logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
MAGTYMGULY – HALKYŇ ÖÇMEZ ÇYRAGY

Kitaphanalar

12.08.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde, «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «Magtymguly – halkyň öçmez çyragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly gymmatly eserinde dana şahyrymyzyň edebi mirasynyň giňişleýin şöhlelendirilişi barada kitaphana hünärmeniniň beren gürrüňlerini ýaş nesillerimiz uly gyzyklanma bilen diňlediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar akyldar şahyrymyzyň arzuwlan baky berkarar döwletinde ýaşlaryň okamaklary, sapaly dynç almaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

No image
KITAP HALKYMYZYŇ RUHY HAZYNASY

Kitaphanalar

09.08.2025

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezinde dynç alýan çagalar bilen «Kitap halkymyzyň ruhy hazynasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we çagalarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen çagalary gyzyklandyrýan sorag-jogap alyşdylar hem-de bu ýerde kitaphana işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisine syn etdiler. Çagalar dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz buýsançlaryny goşgular arkaly beýan etdiler.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAŇ ÝURDY

Kitaphanalar

08.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalaň ýurdy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler çaga gülküsiniň eşdilýän ýerinde bagt hem, üstünlik hem bolýar, bagtyýarlygyň we agzybirligiň mesgenine öwrülen Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň gowy dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, kompýuter we dynç alyş otaglary, kitaphanalar, ululy-kiçili howuzlar, sport meýdançalary, bu zatlar ýaş nesillerimiziň sporta, kitap okamaklyga bolan höwesini artmagyna uly mümkinçilik döredýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda her bir günümizi şatlyga, bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATLYK BU TÜRKMENIŇ ÝOLUDYR, YNANYŞMAK KÖŇÜLLERIŇ NURUDYR

Kitaphanalar

08.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Parahatlyk bu türkmeniň ýoludyr, Ynanyşmak köňülleriň nurudyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda berkarar döwletimiziň çar tarapa uzaýan dostluk ýollary bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, ösüşleriň ýoly bolup, halkyň bagtyýar durmuşy üçin uly ähmiýetli wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, halkara gatnaşyklarda gazanylýan netijeler ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sazyň, sözüň güýji bilen bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ýaly asylly maksatlaryň çeper beýany bolan «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynyň many-mazmyny barada hem giňişleýin belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI ESASYNDA SOWAL JOGAP BÄSLEŞIGI

Kitaphanalar

08.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bilen bilelikde gurnamagynda «Türkmen halk ertekileri» esasynda sowal-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň gowy dynç almagy üçin birnäçe ak mermerli, owadan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigini, we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ýerde türkmen halk ertekilerinden birnäçe gyzykly ertekilerden okap berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileri esasynda sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bäsleşigiň ahyrynda ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň wagtlaryny şatlykly geçirmekleri üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ŞYGYR BILEN ÝAŞAÝAN ÝÜREK

Kitaphanalar

08.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Şygyr bilen ýaşaýan ýürek» ady bilen kitap sergisi guraldy. Bu guralan kitap sergisinde Türkmenistanyň Gahrymany, halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp kitaplary goýuldy.Ynsanperwer, gözel duýgulara ýugrulup, okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan kitaplardan sergilenen bu kitap sergisinden okyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

No image
PAÝTAGTA SYÝAHAT

Kitaphanalar

08.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan «Paýtagta syýahat» atly gepleşik ýazgy edildi. Bu gepleşikde çykyş edenler, ruhy gymmatlygymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan Döwlet kitaphanasynda okyjylara hyzmat etmekde alnyp barylýan işler, kitaphana işiniň döwrebap guralyşy, kitaphanada bar bolan her bir bölümiň alyp barýan işleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler bular hakynda gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
YNAMLY GATNAŞYKLAR- SAZLAŞYKLY ÖSÜŞ

Kitaphanalar

08.08.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda «Ynamly gatnaşyklar- sazlaşykly ösüş» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlige Mary welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri şeýle-de Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň direktory we Mary etrap merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri çykyş etdiler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi öňe sürýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem bellenilýär. Awgust aýynyň 4-8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň möhümligi onuň çäklerinde meýilleşdirilýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly çärelerinde şöhlelendirilen. Şeýle çäreler ähmiýetli gepleşikleriň geçirilmegine şert döredip, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze binýadyny emele getirmäge goşant goşýar. Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

No image
KITAPLAR DÜRLER HAZYNASY

Kitaphanalar

08.08.2025

Pederlerimizden nusga bolup galan agzybirlik, birek-birege ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklary ýaly milli ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwerlige, hoşniýetlige ýugrulan asylly ýörelgeleri dünýä ýurtlary we halklary bilen oňyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär. Diňe türkmen halkynyň däl, eýsem doganlyk halklaryň hem asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri dünýä nusgalykdyr. Parahatçylygy,ynanyşmagy şygar edinen ata Watanymyz dünýä ýurtlary bilen özara gatnaşyklary has-da berkidýär.Bu gatnaşyklar 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda has-da giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýat kitaphanasyna 105 kitap sowgat berildi. Ýaponiýadan gelen myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallary berdiler. Olar gezelenjiň dowamynda kitaphanada döwrebap tekjelerde guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. «Bitaraplyk–belent maksatlara ruhlandyrýar» diýilip atlandyrylan esasy sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň türkmen dilindäki we daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de welaýat kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan ýapon dilindäki kitaplar ýerleşdirildi. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi halkymyzyň ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini ösdürmek bilen, ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemäge, giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli bolmagyna uly ýardam berýär. Biz kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatyny giň okyjylar köpçüligine ýetirmegi özümize borç hasaplaýarys. Ýapon myhmanlarymyzyň sowgat eden kitaplary okyjylar tarapyndan söýülip okaljak naýbaşy eserler boljakdygyna biz ynanýarys. Bizi kitaphana işgärleri şeýle ajaýyp zamanada işlemäne, okamana giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY ERKANALYGYŇ WASPÇYSY

Kitaphanalar

08.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsümüniň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar-sagaldyş we dynç alyş merkezinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy–erkanalygyň waspçysy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly gymmatly eserinden dana şahyrymyzyň azatlygy, erkanalygy ündäp ýazan döredijilik ýoly barada beýan edilýän gyzykly wakalar hakynda täsirli gürrüňler berildi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy, baky bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.