logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERINIŇ BEÝANY

Kitaphanalar

07.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin, Gökje medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Hoşniýetlilik ýörelgeleriniň beýany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen halkara derejeli forumlaryň, iri maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini we şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty aýdyň subutnama bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle bähbitli maslahatlaryň ýurdumyzda geçirilmegi ähli türkmen halkyny buýsandyrýandygyny aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt hem-de dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläkde rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAP OKAN GULLAR MAGNYDAN DOKDUR

Kitaphanalar

07.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Kitap okan gullar magnydan dokdur» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup, ynsan ömründe kitabyň tutýan ornunyň örän ulydygyny, onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehiniňi ýiteldiji güýç bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nygtaýşy ýaly: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip jaýdar bellemegi, şeýle-de halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýandygy barada belläp geçdiler. Kitap okamagyň ähmiýeti hakynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň içinden hem erş-argaç bolup geçýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda okamaga, döretmäge, guramaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BIZ–GÖZEL WATANYŇ ELWAN GÜLLERI

Kitaphanalar

07.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gökderedäki» «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz–gözel Watanyň elwan gülleri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýandygyny, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileri iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ata-babalarymyzyň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygyny müňlerçe ýyl ozal akyl ýetirip, ony özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrandyklary, ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanyp, erbet häsiýetli gahrymanlaryň soňynyň şowsuzlyklara barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çärede çykyş edenler çagalar durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANAÇYLAR BÄSLEŞDILER

Kitaphanalar

07.08.2025

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de ata Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşlerini kitaphana işiniň we sanly ulgamyň üsti bilen, teleradioýaýlymlaryň, habar beri serişdeleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmek, kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bütewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, şeýle-de kitaphanalaryň kamil iş tejribelerini ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalaryndan iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň 12.02.2025-nji ýyldaky №40-ö we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 14.02.2024-nji ýyldaky №27-36g belgili Buýruk-Karary esasynda welaýatymyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym» atly welaýat jemleýji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Bäsleşikde I-nji orna-Türkmenabat şäheriniň Baş kitaphanaçysy Jennet Rozyýewa; II-nji orna–Çärjew etrabynyň Farap şäherçe kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy Saýara Röwşenowa; III-nji orna–Saýat etrabynyň Garabekewül şäher kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy Maýsa Amanowa mynasyp boldylar. I-II orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň Döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/2k.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/3k.jpg)

No image
KITAP-GELJEGI, GEÇMIŞI, ŞU GÜNI BAGLAÝAN KÖPRI

Kitaphanalar

07.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölümleri bilen bilelikde, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Kitap-geljegi, geçmişi, şu güni baglaýan köpri» ady bilen kitaphana syny geçirildi. Ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary üçin uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby «Ýaşlar Watanyň daýançy» atky kitabynyň «Ýaşlar bilim ulgamynda» atly bölüminde ylym-bilim barada şeýle diýýär. Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris diýip belläp geçýär. Kitaphana synyň çäginde çagalaryň dünýä garaýyşlary artdyrmak maksady üçin ýörite sorag-jogaply bäsleşigi gurnaldy. Olary toparlara bölüp «Aý» we «Gün» toparlara bölüp, gyzykly, çekeleşikli bäsleşik gurnady. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara sowgatlar gowşuryldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Kitaphana synyny geçirip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. «Türkmen-sporty» teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi. Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÄZE GELEN KITAPLARA KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

07.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Täze gelen kitaplara kitaphana syny geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme täze gelen we awtoryň öz gollary bilen sowgat berlen kitaplary okyjy köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen kitaphana syny geçirildi we bölümiň okalga zalynda kitap sergi hem gurnaldy. Seýrek neşirler bölümine täze gelen ajaýyp kitaplar gaznamyzy has –da baýlaşdyrdy. Kitaphana synynda täze gelen kitaplaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyryp okyjy köpçüligine ýetirildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY: MÖHÜM WAKALARYŇ ŞAÝADY

Kitaphanalar

06.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Hazaryň türkmen kenary: möhüm wakalaryň şaýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýşi ýaly, dostluk mekany Awazada üstünlikli geçiriljek halkara forumda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler Bitarap döwletimiziň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler, ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä derejesinde has-da ösdürmekde, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KIM KITAP OKADY

Kitaphanalar

06.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Kim kitap okady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Çärede çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere beslenip, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, iň oňat şertlerde okamaklary dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökdere jülgesindäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şu günler tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin birnäçe kompýuter otaglary şeýle-de kitaphana bolup, olar özleriniň halaýan ertekili kitaplaryndan birnäçesini okap sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň bagtyýarlygyny Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine, beýik geljegine deňeýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AWAZA-PARAHATÇYLYGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI

Kitaphanalar

06.08.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna bagyşlanyp «Awaza-parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň merkezi» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli ösdürýär. Bu syýasat parahat söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar. Şeýle ýörelgeler bilen çykyş edýän dünýä bileleşiginiň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Bu başlangyç dine ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdir diýip çykyş etdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda ýaşamak, işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–EDEP TERBIÝE MEKDEBI

Kitaphanalar

06.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi, Kitaphanaara abonement bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Magtymguly Pyragy–edep terbiýe mekdebi» atly göçme kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň altyn hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, onuň pendi nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidigini beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynda Pyragynyň edebi älemi çeper diliň, filosofik oý-garaýyşlaryň, taryhy maglumatlaryň üsti bilen has giňişleýin suratlandyrylýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigini, halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisine gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.