logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Baky minnetdar Watan

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Baky minnetdar Watan” atly sesli okaýyş geçirdiler. Bu ýerde körpeleriň watana bolan söýgüsini artdyrmakda, edepli, edermen ýaş nesli ýetişdirmekde hekaýalaryň, ertekileriň täsiri uludyr. Mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleri bilen yzygiderli dürli usullarda sesli okaýyş geçirilýär. Kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, akyl taýdan ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil dünýägaraýyşly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

No image
Ynsan kalbynyň aýdymçysy

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat edýän” bölümi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebinde Garajaoglanyň doglan gününiň 420 ýyllygy mynasybetli edebi agşamy geçirildi. Garajaoglan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we olary halk durmuşyna ýakynlaşdyrmak işine sarp eden ussat hökmünde tanalýar. Öz senedi bilen gamly ýürekleri ruhlandyryp, eli galamly we saz gurally ýurdy aýlanan şahyr diýip tanalýar. Garajaoglanyň kalbyndan çykan şygyrlary, onuň döreden belent sazy bilen birleşende mylaýym liriki aýdym dünýä inýär. Onuň şygryýeti halk aýdymlarynyň äheňine ýakynlygy bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarda bellediler.

No image
ÄLEM IÇRE SARPALANÝAN BEDEWLER

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna “Älem içre sarpalanýan bedewler” atly görnükli atşynaslar bilen duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda çykyş eden, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan gelen myhmanlarymyz, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sap ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler “Ylym” neşirýaty tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen “Muaý-taýyň nazaryýeti we usulyýeti” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Sport ugrundan hünär öwrenýän ýaşlar üçin niýetlenen bu kitapda muaý-taý söweş sungatyna degişli maglumatlar beýan edilýändigini belläp geçdiler. Muaý-taý söweş sungatynyň tehniki-taktiki tilsimleri türgende tutanýerlilik, sabyrlylyk, döredijilikli işlemek ýaly gymmatly häsiýetleriň kemala gelmegine hem oňaýly täsirini ýetirýändigini beýan etdiler. Şeýle-de J.Gurbanowanyň “Bedenterbiýäniň, sportuň etikasy we estetikasy” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaba sport estetikasynyň öwrenýän meseleleri, döremeginiň we ösmeginiň sebäpleri, etikanyň esasy meseleleri, umumy wezipeleri, sportuň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary barada materiallar girizilendigini beýan etdiler. Kitaphana synyna gatnaşanlar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Bildiriş

Muzeýler

16.04.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde «Bedew waspy - sungatda» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 14:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

No image
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

Täzelikler

16.04.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 10-11-nji aprelinde Daşoguz welaýatynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem täsirli pursatlara baý boldy. Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde, Gubadag etrap medeniýet öýünde geçirilen «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklarynda «Biznes reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Dädebaý Nartyýew, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibinur Aşyrowa, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Halmyrat Şyhyýew, Babadurdy Babaýew dagy çykyş etdiler. Aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny, artistleriň çykyşlaryny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. 11-nji aprelde Görogly etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň doglan gününiň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynda halypa ýazyjy-şahyrlar, şeýle hem, Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyjyň ogly, Görogly etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrgylyç Durdygylyjow, Daşoguz şäher 2-nji çagalar sungat mekdebiniň müdiri, şahyr Kakabaý Ylýasowyň agtygy Gülnabat Ylýasowa, Boldumsaz etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Aýgül Nazarowa, Görogly etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy Bahar Annaşowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow dagy çykyş edip, halypa şahyrlaryň edebi mirasy, ömri, döredijiligi, olaryň eserlerinde ündelýän watansöýüjilik pikirleri barada tomaşaçylara gyzykly gürrüňleri berdiler. Soňra bu ýerde guralan dabaralar Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebinde «Watansöýüjiligi ündän şahyr» atly duşuşyk bilen dowam etdi. Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebiň binasynyň öňündäki Durdy Gylyjyň ýadygärliginiň öňünde mekdep okuwçylary çykyş edip, şahyryň goşgularyny okadylar. Bu mekdepdäki Durdy Gylyjyň edebi mirasyna degişli muzeý bilen tanyşlyk has-da täsirli boldy. Döredijilik duşuşyklarynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Akmyrat REJEBOW, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
Arkadagly Watanyň buýsanjy siz Pyragy

Kitaphanalar

16.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy-edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Arkadagly Watanyň buýsanjy siz Pyragy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň we gazna täze gelip gowşan kitaplaryň sergisi gurnaldy. Milli mirasy öwrenmek we olary düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Akpamygy okap, düşüneliň doganlygyň gadryna

Kitaphanalar

16.04.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 26-njy çagalar bakja bagynda “Akpamygy okap, düşüneliň doganlygyň gadryna” atly gürrüň geçirdiler. Bu ertekiniň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňler berdiler. Ertekiniň üsti bilen körpeleriň edepli, ula hormat goýup, kiçä sylagly bolmalydygy hem-de kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy barada bellediler. Şeýle-de çagalar bilen ertekiniň gahrymanlary esasynda özara gyzykly sorag-jogap alyşdylar. Bu geçirilen gürrüň çagalarda uly täsir galdyrdy.

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR

Kitaphanalar

16.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Diýar, bedew batly ýurdum öňe barýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň, oňyn özgertmeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bedew batly ösüşler bilen ýurdumyzy täze üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALKYŇ SAGLYGY – ÝURDUŇ BAÝLYGY

Kitaphanalar

16.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 76–njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda sagdyn nesil – kuwwatly Watan, beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil we belent maksatlara okgunly ýaşlarymyz döwletimiziň sarsmaz sütüni bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdumyzda milli gymmatlyga öwrülmegi rowaçlyklaryň we ösüşiň iň ygtybarly kepili bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikler barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýänligi, dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişini, olaryň melhemlik häsiýetlerini ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirenligi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň eşretli, bagtyýar, sagdyn durmuşda ýaşamaklary, esasan hem ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmekleri, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekligi babatda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.