logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY GYMMATLY KITABY HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

29.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitaby hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphana işgäri her bir sözi pähim-paýhas ummany,atalar sözi bolan türkmen nakyllarymyzyň her biriniň many-mazmuny barada söhbet etdi. Biziň edebi mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan halk döredijiligimiz olaryň dürli görnüşleri ýagny,matallar, nakyllar,toý aýdymlary, rowaýatlar, ertekiler,halk dessanlary we beýlekiler hakynda hem giňişleýin söhbet etmek bilen,olar halk döredijiliginiň durmuşda,ýaşlary terbiýelemekde örän uly ähmiýetiniň bardygyny giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–BEÝIK AKYLDAR ŞAHYR

Kitaphanalar

28.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy–beýik akyldar şahyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly yz galdyran söz ussatlarymyza, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat goýulýandygy esasanda gürrüň edip, türkmen edebiýatynyň söz ussady akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ägirt uly döredijiligi, goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti hem-de şahyryň şygyrlarynyň diňe bir türkmen halkynyň ýüreklerinde orun alman, eýsem dünýä edebiýatynda hem uly meşhurlyga eýe bolandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ynsan kalbynyň ruhy aýnasy bolan ussat şahyryň şygyrlary belentden sarpalanýandygy barada aýtdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«USSAT BAGŞY» ADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI PÜRLI SARYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 125 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

28.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda sungaty söýüji ýaşlar bilen Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň doglan gününiň 125 ýyllygyna bagyşlap, «Ussat bagşy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat bagşynyň sungata bagyşlanan ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Aýdym-sazyň gudraty, jadylaýjy güýji, ynsanyň aňyna, kalbyna edýän ýakymly täsiri barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Hünärmenlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde orun alan Şükür bagşynyň gazma dutary bilen ýüze çykan meseläni parahatlyk ýoly bilen çözendigi baradaky setirlerini bilesigeliji ýaşlara gürrüň berdiler. Gymmatly eserde beýan edilýän «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar» diýen setirler çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda uly aladalar edýän, ýurdumyzy asudalygyň, parahatçylygyň hem-de aýdym-sazyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY–MILLI MIRASYMYZ

Kitaphanalar

27.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmen keşdeçilik sungaty–milli mirasymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň keşdeçilik sungaty medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bütin türkmen halkyny begendirendigi, aýratynam gelin-gyzlarymyzyň el hünärine bolan söýgüsini artdyrandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zenanlarynyň on barmaklaryndan sünnälap ýerine ýetiren el işlerinde, çeken nagyşlarynda olaryň ýürek mähri siňendigi, gelin-gyzlaryň ýiti zehininden dörän keşdeler halkyň ruhy ahwalyndan, geçmiş taryhyndan gözbaş alyp gaýdýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamakda, dünýä ýaýmakda we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrynda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TERBIÝELI NESIL-DÖWLETIŇ GELJEGI

Kitaphanalar

27.10.2025

Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasyna ýaşuly neslimiz öz agtyklary bilen gezelençde boldular. Olar ýaşajyk kitapsöýüjilere kitabyň ähmiýeti barasynda, gyzykly kitaplary okap berdiler we kitaphanada guralan kitap sergilerine syn etdiler. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimize kitaba bolan söýgüniň artmagyna, kitap bilen dostlugyny berkitmäge, olary ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýeläp, ylymly-bilimli giň dünýä garaýyşly, çuň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmeklerine uly ýardam eder. Şeýle-de okamana ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«РУССКИЕ ПОЭТЫ-ДЕТЯМ» ATLY N.A NEKRASOW, A.N.FET, F.I.TÝUTÇEW–ÝAGNY RUS ÝAZYJYLARYNYŇ ÇAGALARA BAGYŞLAP ÝAZAN ESERLERI BARADA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

27.10.2025

Türkmenistanyň BazarAmanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy–ýakynda paýtagtymyzyň 51–nji orta mekdebiniň kitapsöýüji okuwçylarynyň arasynda, «Русские поэты-детям» atly N.A Nekrasow, A.A.Fet, F.I. Týutçew–ýagny rus ýazyjylarynyň çagalara bagyşlap ýazan eserleri barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmenimiz çagalara Rus ýazyjylar bilen tanyş edip, olaryň ajaýyp gyzykly goşgularyndan we eserlerinden gürrüň berdi bu hem çagalarda uly gyzyklanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz çagalara rus şahyrlaryň goşgularyndan okap berdi, Şeýlede «Русские поэты-детям» atly sergisini gurnaldy. Bu sergide çagalar rus şahyrlaryň kitaplaryny okap öz aralarynda gyzykly sorag jogaplary alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitapsöýüji ýaşlar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykan alkyş sözlerini beýan edildi.

No image
BAGTYÝAR NESILLER ÝURDUMYZYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

27.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Bagtyýar nesiller ýurdumyzyň geljegi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmekde we ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimiziň watansöýüji adam bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladasydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýä garaýyşlarynyň giňelmegi hünärli bolmagy hemme taraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaňy ýakynda hem Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik sungat mekdebiniň zehinli çagalary Eýran-Yslam Respublikasynyň Ispihan şäherinde geçirilen 3-nji halkara çagalaryň surat çekmek bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolup döwlet baýdagymyzy belentde pasyrdatdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly–bilimli bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
YLYM-GYMMATLY BAÝLYK

Kitaphanalar

27.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň talyplary, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ylym-gymmatly baýlyk» ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden talyplar ylym-bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy sütünleridir. Ylym we bilim her bir adamyň, milletiň hem-de bütin adamzadyň durmuşynda möhüm gymmatlyklaryň biridir. Ata-babalarymyzyň ýaş nesle bilim we terbiýe bermek ýörelgeleri gadymdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde baha berýär diýip, söhbetdeşlikde çykyş eden talyp ýaşlary giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli,giň dünýägaraýyşly,ýokary ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNA «MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ» TALYPLARYNYŇ GEZELENJI GURALDY

Kitaphanalar

27.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna «Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň» talyplarynyň we mugallymlarynyň gezelenji guraldy we olar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar. Olar esasan Sungat bölüminiň işi bilen aýratyn gyzyklandylar. Sungat bölüminiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybaratdyr. Şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde okyjylara edilýän kitaphana hyzmatynyň ýenede bir aýratynlygy bar. Ýagny ýekebara ýada topar bolup görmeklik hem-de diňlemeklik üçin audiowizual neşirleriniň fonotekasyna eýedir. Okyjynyň islegine görä bu ýerde diňlenen aýdym-saz eseriniň, ondan başga-da bölümiň golasty hazynasynda saklanýan ses ýazgylaryndaky ýagny-plastinkalardaky bar bolan sazlary saýlap, häzirki döwrebap tehniki enjamlarda diňletmäge döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp talyplar kompozitorlarymyzyň sazlaryny höwes bilen diňlediler. Şeýle-de kitaphanadaky guralan sergiler okuwçylarda we mugallymlarda uly täsir galdyrdy. Ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
«BELENT DAGYŇ, BERDAŞLY ŞAHASY» ATLY ÝAZYJY NARYMAN JUMAÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 100 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP SÖHBETDEŞLIK SYN

Kitaphanalar

25.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde bilim alýan ýaş nesilleriň arasynda «Belent dagyň, berdaşly şahasy» ady bilen ýazyjy, Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik syn geçirdi. Kitaphana hünärmeni ussat ýazyjy Naryman Jumaýewiň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdi. Ýazyjynyň döredijiliginde taryhy tema uly orun tutýar. Onuň taryhy temadan “Akmaýanyň ýoly” powestini, “Aýdogdy Tahyrow”, “Jeýtun”, “Welaýat” ýaly romanlaryny döretdi. Onuň “Ýuwaş gelin” powesti ýazyjynyň özüne-de tutuş türkmen edebiýatynada abraý getirdi. Powest dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Bu eser esasynda döredilen kinofilm häli-häzire çenli ekrandan düşmän gelýär. Onuň “Ak derek”, “Akmaýanyň ýoly”, “Kyýas” ýaly powestleri hem köp okyjylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Aýratynda ýazyjynyň “Akmaýanyň ýoly” powesti wakalarynyň dartgynlylygy, özüne çekijiligi, gyzyklylygy sebäpli okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Bu eser ýurt möçberinde yglan edilen çeper eserleriň bäsleşiginde birinji baýraga mynasyp bolýar. Ine bular dogrusyndaky gürrüňleri hem ýaş nesiller uly höwes bilen diňlediler. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýazyjy-şahyrlarymyza hormat-sarpa goýmagyň beýik mekdebini dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.