logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENIŇ TOÝY–SAHAWATYŇ NUSGASY

Medeni miras

16.09.2025

(Toýdan ýetirsin–makalalar toplumynyň dowamy) Türkmen toýy gyzykly we şüweleňli pursatlara baýdyr. Halkymyzyň agzybirlik baradaky garaýyşlary, garyndaşlyk gatnaşyklaryndaky mizemez ýörelgeler tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. Öňki döwürlerde 3, 7, hatda 40 gije-gündizläp toý tutulypdyr. At çapdyrylyp, altyn gabak atdyrylypdyr, göreş tutulypdyr, bagşy aýtdyrylypdyr. Toýa ýakyndan-alysdan myhman çagyrylypdyr. Gazanlar atarylyp, milli tagamlar taýýarlanylyp, “nan diýene nan, don diýene don berlipdir”. Häzirki günlerde hem türkmen toýy birnäçe gün dowam edýär. Gelnalyjy gününden öň çelpek ýapylýar, gyz ýere süýjülik, atgulak äkidilýär. Dogan-garyndaşlar toý toýlaýan öýe süýjülik sowgatlaryny, toýa gatanç bolsun diýip, toý atgulagyny we toý sowgatlaryny getirýärler. Toý atgulagy toýuň bezegi. Gelnalyjyny has şowhunly, gözel görnüşe getirýän toý nyşany. Öňki döwürlerde toý atgulagyny atyň-düýäniň boýnuna dakypdyrlar. Toý atgulagy üçin iki sany mata ýa-da gyňaç jübütleşdirilip çatylýar. Atgulagyň bir tarapynda kiçi ýaglyk, bir bölek mata hem bolup biler. Atgulagyň esasy bölegi bolsa gowy gyňaç, köýneklik mata ýaly zatlardan taýýarlanylýar. Mirasy öwrenijileriň gürrüň bermegine görä, atgulagyň manysy iki juwanyň ömrüniň-ykbalynyň biri-birine baky çatylýandygyny aňlatsa, ikinji tarapdan boý ýigit bilen ulygyzyň ilkinji gezek nikalaşýandygynyň dabaraly alamaty bolup, toý gelnalyjysyny bezeýär. Atgulak görnükli edilip, duldan asylyp goýulýar. Süýjülik üçin kim çäýnek-käse, kim okara-çemçe, bedre, hamyr jam ýaly hojalyga gerek zatlary, şeýle hem çaga tigirleridir kolýaskany sowgatlyk hökmünde getirýär. Dürli süýjülerdir kökeler bolsa toý saçagynyň datly süýjülikleridir. Gelinalyjy gününden öň toýuň süýjülik haltalary we atgulaklary taýýarlanylýar. Toý süýjüligi diýlip atlandyrylýan haltajyklar tikilip, içi süýji kökeden doldurylyp, ikibir, ikibir, goşalandyrylyp çatylýar. Bu hem “Iki ynsanyň durmuşy birikýär, olaryň ömri-durmuşy süýjülikde, bilelikde, agzybirlikde geçsin, goşa garrasynlar” diýlen yrym bilen edilýär. Süýjülik haltalar örän nepislik bilen dokalan horjunlara salnyp, atgulaklar bilen bilelikde guda ýere äkidilýär. Olar bolsa içi süýji-kökeden doly haltajyklary ýakyn garyndaşlaryna paýalaýarlar. Horjunlar hem yzyna boş gaýtmaýar. Olaryň gözlerine süýjüdir kökeler, hozdur maňyzlar salnyp goýberilýär. Bu zatlar guda gatnaşygynda möhüm orun eýeleýär. Atgulak geçirilýän gün gudalara söwüş goýun we toý üçin gerekli beýleki zatlar hem äkidilýär. Atgulak geçirilende toý saçagynyň ikisi taýýarlanylýar. Oňa toý çelpekleri we iki jübüt çörek salynýar. Gudalar olary hormat bilen garşylaýar. Olara nahar-çaý çekilýär. Gyzyň ýeňňeleri atgulakly düwünçekleri açmankalar, “Elimiz agyrýar” diýip, horjuny açmaýarlar, olar halatlanýar. Soňra horjuny açyp, atgulaklary sanaýarlar. Atgulak salnan horjun we halta hem yzyna boş goýberilmeýär, halat-serpaýlardan paý atylýar. Çelpek toý saçagynyň esasy orunda durýan gadymy we milli tagamlarynyň biri. Käbir etraplarymyzda, obalarymyzda dowam edip gelýän däbe görä toýda köpçülik bolup çelpek ýaýylýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/11.jpg) Ak gyňaçly eneler toýuň gelşigi, esasy maslahatçysy hökmünde sylanýar we olara törden orun berilýär. Öý eýesi ilki bilen şolaryň başyna toý ýaglygyny daňýar. Şol gün ir bilen çelpeklik hamyr edilýär. Hamyr ýugurmaga ökde zenanlar tarapyndan ýugrumy ýetende çelpeklik hamyr ýag çalnan ýaly ýalpyldap durýar. Hamyr ýarym sagat çemesi demini alandan soň, ol çaklaňja böleklere bölünýär. Hamyryň deň bölünmegi hökmany hasaplanýar. Ýaşuly aýallar çelpeklik hamyry böleklere bölýärler we azajyk ýaglap, togalap goýýarlar. Çelpegiň hamyry üzülýärkä gelin-gyzlar: ``` Üzüm-üzüm üzülsin, Toý çelpegi ýaýylsyn. Toýlar tutýan agamyň, Ogul-gyzy düzülsin! – ``` --- diýip, degşip-gülşüp, ýagşy dilegler edýärler. Çelpegiň hamyryny köplenç ýaşuly eneler üzýär. Hamyr üzmek işi tamamlanandan soň, şu öýde ýene-de toý bolsun, saçak mydama çörekli bolsun diýen yryma görä kendirikde esli urba bilen iki bölek hamyr galdyrylýar. Çelpek taýýarlamak üçin hamyry ýaýmak işi başlaýar. Bu işe köpräk el kömegi gerek bolýar. Gelin-gyzlar üýşüp çelpek ýaýmaga başlaýar. Çelpegi ýukajyk edip tegelek ýaýmagy başarmaly. Kim tegelek we ýukajyk edip ýaýsa, “Şol owadan oglana durmuşa çykýar” diýlip yrym edilýär. Kendirikleriň üstünde jamy düňderip goýýarlar. Ýaýylan çelpekler şolaryň üstünde goýulýar. Ol ýygnanyp arka emele gelýär. Gelin-gyzlar çelpek ýaýyp otyrkalar hem degşip-gülşüp toýa aýratyn şowhun berýärler: ``` Gije uzak, Aý aýdyň, Mäşli ýarmadan doýdum. Toý köýnegni geýeliň, Üýşüp çelpek ýaýalyň. ``` *** ``` Tabagyň içi ýalpak, Içi doly ak çelpek, Elim ýaga bulansyn, Çelpek ýaga dolansyn. ``` --- Çelpek ýapmak uly yhlasy talap edýär. Her obada belli-belli ökde çelpek ýapýançylar bolýar. Çelpek bişirmek üçin daşarda ojakda ot ýakylyp, gazan atarylýar. Çelpek bişiriljek gazany özüňe egilen ýagdaýda sähel gyşyk goýmaly, gazan gowy gurandan soň içine azajyk ýag çalmaly, ýaýylan hamyry gyzyp duran gazanda eýläk-beýläk aýlamaly, soň hamyry beýlesine öwrüp hem şu ýagdaýy gaýtalamaly. Iki tarapy hem bişensoň indiki hamyry hem onuň üstüne goýmaly, ýüzüne-de biraz ýag sepelemeli, ýene eýläk-beýläk aýlap, soň beýleki tarapyna öwrüp, ýaňky hereketimizi gaýtalamaly. Esli galyňlyga gelýänçä çelpekleri biri-biriniň üstünden aýyrman bişirmeli. Çelpek bişirilip bolnansoň olary epläp, bir gapda tertipläp goýýarlar. Çelpek bişirilýärkä hem: ``` Toý gazanda çelpek bişdi, Eý-waý, meniň elim bişdi – ``` --- diýmek bilen dilewar gelin-gyzlar howurly ojagyň başynda çelpek ýapmagyň ýeňil däldigini beýan edýärler. Muny töweregindäkiler hem alyp göterýär. ``` Ýeňlik beriň eline, Çelpek gitsin geline, Galkan beriň döşüne, Ýaglyk atyň başyna. ``` --- Toýda çelpek syrmak gyzykly dessurlaryň biridir. Çelpek ýapylanda oglanyň agalary, daýylary, deň-duşlary gazana pul taşlap, çelpek syryp gaçýarlar. Muňa “Çelpek syrdy” däbi diýilýär we bu däp toýa aýratyn şagalaň çaýýar. Öýlenmedik oglanlar hem gazana pul taşlap, çelpek syrýarlar. Muny “Indiki gezek meniňki” diýen ýaly yrym bilen baglanyşdyrýarlar. Toý saçagyna toý çelpekleri we iki jübüt çörek salynýar. Ol saçaklar gyz tarapa äkidilýär. Gyz tarap oglan tarapdan gelen çelpekleri alyp galyp ýerine gatlama salýar. Gatlama 24 sany bolmaly. Toý tutýan iki juwanyň 12 süňňüne 12 gatlama diýlip yrym edilýär. Toýuň özboluşly bezegi bolan çelpek bişirmek däbi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Goý, mydama eziz Diýarymyzda toýlar uludan tutulsyn. Toý saçaklary giňden ýazylsyn. Çelpekdir pişme, gatlamadyr ýagly çörek ýaly toý saçaklarynyň bereketli tagamlary garyndaşlyk gatnaşyklarynyň arasynda üzülmez ruhubirligiň nyşany bolup, saçaklarymyzy bezesin.Toý tagamlaryny datmak, toýuň şatlykly-şagalaňly pursatlaryny dogan-garyndaş, il-ulus bilen bilelikde geçirmek her kime nesip etsin. Toýdan ýetirsin. Ogultäç Hojanazarowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

No image
TÜRKMENIŇ TOÝY–SAHAWATYŇ NUSGASY

Medeni miras

08.09.2025

(TOÝDAN ÝETIRSIN)–DOWAMY BAR Halkymyz dürli şertlere garamazdan kämilleşmegini dowam etdiren we öz milliligini saklan baý we köp görnüşli medeni-taryhy ähmiýetli mirasa eýedir. Olar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşy bilen mizemez baglanyşykly gymmatlyklardyr. Gahryman Arkadagymyz: «Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz döwürleriň, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr» diýip belleýär. Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däpdir dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Şatlykly-şowhunly, ruhubelent sahypalara beslenen toýlar türkmen durmuşynyň bezegidir. Aslynda türkmen söweşde janyny, toýda malyny gaýgyrmadyk halkdyr. Halkymyzyň häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy aýratynlyklary hem tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. «Toýdan ýetirsin», «Toý bolsun», «Gazananyňy toýa harçlamak nesip etsin», «Toýuňyz-toýa ulaşsyn» diýen ajaýyp aýtgylary döreden halkymyz toý tutup, onuň durmuşymyza şatlyk-şagalaň çaýýan däp-dessurlaryny agzybirlik bilen berjaý edýär. «Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn» diýen pähime eýerip ýaşaýan halkymyz toýuny ulus ili bilen toýlaýar. Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň özboluşly alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Durmuş toýy türkmen maşgalasynyň köp görnüşli toýlarynyň iň tutumlysy, dabaralysydyr. Toýuny dogan-garyndaş, dost-ýar, goňşy-golam, il-gün bilen bilelikde belleýän halkymyz toý dessurlarynyň giden ulgamyny döredipdir. Toý tutmak ilki gudaçylyk dessurlaryny ýerine ýetirmek bilen başlanýar. Ogul öýermek üçin asly halal, il içinde abraýly, edepli-ekramly gyzy bolan maşgala bilen guda bolmak her bir ene-atanyň baş arzuwy. Munuň üçin ilki dogan-garyndaşlar bilen maslahatlaşylyp, gowy maşgalanyň gyzy göz öňünde tutulýar. Halk arasynda giňden ýaýran «Enesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini» diýen atalar sözi hem şeýle garaýyşlaryň esasynda döräpdir. Gudaçylyga barmak üçin «Her kim öz deňini bilmeli» diýen düşünje hem dowam edip gelýär. Munuň özi gelip çykyşy, hüý-häsiýeti, maşgala ýagdaýy tarapyndan hem iki maşgalanyň derejesiniň deň bolmalydygy baradaky düşünjedir. Mahlasy ene-ata maşgalasy we oglan bilen maslahatlaşyp, soraşyp-ideşip göwnüne jaýlansoň gudaçylyga çykýar. Gudaçylyga barmagyň, «täze gapy açmagyň» hem halk arasynda kabul edilen öz düzgünleri, edep-kadalary bar. Saçakly gatnaşyga aýratyn sarpa goýýan halkymyz gudaçylyga hem saçakly barýar. Saglyk-amanlyk soraşylansoň «Habarlyja geldik» ýaly sypaýy sözler bilen habarly gelnendigi mälim edilýär. Gyz tarap hem sypaýyçylyk bilen «Soraşaly» diýen jogaby berýär. Şunuň bilen täze garyndaşlyga tarap ilkinji ädim ädilýär. Ýurdumyzyň käbir etraplarynda gudaçylyga barlanda saçaga iki sany çöregi salyp barýarlar. Eger gyzly öý çörekleri alyp galsa onda, olaryň «Geliberiň» diýdigi. Käbir ýerlerde yrym edip, gyz ýeriniň saçagynyň süýjüsinden 4 sanysyny alyp gaýdýarlar. Onuň «Iki öýüň süýjüligi garyşsyn, gudaçylyk işimiz şowuna bolsun» diýen manysy bar. Guda bolmak üçin ilki habar gatylýar. Ýene bir gezek gelnensoň, guda bolunjak bolsa «Geliberiň» diýilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22fff.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33fff.jpg) Gudaçylyk dessurynda sözsüz ýerine ýetirilýän hereketler hem bar. Mysal üçin, käbir etraplarda gudaçylyga barlanda öý eýeleri saglyk-amanlyk soraşyp, oturmagy mürähet edýärler. Orta saçak äberilýär. Oglan tarapdan sözaýdyjylyga baranlar saçagyň üstünde döwülgi çörek bar bolsa ondan döwmeýär. Bitin çörekden döwüp alýarlar. Eger öý eýesi ýarty çörek uzatsa: «Ýok, bitin çöregi uzat» diýilýär. Öý eýesi muňa derrew düşünýär. Olar: «Habaryňyzy aýdyberiň» diýýär. Gudaçylyga gelenler habaryny aýdansoň eger olar söz aljak bolsalar, oglan tarapyň süýjüdir köke düwlen düwünçegini alyp galýarlar we öz düwünçeklerini berýärler. Eger gyzlaryny bermejek bolsalar, oglan tarapyň düwünçegini almaýarlar. Käbir ýerde gyz tarap özlerine gelýänleri daşdan görüp, gudaçylyga gelýändir öýdüp güman etse, olar bilen hem guda bolasy gelmese, gapynyň agzynda sübsäni söýäp goýýarlar. Bu «Siziň bilen guda bolmak niýetimiz ýok» diýen manyny berýär. Halk arasynda «Gudaçylyga barsaň ojagyň başyny synla» diýlişi ýaly gyza gudaçylyga baran aýallar gyzyň ýaşaýan öýüni synlaýarlar. Düşekler dim-dik galdyrylanmy, gap-gaçlar, taňka-kündükler arassamy, içi suwlumy, howly süpürilenmi, ojak-tamdyr suwalanmy, hatda düşekleriň aşagyny hem galdyryp görýänler bar. Içeri arassa bolsa göwünleri hoş bolýar, hapa bolsa baran ýerlerinden göwünleri geçýär. Gyz maşgala göze görnüp ugrandan ene-mamalarymyz: «Eliň işden çykmasyn, sesiň ukdan» diýen pähime eýerip, diňe bir biş-düş, tikin-çatyn däl, eýsem gyzlarynyň keçe basmak, dokma dokamak ýaly işlerden hem başynyň çykmagyny isläpdirler we bu gadymy el senetlerimizi gyzlaryna hem öwredipdirler. Eli işli, edaly gyzlar bolsa her kimiň arzuwy. Gyz tarap hoş söz berensoň, guda bolnup sähet bellenilýär. Sähet bellenensoň toý eýeleri toýy deňli-derejeli, abraýly, sag-aman sowmak üçin maslahat edýärler. Toý tutmak toý çakylygy bilen başlanýar. Sähet bellenensoň obalarda toý çakylygy öýme-öý aýlanylyp aýdylýar. Ýurdumyzyň käbir obalarynda ýörite jarçylar bolýar. Jar çekilensoň hiç kimiň öýke etmäge hukugy bolmaýar. «Toý diýilse, çal kelle togalanarmyş» diýilýäni çyn. Toý çakylygy hemmelerde toýa barmak höwesini döredýär. Toýa saçakly-sowgatly barylýar. Toýa saçak taýýarlamak hem halkymyzyň iň asylly däpleriniň biridir. Saçak iň mukaddes zat hasaplanylýar. Toýa gidilende hem toý saçagy üçin pişme, gatlama, çörek, ýagly çörek ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar. Goňşy-golam, garyndaşlar toý saçagy bilen jübütlenip çatylan atgulaklary hem-de süýjülikleri getirýärler we toý eýesine «Toýuňyz gutly bolsun!», «Agzybiri bolsun!», «Goňşyňyz gutly bolsun!», «Ýaşlar bagtly bolsun! ýaly arzuw-dilegleri edýärler. Saçagyň üstünde düwünçek, jübüt çatylan atgulak, toý süýjüligi bolýar. Toý tutýanlar hem saçagy yzyna boş goýbermeýärler. Oňa toý düwünçegi salynýar. Toý edýän maşgalanyň has ýakyn garyndaşlary toýa gatanç üçin mal, pul kömegini hem berýärler. Toýa getirilen saçaga toý düwünçegini salmak hem türkmeniň gowy dessurlarynyň biri bolup, mirasy öwrenijileriň hem belleýşi ýaly, ol toýuň süýji tagamyny beýlekilere dadyrýar. Ol düwünçekler toý paýy bilen bile gelýär. Her kim toý düwünçegini toýuň iň gowy alamaty hökmünde kabul edip, «Toýdan ýetirsin» diýip müň arzuw bilen ýüzüne sylyp, kabul edýär, ýagşy umyt bilen toý düwünçeginiň datly süýjüsinden dadýar. Toý düwünçekleri hem türkmen toýlarynyň ömürlik hemrasydyr. Çünki, toý-baýramy söýýän halkymyz «Toýdan topukça» diýip, toýdan paý almagy hem gowulyga ýorýar. Toý düwünçegi göräýmäge kiçijik bir düwünçek, emma ol toý berekedini, şatlygyny, toýuň milli ruhuny paýlaýar. Toý düwünçegi hem toýuň mukaddes nyşany. Goý, döwletli Diýarymyzda türkmeniň sahawatly ýüreginiň we sahawatly saçagynyň açyklygyny beýan edýän toýlarymyz uludan tutulsyn. Toýuň şowhunly şatlygyny kalba guýýan toý düwünçeginiň datly süýjüsi durmuşymyza hemişe süýjülik gatsyn. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
«GÖROGLY» EPOSY «USSAT DESSANÇYLARYŇ AÝDYM-SAZ HAZYNASYNDA» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT WE KONSERT GEÇIRILDI

Medeni miras

05.09.2025

«Görogly» eposy edebi-çeper gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Türkmen halkynyň taryhyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik häsiýetlerini özünde jemleýän bu eseriň biziň günlerimize gelip ýetmeginde dessançy bagşylara uly orun degişli. Bagşylaryň dessan aýtmak däbini nesilden-nesle geçirip gelen Daşoguz welaýatynyň bagşylarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Dessançylyk sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan bu epos bagşylaryň dilinde dessan bolup dünýäni aýlanýar. Çünki, agzybirligi, adalatlylygy, dost-doganlygy ündeýän bu uly göwrümli eser umumadamzat gymmatlygy hem-de özboluşly terbiýeçilik mekdebidir. Bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän dessançylyk sungaty köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini öwrenmekde we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/27412.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/27413.jpg) Şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda, Daşoguz welaýatynyň Bagtyýar zaman oba medeniýet öýünde Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahat we konsert geçirildi. Maslahatda dillerde dessan bolan «Görogly» eposy, onuň türkmen milli dessançylyk sungatynda tutýan orny, ussat dessançylar Pälwan bagşynyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Palta Garaýewiň, Sülgün Meretgeldiýewanyň durmuş ýoly we nesillere galdyran aýdym-saz mirasy barada täsirli çykyşlar edildi. Maslahat welaýatyň dessançy bagşylarynyň konserti bilen utgaşdy. Konserte dessançy bagşylar gatnaşyp, meşhur «Görogly» eposynyň şahalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy. «Görogly» eposy ussat dessançylaryň aýdym-saz hazynasynda» atly ylmy-amaly maslahatyna we konsertine gatnaşan medeniýet we sungat işgärleri türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanalýan halypa bagşy-sazandalaryň sarpasyny belende galdyran, bu gadymy sungatyň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
«SÄHRANY HÜWDÜLÄN TÜÝDÜK SAZLARY» ATLY AÝDYM-SAZLY DABARA

Medeni miras

13.08.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdymyzda ussat halypa bagşy-sazandalarymyzyň hormaty belentde tutulýar. Ol halypalaryň her biri bize goýup giden baý mirasy we özboluşly ýerine ýetiriş aýratynlyklary hem-de biri-biriniňkä meňzemeýän täsin owazlary bilen tapawutlanýarlar. Ussat halypalar kär edinen senedine irginsiz zähmet çekip gelipdirler. Nota sowady bolmasa-da, ýiti ýatkeşligi bilen olar milli aýdym we saz sungatynyň iň inçe tärlerini hem ele almagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen bu täsin sungatyň inçe syrlaryny özlerine siňdirip halka paýlap gezipdirler. Ýazmuhammet kösäniň hakyky ady Nyýazmuhammetdir. Ol 1875-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna Öwez diýer ekenler. Ol hem şahandaz adam bolupdyr. Köse lakamy oňa ýaşlygynda bile oýnan oglanlarynyň degişmesinden galypdyr. Şeýlelikde, ýörgünli lakama öwrülip gidipdir. Ýazmuhammet tüýdükçi ýaşlygynda goňşy obalaryndaky Agajan tüýdükçiden tälim alýar we halypa tutunýar. Bu halypa ussat tüýdükçiler Baky Maşakow, Şajyk Gulow, Musa Allamyrat, Nury tüýdükçi, Öwez tüýdükçi ýaly ägirt sazandalary hem ýetişdiren halypadyr. Ýazmuhammet köse Agajan tüýdükçini, Peýdaguly tüýdükçini özüne halypa edinýär. Olardan gargy tüýdük mukamlarynyň gadymky çalnyş nusgalaryny öwrenýär. Meşhur tüýdükçi Ýazmuhemmet Köse, Hydyr bagşy, ussat tüýdükçi Annaguly Sary, Muhammetmyrat Nepesli, Garly bagşy dagy bilen ýyllaryň dowamynda bile tirkeşýär. Nursähet bagşynyň, Jumasähet bagşynyň, Babanyýaz bagşynyň ýanynda tüýdük çalyp gezýär. Ol ussat tüýdükçileriň deňine ýetende, 1925-nji ýylda türkmen aýdym-sazyny we bagşy-sazandalarynyň mirasyny öwreniji rus alymy Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý bilen duşuşýar. Gargy tüýdük heňleriniň iň gadymy nusgalarynyň birnäçesini saz öwreniji alyma çalyp berýär. W.A.Uspenskiý Ýazmuhammet Köseden “Hörele gubam”, “Düşmüşem zyndana”, “Gyr atym” atly heňleri ýazyp alýar. W.A.Uspenskiniň tagallasy bilen Ýazmuhammet Köse Aşgabada çagyrylýar. Aşgabatda Türkmen döwlet filarmoniýasynyň halk saz gurallary ansamblyna goşulýar. 1935-nji ýylda bolsa onuň ussatlyk bilen çalýan sazlary Türkmenistan radiosynda-da ýygy-ýygydan ýaňlanýar. 1935-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen aýdym-saz ýazgysyna-da gatnaşyp, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Nursähet Halsähediň, Jumasähet bagşynyň aýdan aýdymlaryna sazandarlyk edýär. Muhammetmyrat Nepesli bilen bilelikde hem “Gülüm, Öwezjan”, “Nowaýy” atly heňleri gramplastinka üçin ýazga berýär. Ýazmuhammet Köse özüniň uly sungatyny ulus-iline bagyş edýär. Baky Maşakow ýaly ussat tüýdükçileri ýetişdirýär. Onuň çalan nusgalyk mukamlary Marynyň radiosynda, Türkmenistan radiosynda wagtal-wagtal ýaňlanyp durýar. Baky Maşakow 1905-nji ýylda Mary welaýatynyň Gülüstan daýhan birleşiginde daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň şol döwürlerde has ýörgünli gargy tüýdük saz guralyny saýlamaklygynyň sebäbi, onuň daýylary gargy tüýdük çalar ekenler. Ol çagalykdan ilki dilli, soňam gargy tüýdük çalmagy öwrenipdir. Otuz ýaşlarynda Baky tüýdügi gowy ele alansoň, 1937-nji ýylda ýaňy döredilen aýdym-saz toparyna kabul edilýär. 1941-nji ýylda Türkmen döwlet filarmaoniýasy döredilen badyna-da ol ýere işe çagyrylýar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen ýanamaçy bagşylaryň hem-de tüýdüge goşulyp aýdym aýtmaga höwesekleriň köpüsine sazandarlyk edýär. Radioda yzygiderli çykyş edipdir. 60-njy ýyllaryň ahyrlarynda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde işläp başlaýar. Ol ýerde tüýdükçiler ansamblyny döredýär. Şol döwürdenem Baky Maşakowyň halypalyk ýoly başlanýar. Ýörite sazçylyk mekdebiniň milli saz gurallary bölüminde okap, tüýdük saz guralyny öwrenmäge höwesli ýaşlaryň birnäçesi Baky aganyň tälimlerini alyp ugraýar. Şeýlelik bilen ömüriniň ahyrky günlerine çenli şol ýerde mugallymçylyk eden Baky Maşakowyň ilkinji şägirtleri peýda bolýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3.jpg) Baky Maşakowyň şägirtleri Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlaryň doktory Çaryýar Jumaýew we Aşyr Ýazmyradow öz halypasynyň däbine eýerip, halypasyndan öwrenen tüýdük çalmak sungatyny mynasyp dowam etdirip, öz şägirtlerine geçirip ýörler. Türkmenitanyň halk saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Baky Maşakowa 1994-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen belent at dakylýar. Ussat tüýdükçiniň çalan sazlaryndan 90 töweregi häzir türkmen radiosynyň altyn hazynasynda saklanýar. Şeýle hormata mynasyp bolan tüýdükçi halypalary ýatlap Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we Mary welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkezinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Ussat tüýdükçi Ýazmuhammet Kösäniň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Baky Maşakowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan “Sährany hüwdülän tüýdük sazlary” atly bu dabara uludan tutuldy. Dabarany Aýdogdy Allakulyýew alyp bardy. Soňra Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Töre Nobatow çykyş edip, halypalaryň manyly durmuş ýoly, goýup giden baý mirasy barada giňişleýin gürrüň berdi. Dabarada Mary şäheriniň bagşysy Rüstem Onbegiýew tarapyndan ýerine ýetirilen “Ýagma bulut”, Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşligindäki Gulja oba medeniýet öýüniň müdiri Meretgeldi Tüňňiýewiň ýerine ýetiren“Çykdym güller”, “Gelmez Leýli” we “Torgaý guşlar”, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Maksat Gurbanow tarapyndan ýerine ýetirilen “Gyrat saňa”, “Aga begler” ýaly aýdymlar belentden- belent ýaňlandy. Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň Milli saz gurallar bölüminiň tüýdük mugallymy Muhammet Saparow hem çykyş edip, bu halypalaryň ömür-durmuş ýoly we ýerine ýetiren sazlary barada täsin gürrüňleri berdi. Ol sözüniň ahyryny türkmen halk sazy “Küýzeli gyz” bilen tamamlady. Türkmen halk aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrdy. Dabarany şirin aýdym-sazlary bilen bezän bagşy-sazandalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen bezän halypalaryň ömri-döredijiligini we baý mirasyny öwrenmeklige giň ýollar açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun. Çynar GURBANOW Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni

No image
ASYRLARA ÝAŇ SALÝAN DESSANÇYLYK SUNGATY

Medeni miras

28.06.2025

Asyrlar aşyp kämilleşip gelen naýbaşy epiki mirasymyz bolan dessanlar halkyň geçmiş durmuşy, dil baýlygy, däpdir dessury, milli aýratynlyklary bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly mirasymyzdyr. Dessanlary ýerine ýetirmek biziň günlerimizde-de giňden meşhurdyr. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Ahal welaýat Gökdepe etrap Medeniýet öýünde «Türkmenistan – ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda «Asyrlara ýaň salýan dessançylyk sungaty» atly dessançy bagşylaryň konserti geçirildi. Medeniýet öýüniň foýesinde senetçilik önümleriniň, milli saz gurallarynyň hem-de türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda mynasyp orun eýeleýän bagşy-sazandalara bagyşlanan şekillendiriş eserleriniň sergisi guraldy. Sergä dutar ussalary, zergärler öz şägirtleri bilen gatnaşyp, dutar we milli şaý-sepleri ýasamagyň usullaryny we bu ugurdaky halk tejribesini açyp görkezdiler. Şeýle hem Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Konserte Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan dessançy bagşylar gatnaşyp, «Görogly» eposyndan we beýleki dessanlardan parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsert türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Türkmenistan – parahatlygyň we ynanyşmagyň Watany» atly aýdym bilen ruhubelent ýagdaýda jemlendi. Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň dessançylyk ugruna uly orun degişlidir. Ýerine ýetirijiligiň aýdym aýtmagy, saz çalmagy we wakalary çeper beýan etmegi özünde jemleýän dessançylyk däbi, dessançy bagşydan ýokary ussatlygy talap edýär. Türkmen halkynyň belent adamkärçiligini, ynsanperwerligini, watansöýüjiligini, mukaddes däp-dessurlaryny, beýik ahlak ýörelgelerini özünde jemleýän dessanlarymyzyň nesilden-nesle, dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetmeginde dessançy bagşylaryň hyzmaty diýseň uludyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/fgutygm.jpg) Mälim bolşy ýaly «Görogly dessançylyk sungaty» atly hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ilkinji gymmatlygymyzdyr. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Görogly» eposy we epiki mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan dessanlarymyz bagşylarymyzyň dilinde belentden-belent ýaňlanýar. Olar türkmeniň döreden naýbaşy mirasy bolup dünýä ýaýylýar. Çeper döredijilige baý bolan halkymyz özüniň gaýtalanmajak medeni we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä derejesine çykyp bilen halkdyr. Nepislikde taýsyz hasaplanýan elde dokalýan halylarymyz, «läle ýaly» diýdiren keçelerimiz, tebigat gözelliklerine bäs edýän keşdelerimiz, altyn suwy çaýylan şaý-seplerimiz dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda mynasyp orna eýedir. Zähmetsöýerlik, çeper döredijilige bolan ukyp, gözellikleri döretmäge bolan isleg türkmeni kämil gymmatlyklaryň eýesi hökmünde dünýä tanatdy. Zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty, keçe basmak senetçiligi, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk ösüp kämil derejelere ýetdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/yjttjyy.jpg) Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan ussalaryň ussaçylykdaky halk tejribesini has-da kämilleşdirmek we olaryň täze-täze önümleri döretmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda 2017-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karar möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ussalaryň çekýän döredijilikli zähmetiniň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýyl «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly atlar dakylýar. Şu gün hem bu dabaranyň çäginde ýurdumyzyň welaýatlaryndan hödürlenen halk çeper döredijilik önümlerini öndürmekde ýokary ussatlyk derejesini görkezen raýatlara «Çeper döredijiligiň halk ussasynyň» Şahadatnamasy we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/gok-fjuhyon4.jpg) Türkmen milli aýdym-saz döredijiliginde aýratyn bir ugur bolan dessançylyk sungatyny ösdürmekde we halypa bagşy-sazandalarymyzyň aýdym-saz mirasyny giňden wagyz etmekde bize ähli mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri baky rowaç bolsun. Ogultäç Hojanazarowa Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
ÇEPER DÖREDIJILIGIŇ HALK USSASY

Medeni miras

26.06.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji aprelindäki 167 belgili karary bilen tassyklanan Çeper döredijiligiň halk ussasy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Halk çeper döredijiligi boýunça bilermen toparynyň 2025-nji ýylyň 10-njy iýunyndaky geçiren mejlisiniň karary esasynda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada eýe bolan we «Çeper döredijiligiň halk ussasy» Şahadatnamasy gowşurylan ussalaryň sanawy 1 Täjigül Gurbanowa - Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy - Keçe taýýarlaýjy 2 Aýgözel Täşliýewa - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäheriniň ýaşaýjysy - Keçe taýýarlaýjy 3 Baýmämmet Baýjanow - Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiri - Tüýdük ussasy 4 Atamyrat Hekimow - Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy - Dutar-gyjak ussasy 5 Fahritdin Jummiýew, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň artisti - Deprek ussasy 6 Tylla Atageldiýewa - Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň arassaçylyk bölüminiň entomologynyň kömekçisi - zergär