logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN BITARAPLYGY-DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Muzeýler

21.11.2025

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ösüşiniň taryhy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky oňyn tejribesi häzirki wagtda dünýäde uly gyzyklanma döredýär, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň we syýasatşynaslyk merkezleriniň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmen Bitaraplygy durnukly ösüşiň binýady» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Energetika we inženerçilik desgalary» fakultetiniň mugallymy, Ýaşlar baýragynyň eýesi Meýrem Ýusubowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gazna saklaýjysy Amangül Gurbanowa dagy çykyş edip hemişelik Bitaraplygymyz barada giňişleýin gürrüň berdiler.

No image
YHLASLY ZÄHMETIŇ MIWESI

Muzeýler

07.11.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda biziň ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň zähmetine döwletimiziň örän ýokary baha berýändigini aýdyň görkezýär. Oba hojalygyna we hasyl toýuna bagyşlanan sergi üç bölümden ybarat. Serginiň birinji bölümi Türkmenistanda ekerançylygyň ýüze çykyşyna we ösüşine, ýagny Merkezi Aziýada ilkinji oturymly ekerançylygyň taryhyna bagyşlanýar. Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda gadymy Jeýtun obalarynda ilkinji ekerançylygynyň ýüze çykmagy möhüm taryhy wakadyr. Gadymy ekerançylyk ýerlerinde tapylan owguçlar, soky we soky daşy, oraklar, hasyllylygyň nyşany bolan zenan heýkeljikleri ekspozisiýalaryň witrinalarynda görmek bolýar. Serginiň ikinji bölüminde biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Fotosuratlar we suratkeşleriň çeken suratlary türkmen topragynyň sahylygyny wasp edýärler. Altynbaş gallany, «ak altynly» meýdanlary, bakja ekinlerini, şeýle hem sahy türkmen topragynda ýetişdirilýän miweleri we gök önümleri beýan edýän haly-pannolar sergä aýratyn öwüşgin berýär. Sergide ak bugdaýyň desseleri we inçe süýümli pagta hem-de ýüpek gurçugynyň pileleri bilen doldurylan horjunlar bezeýär. Şu ýerde ussat zergärleriň işleri hem goýlupdyr. Olar pagta düýpleri, bugdaý sümmülleri, üzüm hoşalary we başga miweleri bezeg daşlardan we metallardan taýýarlanan önümlerdir.

No image
RYSGALLY TOPRAGYŇ–BEREKET MUKAMY

Muzeýler

06.11.2025

Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen bedew batly ösüşleri nazarlaýan eziz Diýarymyz ýene bir şanly baýramy uly zähmet sowgatlary bilen garşylady.«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» hasyl toýunyň dabaraly çäreleri gadymy Lebaby toý lybasyna besledi .Şu gün welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda şu medeniýet ojagynda hasyl toýy mynasybetli muzeý hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň, oba hojalykçy mehanizatorlaryň, edermen babadaýhanlaryň, hasyl ussatlarynyň gatnaşmagynda «Rysgally topragyň–bereket mukamy» ady bilen muzeý gymmatlyklaryndan düzülen serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Baý many–mazmunly çykyşlary özünde jemlän dabaraly sergi oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemlän baýramçylyk sergisinde oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler _____________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
BILDIRIŞ !

Muzeýler

04.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda sagat 15:00-da Hasyl toýy mynasybetli «Yhlasly zähmetiň miwesi » atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
TÜRKMENIŇ KEŞDEÇILIK SUNGATY MILLI MIRASYMYZ

Muzeýler

30.10.2025

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünäriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir” diýen ajaýyp jümlesine esaslanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna hem-de halkymyzyň köp asyrlyk medeni mirasynyň iri görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlap, milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň bütin dünýä dabaralanmagyna yhlasyny gaýgyrman öz zähmetleri bilen goşant goşýan, çeper elli edepli maşgala ojagynyň abraý mertebesini belende galdyrýan zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada türkmenistanyň milli toparynyň sekretarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan edýän “Türkmeniň keşdeçilik sungaty milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň Mary welaýatynda Mary şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda 3 (üç) sany şerti boýunça türkmen gelin-gyzlarymyz öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertinde ýüpek sapaklary işip nagyşlary saýlap, saljak nagyşlaryna laýyklap ýerini biçip görkezdiler we ilkinji taýýarlyk işleri geçirdiler. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda ikinji şertinde bolsa bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar saýlap alan keşdeleri barada giňişleýin wasp etdiler.Şol bir wagtyň özünde olaryň keşde çekişine emin agzalar gözegçilik edip baha berdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjylar “Elimden çykan egnime ýarar” diýilişi ýaly öz eden el işleriniň waspyny goşgy setirleri, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen çeper wasp etdiler. Bäsleşige Mary şäheriniň çäginde ýerleşýän dürli edara kärhanalardan çeper elli gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jeminde emin agzalaryň baha bermegi esasynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ylmy işgäri Begliýewa Bägül birinji oruna mynasyp boldy.Bu bolsa ene-mamalarymyzdan däp bolup gelýän gyzyldan gymmatly keşdeçilik sungatynyň nesilden-nesile geçip gelýändiginiň aýdyň güwäsidir. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň el hünärinden döreýän milli senedimiz ölmez-ýitmez sungatdyr. Türkmen keşdeleri bu türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Keşde dünýäde iň giň ýaýran we has gadymy sungatyň biridir . Zenenlarymyzyň milli keşdeleri öz gözbaşyny müňýyllylaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Milli nusgalar nesilden-nesile geçip biziň şu günlerimize kämillik derejä çenli ýetirlip gelnipdir. Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz zenanlar hakda örän uly aladalar edýärler şol sanda türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagyndan, sünnälenen inçeden edilip, zenan kalbyndan joşup çykan täsin we täsirli sungat eserlerine hem aýratyn uly baha berip örän uly goldaw berýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabynyň bir parçasy zenanlarmyza degişli bolup “Ýaş türkmen zenany berkarar Döwletiň mertebe tugy” diýip atlandyrmagy biz zenanlar üçin uly buýsançdyr. Şol parçada şeýle sözleri aýdýar “Ýaş zenanlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki mynasyp oruny barada gürrüň edilende, olaryň milli keşdeçilik sungatynyň, dokmaçylygyň, ýüpekçiligiň, zergärçiligiň kämil derejede ösdürilmeginde, nesilden-nesile geçmeginde ýokary ussatlyk görkez- ýändigini aýtmak gerek. Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünärleriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir” diýip bellemegi hem türkmen zenanlarymyzyň keşdeçilik sungatyna goýýan hormatynyň aýdyň subutnamasydyr. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin. _____________ Bägül BEGLIÝEWA

No image
MÜŇ DÜRLI ÖWÜŞGÜNLI MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY

Muzeýler

28.10.2025

Her bir güni buşluga, hoşluga, joşguna beslenýän bagtyýar zamanamyzyň ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň paýhasly güýz paslynyň nurana günleri halkymyza bagtyýarlyk nuruny eçilip, kalplarymyza egsilmejek ylham çaýýar. Barha golaýlaşyp gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy bilen utgaşýan dabaraly çärelere bolsa işjeň häsiýet mahsus. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ilerleýär. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapýar. Ýaňy ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarýady, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli welaýatymyzyň çeper elli zenanlarynyň, kümüş saçly mährem enelerimiziň, nurana gelin - gyzlarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Baý many-mazmunly, täsirli çykyşlary özünde jemlän bu duşuşyk, milli mirasymyzyň dürli görnüşlerini we muzeý gymmatlyklarymyzy giňden ýaýbaňlandyrylan serginiň müň dürli öwüşgünleri bilen utgaşdy. Bäş müň ýyllyk taryhyny özünde jemleýän amaly-haşam, keşdeçilik, keçe basmak, haly dokamak, bagşyçylyk we dutar ýasamak ýaly hünärler milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy, mähir hem-de yhlas siňdirilip bejerlen tahýalarymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp reňkleri siňen keşdelerimizi we keçelerimizi içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Dabaraly duşuşykda oňa gatnaşan zenanlaryň her biri bagtyýar zamanany peşgeş beren milli mirasymyzy, arşyň nepisligine deňelýän nepis haly sungatymyzy, öwrenmäge hem-de ýaş nesle milliliklerimizi wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekleriniň töründen çykýan ajaýyp alkyşlaryny beýan etdiler. ______________________ Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
WEPALYLYGYŇ NUSGASY

Muzeýler

24.10.2025

Türkmen alabaýynyň meşhur tohumyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň many-mazmunynyň örän köpdürlüdigi hem-de geriminiň giňdigi bilen bagly Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde itşynaslygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we alabaýlaryň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, itleriň bu tohumynyň dünýäde şöhratynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda itşynaslygyň ösdürilmegine we has-da kämilleşdirilmegine ýardam edýän beýleki medeni çäreler her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne «Wepalylygyň nusgasy» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy, türkmen alabaýlaryny wasp edýän zergärçilik eserleri synlamak bolýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimize sowgat berlen şekilli halylara sergide aýratyn orun berilýär. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, bu olaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini alamatlandyrýar.

No image
BILDIRIŞ !

Muzeýler

20.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda sagat 15:00-da Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Wepalylygyň nusgasy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
«GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR» ATLY SERGI

Muzeýler

10.10.2025

Hakyda milletiň durmuşynyň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Ol nesilleri birleşdirýän, göze görünmeýän, mäkäm baglanyşykdyr we diňe bir däp-dessurlary aýawly saklamaga däl-de, eýsem, taryhy tejribäniň binýadynda täze durmuşy gurmaga, gelejegi döretmäge mümkinçilik berýär. Öz şirin jany bilen Watanyň azatlygyny goran gahrymanlara, öz ruhy mukaddesliklerine hormat-sarpa goýmak, milli mirasy, halkymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň subutnamalary bolan taryhy künjekleri aýawly gorap saklamak asylly ýörelgedir. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni hem bellenilýär. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu gün türkmenistanlylar Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň öňünde baş egýärler, häzirki wagtda ýaşap ýören weteranlara hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýarlar, urşuň yzynda galan eneler hakyky hormat-sylag, alada bilen gurşalandyr. Ýaşlarymyza görelde almaga ajaýyp nusgalar bardyr-Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşen edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly işleri halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, il-ýaşulylary we kümüş saçly eneler hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň we başga-da Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler bu serginiň hormatly myhmanlary boldular. Sergide uruş-döwrüni suratlandyrýan we gaýduwsyz söweşen gahrymanlarymyzy görkezýän surat eserleri, ene-mamalarymyzyň gadymy çyrpylarydyr, zergärçilik sungatyna degişli gadymy şaý-sepleri we ýigitlerimiziň uruş esbaplary we birnäçe muzeý gymmatlyklary sergilenen. Ak ertirlere alyp barýan, asuda we parahat ýurtda ýaşamana, halal zähmet çekmäne uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!

No image
«PEDERLERIMIZE HORMAT» ATLY SERGI

Muzeýler

09.10.2025

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýer titremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny diläp, bütin türkmen halky ýagşy doga-dilegleri edýärler. Şol güne bagyşlanyp biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Pederlerimize hormat” atly sergi gurnaldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Gökdepe bosgunlary”, Ýarly Baýramowyň “Ajy habar”, Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň “Dileg” hem-de ussat suratkeşlerimiz Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Tyldaky esgerler”, Kakamyrat Baýlyýewiň “Ýer titreme” ýaly nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlarymyz Alekseý Şetininiň “Ýeňiş ady bilen at we gylyç”, Muhammet Ýüzbaşewiň “Habar”, “Garaşmak” atly heýkel eserlerinde öten-geçenleriň ýowuz günlerinden bir pursat şekillendirilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jebisleşip gurýan we döredýän eziz halkymyz nesilden-nesle geçip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýulýar. Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň, tebigy betbagtçylyk zerarly öý öwzaryny ýitiren hem-de ejir çeken, emma ýowuz synaglara döz gelip, diri galan hem-de öz merjen şäherimizi gaýtadan dikelden gahrymanlarymyzyň öňünde baş egýäris!