logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
SOGAPLY IŞLERIŇ GERIMINI GIŇELDIP

Täzelikler

10.11.2025

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ KÖPÇÜLIKLEÝIN BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞDY 8-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi. Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň çar künjeginde giň möçberli tokaý zolaklaryny, döwrebap seýilgähleri döretmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. ...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Täze şäheriň çäklerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Sogap işe gatnaşýanlaryň ruhubelentligi, medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu ýerde aýdymçylar bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirdi. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda guralan dabarada halkymyzyň agzybirligi, asylly işlere bolan höwesi, ýurdumyzyň abadançylygy öz beýanyny tapdy. Asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri we bagşy-sazandalar türkmen toýlarynyň baş bezegi bolupdyr. Bu ýörelgeleriň häzirki bagtyýar döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olara milli sungatymyza, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza, belent daglarymyza, gözel tebigatymyza buýsanyp, olary öz eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny berdi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi has-da baýlaşdyrmak, täze sungat eserlerini döretmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, Milli Liderimiz ýurdumyzyň sungat ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň has-da ösdürilmegi, onuň dünýä çykmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdym-sazly çykyşlar bilen at üstünde sazlaşykly hereket eden oglanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde “Türkmenistan” ýazgyly, bedewleriň şekili ýerleşdirilen, sünnälenip taýýarlanan boýun lybasyny (şarf) gowşurdy. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
EKOLOGIK ABADANÇYLYGY PUGTALANDYRMAK-DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

Täzelikler

10.11.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASYNA GATNAŞDY 8-nji noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologik abadançylygy ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologik çäre bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän wajyp medeni-durmuş wakasydyr. Ol adamlarda, aýratyn-da, ýaş nesillerde tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle yzygiderli tagallalaryň netijesinde paýtagtymyzyň we Diýarymyzyň beýleki şäherleriniň daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen gurşalýar. ...Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine-paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren däp-dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ÖŇDE BOLJAK ŞANLY SENELERI DABARALANDYRMAK BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK DÖWLET TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINI GEÇIRDI

Täzelikler

07.11.2025

6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady. “Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe mynasyp goşant goşulmalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralardyr beýleki çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna giň möçberli medeni çäreler we dabaralar geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni-durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi üpjün ediler. Bu işlerde milli myhmansöýerlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylar. ___________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Täzelikler

06.11.2025

5-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki işler talabalaýyk dowam edýär. Şunda şäheriň ähli düzümlerinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde eýeleýän derejesini pugtalandyrýar. ...Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine garaljakdygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäresi bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görülýändigini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň ýokary derejede, giňden belleniljekdigini nygtady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda bu gün uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köp sanly çäreleriň guralandygyny belläp, ýokary derejede geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähmiýetli resminamalaryň kabul edilendigine ünsi çekdi. ____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HALYPALYK BAGY–SUNGAT MIWESI

Täzelikler

05.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda medeniýet we sungat äleminde uly ösüşler gazanylýar. Bu gazanylýan ösüşler babatynda sungatda kämil düşünjeleri, döwrebap pikirleri ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzda halkara döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlary we sergileri yzygiderli geçirilýär. Ussat suratkeşleriň halypalyk etmeginde sungatymyz pajarlap ösýär. Döwrümiziň beýik taryhy ýazylýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçirilen “Mekdebe öwrülen ömür” atly sergini aýratyn bellemek bolar. Sebäbi bu sergide türkmen halkynyň sungat dünýäsinde aýratyn orun alan Türkmenistanyň halk suratkeş Annadurdy Almamedow özüniň halypalyk eden şägirtleri bilen bilelikde nusga alarlyk eserleriň birnäçesi görkezildi. Halypanyň tutuş ömrüniň 60 ýylyny mugallymçylyga bagyş edip, onuň ýetişdiren şägirtleri häzirki günde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekmek bilen şekillendiriş sungatynyň ösmeginde özleriniň goşandyny goşup gelýärler. Annadurdy Almamedowyň sungaty tebigatyň gözelligine, aýratyn-da daglaryň belentligine we olaryň özboluşly ruhuna bolan söýgüsi bilen tanalýar. Suratkeşiň eserlerinde daglar diňe bir tebigatyň bir bölegi hökmünde däl-de, eýsem türkmen halkynyň ruhuny, mähriban Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, arassalygyny we beýiklik duýgusyny aňladýan nyşanalyk bolup saýlanýar. Halypanyň her bir eserinde tebigatyň gözelligine bolan çäksiz hormat-sarpa we döredijilik joşguny duýulýar. Şeýle ajaýyp pikirleri halypanyň şägirtlerinde hem görmek bolýar. Halypanyň döredijilik ýoly–öz Watanyna bolan söýgüsi alamatlandyrmak bilen ýaş nesillerimize mekdep bolup hyzmat edýändiginiň ähmiýetini açyp görkezýär. Annadurdy Almamedowyň eserleri ýaş suratkeşler üçin ylham çeşmesidir. _____________ Akgözel Sahatmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK ŞAHYRY GARA SEÝITLIÝEWIŇ DOGLAN GÜNINIŇ 110 ÝYLLYGY

Täzelikler

05.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň hem her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly işleriniň netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimize we sungatymyza, halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn üns berilýär. Öz döwründe görnükli yz galdyran halypalarymyza, kompozitorlarymyza, şahyrlarymyza, umuman, sungat ussatlarymyzyň sarpasy bu günki gün has belentde tutulýar. Ussat halypalarymyza bagyşlanyp döredijilik duşuşyklaryň, konsertleriň, edebi agşamlaryň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Biziň sungat ojagymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda hem şeýle täsirli duşuşyklar yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň halk şahyry Gara Seýitliýewiň doglan güniniň 110 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýatlama konserti hem örän ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Bu konsertda tomaşaçylara Türkmenistanyň halk şahyry Gara Seýitliýewiň ömür döredijiligine bagyşlanan wideoýazgy görkezildi. Ýeri gelende belläp geçsek ussat şahyrymyzyň goşgularynyň köpüsi kompozitorlar tarapyndan aýdym edilip bagşy-sazandalar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi we halkyň kalbynda hemişelik ýer aldy. Gara Seýitliýewiň goşgularyny şirin aýdymlara öwren kompozitorlardan Daňatar Öwezowy, Rejep Gutlyýewi, Andreý Babaýewi, Sahy Jepbarowy, Geldi Ugurlyýewi, Hydyr Allanurowy ýatlamak bolar. Konsertiň dowamynda şahyryň sözlerine Daňatar Öwezowyň sazyna “Leýla” aýdymy, “Balykçynyň aýdymy” arhiwde wideoşekilli ýazgy esasynda diňleýjilere görkezildi. Rejep Gutlyýewiň sazyna döredilen “Daň şemaly”, Daňatar Öwezowyň sazyna döredilen “Hallygözel” aýdymyny Maýa Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde 4 - nji ýyl talyp Ýusup Ataýew ýerine ýetirdi. Andreý Babaýewiň sazyna “Enejan”, “Ýaşlyk aýdymyny” Aýna Seýitgulyýewa ýerine ýetirdi. Sahy Jepbarowyň sazyna döredilen “Görşeli” aýdymyny Meýlis Goçmyradow, “Şahyrym” aýdymyny Magtymguly Magtymgulyýew, Geldi Ugurlyýewiň sazyna döredilen “Zor oglan” aýdymy 4-nji ýyl talyp Ejegül Hallyýewa dagylar ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Hydyr Allanurowyň sazyna döredilen “Şat Watanyň aşygy” aýdymy Suraý Kubyýewanyň ýerine ýetirmeginde, Mergen Astanowyň sazandarlyk etmeginde diňleýjilere ýetirildi. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy, Türkmenistanyň medeniýetde at gaanan işgäri şahyr zenan Tuwakgül Gylyjwa, Gara Seýitliýewiň agtygy Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Ogulsona Seýitliýewa dagylar hem-de, Türkmen milli konserwatoriýamyzyň halypa, professor mugallymlary Gara Seýitliýew hakda birnäçe ýakymly ýatlamalary gürrüň berdiler. Biz talyplara okamaga, öwrenmäge, halypalarymyzy häli şindi ýatlap gyzykly edebi agşamlary, konsertleri geçirmek üçin giň şertleri döredip, halypa- şägirtlik ýolunuň ösmegi üçin aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! ___________________ Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Täzelikler

05.11.2025

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa-ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa-ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalyna öwrüler. Türkmenistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri bu dialog yzygiderli ösdürilip, syýasatdan we ykdysadyýetden başlap, ynsanperwer hyzmatdaşlyga çenli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Iki döwletiň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk oňyn häsiýete eýedir. Her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler bilelikdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. ABŞ Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ýokary baha berip, oňa Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti, öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde garaýar. «Merkezi Aziýa-ABŞ» formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär. Formatyň ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak boýunça iş toparlarynyň çäklerinde taraplar sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we umumy meseleleri çözmek üçin bilelikde täze çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar. Özara gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunda 2008-nji ýyldan bäri iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde netijeli mehanizm bolup durýan «Türkmenistan-ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň medeni, bilim ugurly alyşmalary ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. 2023-nji ýylda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak üçin berk binýady döretdi. ...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň ABŞ-a iş sapary dowam edýär. _____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
DURNUKLY ÖSÜŞIŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

Täzelikler

04.11.2025

AWAZADA HALKARA FORUM GEÇIRILÝÄR 3-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň guraýan giň gerimli sergisi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary giň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan ajaýyp baýramçylyk gurşawyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan halkara serginiň we maslahatyň ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, gurluşyk, senagat toplumynyň pudaklarynyň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiligini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýetini belläp, Awazada geçirilýän bu möhüm çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, toplumyň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi. “Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň sebitlerinde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala gelýär. Binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi, häzirki zaman bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary hem-de beýleki binalardyr desgalar guruldy. Olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladanyň ýokary derejä göterilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Soňra foruma gatnaşyjylar serginiň ekspozisiýasy bilen tanyşdylar. _________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN MANADY-DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

Täzelikler

03.11.2025

1-nji noýabrda “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň milli pul birliginiň dolanyşyga girizilen senesi ýurdumyzyň Garaşsyzlygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ykdysady özygtyýarlylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň ýolunda ynamly öňe gitmegiň nyşanydyr. 1993-nji ýylda manadyň dolanyşyga girizilmegi döwlet berkararlygyny üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana özbaşdak we durnukly milli ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik berdi. Indi 32 ýyldan bäri türkmen manady öz durnuklylygyny görkezip, ýurdumyzyň oýlanyşykly makroykdysady syýasatynyň beýany bolup durýar. Milli manadymyzyň durnuklylygy raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň kepili, maýa goýumlary çekmegiň esasy şertidir. Munuň özi halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döredýär. ...Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi guraldy. Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna iberen Gutlagynda milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bank ulgamy çalt depginlerde ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Oňa döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de netijeliligi we hili gowulandyrylýar. Milli manadyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli kämilleşýär, täze pul dolanyşygynyň esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli kämilleşdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MITSUBISHI HEAVY INDUSTRIES, LTD.» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

03.11.2025

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem myhman Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz myhmana Türkmenistan bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary ýurdumyzda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, energetika, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar. “Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygymyzy täze ugurlar boýunça ösdürmäge uly mümkinçilik bar diýip hasap edýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan, karbamid öndürmäge niýetlenen toplumyň Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Işewür netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýdyp, «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito işinde üstünlikleri arzuw etdi. ________________ «Türkmenistan» gazeti