logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ylym-ýurduň kuwwaty

Kitaphanalar

12.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Ylym-ýurduň kuwwaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň, talyplaryň ylmy-barlaglar bilen meşgullanmaklary, halkara derejesindäki ylmy bäsleşiklere gatnaşmaklary we täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaklary döwletimiziň ykdysady we medeni taýdan ösmegine ägirt uly goşantdyr diýip, talyp ýaşlar belläp geçdiler. ”Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde gurnalan bu söhbetdeşlikde ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaklarynda, ylym-bilimden paýly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde kitaphanalaryň ornunyň ulydygyny hünärmenler belläp geçdiler. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin.

No image
Ýaş binagärler diplom işlerini goradylar

Täzelikler

12.06.2026

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik we dizaýn» fakultetini üstünlikli tamamlaýan uçurymlaryň diplom işleriniň goragy geçirildi. Beýleki hünärlerde bolşy ýaly, fakultetiň «Binagärlik» kafedrasynyň «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» we «Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi» hünärlerinde düýpli bilim alan talyplaryň diplom işleriniň açyk goraglaryna medeniýet we sungat işgärleri, halk suratkeşleri, sungatda at gazanan işgärler we şekillendiriş sungatyny söýüjiler gatnaşdylar. Türkmen halky taryhda dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dürli döwürlere degişli taryhy-medeni ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki wagtda olar Türkmenistanyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän alymlardyr, binagärler tarapyndan düýpli öwrenilýär. Taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerinde gazuw-agtaryş wе abatlaýyş, rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Binagärlik hünäriniň uçurymlary ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 3D güberçek görnüşlerini ýerine ýetirip diplom işlerini üstünlikli goradylar. Olardan A.Ahmedowyň «Ahal welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri», M.Batyrowyň «Mary welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri», D.Gapurowyň «Lebap welaýatynyň taryhy ýadygärlikleri», B.Nepesowyň «Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabynyň sanawyna giren binalar» we M.Annarejepowyň «Arkadag şäheriniň binalar toplumy» atly 3D güberçek görnüşde ýerine ýetiren taslamalaryny bellemek bolar. Döwrebap binagärligiň ajaýyp nusgalaryny talyplar K.Sultanowyň, R.Žumaniýazowanyň, A.Hallyýewiň we R.Baýramowyň ýurdumyzyň dürli künjekleri üçin niýetlenen syýahatçylyk zolaklarynyň infrastrukturalaryny döretmek boýunça teklip bilen ýerine ýetiren taslamalary ýokary baha mynasyp boldy. Talyplaryň diplom işleriniň ählisiniň ýokary derejede oýlanyşykly we döwrebap meseleleri öňe sürmegi, olaryň alty ýyllap alan hünäriniň ýokary derejesini görkezýär. Häzirki döwürde çeperçilik akademiýada ussat halypalaryň bilim berip hünär öwretmegi netijesinde, talyplar döwrebap derejede kämil hünärmenler bolup ýetişýär. Munuň özi, saýlap alan hünärinde bilim alyp zähmet çekmekde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir. Bagtygül HOJAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

11.06.2026

Kitaphana synynda çykyş edenler Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerinde geçirilen türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatynda Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen kitaplar bilen tanyşdyrdylar. Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Molla Panah Wagifiň azerbaýjan dilinde neşir edilen goşgulary, gazallary, muhammesleri girizilen “Əsərləri“ atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem, azerbaýjan dilinde neşir edilen “Görkəmli türkmən şairi Məhtimqulu Fəraginin yaradiciligi Azərbaycan ədəbiyyatşünasliginda” makalalar ýygyndysy, M.Alyýewiň “Məhtimqulu Fəragi şeirinin poetikasi” atly kitaplar bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, halkymyzyň sungatyny dostlukly ýurtlarda tanyşdyrmak üçin uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Çagalaryň oýun bäsleşigi

Kitaphanalar

11.06.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, “Demirýolçy” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Matallar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar” aýtmakda çagalaryň arasynda oýun bäsleşigini geçirdi. Ýaş nesiller özleriniň okan ertekileriniň gahrymanlaryny ussatlyk bilen suratlandyrdylar. Bäsleşikde guwandyryjy netijeleri gazanan çagalar wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip, sapaly günleri başdan geçirýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri barada kitaphana hünärmeni täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem, gurnalan kitap sergisi çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Uçurym talyplaryň döredijilik başarnyklary

Täzelikler

11.06.2026

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda diplom goragynyň ilkinji tapgyry başlandy. Talyplar alty ýylyň dowamynda toplan bilimlerini, çeperçilik ukyplaryny diplom eserlerinde beýan edip, öz üstünliklerini subut etdiler. Sungat ojagynda bir ýylyň dowamynda talyplara şahsy döredijilik eserini döretmäge uly mümkinçilik döredilýär. Şol bir wagtyň özünde halypa mugallymlar sungat eserleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklap, gymmatly maslahatlaryny berýärler. Diplom işini döretmek üçin talyplara ylmy maglumatlary toplamaga uly mümkinçilikler döredilýär. Olar tejribelik sapaklara gatnaşyp, kitaphanalara, muzeýlere, teatrlara we halypa suratkeşleriň ussahanalaryna baryp döredijilik şahsyýeti hökmünde zehinini kämilleşdirýärler. Bilim ojagynda goralan diplom eserlerine Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri, şahyrlar we görnükli alymlar, sungatşynaslar, taryhçylar, ylmy işgärleriň birnäçesi gatnaşyp ýokary baha berdiler. Alymlaryň we halypa suratkeşleriň berýän teklipleri hem-de ýerlikli maslahatlary talyplaryň dünýägaraýşyna uly täsir edýär. Ussatlaryň maslahatlary uçurymlara döredijilik ýoluny dogry saýlamaga has-da itergi berýär. Ilkinji bolup heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uçurymlary ýaş heýkeltaraşlar çykyş etdiler. Uçurym Serdar Jumaýew «Türkmen milli toýy» atly diplom eserinde kejebeli düýäni we atly türkmen ýigidini suratlandyrýar. Ýaş heýkeltaraş gelinalyjyny suratlandyrmak bilen, kejebäniň suduryny, onuň nagyşlaryny we düýäniň bezeglerini sünnäläp ýerine ýetiripdir. Talyp Amangül Nuryýewanyň «Türkmen tebigaty» atly heýkel eserinde Garagum sährasyndaky keýikleriň maşgalasy görkezilipdir. Eseriň merkezindäki keýikokaranyň ýanynda keýikleriň heýkel şekilleri jemlenipdir. Heýkeltaraşlyk bölüminiň zehinli talyplary Züleýha Baýramgulyýewa, Ýusup Çaryýew we Durdymyrat Allaberdiýew şu ýylyň şygaryna bagyşlap «Türkmen ahalteke bedewleri» atly uly göwrümli eseri döredipdirler. Bäş sany atdan ybarat bolan heýkeltaraşlyk taslamasynda atlaryň ýyndamlygy, hereketleriniň çeýeligi suratlandyrylýar. Öňe okdurylyp barýan atlaryň keşbinde bedew bady bilen özgerýän ýurdumyzyň kuwwaty açylyp görkezilýär. Talyp Seýrangeldi Berdiýewiň «Bilimler güni» atly heýkeltaraşlyk eserinde okuwyň ilkinji gününe badalga berilýän jaň sesini şowhuna öwürýän bagtyýar okuwçylaryň keşbi suratlandyrylypdyr. Nakgaşlyk kafedrasynyň on alty sany uçurym talyby diplom eserlerini nakgaşlygyň üç ugry boýunça ýerine ýetirdiler. Diplom goragynda stanok nakgaşlygy, monumental nakgaşlygy we teatr sahna bezeg nakgaşlygy hünärleri boýunça döredilen eserler görkezildi. Aýzada Perlekowanyň «Bilimler we talyp ýaşlar güni» atly eseri üç bölekden ybarat bolup, häzirki zaman mekdepleriň durky, kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýän okuwçylaryň şadyýan we höwesli keşpleri şekillendirilýär. Beýleki zehinli talyplaryň geçmiş taryhymyz, milli sungatymyz we däp-dessurlarymyz, bagtyýar çagalygymyz, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleri wasp edilen nakgaşçylyk eserleri diplom goragyna gatnaşan halypalarymyzyň berekellasyny gazandy. Azat ANNAÝEW, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy.

No image
Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy

Kitaphanalar

11.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Ak sandygym açyldy, içinden nur saçyldy» ady bilen medeni çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler bagtyýar ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn hem-de medeniýetli dynç almaklary ugrunda birnäçe aladalaryň edilýändigini, olaryň abadan, parahat, asuda durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemme taraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim terbiýe almaklary üçin uly işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk döredijiliginiň iň meşhur ýörgünli görnüşi bolan türkmen halk ertekileri ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nesilleriň edep mekdebine öwrülen, ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada giňişleýin beýan etdiler we birnäçe ertekilerden çagalar bilen sorag-jogaplar alyşdylar. Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Ylym – ösüşleriň açarydyr

Muzeýler

11.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň hatary has-da artýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýyl bu baýramçylyk döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Abadan ýaşaýşa, nurana durmuşa bezeg berip, ynsany ruhy taýdan bagta atarýan ilkinji ädim ylym-bilimden başlanýar. Häzirki wagtda ýaşlary ylmy bäsleşiklere çekmek, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Alymlaryň ylmy işleri pudaklary ösdürmegiň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmäge, täze tehnologiýalary işläp düzmäge we ornaşdyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Ylym – diňe bir kitap okamak ýa-da tejribehanada wagt geçirmek däl-de, eýsem, Watanyňa, halkyňa peýda getirmek, täze bir zady döretmek we kämilleşdirmek ugrundaky çäksiz söýgüdir. Ylym we bilim – islendik döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendiriji güýjidir, onuň gelejegidir. Biziň halkymyz taryhda ylym-bilime kitaba aýratyn sarpa goýýan halkdyr. Gündogaryň beýik akyldarlary bolan Al-Horezmi, Ibn Sina, Abu Reýhan Al-Biruni we biziň nusgawy şahyrymyz, akyldar Magtymguly Pyragy ýaly kämil şahsyýetler bütindünýä ylmynyň we medeniýetiniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşupdyrlar. Türkmen ylmynyň gazananlary bilim ulgamyny ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ,,Ýaşlar –Watanyň daýanjy” atly pähim parasatly eserinde: ,,Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdir” diýen röwşen manyly sözleri eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak babatda alyp barýan işleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ylym-bu ähli ugurlarda we ulgamlarda gazanylýan ösüşleriň binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň: “Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir” diýen sözlerinden ruhlanýan biz bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarys. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy belleniljek bu ýylymyzda ýurdymyzyň ähli künjeklerinde Ylymlar güni uly dabaralara beslenip bellenilýär. Hut şu baýramçylyk mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ,,Ylym – ösüşleriň açarydyr” atly wagtlaýyn baýramçylyk sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary serginiň ilkinji myhmanlary boldular. Muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklar bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň ýerleşdirilmegi sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzda ylym ulgamynda ýetilen sepgitler dogrusynda söz açýan birnäçe fotosuratlar we nakgaş eserleri ýerleşdirilen baýramçylyk sergisi talyp ýaşlarda we myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Sergi bilen tanyşlygyň ahyrynda ýurdymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ylym-bilim almaklary, giň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap dostlugyň açary

Kitaphanalar

11.06.2026

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalar üçin “Kitap dostlugyň açary” atly söhbetdeşlik agşamyny gurnadylar. Bagtyýar çagalaryň dynç alyş döwründe her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilip, hyýaly başdan geçirmelere baý bolan kitaplary okamaklyk, kitaply dünýä syýahat etmeklik bilen wagtlaryny has-da täsirli geçirmäge ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan joşup çykan eserleri uly joşgun bilen okalyp, edilen gürrüňler, çeper okaýyşlar, şeýle-de türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň üsti bilen görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziniň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.

No image
Türkmen topraklaryna syýahat

Muzeýler

11.06.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, medeni ulgamdaky gepleşikleriň aýdyň nusgasydyr. Iki ýurduň arasyndaky medeni köprüleri has-da berkitmek, taryhy we ruhy gymmatlyklary dabaralandyrmak maksady bilen guralan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde meşhur fransuz fotosuratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýyllarda ýurdumyzyň çäginde düşüren fotosuratlarynyň “Türkmen topraklaryna syýahat” atly täsin fotosergisi bu halkara çäre we döwletara gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýär. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary, Fransiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde tomaşaçylar fransuz fotosuratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýyllarda düşüren seýrek fotosuratlaryna, ýagny asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň durmuşyny görkezýän täsirli pursatlara tomaşa etdiler. Ekspozisiýada sebitiň gaýtalanmajak mirasyny ebedileşdiren ýerli ýaşaýjylaryň portretleri we türkmen topragynyň ajaýyp tebigatynyň görnüşleri görkezilýär. Surata düşürilen bu taryhy pursatlar tomaşaçylar üçin diňe bir 1890-njy ýyllaryň wizual ýyl ýazgysy bolman, eýsem, fransuz-türkmen gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýän medeni alyş-çalyş köprüsi bolup durýar. Bu suratlar diňe bir dokumental gymmata eýe bolman, eýsem, XIX asyryň ahyryndaky Merkezi Aziýanyň gündelik durmuşyny we janly keşbini uly inçelik bilen görkezýär. Häzirki wagtda olar şol döwrüň jemgyýetini, medeniýetini we ýaşaýyş ugruny has gowy düşünmek üçin bahasyna ýetip bolmajak guraldyr. Sergi özüniň portretleri, tebigy görnüşleri we gündelik durmuşyň pursatlary arkaly tomaşaçylary umumy medeni mirasy täzeden açmaga hem-de taryha täzeçe garamaga çagyrýar. Şeýle hem, ol ýewropalylaryň Merkezi Aziýa bilen tanyşmagynda fotosuratlaryň ornuny tutýar. XIX asyryň ahyryndaky sebitiň durmuşyna gyzykly syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

No image
Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy – bedew batly öňe barýar Diýarym

Kitaphanalar

11.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Altyn damja” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtymyzyň şuglasy – bedew batly öňe barýar Diýarym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garasyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýandygy, ýurdumyzyň okgunly ösüşleri her bir raýatymyzy döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyryp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerinde atalyk aladalaryň edilýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna, ýaşlaryň döredijiligine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.