TÜRKMENIŇ BUÝSANJY BEHIŞDI BEDEW–ŞANLY TOÝUŇ MÜBÄREK GARAŞSYZ WATAN
Kitaphanalar
19.02.2026Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmeniň buýsanjy behişdi bedew – şanly toýuň mübärek Garaşsyz Watan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şu ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyz üçin taryhy gymmatlyklary, milli buýsanjy we geljege ynamy özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň mizemez esaslaryny, baky Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji syýasatyny we türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän atçylyk sungatynyň wasp edilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.