logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
KITAP-RUHY BAÝLYK

Kitaphanalar

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Kitap-ruhy baýlyk» atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrlan ýylynda toýlar goşa–goşadan gelýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi hem-de Seýrek neşirleri bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Watan şöhrat şany bolup, ynanyşmagyň Tugy bolup parla ýaşyl Baýdagym» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan «Kitap ruhy hazyna» atly kitap sergisi gurnaldy. Sergä gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.

No image
KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty gezelençde boldylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda,bilim ulgamyny ösdürmek,okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp, ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GÖÇME SERGINIŇ ÖWÜŞGÜNLERI

Muzeýler

16.05.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» eziz diýarymyzda dabarasy äleme ýaň salýan, uly ruhybelentlikde ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler ajaýyp ýylymyzyň şanyna şan goşýar. Ýurdumyzda uludan bellenilýän türkmen halysynyň baýramy gadymy Lebaby toý lybasyna besledi.Senetden sungata öwrülen nepis türkmen halysynyň baýramy mynasybetli welaýatymyzyň Dänew etrabynda «Bagt ýoly» toý dabaralary merkezinde Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Dänew etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda milli mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli gurnalan bu sergi birnäçe tomaşaçylary özünde jemledi. Ýokary guramaçylykda geçirilen bu çärä muzeý hünärmenleri,kümüş saçly eneler, halyçy gelin-gyzlar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Milli mirasymyzy, arşyň nepisligine deňelýän nepis haly sungatymyzy, muzeý gymmatlyklarymyzy halkymyzyň arasynda wagyz etmäge,bagtyýar zamanamyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin.

No image
SUNGATY BILEN ÖZÜNI TANADAN USSAT

Kitaphanalar

16.05.2025

«Sungaty bilen özüni tanadan ussat» atly aýdym-sazly edebi çäre Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan güniniň 105 ýyllyk ýubileýine bagyşlap Balkan welaýat kitaphanasy we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde geçirilen çäre ussat halypanyň döredijiligine bagyşlandy. Bu medeni çärä sungat ussatlary, talyplar,mugallymlar we ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Aýdym- sazly edebi çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan belent sarpa goýulýan halypa-şägirtlik ýolunyň barha rowaçlanýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem Maýa Kulyýewanyň hut öz ýerine ýetiren we halypanyň ýolyny dowam etdirýän şägirdiniň ýerine ýetirmeginde opera aýdymlary belentden ýaňlandy.

No image
KÄMILLIGIŇ-AGZYBIRLIGIŇ ÝOLY KONSTITUSIÝA! BELENTDE PARLA ÝAŞYL BAÝDAGYM!

Kitaphanalar

16.05.2025

Balkan welaýat kitaphanasynda «Kämilligiň-agzybirligiň ýoly Konstitusiýa! Belentde parla ýaşyl Baýdagym!» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden mugallymlar, kitaphanaçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda esasy Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli täsirli gürrüňleri berdiler. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletiň esasy binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy, mukaddes ýaşyl baýdagymyz halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen isleg – arzuwlaryny, özygtyýarly döwletlilik, garaşsyzlyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, watansöýüjilik duýgularyny, her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, halk häkimýetiniň hukuk döwletleriniň esaslaryny özünde jemleýär. Döwlet baýdagymyz bagtyýarlygyň, erkinligiň, asudalygyň tarapdary bolan halkyň buýsanjyny asmana göterdi. Maslahata gatnaşan myhmanlarda çykyşlar aýratyn täsir galdyrdy. Asuda, parahat ýurdumyzda ýaşyl baýdagymyz al –asmanda pasyrdasyn. Şeýle ajaýyp baýramçylyk bilen türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýlede türkmen halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen halkyny, ýurdumyzy parahat durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

No image
«GYZ EDEBI-IL EDEBI» ATLY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Täzelikler

16.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda türkmen gelin-gyzlaryna mahsus edep-ekram barada gyzlaryň arasynda ýaşuly wekilleriň gatnaşmaklarynda «Gyz edebi-il edebi» atly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda pähimdar halkymyzyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormaty barada «Gyzly öý–gyzylly öý», «Gyzym–gyzylly halkam» hem-de «Enem–käbäm, atam-kyblam» ýaly ajaýyp pähimler barada gyzykly gürrüňler berildi.

No image
AÇYK GAPYLAR GÜNI

Täzelikler

16.05.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaşlary hünäre ugrukdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna beslenen 2025-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne mekdebimizde gurnalan Açyk gapylar güni hem çagalar sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylary hünäre ugrukdyrmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Açyk gapylar güni mynasybetli gurnalan kitaphana sergisinde okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy dostluk-doganlyk sazy”, Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitaplaryny uly gyzyklanma bilen okadylar. Şeýle hem, kitap sergisinde saz ugruna degişli nota ýygyndylary, mekdebiň kitaphana müdiri Maýsa Nuryýewanyň kitap okamagyň ähmiýeti barada beren gyzykly gürrüňleri çagalarda uly täsir galdyrdy Açyk gapylar gününiň açylyş dabarasyna ýygnanan Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary mekdebiň direktory Merdangeldi Kerimowyň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň taryhy, mekdebi tamamlan abraýly medeniýet we sungat wekilleri, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleriniň esasynda öwredilýän hünärler, zähmet çekýän tejribeli we ussat mugallymlar, hereket edýän aýdym-saz döredijilik toparlary, alnyp barylýan konsert-döredijilik işleri barada giňişleýin gürrüň bermegi okuwçylary saz ugry boýunça saýlap alan hünärlerine bolan höweslerini has-da artdyrdy. M.B.Kerimowyň aýdym-sazyň üsti bilen Galkynyşly zamanamyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işlerini wasp etmek, bagtyýar, merdi-merdana halkymyzyň ýürek buýsançlaryny aýdym-sazyň üsti bilen şöhlelendirmek, medeniýet, sungat işgärleriniň paýyna düşýändigi barada aýdylanlar okuwçylarda buýsanç duýgularyny oýardy. Mekdebiň talyplarynyň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmekde, sahna tejribeliklerini artdyrmakda türkmen kompozitorlarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirmegiň ähmiýetiniň ulydygyny bellemek bilen, bu ugurda konsertleriň, medeni çäreleriň, döredijilik agşamlarynyň, teleýaýlymlara ýazgylaryň yzygiderli alnyp barylýandygy, talyplaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, ata-babalarymyzdan gelýän milli medeniýetimizi aýawly saklamak, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişdirmek boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň ýygy-ýygydan geçilýändigini hem aýdyp geçdi. Direktor M.B.Kerimow gelen okuwçylary öz saýlap alan saz ugurlary boýunça hünärlerini dowam etdirmek üçin mekdebimize okuwa çagyrdy we bu babatda ýaş sazandalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Sözüniň ahyrynda M.B.Kerimow döredip beren mümkinçilikleri üçin medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, türkmen ýaşlary üçin atalyk aladalaryny edýän Hormatly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini aýtmak bilen, gelen myhmanlary mekdebimiziň talyplarynyň taýýarlan konsert çykyşlaryny diňlemäge çagyrdy. Konsertden soň sazanda okuwçylar “Halk saz gurallary” hünäri boýunça Bagda Gül Hudakuliýewanyň, “Bagşyçylyk sungaty” boýunça Şäher Täçowyň, “Kirişli saz gurallary” boýunça Ýazberdi Jepbarowyň, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” boýunça Myrat Jumaýewiň, “Fortepiano” ugry boýunça Ogulgerek Dinçiň ussatlyk sapaklaryna tomaşa etdiler. Ussatlyk sapaklary okuwçylarda uly täsir galdyryp, olar saz ýerine ýetirijiliginde duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçmegiň syrlary, saz guraldan ses almagyň inçelikleri, sahnada çykyş etmegiň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. Açyk gapylar gününe gelen okuwçylara Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi hakyndaky maglumatlary özünde jemleýän ýörite taýýarlanan bukletler paýlanyldy we mekdebiň gapysynyň ýaş sazandalar üçin hemişe açykdygyny aýratyn bellemek bilen, olary kämil saz hünärmenleri bolup ýetişmekleri üçin mekdebimize okuwa çagyryldy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ SUNGATDA AT GAZANAN IŞGÄRI, NAKGAŞ KAMIL WELIAHMEDOWYŇ «PLENER PASYLLAR» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI

Muzeýler

15.05.2025

Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen röwşen geljege saryn öňe barýar. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýän döwründe, şekillendiriş sungatyna hem aýratyn üns berilýär. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşlygy bolsa, döwrüň talaplaryna laýyk şekilde türkmen ussat suratkeşleri tarapyndan elýetmez derejede özgerýär. Biziň daş-töweregimizi gurşap alýan tebigatymyzyň gözelligini wasp edip, sungata geçirmeklik ussat suratkeşlerimiziň paýyna düşýär. Her bir suratkeşiň özüniň aýratyn bir özboluşly dünýäsi bar. Oňa düşünmek, onuň gözi bilen seretmek üçin ussadyň döreden sungat eserlerini öwrenmek gerek.Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, nakgaş Kamil Weliahmedow hem türkmen şekillendiriş sungatyny özboluşly aýratyn dilde wasp edýän ussat suratkeş. Häzirki wagta çenli halypa suratkeş Turkiýe Respublikasynda, Awstriýa döwletinde, Merkezi Aziýa döwletleri bolan Hytaý halk Respublikasynda hem-de Aşgabat şäherinde özüniň şahsy sergisini gurnap gelýär. Onuň ýerine ýetiren nakgaş eserleri Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Fransiýasynyň, Şwesiýanyň, Turkiýa Respublikasynyň, Tatarystanyň hem-de Hytaý halk Respublakasynyň şahsy kolleksiýalarynda görmek bolýar. Bu günki gün hem, biziň sungat ojagymyzda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Kamil Weliahmedowyň «Plener pasyllar» atly naýbaşy sungat eserlerinden döredijilik sergisi guraldy. Sergide ussadyň ýerine ýetirmeginde 110-a golaý tebigatyň hemişe täzelenýän poeziýasyna aralaşýan reňkleriň sazlaşygy bilen öwüşgin berlen nakgaş eserleri ýerleşdirildi. Sergidäki sungat eserleriniň üsti bilen hemişeki gözüniň görýän zatlaryny täzeden janlandyrmak üçin tebigatyň adaty adamlaryň gözüne görünmeýän has täsin, has gyzykly taraplaryny özboluşly tilsimleri bilen öz eserlerine siňdirip halk köpçüligine ýetirýär. Türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlaryny sarpalamakda, olaryň döreden ajaýyp sungat eserlerini gorap saklamakda, olary halk köpçüligine hem-de ýaş nesillerimize ýetirmekde edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

No image
KONSTITUSIÝA, DÖWLET BAÝDAGY DÖWLETLILIGIŇ WE ÖZYGTYÝARLYLYGYŇ NYŞANLARY

Kitaphanalar

15.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Konstitusiýa, Döwlet baýdagy döwletliligiň we özygtyýarlylygyň nyşanlary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmeniň ýaşyl ýazlary kimin owadan Tugy başymyzyň täjine deňeýän mukaddes Watanymyzyň özygtyýarlylygy, halkymyzyň belent buýsanjynyň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de esasy Kanunymyz döwletiň gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny beýan edýän parahatçylygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hemişelik Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biridigini, ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň baý taryhyny, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini alamatlandyrýandygyny nygtap geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KONSTITUSIÝA BAKY BAGTYM, ÝAŞYL BAÝDAK–TÄJI TAGTYM

Kitaphanalar

15.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener –tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa baky bagtym, ýaşyl baýdak–täji tagtym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarymyzyň kämilleşmegi jemgyýetdäki durmuş ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini, Döwlet baýdagymyzyň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde tanalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kämilleşýän jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni ösüşlerini üpjün edýän, raýatlaryň hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, durmuş hem-de zähmet üpjünçilik kanunlary esasynda berk kepillendirilýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.