logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
WATAN MERTEBESI BEÝIKDIR, GORAGY MUKADDES BORÇDUR

Muzeýler

20.01.2026

Berkarar watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watan, toprak mukaddesligi ýaly gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýar. Çünki Watan goragy mukaddesdir. Bu günki gün Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goragy ygtybarly gollarda. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Milli goşunymyz asuda Watanymyzyň sarsmaz galasydyr. Her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur» atly sergi guraldy. Sergi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlary, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylyň şygary, hormatly Prezidentimiziň Watan mukaddesligi barada aýdan pähimli sözleri bilen açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan kitaplaryna giňden orun berildi. Sergide Ýu.D.Nowikowyň “Türkmen bedew atlary. Pellehananyň öň ýanynda” hem-de “Türkmen atlary” atly linograwýura usulynda çekilen grafika eserleri görkezilýär. Serginiň görnükli ýerinde Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň keşbi çitilen haly panno ýerleşýär. Türkmen halkynyň taryhy Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň görkezen edermenlikleri baradaky maglumatlara baýdyr. Olaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew hem bar. Ol ilkinjileriň hatarynda fronta gidip, agyr ýaralanyp uruşdan gaýdyp geldi, emma ýaş nesli okatmak, terbiýelemek ýaly asylly işi dowam edip, halkymyzyň hakydasynda ýagşy ýatlamalary galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bölümleriniň şahsy düzümlerinde işledi. Hormatly dynç alyşa çykandan soň, köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim bermek işinde zähmet çekdi. Olaryň durmuş ýoly häzirki wagtda ýaş nesil üçin watançylygyň we borja wepalylygyň aýdyň nusgasydyr. Hazar dostluk, parahatçylyk deňzidir. Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen özara dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Asuda Hazar kenarynyň keşbi çitilen haly panno sergini görmäge gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Onda asuda deňizde ýüzüp barýan parahatçylygyň buşlukçysy “Arkadag” gämisi hem erkana uçup ýören guşlar şekillendirilipdir. Sergide ýurdumyzyň Milli goşunynyň esaslandyrylyşy baradaky maglumatlar, Türkmenistan watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, altyn, kümüş bilen bezelen häzirki zaman sowuk ýaraglar görkezilýär. Bulardan başga-da Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, sergini görmäge gelenler üçin aýratyn täsirlidir.

No image
BEDEW-BEÝIK EÝÝAMYŇ, TÄZE ZAMANANYŇ YLHAMY

Muzeýler

20.01.2026

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä 2026-njy ýyla hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew-batly at-myradyň mekany” diýlip şygary we ýylyň nyşany kabul edildi. Ata-babalarymyz öz ýadawsyz zähmeti, yhlasy bilen kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görüpdirler. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy edebi eserlerimizde hem öz beýanyny tapypdyr. Bu bolsa merdana halkymyzyň öz ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýändigini görkezýär. Bedew atlarymyz gadymy topragymyzyň gudratydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr. Millilik-milletiň mertebesi. Milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Nesilbaşymyz Oguz han ömrüni paýawlap, demini sanap ýatyrka ogullaryny ýanyna çagyryp: “Ogullarym! Bu meniň size iň soňky wesýetim: nesillere hemişe şu üç zady aýamagy sargyt ediň! Birinjisi-Watany, ikinjisi-ata-enäni, üçünjisi bolsa-aty” diýipdir. Şeýle-de Seýdi şahyra: “Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň” diýdirip bilen türkmen bedewlerini taryplamaga söz ýetmez. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr. “At-myrat” diýip ony döwletlilige deňän batly gadamlar bilen ynamly öňe barýan türkmen halkymyzyň maksatlary myrat bolsun. Şeýle tutumly işleriň sakasynda duran, biz ýaşlara öwrenmäge, döretmäne, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. _____________________________ Jeren Altyýewa «Watan mukaddesligi» muzeýiniň Muzeý işini guramak bölüminiň Baş gazna saklaýjysy

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

19.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 20-nji Ýanwarynda sagat 10:00-da Watan goragçylar güni mynasybetli «Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
BEDEW BATLY-AT MYRADYŇ MEKANY

Muzeýler

15.01.2026

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär. Ýylyň şygary durmuşa geçirilmeli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde maksatlarynyň myrat boljakdygyny ýokary depginli ösüşlere beslenjekdigini gönüden-göni kesgitleýär. Gadymy döwürden bäri ajaýyp halylar, nepis şaý-sepler bilen bir hatarda ahalteke bedewleri hem halkymyzyň baýlygy hasaplanýar. Bedewler türkmen halkynyň milli buýsanjydyr maddy we medeni mirasyň halkymyz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen we kämilleşdirilen ajaýyp nusgasydyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde “Bedew batly-at myradyň mekany” ady bilen ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmen dünýäsi gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletgeldi Agalyýew, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyby, edebiýat we sungat gazetiniň edebi işgäri Süleýman Haýdarow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Uly ylmy işgäri Güljeren Atabaýewa we muzeý hünärmeni Jeren Altyýewa hem-de Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Söhbetdeşligi “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny aýtdylar.

No image
ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY–KALPLARYŇ NUR ÇYRAGY

Muzeýler

14.01.2026

Tämizligiň, kämilligiň keşbine girip, ýürekleriň ýaşaýşa bolan yşkyny dörüp gelýän ýyllar şirmaýy darak deýin günler bilen ykballary darap,ömürlere zynat berýär. Ösüşleri bedew batly, taryhy şöhratly, bagtyýar geljegi aýdyň eziz watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly belent ösüşleri rowaç menzilleri nazarlap gelýän ýyllary uly zähmet üstünlikleri garşy alýar. Bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu bagtyýar watanyň her bir bagtyýar raýatynyň göwün guşuny ganatlandyryp uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bedew bady bilen, behişdi bedewiň ady bilen başlanan ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň ilkinji günleri ýylymyzyň ajaýyp şygaryna bagyşlanan uly ruhybentlikde geçirilýän çäreler,gyzykly gezelençler,gurnalýan sergiler bilen utgaşýar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gezelençde bolup, olar ýylymyzyň şygaryna bagyşlanan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen giňişleýin sergi bilen ýakyndan tanyşdylar. Sergide ýerleşdirilen milli gymmatlyklarymyz, amaly-haşam sungatyna degişli bolan eserlerimiz, bedew atlarymyzyň bezeg şaý-şepleri ýerleşdirilen sergi talyplarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar sergi bilen tanyşlygyň ahyrynda ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen bagtyýar geljege alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. ______________________________________ Gülnur Pygamowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri

No image
ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GURNALÝAN SERGILER

Muzeýler

12.01.2026

Ösüşleri bedew batly, taryhy şöhratly, bagtyýar geljegi aýdyň eziz watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly belent ösüşleri rowaç menzilleri nazarlap gelýän ýyllary halkymyz uly zähmet üstünlikleri garşy alýar. Bedew batly ösüşleriň şöhratly zamanasynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.Bedew bady bilen, behişdi bedewiň ady bilen başlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly At-myradyň mekany» ýylyna şeýle şygaryň berilmegi has-da guwandyryjydyr. Şu günler eziz diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynda şanly ýylymyzyň şygarynyň hem-de nyşanynyň tassyklanylmagy mynasybetli dabaraly maslahatlar sergiler gurnalýar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Lebap welaýat häkimliginiň hem-de welaýat muzeýiniň bilelikde gurnamagynda il-sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly mährem eneleriň,talyp-ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Watan dillerimiziň baky senasy» atly milli gymmatlyklarymyzy, amaly-haşam sungatymyzyň müň dürli öwüşgünlerini özünde jemleýän giňişleýin sergi gurnaldy. Özünde diýseň köp tomaşaçylary bir ýere jemlän sergi oňa tomaşa edenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklar bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň hem sergide öz beýanyny tapmagy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň çeken suratlary, nakgaş eserleri milli gymmatlyklar bilen bezelen sergä aýratyn röwüş çaýdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bedew bady bilen öňe barýan eziz watanymyzda işlemäge hem-de döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekleriniň töründen çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. ___________________________________ Ogulgerek Agajanowa Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
ŞAN GOŞAR SEN, ÝYLLAŇ ŞANYNA BEDEW!

Muzeýler

02.01.2026

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly belent ösüşleri rowaç menzilleri nazarlap gelýän ýyllary halkymyz uly ruhubelentlikde garşy alýar.Älemi haýrana goýýan özgerişleriň bedew batly ösüşleriň şöhraty eýýamda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz watanymyzda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.Hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň durmuşynda uly orny eýelän tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan türkmen halkymyzyň göz guwanjy uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz sarpa goýulýar.Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy döwürde sebitde deňi taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk Akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi, Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýar. Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň” türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan Ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abaýyny has-da şöhratlandyrdy. Halkymyzyň arassa ganatly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy we ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna ,,Asman atlary”,, Behişdi bedewler” diýilip mynasyp baha berilýär. Häzirki döwrümizde Ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň döwlet tugrasynyň merkezinde müdimilik orun aldy. Hormatly Prezidentimiziň ,,Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly’’ atly kitabynda şeýle belleýär: ,,Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir türkmen halkynyň milli baýlygy däl eýsem bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar’’ diýip belleýär. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň milli mirasyň dowamatlarynyň ajaýyp binýadydyr. Bedewler türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. “At-myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň nurana arzuwlaryny beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň, owadanlygyň, ýyndamlygyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi halkymyzyň täze taryhy eýýamynda okgunly ösüşleriň baş nyşanyna öwrüldi. Gadam basyp gelen ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at--myradyň mekany” ýylyna şeýle şygaryň berilmegi bagtyýar halkymyz bilen bilelikde biz muzeý hünärmenleriniň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Goý mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy belleniljek bu ýylymyzyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin! Behişdi bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin! _________________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

No image
GÖWÜNLERI GALKYNDYRAN HOŞ HABAR

Muzeýler

17.12.2025

Bu ajaýyp ýylymyz parahatlygyň we ynamyň ady bilen başlap ,bedew batly ösüşlere rowana bolýar. Asyrlar boýy parahatlyk tuguny parladan türkmen halky bu gün ak arzuwlarynyň wysal bolandygyna buýsanyp ýaşaýar. Ýylymyzyň ösüşlere beslenip tamamlanyp barýan günlerinde “Türkmen alabaý itlerini ösdürüp ýetişdirmek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ähli halkymyz bilen birlikde biz muzeý hünärmenleriniň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmen alabaýy’’ atly kitabynda alabaý itleriniň dürli görnüşleriniň suratlary bilen bezelmegi, rowaýatlaryň, tymsallaryň beýan edilmegi okaýjyny özüne çekýär. Bu kitap diňe bir türkmen halkynyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýýan eserleriniň biridir. Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belent ýaşulular: ,,Alabaý –eýesine örän wepaly haýwan’’ diýip, ynam bilen aýtýarlar. Öýüň sakçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itimiz taryplamaga mynasypdyr. Bir gadymy aýtgyda «Türkmen itiniň bolan ýerinde, ne ýylan bardyr, ne içýan» diýilýär. Erkekler öýden gidenlerinde, aýallaryň we çagalaryň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik wepaly alabaý itiniň üstüne düşüpdir. Ata-babalarymyz çydamlylygy, aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaýlaryň ajaýyp tohumyny döretmegi başarypdyrlar. Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bu tohum itler adamlar üçin ygtybarly garawul bolup hyzmat edipdir. Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri-de, Altyn depeden tapylan terrakotadan ýasalan itiň heýkeljigi, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň ystyhanlary, Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzüne çekilen itiň şekilleri hem muny subut edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda «Güjük yzy» diýilýän gadymy nagyş tapyldy. Türkmen itiniň penje yzlary IX–XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde möhür bolup galypdyr. Gadymy yrymlara görä, bu nagyş tumaryň wezipesini ýerine ýetiripdir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alabaý halkyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Ol halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleri biziň edermen, wepaly we kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda halkymyzyň baý mirasy aýawly saklanylýar we oňa sarpa goýulýar. Beýleki milli gymmatlyklar ýaly, türkmen alabaýy hem dünýäde şöhrata eýe bolup, türkmen halkynyň gözellik, dostluk, söýgi baradaky garaýyşlarynyň netijesidir. Halkymyz ahalteke bedewlerine, alabaý itlerine diýseň buýsanýar. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan aladalary bilen milli mirasymyza we gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýar. Türkmen alabaýyny gorap saklamak ugrunda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasnyň döredilmegi, ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça uly işleri alyp barýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen alabaýynyň baýramy hökmünde yglan edilmegide munuň aýdyň subutnamasydyr. Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklaryň sany barha artýar. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy we täze neşir edilýän “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnaly itleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hünärmenleri birleşdirmäge, alymlary hem-de muşdaklary meşhur alabaýyň taryhy dogduk watanynda jemlemäge ýardam eder “Türkmen alabaý itlerini ösdürüp ýetişdirmek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen medeniýetiniň medeniýetiniň dünýä medeniýetinde eýeleýän mynasyp ornuny görkezýär. Türkmen alabaýlaryna çäksiz sarpa goýýan, taýsyz tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! _________________________________ Maral Hojagulyýewa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
GYMMATLY TOÝ SOWGADY

Muzeýler

16.12.2025

Türkmen halky elmydama kitaba gymmatlyk hökmünde seredipdirler.Kitaby gory egsilmeýän gymmatly saýýan halkymyzda kitap paýhas çeşmesi hasaplanýar. «Gahryman Arkadagymyz–Kitap köňülleriň nagşydyr,ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip adamlaryň ýüreklerine ýol salýar» diýip belleýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň ganatly galamyndan, jöwher paýhasyndan,ýiti zehininden dörän ýene bir täze eseriniň gollarymyza gowuşmagy göwünleri galkyndyran goşa şatlyga öwrüldi. Ajaýyp eseriň Türkmen BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bölüminde şeýle bellenilýär: Biz dünýä bileleşigi bilen bilelikde örän möhüm şanly senäni Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýäris. Şu mynasybetli paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň ýokary derejede geçirilmegi döwletimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene bir ýola äleme aýan edýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrylmamgyna ýurdymyzyň syýasy ykdysady medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine uly goşant goşan raýatlarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şanly ýylyň wakalarynyň ählisi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy we durnuklulygy goldamaga umumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna ygrarlylygyň güwäsi bolup, taryhyň gatlaryndan orun alýar» diýip belleýär. Şanly wakalaryň öňüsyrasynda Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan çuňňur syýasy taryhy durmuşy ykdysady ruhy medeni hem-de ynsanperwer ähmiýetli döwrebap pikirlenişe daýanýan giň dünýä garaýyşly pikirleri özünde jemleýär. Kitapda türkmen bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary taryhy ähmiýeti döwletimiziň bitaraplyk syýasaty halkara hukuk derejesiniň esaslary düýpli açylyp görkezilýär.Şeýle hem onda garaşsyz Türkmenistanyň daşary ykdysadyýetiniň syýasy gatnaşyklarynda eýeleýän işjeň orny ählumumy wezipeleri çözmek bilen bagly başlangyçlary giňişleýin seljerilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary beýan edilýär. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlerimiziň gazanylan üstünliklerimiziň jemi jemlenilýär.Şonuň bilen birlikde bu ajaýyp eser Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Türkmenistanyň Bitaraplygyna 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgady boldy. Mazmuny bir kitapda türkmen ,iňlis, rus dillerinde jemlenen eser dokuz bölümden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň «Bitaraplyk türkmen paýhasynda» «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap» «Türkmenistan BMG-sy netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi» «Parahatçylyk we ynanyşmak döwrüň derwaýyslygy» «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi» «Türkmenistanyň açyk gapylar syýasaty» «XXI asyr Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy» «Parahatçylyk türkmen swilizasiýasynyň binýady» atly bölümlerinde halkymyzyň paratsöýüjilik pelsepesiniň taryhy kökleriniň gadymyýetiň jümmüşine uzaýandygy açylyp görkezilýär.Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklanýandygy beýan edilýär. Şeýle ajaýyp many-mazmunly eserleri halkymyza serpaý berýän,halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin döwlet galamy batly bolsun. _____________________________ Gülälek Batyrowa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI

Muzeýler

09.12.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň toýdur- baýramlara beslenýän bu bagtyýar günleri uly zähmet üstünliklerine hoşlukly, buşlukly toý ruhuna beslenýän dabaraly çäreler bilen utgaşýar. Her ýyl däp bolşy ýaly, welaýatymyzda hereket edýän «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde yglan etmeginde «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy Lebap welaýat kitaphanasynda uly ruhubelentlikde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlaryndan onlarçasy gatnaşdy.Diýseň täsirli çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşige işjeňlik häsiýet mahsus boldy. Ýeri gelende buýsanç bilen belläp geçsek bu bäsleşikde biziň zähmet çekýän ojagymyz milli gymmatlyklar hazynasy Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň usulçysy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Gülälek Batyrowanyň bu bäsleşige gatnaşyp baýrakly orna mynasyp bolmagy hemişelik bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýnuň bellenilýän günlerinde baýramçylyk şatlygymyzy has-da goşalandyrdy. Biziň ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmaga, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy wakalary gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmäge zehin başarnyklarymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyza ýaýmaga ähli şertler döredilen. Şu şertlerden, mümkinçiliklerden ruhlanýan ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň kalby elmydama joşgunly. Bu bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan ildeşlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlap galamlarynyň ujunyň ýiti bolmagyny, döredijiliginiň has-da güllemegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Bizi parahatlygyň gujagynda, asudalygyň ojagynda döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän biziň baş halypamyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin! _____________ Gülüstan Hudaýarowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri