logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ZEHINLI ÇAGALAR

Kitaphanalar

13.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşik geçirýär. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiniň zehinlije okuwçylary gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
MILLI MIRAS – BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

10.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda behişdi bedewlerimiziň sarpasy barha beýgelip, bedew türkmeniň ruhy baýlygynyň özenini özünde jemleýän täsinlikdigi, behişdi bedewler – ösüşlere ýetmegiň nusgasy, beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç bolup, atçylyk ýöne miras bolman, eýsem, ol ýaşaýşa bolan söýgüni müdümileşdirýän ebedi sungatydygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergi bilen tanyşdyrylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

10.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 23-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çärede türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak kimin asylly sypatlaryň wasp edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada bellediler we türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler. Çäräniň ahyrynda her bir bagtyýar körpeleriň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BEHIŞDI BEDEWLER – GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Kitaphanalar

10.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli «Behişdi bedewler - gözelligiň nusgasy» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halky owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp kitaplarynda bedewler hakynda baý taryhy maglumatlary açyp görkezýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANA SYÝAHAT

Kitaphanalar

10.04.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen Döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary syýahat etmäge geldiler. Talyp-ýaşlar kitaphananyň binagärlik gurluşygy bilen ýakyndan gyzyklandylar. Kitaphananyň hünärmenleri talyplary kitaphananyň özboluşly gurluşyk aýratynlygy, diwarlaryndaky şekilleriň taryhy, okyjy zallarynyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdylar. Kitaphananyň özboluşly binagärçilik aýratynlygy, diwar bezegleri, okyjylar üçin okalga zallary, diwarlary taryhy şekiller bilen bezelen howlusy, binanyň daşky gurluşygy talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Kitaphana syýahada gelen mugallymlar hem-de talyp-ýaşlar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
AHLAK TERBIÝESI – YNSAN GÖZELLI

Kitaphanalar

10.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 115-nji okuw terbiýeçilik toplumynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Habarlar” gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ahlak terbiýesi – ynsan gözelli” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Çärämiziň hormatly myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory Baýram Goçmyradow hem-de Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Aşgabat şäher häkimliginiň hormatly enesi, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Ogulnabat Owlakowa ýaş nesilleriň akylly-başly kemala gelmeginde döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik işler barada täsirli gürrüňleri berdiler. Kitaphana hünärmenleriniň perzentleriň terbiýeli ynsan bolmagy üçin türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary bolan türkmen edebiýatymyzyň egsilmez çeşmesi hasaplanylýan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, “Paýhas çeşmesi” atly gymmatly kitaplaryň ähmiýeti hakynda söhbetleri uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Ynsan gözelliginiň esasyny düzýän edep-terbiýe baradaky eserlerden ybarat göçme kitap sergisi hem guraldy. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerinde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
KÖP OKAN KÖP BILER

Kitaphanalar

09.04.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak, esasy üns merkezine öwrüldi. “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmek bu ugurda zähmet çekýän her bir kitaphana işgärleriniň öňünde uly borç bolup durýar. Şol maksatlar bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 28-nji çagalar bagynda “Köp okan köp biler” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi hem-de söhbetdeşlik geçirildi we kitap sergisi gurnaldy. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjilik, edep-terbiýe hakynda, kitaba bolan söýgi temasynda giňişleýin wagyz etdiler. Kitap sergisindäki ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Guralan söhbetdeşligiň ahyrynda, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI ÖWÜŞGINLER

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi “Ýaşlaryň döredijiliginde milli öwüşginler” ady bilen ýazyjy şahyrlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kitaphanalarda ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsi barada we olara ylym-bilim almak üçin döredilýän mümkinçilikler barada, islendik şertlerde kitaplary okap bilmekleri üçin, internet ulgamynda täze sahypalaryň döredilmegi, edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler. Döredijilik duşuşygynda täsirli edilen çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETINIŇ TALYPLARYNYŇ DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENJI

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedew batly ösüşleriň mekany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasynyň belentde tutulyp, bedewlerimize goýulýan hormatyň has-da artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke-bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerinde bedewlerimiziň şan-şöhratyny, atçylygyň taryhy, seýisçilik sungaty barada maglumatlardyr, rowaýatlar hakynda çykyş etdiler. Söhbetleriniň soňunda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.