logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
HALYPA ÝAZYJY-ŞAHYRLARYŇ ÖMÜR-DÖREDIJILIGINE BAGYŞLANAN EDEBI DUŞUŞYK

Kitaphanalar

11.08.2026

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda edebi duşuşyk geçirildi. Bu edebi duşuşyk Türkmenistanyň halk ýazyjylary Nargylyç Hojageldiýewiň, Orazguly Annaýewiň, Nobatguly Rejebowyň, ýazyjylar Hojanepes Meläýewiň, Babanyýaz Kaýumowyň, şahyr Kasym Nurbadowyň ömür-döredijiligine bagyşlandy. Edebi duşuşyga ýurdumyzyň halypa we ýaş ýazyjy-şahyrlary, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Edebi duşuşykda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşan halypa ýazyjy-şahyrlaryň edebi mirasyny öwrenmäge giň ýol açylandygy, ussat ýazyjy-şahyrlaryň döreden eserleriniň ýaş nesilleri watançylyk, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýetlidigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, edebi duşuşykda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhasly kitaplarynda halypalara hormat goýmak, halkymyzyň «halypa-şägirt» ýörelgesini dowam etmek babatda gymmatly pikirleriň öňe sürülýändigini, türkmen edebiýatyny ösdürmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtadylar. Halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanyp geçirilen edebi duşuşyga gatnaşyjylar türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Paýhasly geňeş batly gadamlar

Kitaphanalar

11.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda “Paýhasly geňeş batly gadamlar” atly maslahaty geçirildi. Maslahatda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredendigi, Eziz Diýarymyzyň gün saýyn artýan halkara abraýyna syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuşda gazanylýan tükeniksiz üstünlikleri barada, şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň ähmiýeti we oňa ýokary derejede görülýän taýýarlyklar dogrusynda bellenip geçildi. Maslahatyň ahyrynda ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününiň 35 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläkde gülläp össün!

No image
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik

Kitaphanalar

10.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw-tejribeçilik sapaklaryny geçýän talyplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerlik, Watana, halka wepalylyk ýaly milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny hakynda we eseriň “Watan-enäniň kalby” atly bölümindäki mähriban ene-atalaryň we halkymyzyň ömür ýoly, Watana bolan söýgi hem-de mukaddes maşgala ojagy hakynda çuňňur beýan edilýän manyly setirlerden giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap gymmatly hazyna

Kitaphanalar

10.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap gymmatly hazyna” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler kitap gymmatly hazyna bolup, bilimiň açary hasaplanýandygy, adamy terbiýeleýän, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada wagyz etdiler. Şeýle-de kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy bolup, kitap okamagyň ähmiýeti barada rowaýatlarda, tymsallarda, hekaýalarda we nakyllarda giňişleýin beýan edilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Şadyýan çagalar – tomus paslynda

Kitaphanalar

10.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Şadyýan çagalar – tomus paslynda” ady bilen Gökderede “Bagtyýar nesiller” sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da çagalar üçin niýetlenen çeper edebiýatlar, türkmen halk ertekileri hem ýerleşdirildi. Göçme kitap sergisini görmäge gelen çagalar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäne, öwrenmäne giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Şadyýan nesilleriň ýurdy

Kitaphanalar

10.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Şadyýan nesilleriň ýurdy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çagalary milli ruhda terbiýelemek we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen kitaphana, kompýuter, daşary ýurt dilleri, çeper eller, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty, sport oýunlary futbol, woleýbol, basketbol, küşt ýaly görnüşleri boýunça gurnaklar hereket edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara “Türkmen halk ertekileri” atly kitabyndan “Ady bar-da özi ýok”, “Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat”, “Akylly Ahmet” ýaly birnäçe ertekileri okap berdiler we olarda beýan edilýän ruhubelentlik, ahlak-päklik, edermenlik, birsözlülik, wepalylyk ýaly asylly häsiýetleriň özlerinde galdyran täsirleri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Sport – sagdynlygyň gözbaşy

Kitaphanalar

07.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportyň dürli görnüşleri, aýdym-saz sungaty we kitap okamak, çeper okaýyş boýunça bäsleşikleriň yzygiderli guralmagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, şeýle çärelere işjeň gatnaşýan çagalaryň höweslendirilip durulmagy bolsa olarda özboluşly ruhubelentlik döredýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de geçirilýän sport bäsleşikleri çagalaryň dürli ýerlerde zehinini açyp görkezmek, ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüni we çalasynlygyny artdyrmak, maksada ýetmekde tutanýerliligi, toparyň düzüminde umumy dil tapmak hem-de sazlaşykly hereket başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendigi hakynda hem giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda sporty ösdürip, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmenistanyň halk şahyry

Kitaphanalar

07.08.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bellenilen meýilnama esasynda tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlykly günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ussat ýazyjy Durdy Gylyç şahyryň doglan gününiň 160 ýyllygyna bagyşlap “Türkmenistanyň halk şahyry” atly söhbetdeşligini geçirdi. Türkmen edebiýatynyň hem-de şygyryýetiniň taryhynda görnükli orun eýeleýän kör Durdy Gylyç şahyr we bagşydyr. Çagalyk ýyllarynda kesellemegi sebäpli gözlerinden mahrum bolýar. Ýöne tutanýerli we gözelligi duýmak ukyby bilen zehinini ösdürmegi başarýar. Ol eşiden, diňlän gürrüňlerini, rowaýatlaryny, ertekidir, dessanlaryny ýat tutupdyr. Soňra bolsa olary halka ýatdan aýdyp beripdir. Şonuň üçin özi-de goşgy düzmäge başlapdyr. Şahyryň “Jykyr”, “Emekli”, “Çatma” “Zamanaň geldi”, “Ylym okalyň”, “Biziň Türkmenistanda”, “Ýörüň” atly başga-da birnäçe goşgulary bar. Onuň eserleri zamanasynyň şahyrana ýazgylary bolup, edebiýat taryhynda yz galdyrdy. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere şular dogrusynda hem-de şahyryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ona gatnaşan körpe kitapsöýüji ýaşlar türkmen edebiýatymyzy öz döredijilik eserleri bilen baýlaşdyran ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini öwrenmeklige ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap aýdar geçeni, kitap ertäň açary

Kitaphanalar

07.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Altyn damja” çagalar sagaldyş we çagalar dynç alyş merkezinde «Kitap aýdar geçeni, kitap ertäň açary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilime giň ýol açylandygy, kitap-adamzat nesliniň irki taryhy çeşmelerinden başlap häzirki döwrüň maglumatlaryny özünde jemleýän düýpsüz bir hazynadygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky kitaba, söze, paýhasa uly sarpa goýýandygy, okamak ynsanyň kämilleşmegine, öz-özüne akyl ýetirmegine, dünýägaraýşynyň giňemegine ýardam edýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Rus halk ertekilerine syýahat

Kitaphanalar

07.08.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Nesil” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Rus halk ertekilerine syýahat” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda rus halk ertekileri, olaryň dürli görnüşleri, terbiýeçilik ähmiýeti, erteki gahrymanlaryň gylyk-häsiýeti, gyzykly wakalary barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenimiz çagalara ertekileriň birnäçesini okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesillere döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.