logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«Meniň Watanym» atly aýdym-sazly konsert

Täzelikler

13.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozitor S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanyp “Meniň Watanym” atly aýdym-sazly konsert geçirildi. Ajaýyp ussadyň döredijiligine degişli bolan birnäçe aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Ussat, halypa kompozitor Suhan Tüýliýew tarapyndan alnyp baryldy. Ilkinji çykyş S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň döredijiligine degişli bolan “Ganly saka” operasy, “Meniň Watanym” simfoniki poemasy, “Türkmen sýuitasy”, “Magtymgulynyň ýadygärligine” №1 simfoniýasy, “Gahrymançylykly” №2 simfoniýasy, “Ejemiň ýadygärligine” №3 simfoniýasy, “Gökdepe” (“Pelek”) №4 simfoniýalaryna häsiýetnama berdi we birnäçe gyzykly ýatdan çykmajak wakalary gürrüň bermek bilen başlandy. Soňra M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Söýgülim gelýär», «Säher aýdymy» ýaly birnäçe ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Konserwatoriýanyň mugallymy M.Myratgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde “Ilki söýgim nirde sen?” aýdymy konserde has hem joşgun paýlady. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň we Meýlis Myratgeldiýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Ganly saka” operasyndan “Aýlar bilen Çaryýaryň dueti” we “Aşgabat” aýdymy ýerine ýetirildi. Soňra Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy S.Baýlyýewiň ýerine ýetirmeginde W.Muhadowyň fortepiano döredijiligine degişli bolan “Improwizasiýa” eseri ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda S.Tüýliýew tarapyndan “Meniň Watanym” simfoniki poemasynyň gurluşynyň derňewi, wideo ýazgylary diňlenildi. Görkezilen ähli çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygyny aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Orazbagt ARSLANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly hasabat konsert

Täzelikler

13.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni toýdur dabaralara şanly wakalara beslenýär. Ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet sungat ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýylymyzyň şygary, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň adyny buýsanç bilen göterýän ussat kompozitor türkmen aýdym-saz sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli hasabat konserti geçirildi. Konserda gelen myhmanlary teatryň girelgesinde Şöhratberdi Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambly öz şirin-owazly aýdymlary bilen garşy aldylar. Bu ýerde mekdebimiziň kitaphanasy tarapyndan gurnalan ajaýyp sergisi özboluşly bezeg berdi. Konsert üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň h ýerine ýetirmeginde Saparmyrat Baýlyýewiň sazyna, Merdan Sähedowyň sözlerine döredilen “Türkmenistan” atly ajaýyp aýdym bilen badalga aldy. Amangeldi Hudagulyýewyň dirižýorlyk etmeginde bu aýdymy Mergen Ataýew, Yhlas Welhanow hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi. Abdylla Mämmedowyň ýolbaşçylyk etmegindäki “Çandybil deprekçiler” toparynyň “Saz çemeni” atly kakuwlary dabara has-da joşgun berdi. Konsert simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Hezret Reýimbaýewyň döreden “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen ajaýyp aýdymy bilen tamamlandy. Eseri Eziz Jumagulyýewiň dirižýorlyk etmeginde Begdurdy Çerkezow, Oguljeren Seýidowa hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Konsert tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el-çalpyşmalar bilen tamamlandy. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn. O.K HAÝDAROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

No image
«Kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri» atly okuw-usuly maslahaty

Täzelikler

13.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri” atly okuw-usuly maslahat geçirilip, birnäçe halypa mugallymlar, şeýle hem Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň we S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Bu okuw-usuly maslahaty Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň müdiri, kompozitor K.Garowow “Kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň orny” atly temada eden çykyşy bilen başlandy. K.Garowow özüniň çykyşynda kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň örän uly ornunyň bardygyny, esasy başlangyjyny çagalar sazçylyk mekdeplerinden gaýdýandygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor, uly mugallym D.Hydyrowyň çykyş eden temasy “Ýaş mugallymlara hünär dersini okatmak üçin maslahatlar” bolup, talyplara saz düzmekligiň ýoly, usuly barada birnäçe peýdaly maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S.Tüýliýew “Gurallama we partitura okamak dersleriniň kompozitor talyplar üçin ähmiýeti” atly temada çykyş etmek bilen, kompozitor bolmak üçin gurallama we partitura okamak derslerinden baş çykarmagyň örän wajypdygyny aýtdy. Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy, zehinli türkmen kompozitory M.Annamyradow “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw dersini okatmak boýunça teklipler” hakynda giňişleýin durup geçdi we kompozisiýa hünärini okatmaklyk boýunça birnäçe tekliplerini aýtdy. Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi J.Reýimowa “Çagalar sazçylyk mekdeplerinde çagalary saz döretmeklige höweslendirmek” temada çykyş etdi. Sazçylyk mekdebinde birnäçe çagalaryň saz düzmeklige höwesiniň bardygyny, şolaryň arasynda bäsleşikleri gurnamagy, şol geçirilen bäsleşiklere bolsa ussat, halypa kompozitorlaryň adyny dakmaklyk maksadalaýyk boljakdygyny belledi. S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy A.Annaýew bolsa “Ýaş kompozitorlaryň eserlerini halk köpçüligine ýetirmegiň usullary” atly temada çykyş etdi. Ýaş kompozitorlaryň döreden eserleriniň halk köpçüligine ýetirilmeginde sanly platformalarynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ara alnyp maslahatlaşylan çykyşlar ýaş kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri bolup, biz talyplara şeýle hem ýaş mugallymlara usuly sapak boldy. Bu diňe bir okuw-usuly maslahat bolman, eýsem, ýaş nesilleriň ussat halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda çykyş eden kompozitorlar ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň, belli şahsyýetleriň döredijiligini içgin öwrenmekde berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Täzelikler

11.05.2026

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hoş owazly aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp zähmet üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan giň möçberli işleri öz beýanyny tapdy. «Türkmenistan» gazeti

No image
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara

Täzelikler

08.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungatymyzyň we medeniýetimiziň bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynyň birine öwrülýär. Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz toparlary hem özleriniň ajaýyp eserlerden düzülen konsertleri bilen ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde, dürli künjeklerde çykyş edýärler. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Köpetdag etrap häkimliginde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminde baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Bu çäre Watan goragçylarynyň ýadygärligini hormat bilen ýatlamaga gelen tomaşaçylardan, talyp ýaşlardan, halypa mugallymlardan, myhmanlardan doly boldy. Konsertde mekdebiň mugallymy Amangeldi Hudagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestriniň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň hemmelere tanyş bolan aýdymdyr sazlary bilen deň hatarda, türkmen kompozitorlarynyň hem eserleri ýaňlandy. Ýüreklerde galan türkmen kompozitorlaryň R.Rejebowyň “Ýalňyz ýoda”, N.Halmämmedowyň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Duran ýerleri, D.Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”, A.Agajykowyň “Mirasdar”, B.Hudaýnazarowyň “Ene elleri” ýaly aýdymlar ýaňlandy. Aýdymlary mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyplary Y.Welhanow, A.Abdullaýewa we M. Muhammedow, şol bölümiň mugallymlary B.Çerkezow, M.Ataýew, I.Atahanow, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň I ýyl talyby R.Kakamyradow dagy ýerine ýetirdiler. Konsertde “Estrada sungaty” bölüminiň talyplary R.Kamilow we A.Şaripow ýekelikde daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Saz gurallarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen Aleksandr Pahmutowyň “Поклонимся тем великим годам”, Dawid Tuhmanowyň “День Победы” ýaly aýdymlar köpmilletli ýeňiji halkyň gahrymançylygynyň ebedi nyşanyna öwrüldi. Konsert tomaşaçylaryň bir agyzdan ýerine ýetirmeginde ýeňiş aýdymy bilen tamamlanyp, gyzgyn el çarpyşmalar uzak wagtlap dowam etdi. Bägül AÝDOGDYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

No image
«Bahar ylhamy» atly aýdym-sazly konsert

Täzelikler

04.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler we döredijilik duşuşyklary gurnalýar. “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Bahar ylhamy” atly türkmen kompozitorlarynyň aýdym-saz eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Konsertiň başynda I.Güseýinowanyň ýolbaşçylyk edýän “Saz mugallymy” kafedrasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde kompozitor K.Garowowyň D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Beýik ykbal Pyragy” eseri dabaraly ýaňlandy. Soňra G.Sähetliýewa M.Amanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti, tanymal kompozitor D.Hydyrowyň G.Daňatarowyň sözlerine döreden “Bagyş et maňa”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi A.Gylyjowa J.Ataýewanyň sazandarlyk etmeginde tanymal kompozitor D.Hydyrowyň şahyr G.Şagulyýewanyň sözlerine döreden “Dillerde dessanym, gel”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi G.Taýlyýewa J.Reýimowanyň “Ykbal” wokal toplumyndan “Ýagyşly säher”, “Sen gelersiň”, Ý.Aşyrowyň “Men seni ýatlamda” ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler. K.Garowowyň kompozitor N.Halmämmedowa bagyşlap döreden “Taplanyş ýoly” atly skripka, wiolonçel, fortepiano üçin eserini B.Abdyýewa (skripka), S.Rozyýewa (wiolonçel), G.Bäşimowa (fortepiano) ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertde T.Jumaýewanyň sazandarlyk etmeginde, Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň “Paýtagt” skripkaçylar topary K.Garowowyň “Eziz Türkmenistanym” we “Mähriban siz eneler”, “Joşgun” akapella toparynyň solistleri bolsa K.Jumagulyýewiň “Türkmen bedewi” eserini hyjuwly ýerine ýetirdiler. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi K.Hudaýberdiýewiň (balaman), Ş.Kamilowyň (fortepiano) ýerine ýetirmeginde tanymal kompozitor S. Tüýliýewiň “Ezizim” eseri ýaňlandy. Şeýle hem S.Tüýliýewiň iň soňky döreden saksofon, skripka, fortepiano üçin “Ogulbeg” eserini K.Hudaýberdiýew (saksofonda), Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi S.Atanyýazow (skripkada), Ş.Kamiljanow (fortepianoda) joşgunly ýerine ýetirdiler. Kompozitor S.Tüýliýew özüniň döreden “Ogulbeg” atly ajaýyp sazynyň 1-nji bölüminde “Ogulbeg” halk aýdymynyň, 2-nji bölüminde özüniň döreden “Pendi nagmalary” toplumynyň “Uzuklaryň girişi”, 3-nji bölüminde bolsa “Nejoldy” sazynyň elementlerini ulanypdyr. Bu saz diňleýjiler tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Türkmenistanyň halk artisti D.Hydyrowyň skripka we fortepiano üçin “Ýumoresko” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Bu eseri G.Meredowa (skripkada), B.Joraýew (fortepianoda) ajaýyp ýerine ýetirdiler. Ussat halypa kompozitorlaryň döredijiliginden düzülen konsertler kompozisiýa, şeýle hem saz sungaty ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da peýdalydyr. Bu diňe bir aýdym-sazly konsert bolman, eýsem, ýaş nesilleriň şeýle halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Biz ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň döredijiligini, olaryň döreden eserlerini öwrenmekde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly

Täzelikler

04.05.2026

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 81 ýyllygy hem-de hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanyp «Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Her bölümçede mugallymlar, beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan mugallymlar we talyplar dürli temalar boýunça çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşi dabaraly ýagdaýda bellenilýär we häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary üçin, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris diýip çykyşlarda bellenildi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Beýik Ýeňşimizi şöhlelendirýän döredijilik eserleriniň sergisine mugallymlaryň we talyplaryň gezelenç syýahaty edildi. Asuda, parahat durmuşymyzy wasp edýän eserlerde ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikleri, halkymyzyň agzybirligi, parahatçylyk söýüjiligi we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýan döredijilik eserlerine syn edildi. Şeýlelikde, ýaş nesillerimizde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.

No image
Hyjuwly sazlaryň ýaş kompozitory

Täzelikler

04.05.2026

2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň dowam edýän günlerinde ýaş kompozitor “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň uçurymy Saparmyrat Baýlyýewiň eserlerinden düzülen “Ömrümiň Nury...” atly konsert geçirildi. Konsertiň başynda fortepiano üçin “Prelýudiýa” we “Tema we wariýasiýalar” awtoryň ýerine ýetirmeginde diňlenildi. Soňra “Hyjuw” skripka we fortepiano üçin eseri D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň I-nji ýyl talyby, “Bagyşlama” we “Sözsüz aýdym” fleýta we fortepiano üçin eseri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I-nji ýyl talyby Hurma Goşjanowa ýerine ýetirdi. “Wals” we “Gözel Diýarym” kanon we fortepiano üçin eserleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby, “Ýaşlyk joşguny” bäsleşiginiň ýeňijisi Nurana Şöhradowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Konsertde diňe bir instrumental žanrlar däl-de, eýsem wokal žanrynda döredilen eserler hem ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýew “Seni gözläp”, “Ejeme”, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan diýarym 2014!” telebäsleşiginiň ýeňijisi Azat Bazarow “Türgeniň söýgüsi”, “Bu gün” ýaly aýdymlary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň has-da tolgundyryjy pursatlarynyň biri “Ömrümiň nury” kamera orkestri üçin eseri D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestriniň ýolbaşçysy Perman Miriýewiň dirižýorlyk etmeginde ilkinji gezek ýaňlandy. Konsertiň jemleýji pursatlarynda “Türkmenistan” we “Türkmenistanym” solist we simfoniki orkestri üçin waspnama D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy Mergen Ataýew, Azat Bazarow we D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň hor topary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew öz çykyşlarynda ýaş kompozitora mundan beýläk hem Watanymyzy, sungatymyzy wasp etýan aýdymlaryň has-da köp bolmagyny, ýerine ýetiren talyplara, mugallymlara üstünlik arzuw etdiler. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdyldy. Aýna ÇARYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTAN — TÜRKSOÝ: DOGANLYK HALKLARY ÝAKYNLAŞDYRÝAN MEDENI DIALOG

Täzelikler

04.05.2026

3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Şunda parahatçylygyň, dostlugyň, özara ynanyşmagyň möhüm guraly hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Bu gurama tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumytürki gymmatlyklaryň dünýä derejesinde dabaralandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleriniň TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda guralýan festiwallara, sergilere, konsertlere işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň guralmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda nobatdaky ädimdir. Bu çäre türki halklaryň arasyndaky taryhy we ruhy bitewüligi has-da berkitmek bilen, Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm merkezine öwrülýändigini görkezýär.

No image
Ýaş zehinli kompozitor Aýläle Gulmuradowanyň awtorlyk konserti

Täzelikler

02.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde geçirilen “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmuradowanyň awtorlyk konserti hem şeýle dabaraly çäreleriň biri boldy. Bu konserda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary, halypa kompozitorlar we talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň başynda konserti açyp bermek üçin “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerimguly Garowowa söz berildi. Soňra ajaýyp konsert ýaş zehinli kompozitor Aýläle Gulmuradowanyň döreden ajaýyp aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi. Konsert maksatnamasy Wepa Allaşowyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Ili gözlär” atly aýdym bilen açyldy. Soňra, dabara Läle Arazdurdyýewanyň, Ýusup Ataýewiň, Aşgabat şäher 4-nji çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Näzli Pirkulyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Şahyrym”, “Ýazym şeýle owadan”, “Muhtaç eýleme”, “Çeşmäm” ýaly ajaýyp aýdymlar bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen ähli aýdymlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Şeýle-de, konsert maksatnamasyna girizilen “Fortepiano üçin 6 miniatýura”, “Tema we onuň wariasiýalary” atly fortepiano üçin eserleri diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor Daňatar Hydyrowa söz berildi. Halypa mugallym ýaş kompozitora geljekde has-da öňegidişlikleri we ak ýol arzuw etdi. Konsertiň ahyrynda Wepa Allaşow we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde Osman Aşyrowyň sözlerine döredilen “Watanym” Alkyşnama eseri döwrümiziň waspyny ýetirip, köňül alkyşlaryna beslenen ajaýyp jemlenme boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar talyp-ýaşlaryň öz zehinini açyp görkezmegi we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň IV ýyl talyby