiýesinde örän uly orun eýeleýändigi we çagalaryň söz baýlygyny artdyrmakda, pikirleniş ukybyny ösdürmekde, gözýetimini giňeldýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinden çeper okap berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileri kitaplary esasynda göçme kitap sergisi gurnaldy we ertekileriň çagalarda galdyran täsiri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmenistanyň Halk Maslahaty – Geňeşli iliň döwletli ýoly

Kitaphanalar

06.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty–Geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan asuda ýurdumyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri, häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýändigi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeler, ilkinji nobatda, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän geňeşmek däpleriniň häzirki döwürdäki aýdyň beýany bolup, türkmen halky möhüm döwlet meselelerini çözmegi hemişe ýaşulularyň parasatyna, il sylagly adamlaryň maslahatyna daýanýandygy, şonuň üçin hem halk arasynda “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” ýaly birnäçe pähim–paýhasly nakyllar nesilden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýetendigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk, türkmeniň bedew batly mekany

Kitaphanalar

06.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Garaşsyzlyk, türkmeniň bedew batly mekany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, häzirki zaman türkmen nusgasyny kemala getirendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň milli buýsanjy, bahasyna ýetip bolmajak taryhy, medeni mirasy we ýurduň iň ajaýyp nyşanlarynyň biri hökmünde tutýan orny barada aýtdylar we Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan “Atda wepa-da bar sapa-da” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bedew bady bilen beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Il saglygy-ýurt baýlygy

Kitaphanalar

06.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Arkadag şäher köpugurly hassahanasynda “Il saglygy-ýurt baýlygy” ady bilen geçirilen, maslahatda hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserlerinden kitap sergisini gurnadylar. Maslahatyň dowamynda maslahata gatnaşan ähli lukmanlar hem-de hassahana gelen ildeşlerimiz sergini höwes bilen synladylar we kitaplaryň sahypalaryny açyp içindäki adam saglygy baradaky gyzykly temalary okadylar. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag bolsun alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Bagtyýar zamananyň bagtyýar nesilleri

Kitaphanalar

06.08.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Altyn damja” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Bagtyýar zamananyň bagtyýar nesilleri” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Bu döwürde çagalar wagtlaryny sapaly hem peýdaly geçirmek üçin dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Gökderäniň saýaly we pürli agaçlarynyň tokaýlygynda, dag çeşmesiniň kenarynda ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Çagalaryň zehin başarnyklaryny görkezmek maksady bilen birnäçe gurnaklar hem işleýär. Ondan başgada çagalaryň sagdyn bedenli ýaşlar bolmagy üçin sportuň birnäçe görnüşlerinde türgenleşmäge mümkinçilikler döredilen ýagny çagalar bu ýerde wagtlaryny gaty gyzykly ýagdaýda geçirýärler. Olar dynç alyş merkezinde ýerleşýän kitaphanada hem özleriniň gyzyklanýan temalary boýunça dürli kitaplary hem okaýarlar. Şeýle-de dynç alyş merkezinde birnäçe bäsleşikler gurnalyp çagalara höweslendiriji baýraklar hem berilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary bolup bu ýerde dynç alýan çagalara öz kitaplarymyz bilen kitap sergilerimizi gurnap olaryň gyzyklanýan ertekilerini okap berip çagalaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrýarys. Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, döretmäne şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Çaga kalbymyň owazy

Kitaphanalar

06.08.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Çaga kalbymyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde hä¬zir¬ki wagt¬da Be¬ýik Ýü¬pek ýo¬lu¬nyň ýü¬re¬gi ha¬sap¬lan¬ýan ata Wa¬ta¬ny¬myz Türk¬me¬nis¬tan döw¬le¬ti¬miz¬de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda aý¬dym-saz sun¬ga¬ty¬my¬za diý¬seň uly sar¬pa go¬ýul¬ýar. Mil¬li me¬de¬ni¬ýe¬ti¬mi¬ziň ta¬ry¬hy ge¬lip çy¬ky¬şy, onuň ösüş ýo¬lun¬da¬ky yz¬la¬ry dog¬ru¬syn¬da Gahryman Arkadagymyzyň bi¬ze peş¬geş be¬ren ki¬tap¬la¬ryn¬da açyk aý¬dyň¬ly¬gy bi¬len be¬ýan edilýär. Gah¬ry¬man Ar¬ka¬da¬gy¬my¬zyň jöw¬her paý¬ha¬syn¬dan dö¬rän “Me¬de¬ni¬ýet hal¬kyň kal¬by¬dyr”, “Türk¬men me¬de¬ni¬ýe¬ti”, “Pa¬ra¬hat-çy¬lyk sa¬zy, dost¬luk, do¬gan¬lyk sa¬zy” at¬ly ki¬tap¬la¬ry bu gün¬ki gün-de sun¬ga¬ta öm¬rü¬ni bag¬lan ýaş¬lar¬ymyz üçin ýol-ýö¬rel¬ge¬dir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp bagtyýar döwrümiziň ajaýyplyklarynyň waspyny ýetirýän ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dillerinde aýdym bolup ýaňlanýar. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar watanymyzyň waspyny ýetirýän şirin-owazly aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türk¬men me¬de¬ni¬ýe¬ti¬ni, sun¬ga¬ty¬ny ösü¬şiň aý¬dyň ýol¬la¬ry bi¬len öňe alyp bar¬ýan, bag¬şy¬çy¬lyk ýo¬lu¬nyň has hem kä¬mil¬leş¬me¬gin¬de çäk¬siz müm¬kin¬çi¬lik¬le¬ri döre¬dip ber¬ýän Gah¬ry¬man Ar¬ka¬da¬gy¬my¬za, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly buýsanç bilen alkyş sözlerini beýan etdiler.