logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-ABADANÇYLYGYŇ AK ÝOLY» ATLY SERGI

Muzeýler

09.12.2025

Türkmenistan bu gün dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen hoşniýetli, birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Ençeme halkara guramalaryň işjeň agzasy bolup, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşmek bilen dünýäde parahatçylygy öňe sürýär. Halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň dekabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy-abadançylygyň ak ýoly» atly sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy wasp edýän gymmat baha daşlar bilen bezelen zergärçilik eserler sergide ýerleşdirildi. Ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan, döwrümizi wasp edýän şekilli halylar ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. “Arkadagyň eseri sen Aşgabat” atly şekilli halyda Gahryman Arkadagymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitaby hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň gözel binalary şekillendirilipdir. “Merjen şäher Aşgabat”, “Ak şäherim Aşgabat” atly nepis halylarda bolsa Köpetdagyň künjeginde ýerleýän Aşgabadyň ak mermerli binalary, mukaddes tugumyzy, parahatlyk simwolyny aňladýan gözel monumental binalary, Garaşsyzlyk binasynyň nusgalyk keşbi şekillendirilipdir. Şekilli halylar baýramçylyk serginiň görküni has hem artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary hem sergide ýerleşdirdi. Kitaplaryň many-mazmuny bilen tanyş bolan her bir raýat Bitarap Watanymyzyň at-abraýyna ýene bir gezek buýsanýarlar. Bu sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatynyň uludygyny görkezýär. Dürli pudaklarda zähmet çekýän sergä gatnaşan myhmanlar Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlar aýtdylar.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

08.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda sagat 10:00-da Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygy–abadançylygyň ak ýoly» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ BINÝADY

Muzeýler

05.12.2025

2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen, «Bitaraplyk–baky bagtyň binýady» atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi çaga kalplaryndan ýaňlanýan bagtyýarlyk mukamynyň öwüşgini boldy. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungaty hünär ugry boýunça bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar. Sergide, okuwçylaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň şanyna ýerine ýetiren eserlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän ornunyň, ähmiýetiniň, şeýle-de at-abraýynyň barha belende galýandygy giňden wasp edilýär. Bitaraplygy bagtyň binasyna deňeýän ýaşajyk suratkeşleriň eserlerini synlanyňda, bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin düýpli tagallalar edilýändigi şonuň netijesinde-de çagalaryň bagtyýar we ruhubelent ýaşamagyna gönükdirilendigine buýsanjyň has-da artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. ___________________ Laçyn Nurmedowa Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň medeni aň-bilim we usulyýet işleri bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy

No image
BITARAPLYK-PARAHATÇYLYK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

Muzeýler

29.11.2025

Paýhasly pederlerimiziň gursagynda umyt bolup körän, şuglaly ýyldyz bolup ak ýollara alyp gaýdan mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz halkymyza ösüşleriň altyn sahypasyny açdy. Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň beren bagty alnyp barylýan belent maksatly işlerde taryhy senelerde, ýurdumyzyň ösüşlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Toýlary –toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda barha golaýlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän çärelere, baýramçylyk dabaralaryna işjeňlik mahsus. Gadymy Lebaby toý lybasyna beslän baýramçylyk dabaralary medeniýet ojaklarynda has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň otuz ýyllyk şanly toýy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ,,Bitaraplyk-parahatçylyk ösüşleriň gözbaşy” atly baýramçylyk serginiň açylyş dabarasy boldy. Milli mirasymyzy, amaly-haşam işlerini, nakgaşlaryň surat eserlerini, şeýle hem Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri teswirleýän sergi, oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar öz gezeklerinde eşretli zamanany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize ýüreklerinden joşup çykýan buýsançly sag bolsunlaryny beýan etdiler. ____________ Uzukjemal Ýazjumaýewa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%C3%A4-2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%C3%A4-3.jpg)

No image
ARHEOLOGIK GAZUW-AGTARYŞ IŞLERINIŇ NETIJESINDE ÝÜZE ÇYKARYLAN TARYHY TAPYNDYLARY MUZEÝ GAZNASYNA TABŞYRMAK DABARASY

Muzeýler

28.11.2025

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şol mejlisde Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek barada hem tabşyryk berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary bu gün Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasy geçirilýär. Türkmenistanda gadymy arheologik we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi. Ýurdumyzyň muzeýlerinde maddy we medeni mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy halkymyza, şeýle hem dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arasynda saklanyp galan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary ýüze çykarmak, öwrenmek, durkuny saklamak, rejelemek işleri muzeýlerimiz tarapyndan hem yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmen topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Ata Watanymyz iň gadymy topragyň biri bolup, onuň medeniýetiniň we sungatynyň täsiri jümle-jahana ýaýrapdyr. Türkmen topragynyň gadymy ýadygärlikleriniň köpüsiniň üstünden ençeme asyr geçip, olaryň ajaýyplygy adamlary haýran galdyrýar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda Ahal welaýatynyň çäklerindäki taryhy ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylaryň 182 sanysy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyndan 20 sanysy Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy we muzeýiň ekspozisiýasynda sergilenip bu günki gün halk köpçüligine hödürlenýär. Dabarada Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri, «Nusaý», «Abiwerd», «Köne Sarahs», «Gökdepe» taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, «Gökdepe» milli muzeýiniň, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň hünärmenleri, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmekde, gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, geljek nesillere ýetirmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerine çäksiz sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

No image
TÜRKMENISTANYŇ TARYHY-MEDENI ÝADYGÄRLIKLERINDEN ÝÜZE ÇYKARYLYP, YLMY TAÝDAN ÖWRENILEN TAPYNDYLARYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI GURALAN SERGINIŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Muzeýler

26.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Arheologiýa gazuw-barlag işleriniň netijesinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinden ýüze çykarylyp, ylmy taýdan öwrenilen tapyndylaryň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşlarynda ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny öwran-öwran nygtaýar. Dünýä halklarynyň arasynda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar. Müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde ata-babalarymyz gaýtalanmajak nusgalara eýe bolan medeniýeti, sungaty miras goýup gidipdirler. Türkmen alymlary tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar bilen Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň ozalky täsin tapyndylarynyň üsti ýetirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi hem-de onuň garamagyndaky "Nusaý”, “Abiwerd” we “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanalary tarapyndan dürli görnüşli taryhy gymmatlyklar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyryldy. Dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň fotosuratlary, binanyň bezeg bölekleri görkezilip, olar täsinligi, daşky görnüşi, ölçegleriniň takyklygy, çyzma nagyşlarynyň çeperçiligi, ýüzüne berlen şekiller bilen haýran galdyrýar. Toýundan ýasalan küýzedir gap-gaçlaryň daşyna reňkli nagyş çekilen bolsa, syrçaly gabyň böleklerinde guşuň, gülüň şekilleri bar. Öküziň, horazyň, itiň şekilleri berlen heýkeljikler ýasalyşynyň naşylygy bilen tapawutlanýar. Gyzyň şekili çekilen gabyň bölegi sungatyň ajaýyp eserini ýadyňa salýar. Toýundan ýasalan kärizde ulanylýan güle hem täsin tapyndylaryň biridir.

No image
«TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASY» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Muzeýler

25.11.2025

2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdy. «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, gatnaşyjy talyplar muzeý gymmatlyklary boýunça referat ýazdylar. Bäsleşik Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, ol örän täsirli we çekeleşikli geçdi. Oňa gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary öz ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýlelikde, bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Ýusupowa Aýjemal Hezretmämmedowna mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Mämmetweliýewa Orazgül Hydyrmämmedowna II orna mynasyp boldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar Hormat hatlar bilen sylaglandy. Bulardan başga-da bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

No image
TÜRKMEN BITARAPLYGY-DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Muzeýler

21.11.2025

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ösüşiniň taryhy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky oňyn tejribesi häzirki wagtda dünýäde uly gyzyklanma döredýär, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň we syýasatşynaslyk merkezleriniň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmen Bitaraplygy durnukly ösüşiň binýady» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Energetika we inženerçilik desgalary» fakultetiniň mugallymy, Ýaşlar baýragynyň eýesi Meýrem Ýusubowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gazna saklaýjysy Amangül Gurbanowa dagy çykyş edip hemişelik Bitaraplygymyz barada giňişleýin gürrüň berdiler.

No image
YHLASLY ZÄHMETIŇ MIWESI

Muzeýler

07.11.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda biziň ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň zähmetine döwletimiziň örän ýokary baha berýändigini aýdyň görkezýär. Oba hojalygyna we hasyl toýuna bagyşlanan sergi üç bölümden ybarat. Serginiň birinji bölümi Türkmenistanda ekerançylygyň ýüze çykyşyna we ösüşine, ýagny Merkezi Aziýada ilkinji oturymly ekerançylygyň taryhyna bagyşlanýar. Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda gadymy Jeýtun obalarynda ilkinji ekerançylygynyň ýüze çykmagy möhüm taryhy wakadyr. Gadymy ekerançylyk ýerlerinde tapylan owguçlar, soky we soky daşy, oraklar, hasyllylygyň nyşany bolan zenan heýkeljikleri ekspozisiýalaryň witrinalarynda görmek bolýar. Serginiň ikinji bölüminde biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Fotosuratlar we suratkeşleriň çeken suratlary türkmen topragynyň sahylygyny wasp edýärler. Altynbaş gallany, «ak altynly» meýdanlary, bakja ekinlerini, şeýle hem sahy türkmen topragynda ýetişdirilýän miweleri we gök önümleri beýan edýän haly-pannolar sergä aýratyn öwüşgin berýär. Sergide ak bugdaýyň desseleri we inçe süýümli pagta hem-de ýüpek gurçugynyň pileleri bilen doldurylan horjunlar bezeýär. Şu ýerde ussat zergärleriň işleri hem goýlupdyr. Olar pagta düýpleri, bugdaý sümmülleri, üzüm hoşalary we başga miweleri bezeg daşlardan we metallardan taýýarlanan önümlerdir.

No image
RYSGALLY TOPRAGYŇ–BEREKET MUKAMY

Muzeýler

06.11.2025

Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen bedew batly ösüşleri nazarlaýan eziz Diýarymyz ýene bir şanly baýramy uly zähmet sowgatlary bilen garşylady.«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» hasyl toýunyň dabaraly çäreleri gadymy Lebaby toý lybasyna besledi .Şu gün welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda şu medeniýet ojagynda hasyl toýy mynasybetli muzeý hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň, oba hojalykçy mehanizatorlaryň, edermen babadaýhanlaryň, hasyl ussatlarynyň gatnaşmagynda «Rysgally topragyň–bereket mukamy» ady bilen muzeý gymmatlyklaryndan düzülen serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Baý many–mazmunly çykyşlary özünde jemlän dabaraly sergi oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemlän baýramçylyk sergisinde oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler _____________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy