logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN HALYSY-KÄMIL SUNGAT

Medeni miras

13.05.2025

Ajaýyp zamanymyzda ene-mamalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Köpleri özüniň nepisligi bilen haýrana goýan türkmen halylarymyz toýlarymyzyň, öýlerimiziň bezegidir. Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda nepislenip, kämilleşip gelýär. Döwür özgerdigiçe gelin-gyzlarymyzyň el-hünäriniň görnüşleri hem kämilleşýär. Türkmen halylary ajaýyp kitapdyr, onda halkyň geçmişi, häzirki durmuşy we geljegi beýan edilýär. Türkmen halkynyň medeni mirasy hasaplanýan milli gymmatlyklaryň biri-de türkmen halylarydyr. Gözelligine taý tapylmaýan türkmen halylary taryhy öwrenmekde-de uly çeşme bolup durýar. Taryhyň geçmiş syryny saklaýan türkmen halylaryndaky nagyşlary, gölleri haly sungatynyň örän gadymylygyny görüp bilýäris. Haly dokaýan zenanlar oňa içki duýgusyny, yhlasyny siňdirýär. Islendik halyny üns bilen synlasaň, onuň aňyrsynda uly many bar. Halyçylyk işi örän inçe, hysyrdyly şol bir sanda jogapkärli iş hasaplanýar. Biziň on barmagyndan dür dökülýän çeper elli zenanlarymyz bu ajaýyp haly dokamak sungatynyň hötdesinden abraý bilen gelýärler. Türkmen halylarynyň esasyny döredýän materiallar orta ýerliginde, ululy-kiçili göllerden ybarat bolup, häzirki günde nepis haly gölleri berkararlykda binýady berkän döwletimiziň ajaýyp nyşanlarynda-Döwlet Tugunda we Döwlet Tugrasynda öz mynasyp ornuny tapandyr. Türkmen halylary türkmeniň milli buýsanjydyr. Şu günki gün türkmen halylarynyň ýüzündäki görünýän nagyşlar ýeke-täk ugurly taýpa-tireleriň belgileriniň nyşany bolup, nagyşlar biri-birine çylşyrymly meňzeşlikleri bilen, bu garaşsyz taýpalaryň düýbiniň bir kökdendigini görkezýär. Salyr, Salyk (Saryk), Ärsary, Ýomut we Teke nagyşlaryň bu meňzeşlikleri, türkmen kowumlarynyň düýbüniň bardygyny we olaryň tapawutlyklary bolsa, her taýpanyň öz ruhy-rowan häsiýetleriniň aýratynlyklaryny görkezýär. Türkmen halylarynyň owadanlygy olaryň gyralarynyň şekillendirişinde bolup ‘‘Älem”, “Gara”, “Uly toprak”, “Uly gara” we ş.m ýaly böleklerden ybarat bolýar. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň halk döredijiligi edebi eserlerinde, gadymy hem müdimi mirasymyzda iňňän uly orun eýeleýär. Munuň özi bir tarapdan, türkmen halkyny halysyz göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini, ikinji bir tarapdan, bu sungatyň türkmeniň durmuşynda maşgalanyň maddy taýdan üpjün etmekde uly orny eýeländigini alamatlandyrýar. 2019-njy ýylyň 9-14-nji dekabry aralygynda Türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu bolsa türkmen halky üçin diýseň buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şeýle-de türkmen halysynyň umumadamzat gymmatlygydygyna şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagy Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde zähmetsöýer halyçylaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna, ylaýta-da halyçylara peşgeş beren ,,Janly rowaýat’’,,Arşyň nepisligi,’’Türkmen medeniýeti’’ atly kitaplarynda türkmen halysynyň gudraty, onuň uzaklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy, reňkleriň jadylaýjy öwüşgini, şeýle hem ezber elli halyçylarymyzyň çekýän asylly we halal zähmetine goýulýan sarpanyň uludygy bellenilýär. Bu kitaplar biz türkmen ýaşlary üçin hem uly gollanma bolup durýar. Kitapdaky gymmatly maglumatlar, esasanda biz öz geçmiş taryhymyzy, edim-gylymlarymyzy, türkmen zenanlarynyň tutanýerli, zähmetsöýerligini içgin öwrenýäris hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirýäris. Muzeýe syýahat etmäge gelýän her bir tomaşaçyda halylar, haly önümleri diýseň milliligi, nepisligi, gözelligi bilen haýrana goýýar. Muzeýde her ýylda bellenilip geçilýän türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli gurnalýan sergilerde haly önümleriniň hem orny örän uludyr. Muzeýde görkezilýän bu milli gymmatlyklar özüniň gadymy öwüşginleri bilen her bir syýahata gelýän daşary ýurtly syýahatçylarda hem uly gyzyklanma döredýär. Bu gadymy hem müdimi senet ençeme asyrlaryň inçe syrlaryny özünde saklaýar. Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaklyga, gurmaklyga, döretmeklige we milli mirasymyzy dünýä wagyz etmekde hem-de öwrenmekde uly mümkinçilikler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan il bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Nowça BABANYÝAZOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni

DESSANÇYLYK SUNGATY PARAHATÇYLYGYŇ YLHAM ÇEŞMESI

Medeni miras

24.04.2025

Müňýyllyklaryň dowamynda barha kämilleşip gelen naýbaşy epiki mirasymyz bolan dessanlar halkyň geçmişini, ýaşaýyş durmuşyny, dil baýlygyny, edim-gylymyny, däpdir dessuryny, milli aýratynlyklaryny öwrenmekde

No image
TÜRKMENISTANYŇ AÝDYM-SAZ TOPARY HALKARA FESTIWALDA BIRINJI ORNA MYNASYP BOLDY

Medeni miras

02.04.2025

TÜRKMENISTANYŇ AÝDYM-SAZ TOPARY HALKARA FESTIWALDA BIRINJI ORNA MYNASYP BOLDY Türkmenistanyň aýdym-saz topary Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen «Şark taronalari» XIII halkara festiwalda 1-nji orna mynasyp bolup, ýörite diplom we 5 müň amerikan dollary pul baýragy bilen sylaglandylar. Bu aýdym-saz toparynyň düzüminde aýdymlary Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew ýerine ýetirdi. Oňa Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow (dep), M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Annamyradow (gyjak) we Döwlet Daňatarow (dutar), şeýle-de M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy sazandalyk etdiler.

No image
MEDIA GEZELENJI GEÇIRILÝÄR

Medeni miras

30.03.2025

MEDIA GEZELENJI GEÇIRILÝÄR 2024-nji ýylyň 29-njy sentýabry 2-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylygy ösüş gullugynyň guramagynda (TGA) Izmir şäheriniň töweregindäki Alaçataý, Seljuk we Urla ýaly taryhy ýerlerinde media gezelenji geçirilýär. Bu çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýagny, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Medeniýet we syýahat žurnalynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň, Türkmenportal, News Central Asia, Aarhusashgabat, Türkhowaýollary agentliginiň, Orient, Biznes Türkmenistan internet portalynyň wekilleri gatnaşýarlar. Media gezelenjiniň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň gadymy ýerleriniň biri bolan Alaçataý obasyna gezelenç guraldy. Alaçataý – Türkiýäniň taryhy ýerleriniň biridir. Bu media gezelenji Alaçataýyň arassa howasy, täsin tebigaty, köçeleri, baý taryhy we binalary syýahatçylarda uly täsir galdyrýar. Bu ýerde esasan pyýada gezelenç gurnalýar. Köçelerde naharhanalar, garbanyşhanalar, dürli görnüşli satuw dükanlary ýerleşýär. Alaçataýda 2010-njy ýyldan başlap, her ýylda otuň festiwaly geçirilýär. Ol festiwal her ýylyň ýaz aýynda geçirilip, dört gün dowam edýär. Ot festiwalynda adyndan belli bolşy ýaly, dürli otuň görnüşlerinden iýilýän tagamlar taýýarlaýarlar. Şol festiwalda otlardan her dürli tagamlar taýýarlanylýar.

No image
«ÇALSANA, BAGŞY!» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Medeni miras

26.03.2025

«ÇALSANA, BAGŞY!» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI Şu ýylyň 24-nji awgustynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berilýär. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom, altyn zynjyr, şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda uly tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk beýan edildi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝAHATÇYLYK WE AMALY-HAŞAM SUNGATY SERGISI WE OŇA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

Medeni miras

24.03.2025

TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝAHATÇYLYK WE AMALY-HAŞAM SUNGATY SERGISI WE OŇA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda «Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk özüne çekijiligi» atly bilelikdäki amaly-haşam sergisiniň hem-de onuň çäklerinde «Syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek» atly bilelikdäki maslahaty geçirildi. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyklar barha kämilleşýär. Dost-doganlygyň we goňşuçylygyň saýasynda barha ösýän türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyklar aýratyn orny eýeleýär. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri eýranly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe şertnamalary baglaşdylar. Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň syýahatçylyk özüne çekijiligi atly bilelikdäki syýahatçylyk we amaly-haşam sergisiniň baş maksady bolup durýar. «Syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek» atly bilelikdäki maslahatyna ýurdumyzyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynyň wekilleri hem-de bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenildi.

No image
ÖZBEGISTANDA TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR

Medeni miras

16.03.2025

ÖZBEGISTANDA TÜRKMEN SURATKEŞLERINIŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan günüň 300 ýyllygy mynasybetli, Özbegistan çeperçilik akademiýasynyň gurnamagynda türkmen suratkeşleriň sergisi geçirilýär. Bu sergä gatnaşmak üçin ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti iş saparyna gitdiler. Sergide türkmen suratkeşlerimiziň eserleri sergilenýär.

AKMAÝA ÜSTÜNIŇ TAGTY KEJEBE

Medeni miras

14.03.2025

Kejebe akmaýa üstüniň tagty. Gelinalyjynyň esasy we baş milli nyşany. Ol durmuşa çykýan gyzy ak bagta atarýan, öýlenýän ýigidi bolsa göwün söýenine ýetirýän milli gymmatlyklarymyzyň gaýtalanmajak nusgalarynyň biri.

No image
ÝAŞ MEÝLETINÇILER ÜÇIN OKUW MASLAHATY

Medeni miras

13.03.2025

ÝAŞ MEÝLETINÇILER ÜÇIN OKUW MASLAHATY Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde şu ýylyň 12-16-njy awgusty aralygynda meýletinçilik işi boýunça «Ýaş Meýletinçiler üçin okuw maslahaty» geçirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşlary çagyryldy. Bişkek şäherinde geçirilýän bu halkara çärä ýurdumyzyň ýaşlaryndan düzülen wekilýet hem gatnaşýar.

No image
HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER

Medeni miras

12.03.2025

HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER Şu ýylyň 17-31-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde nusgawy saz sungatynyň «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwaly geçiriler. Onuň çäginde Astrahan Kremlinde açyk asmanda opera çykyşy görkeziler, festiwal çärelerine dünýä sahnasynyň ýyldyzlary gatnaşar. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalaryny öz içine alýan Hazar döwletleriniň simfoniki orkestri çykyş eder.