logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GÜÝZE GÖZELLIK BAR, GÜÝZDE ÝALKYM BAR

Kitaphanalar

05.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda “Garaşsyzlygyň XV ýyllygy” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Güýze gözellik bar, güýzde ýalkym bar” atly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen tebigatynyň ähli pasyllary hem owadan, sahawatly sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelişi başgaça bolýar. Danalygyň, arassalygyň öwüşgüninde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr az-azdyr. Güýz biziň gözümize işeňňirligiň pasly ýaly hem görünýär. Dana ata-babalarymyz güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” diýip aýdylan sözler hem güýz paslynyň bereketli pasyldygyny kesgitleýär. Güýz şahyrlaryň döredijiligine hem uly täsir edýär. Güýz paslyny örän köp wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň tebigat baradaky eserleriniň içinde altyn güýz hakyndaky goşgulary aýratyn saýlanyp dur. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňleri beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ YLMY ÇEŞMESI

Kitaphanalar

05.11.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýän gününde däp bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenabat şäherindäki lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Bu goşa kitaplaryň çapdan çykmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri däl, eýsem ähli halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu düýpli ylmy ensiklopediýasy okyjylara ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekde tebigy gorlarynyň maglumatlaryny ýetirýär. “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaby bolsa 30 ýyl bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirililýän işleriň beýany we milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerine baý bolan ylmy-ensiklopedik seýle-de saglyk ulgamynda gazanylan üstünlikler baradaky bu kitaplar dünýäniň köp dillerine terjime edilip, lukmanlaryň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykýan ajaýyp kitaplarynyň, höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuwlar edilip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyldy we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KALPLARA ÝOL SALAN USSAT

Kitaphanalar

04.11.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanowyň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli kitaphananyň sungat bölümçesiniň gurnamagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Bu ýerde şahyryň kitaplarynyň sergisi guraldy. Dabarany kitaphananyň halypa işgäri kitaphanaçy Ýoldaş Mullaýew alyp bardy. Şahyr öz ömri döredijiligi, geçen döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüň berdi. Duşuşyga gatnaşyjylar onuň döwlet galamyndan syzylyp çykan goşgularyny çeper okadylar. Dabaranyň dowamynda şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar dutarda ýerine ýetirildi.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

04.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy medeni mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda amala aşyrylýan beýik işleriň çeper waspy öz beýanyny tapýandygy, hormatly Prezidentimiziň “Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda ajaýyp pikir garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, ýaly ylymy maglumatlaryň we rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ ZERGÄRI

Kitaphanalar

04.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Türkmen edebiýatynyň zergäri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň şygryýetiniň ösmegine çuň mazmunly goşgulary bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan, hakydalarda hemişelik orun alan, döredijiligi halkymyzyň öçmejek mirasyna öwrülen meşhur şahyrdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurbannazar Ezizowyň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan şygyrlary indi ençeme ýyllar bäri Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alandygy barada, şeýle-de Gurbannazar Ezizow «Ýazyň-güýzüň şahyry» diýip tanalýandygy, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda şahyryň birnäçe şygyrlaryndan labyzly okaldy we gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda ýazyjy-şahyrlaryň ömri-döredijiligini giňden öwrenmäge, wagyz etmäge, ýaş nesillere ýetirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAGTYÝAR ÝURDUMYZYŇ BAGTLY ÇAGALARY

Kitaphanalar

03.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň hem-de Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja-bagynyň bilelikde gurnamaklarynda «Bagtyýar ýurdumyzyň bagtly çagalary» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde bagtyýar çagalar olar biziň ertirki güne ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr we şöhratymyzdyr. Ýüzlerinde bagt we şatlyk alamatlary uçganaklaýan çagalar Watanymyzyň şu gününiň buýsanjydyr we röwşen geljeginiň eýesidir. Şu ajaýyp sözlerden ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda körpeje nesilleriň kalplaryndan çykýan buýsançly goşgularyny uly höwes bilen aýdyp berdiler hem-de kitaphanamyzyň içiniň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. Bu bolsa çagalarda kitap okamaga bolan höwesini artdyrdy. Çäräniň ahyrynda öýlerimiziň hem ýüreklerimiziň soltany körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÇAGA TERBIÝESI

Kitaphanalar

03.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bakja–bagynyň gurnamagynda “Çaga terbiýesi” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa, çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap körpelere döwrebap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermek ugrunda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikler biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem döredilen. Bu ýerde çagalar bilen alyp barylýan bilim-terbiýeçilik işleri, millilik ýörelgelerimize esaslanyp guralýar. Şeýle hem çagalara bilim-terbiýe bermekde kitaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Owadan suratlar bilen bezelen kitaplar çagalaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Kitaphanamyza gelýän körpelerimize kitaplardaky goşgulary, hekaýalary, ertekileri türkmen we rus dillerinde okap berýäris hem-de olaryň many-mazmunyny giňişleýin düşündirýäris. Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda bagtyýar nesliň erkana ösmegi, bilimli-sowatly, aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
GÜÝZDE GÖZELLIK BAR, GÜÝZDE ÝALKYM BAR

Kitaphanalar

03.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda “Garaşsyzlygyň XV ýyllygy” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Güýzde gözellik bar, güýzde ýalkym bar” atly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen tebigatynyň ähli pasyllary hem owadan, sahawatly sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelişi başgaça bolýar. Danalygyň, arassalygyň öwüşgüninde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr az-azdyr. Güýz biziň gözümüze işeňňirligiň pasly ýaly hem görünýär. Dana ata-babalarymyz güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” diýip aýdylan sözler hem güýz paslynyň bereketli pasyldygyny kesgitleýär. Güýz şahyrlaryň döredijiligine hem uly täsir edýär. Güýz paslyny örän köp wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň tebigat baradaky eserleriniň içinde altyn güýz hakyndaky goşgulary aýratyn saýlanyp dur. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňleri beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ösüşüň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
HASYL TOÝUN TOÝLAÝAR, BAÝLYK BARLY WATANYM

Kitaphanalar

03.11.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň agzalarynyň, oba hojalygynda köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypalaryň, daýhanlaryň, kärendiçileriň gatnaşmaklarynda ýurdumyzda ulydan bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanyp «Hasyl toýun toýlaýar, baýlyk barly Watanym» ady bilen duşuşyk geçirildi. Çykyşlarda Hasyl toýy bolçulyk bilen nygmatlardan doly desterhanlary bilen garşylaýandygy, ilata hödürlenýän ter önümler daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetinden bolýandygy, daýhanlaryň ruhlarynyň belentlikleri barada giň gürrüňler edildi. Bu gün biz daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl almagy başarýalar diýip guwanç bilen aýdyp bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň: «Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr» diýen sözleri biz daýhanlary has-da buýsandyrdy, galkyndyrdy diýip çykyş eden kärendeçi buýsanç bilen belläp geçmegi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýerde kitaphana işgärleri tarapyndan guralan «Bereketli toprak eşret getirýär» atly giňişleýin sergi bolsa çärä öz öwüşginini berdi.

No image
AŞGABAT–GÖZELLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

31.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Daşkent» seýilgähinde «Aşgabat–gözelligiň we ösüşiň şäheri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Aşgabat diňe bir gözelligiň we ajaýyplygyň däl, eýsem bagtyýarlygyň hem merjen şäheri bolup, Aşgabat bu günki gün dünýäniň üns merkezinde günsaýyn özgerýän, gözelleşýän şäherleriň hatarynda tanalýandygyny, paýtagtymyzyň ak mermere beslenen beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen görenleri haýran galdyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrülendigi barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ak şähermiz Aşgabat parahatçylygyň, asudalygyň, rowaçlygyň, gözelligiň we beýik ösüşleriň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.