logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

02.04.2026

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
DÖREDIJILIK SERGISI

Täzelikler

01.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Suratkeşiň «Daragtyň miwesi» toplumy, «Ýolagçylar», «Ýol işçiler», «Duşuşyga», «Maşgala», «Gowagyň syry», «Dünýäler», «Geň myhman», «Täsin guş» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde grafika sungatynda dörän eserler halkyň ruhuny galkyndyrmakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Suratkeş Oraz Agabaýew grafika sungatynyň mirasyny baýlaşdyrjak ajaýyp eserler toplumlaryny döretdi. Halypa suratkeş ýurdumyzda geçirilýän sergilere hem-de halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň daşary ýurtlarda gurnaýan sergilerine hem gatnaşyp, sungat muşdaklarynyň aýratyn söýgüsini gazanýar. Oraz Agabaýewiň döredijilik işlerine Moskwa şäherinde geçirilen döwletara sergisinde uly orun berildi. Suratkeş Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder.

No image
UÇURYM TALYPLARYŇ KONSERTLERI DOWAM EDÝÄR

Täzelikler

01.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylda ýurdumyzda aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde birnäçe çäreler, bäsleşikler we festiwallar alnyp barylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki ýekelikdäki konsertleri dowam edýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurym talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedow “Dutaryň owazy”, A.Wiwaldi, “Ýyl pasyllary” Tomus II-III bölümler, H.Rizaýew “Çargah rapsodiýasy”, Ý.Klepanow “Ispan tansy”, Ý.Şabalin Improwizasiýa na temu L.Ýanga “Na sypoçkah” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin gerekli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Gülkamar DÖWLETOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTAN — BMG: HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA

Täzelikler

01.04.2026

31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alyp barýan daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda möhüm çäredir. Mejlise Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Mejlisde bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda işleri üstünlikli alyp barmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat babatda hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli onuň dört mejlisi geçirildi. Ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, bu geňeşiň mejlisini ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk bermegi onuň möhüm ähmiýetini aýdyň ýüze çykarýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI

Täzelikler

01.04.2026

31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde bellenilişi ýaly, saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy ugra ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu strategiýa döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, milli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara standartlara laýyklykda guraldy. Möwsümiň dowamynda we saýlawlaryň geçirilen gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezmegi şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
HIJRAN JORAKULYÝEWIŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI

Täzelikler

30.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Halkara bäsleşikleriň laureaty Jorakulyýew Hijranyň ýekelikdäki “Uçurum - 2026” atly konserdi geçirildi geçirildi. Konsert Hijranyň meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Elegiki prelýudiýa we fuga” atly fortepiano üçin eserini taýýar-saýlama akkordeon üçin täzeden işlän sazy bilen başlady. Soňra Frank Anželisiň “Ритмическая коробочка” eserini Akardeon saz guralynda rän täsirleri ýerine ýetirdi. Rus we sowet kompozitory Анатолий Журбин “Соната № 2” e-moll sazy ýaňlandy. Konsert ýaş sazanda Hijranyň ýene-de bir täzeden işlän Fransuz kompozitory we pianisty Камиль Сен-Санс “Пляска смерти” atly eseri bilen diňleýjileri akkordeon saz guralyndan çykýan owazy bilen özüne maýyl etdi. A.Babaýewiň “Звёздный вальс” atly eseri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. A.Şapoşnikow we W.Muhadowyň “Zöhre-Tahyr” operasyndan “Zöhräniň aýdymy” eseri ýerine ýetirdi. Konsert N.Halmämmedowyň “Ýetişermikä” atly aýdymy bilen dowam etdi. Soňra ýene-de Awstriýa kompozitory F.Şubertiň döredijiliginden “Serenada” ýaňlandy. Hijranyň ýerine ýetiren Анатолий Белощицкий “Испанская сюита” atly eseriniň 5-nji bölümi bilen konsert jemlendi. Konsert jemlenenden soň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary Halkara bäsleşikleriň laureaty Hijran Jorakulyýewi gutladylar we oňa üstünlik arzuw etdiler. Şeýle ajaýyp konsertleriñ, bäsleşikleriñ, saz festiwallarynyň döredijilik duşuşyklarynyñ yzygider geçirilmegi biz talyp ýaşlara zehinlerimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilik bolup durýar. Merjen ATDANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
UÇURYM TALYPLARYŇ KONSERTI GEÇIRILDI

Täzelikler

30.03.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda birnäçe ýyllar bäri asylly däbe öwrülen, okuwy üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň ýekelikdäki konsertleri dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Ýakynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň bäşinji ýyl talyplary Azat Öräýew, Babageldi Supanow, Mekan Nepesow ýerine ýetirijilik hünäri boýunça birnäçe ajaýyp eserlerden düzülen konsert meýilnamasy bilen çykyş etdiler. Halypa mugallymlardan tälim alan uçurymlar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň birnäçesini konsert zalynda ussatlarça ýerine ýetirip, myhmanlar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldular. Ýerine ýetirilen eserleriň arasynda M.Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde, Azat Öräýewiň ýerine ýetirmeginde B.Hudaýnazarow “Konsertino-Gazal”, W.A.Mosart “Serenada”, W.Monti “Çardaş”, Babageldi Supanowyň ýerine ýetirmeginde Ç.Nurymow “Sonata”, D.Dadaşow “Skerso”, H.Wekilow “Konsert” eserleri has-da täsirli boldy. Şeýle-de plektrli dutar saz guralynda Mekan Nepesowyň ýerine ýetiren G.Kulyýew “Konsertino”, Ž.Bize “Uwertýura”, K.Dimitresku “Tans” eserleri diňleýjiler tarapyndan şowhunly garşy alyndy. Dabaranyň soňunda ajaýyp sazlar bilen çykyş eden uçurym talyplara halypa mugallymlar tarapyndan geljekde has-da öňegidişlikleri we ak ýol arzuw edildi. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi ösdürmekde, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby

No image
LEBAP WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

Täzelikler

30.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 25-26-njy martynda Lebap welaýatynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem örän täsirli we gyzykly boldy. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher, Dänew etrap we Sakar şäher medeniýet öýlerinde geçirilen duşuşyklarda «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Lebap welaýaty boýunça habarçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Myrat Orazmuhammedow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Azat Didarow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çynar Jumaýewa, Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Akmyrat Jumaýew dagy çykyş etdiler. Aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny, wäşileriň degişme sahnalaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. Döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny artdyrýandygy, watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygy, ýaş nesilleriň medeni-ruhy gymmatlyklaryna söýgi döredýändigi buýsançly nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, döwrebap eserleri döretmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, halka döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde Medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary örän ähmiýetlidir. 26-njy martda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň we halypa şahyr Almaz Seýitmyradowyň doglan günleriniň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu halypa şahyrlaryň goşgulary okyjylaryň kalbynda orun alan, türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant bolan eserlerdir. Halypa şahyrlar Öwlüýäguly Möwlamowyň we Almaz Seýitmyradowyň edebi mirasy, döreden eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, žurnalist Akmyrat Abdyllaýew, Halaç etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Esen Çaryýew, «Iki el» hojalyk jemgyýetiniň başlygy, şahyr Öwlüýäguly Möwlamowyň ogly Hoşgeldi Möwlamow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Almaz Seýitmyradowyň gyzy Täzegül Kullakowa, şahyr Öwlüýäguly Möwlamowyň agtyklary - Türkmenabat şäheriniň 35-nji orta mekdebiniň ýapon dili mugallymy Leýli Möwlamowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Oguzhan Taşew dagy giňişleýin gürrüňleri berdiler. Duşuşykda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkeziniň aýdymçysy Serdar Durdymyradow şahyr Almaz Seýitmyradowyň sözlerine «Gül bile ýar» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Çynar Jumaýewanyň, Dostmämmet Söýunowyň ýerine ýetiren aýdymlaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. Aýdym-sazly döredijilik duşuşygynda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Myrat Orazmuhammedow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Azat Didarow degişme sahnasy bilen çykyş etdiler. Döredijilik duşuşyklarynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şöhratly wakalary giňden wasp edildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Akmyrat REJEBOW, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARY

Täzelikler

30.03.2026

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Häzirki döwürde Arkadag şäherinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi bilen, Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi Arkadag şäherinde amala aşyrylýan haýyrly işlerde-de öz beýanyny tapýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ VIII MASLAHATY

Täzelikler

30.03.2026

28-nji martda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleriniň, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleri şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunda kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, döwrüň talaplaryna, halkara ölçeglere laýyklykda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistan» gazeti